Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýuna barýar. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik maksatlaryna ýetmekde alyp barýan syýasatynyň üstünliklerini görkezýän geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramak, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmalydygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, oba hojalyk tehnikalary hem-de mineral dökünler bilen üpjün edilmelidigine, pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň şu günki günüň möhüm talaplarynyň biridigini belläp, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, täze mekdepleriňdir çagalar baglarynyň açylyş dabaralarynyň, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetinň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk tejribäni hem-de uly kuwwaty nazara almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almagy, bu ugurda uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Gurultaýa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi, ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de guramaçylyk meselelerine garaldy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümi, ýolbaşçylary saýlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz gurultaýda çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýandygymyzy belledi. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek wezipeleri öňe sürüldi. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn hukuk şertlerini döretmekden ybaratdyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzirki wagtda Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bar.
Bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertler döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr.
Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynam bildirip, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Gurultaýdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaş nesilleriň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan we şu taryhy gurultaýda gol çekilen bu Kanun ýaş türkmenistanlylara döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýän esas goýujy hukuk resminamasy bolar.
1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Onuň dowamynda söhbetdeşler giň ugurlar boýunça, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna möhüm orun degişlidir.
2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek, telekeçilik işi üçin amatly ýagdaýy döretmek, nebit çykarylyşynyň maýa goýum çekijiligini pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny durmuşa geçirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine “Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäheriniň çäginde ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek hem-de bu işler üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak baradaky teklipler, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň 10 müňüsiniň döredilmegine mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen bilim, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklip, hususan-da, ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle-de şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.
Häzirki wagtda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmak hakynda Kararlara gol çekdi.
Şeýle-de geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi.
2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GFR-iň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank ulgamynda, şeýle-de ulag-kommunikasiýa toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda boldy.
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli mähirli gutlap, şu babatda Prezident Wladimir Putiniň gutlag sözlerini we mähirli salamyny ýetirdi. Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklary öňe ilerletmekde Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly goşandyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Şular ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklarda ulanylar. Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna resmi sapary bilen gelmäge garaşýandyklaryny belledi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitdäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz welaýat çagalar hassahanasynyň operasiýa taýýarlyk bölümine baryp gördi, lukmanlaryň işi bilen gyzyklandy, bu ýerde bejergi alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy hem-de hassahana gaznanyň hasabyna satyn alnan “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz Sakarçäge etrabynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna gurlan 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hajy Arkadagymyz täze öýleriň birine baryp, bu ýerde amatly ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bilen duşuşdy. Ýurdumyzyň depginli ösdürilýän energetika senagaty üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredilen bu ýokary okuw mekdebi şu ýyl öz 25 ýyllygyny belleýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda ýaşlar barada döwlet syýasatyny kämilleşdirmegiň ýollaryna, öňdebaryjy usullaryň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, bitewi milli energiýa ulgamyny döretmek we bu ulgamda täze taslamalary durmuşa geçirmek barada gürrüň edildi.
Şol gün hormatly Arkadagymyz Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy we ýurdumyzyň ösüşi ugrundaky ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi üçin doga-dilegler edildi.
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.
Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de halkara ýaryşlarda baýrakly ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan türgenlere ýokary netijeli sporty ösdürmäge hem-de geljekki olimpiýaçylary — täze zehinleri gözläp tapmaga mynasyp goşant goşýan tälimçilere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň nurana ýoluna ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilim dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly waka boldy. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylary hem şol gün täze binalary ulanmaga bermek dabaralarynyň şaýatlary boldular. Şol ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 320 orunlyk çagalar bagy açyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde açylan çagalar bagy hem 320 orunlykdyr. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Saganly obasynda, Daşoguz şäherinde hem-de Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda gurlan her biri 600 orunlyk döwrebap orta mekdepler ýurdumyzyň umumybilim berýän okuw edaralarynyň üstüni ýetirdi. Bulardan başga-da, Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy ulanmaga berildi.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin hem bu baýramçylyk güni ajaýyp wakalara beslendi. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy hem-de Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep açyldy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň okuwçylary 500 orunlyk täze, döwrebap mekdepde bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasynda bolsa 320 orunlyk çagalar bagy gapylaryny giňden açdy. Bu desgalaryň ählisiniň gurluşygyny ýurdumyzyň hususy kärhanalary amala aşyrdy.
Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli täze dermanhanalaryň açylyş dabaralary boldy. Olarda Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşi, bereketli türkmen topragynda ýetişýän ösümliklerden öndürilen derman serişdeleri hödürlenilýär.
2-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Jemi 690 müň gektara bugdaý ekilip, daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna galla ýygnamagy maksat edinýärler. Ekiş üçin azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly tohumlary taýýarlanyldy. Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň hatarynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem bar. Döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli çagalaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar we diplomlar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň depginli ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň aýdyň beýany boldy.
(TDH)