Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Özara hormat goýmaga esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmegi parahatçylygyň kepilidir

Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy 

                                                                   

 Samarkant — Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Ýurdumyz sebitde we dünýäde oňyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Halkara guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek möhüm ugurlaryň biridir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli erk, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki döwürde halkara giňişlikde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdigine, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ozal habar berlişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda — 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda köptaraplaýyn mümkinçiligi göz öňünde tutup, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. 

                                                                   

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine tarap ugrady. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. 

                                                                   

 Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary edarasy bolup, onuň mejlisleri her ýylda geçirilýär. Şu ýyl ŞHG-ä Özbegistan Respublikasy başlyklyk edýär. Samarkantda geçirilýän sammitiň gün tertibi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky möhüm meseleleri, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini, sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagy özünde jemleýär. 

                                                                   

Sammite gatnaşmak üçin Samarkanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň, şeýle-de guramanyň işine synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesinde gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Sammite halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri hem çagyryldy. 

                                                                   

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyp hem-de bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýurdumyza bildirilen şeýle hormata hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly mümkinçiliklere we geljege düşünmegiň, bu hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, maksada gönükdirilen derejä çykarmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde garaýarys. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz şeýle çemeleşmäni doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine baha bermekde türkmen tarapy özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan, kuwwatly syýasy, ykdysady mümkinçilige, belent abraýa eýe bolan bu birleşigiň Ýewraziýada parahatçylygyň, abadançylygyň, özara bähbitli, durnukly hyzmatdaşlygyň giňişligini döretmegi maksat edinýän köp döwletler üçin özüne çekiji merkeze öwrülýändiginden ugur alýar. 

                                                                   

Türkmenistan ŞHG bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr. Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara, ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär. 

                                                                   

Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna yklymda durnuklylygyň möhüm daýançlarynyň biri hökmünde garaýandygyny, terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda has ysnyşykly hem-de giň gerimli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny maksat edinýändigini we muňa taýýardygyny tassyklaýandygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan umumy maksatlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar berdi. 

                                                                   

Türkmen tarapy halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogy filosofiýasyny ilerledip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, nähili çylşyrymly görünýändigine garamazdan, dartgynly ýagdaýlary gepleşikler arkaly, parahatçylykly ýollar bilen çözmäge pugta ygrarlylygynyň tassyklanyljakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda hormat goýmaga esaslanan syýasy gatnaşyklaryň medeniýetiniň täzeden dikeldilmeginiň ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek we bähbitleriň deňeçerligini berjaý etmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýandygyndan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit derejesinde, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada jedelli ýagdaýlaryň öňüni almakda we aradan aýyrmakda Türkmenistanyň hem-de ŞHG-niň bilelikdäki mümkinçiliginiň peýdalanylmagyna hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary hökmünde garalýandygyny belledi. Türkmenistan birnäçe döwletleriň — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň, synçylarynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagyna ýokary baha berýär. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär. Degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalary, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegi beýan ediler. Biziň ýurdumyz bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanyljakdygyna bil baglaýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyna görä, Hazar ugruna uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda-da ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplan ýurdumyz energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişde kuwwatlyklaryna eýedir. 

                                                                   

Türkmenistan nebitgaz ulgamynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini ulanmak arkaly öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýär. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Munuň özi ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi ilkinji nobatdaky wezipedir. 

                                                                   

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hususyýetçilik, telekeçileriň yzygiderli gatnaşyklary üçin şertleri döretmek boýunça has ýakyn, netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. 

                                                                   

Medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibindedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy bolup, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini we ösdürilmegini doly goldaýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleri bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady. “Biz şeýle hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna düşünýäris, ŞHG bilen gatnaşyklarymyzy tapawutlandyrýan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň, açyklygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň ýetilen sepgidine ýokary baha berýäris. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, strategik derejä çykarmagy pugta maksat edinýändigini tassyklady. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ŞHG-niň çäklerinde ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda, söwda, energetika ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Samarkandyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.