Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana iş sapary bilen geldi. 

                                                                   

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň Hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyza hem-de onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

A.Owerçuk mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, iki halkyň bähbitlerine kybap gelýän strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň derejesini kanagatlanma bilen nygtady. 

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň şeýledigine ählumumy we sebit derejesindäki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Şonuň barşynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenildi, giň gerimli ugurlar, döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine taýýarlyk beýan edildi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Ýurtlaryň ikisinde-de ösdürilmegine we höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet be rilýän sport ulgamynda-da netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, türkmen-rus ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, biz doganlygyň we halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň ozaldan gelýän däplerine, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyna daýanýarys. Bu bolsa hyzmatdaşlyk etmek, ählumumy we sebit derejesindäki möhüm ösüş meselelerinde özara düşünişmek üçin oňat esasdyr.

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine iki döwletiň çuňňur gyzyklanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde soňky ýyllarda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. 

                                                                   

Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi, gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň wise-premýeri uzak möhletleýin geljegi nazara alyp ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.