Arkadag şäheri, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, obalaryň we şäherleriň durky täzelenip, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde halkymyz üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegini nazarlaýan durmuş syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Ähli görkezijiler babatda ösen halkara ülňülere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäheri bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamata beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Täze şäherde dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň döwrebap derejede bolmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň töwereginde bar bolan ulag ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary çekmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygynyň ikinji tapgyryna dabaraly ýagdaýda badalga berlen täze şäheriň çägine geldi. Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň töwereginde bar bolan ýollaryň, köprüleriň, ýerüsti geçelgeleriň, halkalaýyn aýlaw ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak we durky täzelenjek ulag ýollary, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, Arkadag şäheriniň çägini giňeltmek boýunça meýilleşdirilen işler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda täze şäheriň awtoulag ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmak, abadanlaşdyrmak boýunça teklip edilýän taslamalar, halkalaýyn aýlaw ýolunyň, asma köpriniň çyzgylary, Arkadag şäherine barýan ýollary gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Mundan başga-da, bu ýerde beýleki şaýollaryň durkuny täzelemäge degişli taslamalar, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýanýodalaryň we ulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler, şäheriň dolandyryş çägine goşulýan ýer bölekleriniň çyzgylary barada hasabat berildi.
Her bir desganyň, aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň işjeň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz gurulýan we durky täzelenilýän desgalaryň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns berilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi wajypdyr, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleri utgaşdyrylmalydyr. Munuň özi täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarynyň talabalaýyk bolmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Hormatly Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek gurluşyk işlerine häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, meýilleşdirilen ähli işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna bolan gatnaşyklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylýan konsepsiýanyň çäklerinde Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, önümçilik kuwwatlyklarynyň enjamlaşdyrylmagy, täze şäherde bina ediljek desgalaryň döwrebaplygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň we bu künjegiň ekologik ýagdaýyny degişli derejede saklamagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi barada aýdyldy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyklarda ulanylmagy göz öňünde tutulýan serişdeler, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça kesgitlenen hem-de binalaryň bezeg aýratynlyklary baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyk serişdeleriniň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meselelere-de möhüm ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyk bina edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň şu günüň talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda milli binagärligiň döwrebap ýörelgeleri, häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Gurluşyk işleriniň dowam edýän pursatlarynda şäheriň arassaçylyk we abadançylyk ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” kararynyň möhüm ähmiýeti barada durup geçdi hem-de bu taryhy çözgüt üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher häkimliginiň işgärleriniň we Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Taryhy karar şäheriň ýaşaýjylaryny täze zähmet ýeňişlerine, uly üstünliklere ruhlandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna gulluk iş saparyna iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza döredilen bu ajaýyp mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem häkim täze şäheriň ekologik derejesiniň degişli ýagdaýda saklanmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapara gidip, Arkadag şäheriniň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän ekoulaglaryň aýratynlyklaryny, dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek meselelerini öwrenmäge ygtyýar berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hasabatyň dowamynda Arkadag şäherine raýatlaryň müňlerçesiniň uly höwes bilen göçüp gelýändikleri, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy, doly derejeli dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada aýdyldy. Şeýle-de täze şäherde durmuş düzümine degişli toplumlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy hakynda nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp bilmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Bu ýerde tejribelik geçýän talyplaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça ussatlyga ýetişmeginiň, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmeginiň baş şertini emele getirýär. Täze şäherde adamlaryň amatly ýaşaýşynyň we ýokary derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagy möhüm şert hökmünde kesgitlenildi. Bu bolsa ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Ş.Durdylyýewiň gulluk iş saparynda bolýan mahaly Arkadag şäherindäki alnyp barylýan işlere D.Orazow gözegçiligi amala aşyrar.
Häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýurdumyz boýunça möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli çäreleriň, halkara forumlaryň geçirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz diňe bir daýhanlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň durmuşynda aýratyn orna mynasyp bolan Hasyl toýunyň täze şäherde geçirilmeginiň çuňňur mana eýe boljakdygyny belledi we bu ýerde guraljak baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Häzirki zamanyň döwrebap şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydyr diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw edip, iş maslahatyny jemledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gojaman Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde saklandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň milli dessurlarymyza laýyk derejede guralmalydygy, baýramçylyk dabaralarynda halkymyzyň, hususan-da, edermen daýhanlaryň gazanýan üstünlikleriniň, rysgal-berekediň baýramy hasaplanýan Hasyl toýunyň dabarasyny has-da artdyrjak dürli reňkdäki ajaýyp gijeki öwüşginleriň dag gerişlerinde hem öz beýanyny tapmalydygy barada aýdyp, bu dabaralaryň bagtyýar ildeşlerimizde uly täsir galdyrmalydygyny nygtady. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan geljek myhmanlaryň Hasyl toýunyň dabaralaryna, köpçülikleýin medeni çärelere tomaşa etmek bilen, türkmen toýlarynyň şaýady bolmaklary üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini we baýramçylygyň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümleri tagamlylygy, jana ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Olar mähriban topragymyzyň sahawatyndan, türkmen daýhanlarynyň yhlasly zähmetinden kemala gelýän datly önümlerdir. Şonuň üçin hem sahawatly türkmen topragynyň hormatyna tutulýan baýramlar şatlyk-şowhun, belent dabaralar bilen utgaşmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz belent maksatlaryň amal bolmagy ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine ynam bildirip, bu ýerden ugrady.