(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry)
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly adamlar!
1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys.
Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär. Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi, obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerimde bina edýäris.
Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär. Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar. Şoňa görä-de, uzak möhletleýin döwürde maýa goýumlary çekmegiň ugurlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugurdaky şertleri yzygiderli gowulandyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak utgaşykly we toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydyr. Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürlik maslahatlary geçirilmelidir.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisini diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýäris. Munuň üçin:
birinjiden, ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmek;
ikinjiden, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak;
üçünjiden, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri döretmek;
dördünjiden, oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini gowulandyrmak;
bäşinjiden, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlara doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirdik. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi.
Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar. Biziň gazanan üstünliklerimiz alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagynyň hem-de işjeň gatnaşmagynyň netijesidir.
Eziz watandaşlar!
Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň ýene-de bir mysalydyr.
— Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy;
— daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi;
— gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi;
— uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi;
— sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy biz nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlar hasaplaýarys.
Eziz watandaşlar!
Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr.
Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy. Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.
Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli. Senagat marketingini, halkara bazarlara çykmagyň, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berildi. Öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys.
Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat-sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys.
Eziz watandaşlar!
Bitarap döwletimiz möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar. Köpugurly we görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar. Biz öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika agentligi we Halkara energetika hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. Diňe Oba milli maksatnamasy esasynda hem ýaşaýyş-durmuş pudaklarynyň we inženerçilik-üpjünçilik ulgamlarynyň 15 ugruny, ýagny hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralaryny, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we desgalaryny, suw, lagym, gaz, elektrik geçirijilerini we desgalaryny, awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk ulgamyny, ýaşaýyş jaý hojalygyny öz içine alýan gurluşyklar dowam etdirilýär. Pudakda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli dürli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Pudagy has ýokary sepgitlere çykarmak üçin welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar ulanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary şu ýyl hem bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşdular.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, biz ýakynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretdik.
Şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi. Biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribäni ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Ekinleriň naýbaşy tohumlaryny önümçilige ornaşdyryp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejede kämilleşdirmelidiris.
Häzirki döwürde oba hojalygyny suw bilen üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şonuň üçin suwy rejeli peýdalanmaga, suw desgalarynyň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler geçirildi. Bu işleri depginli dowam etdirip, suw serişdelerini örän tygşytly ulanmaly. Halkymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, önümçilige suw tygşytlaýjy öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly.
Hormatly adamlar!
Suw diplomatiýasy alyp barýan daşary syýasatymyzyň we daşary ykdysady işimiziň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, biz suw serişdelerini gorap saklamaga we tygşytly ulanyp, onuň ýitgisini azaltmaga örän jogapkärli çemeleşmeli. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde suw ulgamyndaky howpsuzlyk we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça goňşy döwletler bilen, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň resmileşdirilmegi ugrunda hem çykyş edýäris.
Daşky gurşawy goramak ministrligi çölleşmä, ýerleriň şorlaşyp zaýalanmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirini azaltmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan zerur işleri amala aşyrmalydyr. Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň “Ählumumy metan borçnamasy” atly täze başlangyjyny goldaýar we metan zyňyndylarynyň howa aralaşmagyny azaltmak ugrunda tagalla edýär.
Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris. Çöl, dag, derýa we köl ekoulgamlarynyň, hususan-da, haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek görnüşleriniň goralyp saklanmagyna, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň giňeldilmegine gönükdirilen işleri alyp barýarys. Daşky gurşawa ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin, ýurdumyzda polimer we plastik materiallary ulanmagyň hem-de olaryň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak ugrunda hem zerur işleri alyp barmaly. Bu materiallaryň galyndylaryny toplamak we gaýtadan işlemek boýunça ýörite maksatnamany kabul etmeli. Biz geljekde hem halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli konwensiýalary esasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdireris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Içerki söwdany kämil dolandyryş we düzgünleşdiriş ulgamy harytlaryň elýeterli, bahalaryň durnukly bolmagyny üpjün edýär, söwda hyzmatynyň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar ýurdumyzy ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply, kuwwatly döwlet hökmünde tanadýar.
Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris. Bu ugurda ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň konsepsiýalaryny hem-de eksport ugurly senagaty goldamagyň strategiýasyny taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn.
Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesi berlen ýurdumyz erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde netijeli syýasaty alyp barýar. Biz ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama agza bolmagyny hem-de daşary söwda ulgamyny we logistik düzümlerini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Şunuň bilen baglylykda:
— milli bähbitlerimizi nazarda tutup, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin talap edilýän köptaraply ylalaşyklary baglaşmak üçin zerur işleri alyp barmaly;
— ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş bazaryny, ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de halkara standartlara laýyk getirmek arkaly bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalar we dellallar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeli;
— standartlaşdyrmak boýunça halkara we sebitara guramalar, şeýle hem daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmeli;
— dünýäniň we sebitiň iri haryt-çig mal biržalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin teklipleri taýýarlamaly;
— milli önüm öndürijilerimiziň we hyzmatlary ýerine ýetirijilerimiziň ählumumy gymmatlyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaly;
— öz önümlerimiziň dünýä bazaryna eksportyny artdyrmak üçin lomaý söwda-logistika merkezlerini döretmeli.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ösdürmek, gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, dokma önümlerini öndürýän iri döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gön zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze, häzirki zaman dokma toplumyny gurmagy hem meýilleşdirýäris. Bu işleriň ählisi pudagy depginli ösdürmäge, uly islegden peýdalanýan, täze önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Hormatly adamlar!
Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini azaltmak boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny döwrebaplaşdyrýarys. Bu ugurda milli maksatnamalary, konsepsiýalary durmuşa geçirýäris.
Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde bagtyýar talyplarymyz okuwa başladylar. Şeýle hem bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebine, mekdebi we çagalar bagyny öz içine alýan okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwçylarymyz, çagalar baglaryna bolsa eziz körpelerimiz ilkinji gadamlaryny basdylar.
Hormatly adamlar!
Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylyp ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şoňa görä-de, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar.
Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy hem ýokarlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalarynyň arasynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron harytlary we beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi, täze kärhanalary döretmegi geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplamalydyrys.
Milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümler, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidir. Ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işler ýerine ýetirildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen bagly toplanan tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberdik. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesini gönükdirdik.
Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagatyny ösdürmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalary döretmek işi dowam etdirildi. Lukmançylyk diplomatiýasynyň kadalaryna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Bitarap döwletimizde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.
Ýurdumyzyň türgenleri sporty ösdürmekde, halkara ýaryşlarda oňat netijeleri gazanýarlar. Şu ýyl hem olar halkara ýaryşlarda 164 altyn, 177 kümüş, 259 bürünç medala, jemi 600 medala mynasyp boldular.
Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris. Biz türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýarys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Döwrebap teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr.
Şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçdik. Geçen döwürde ýurdumyz ÝUNESKO we onuň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edip, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, aragatnaşyk we maglumat ugurlary boýunça baý tejribe toplady. Şu ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary açyldy.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Birleşen Milletler Guramasyndan şu baýramçylyk günlerinde şatlykly habar gelip gowuşdy. Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösüşine goşýan goşandydyr.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işlerini geljekde has-da giňelder. Şoňa görä-de:
— Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy;
— ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek;
— ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek;
— Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna;
— Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak;
— türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna;
— Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly.
Hormatly adamlar!
Şu ýerde men ýene-de bir örän möhüm mesele barada durup geçmek isleýärin. Siziň bilşiňiz ýaly, täze ýylda, ýagny 2024-nji ýylda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Bu şanly sene bilen bagly köp çäreler bellenildi. Biz bu çäreleri örän ýokary derejede guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda geçirmelidiris. Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň daşary syýasatymyzyň esasy maksatlary:
— döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem-de durnukly ösdürmek üçin amatly daşarky şertleri döretmekden;
— Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmekden;
— halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramakdan ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alyp, biz Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine daşary syýasatymyzda uly orun berýäris.
Türkmenistan bitaraplyk kadalaryna berk eýermek bilen, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkara hukugyň ählumumy kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine ygrarly bolmagynda galýar. Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik ýörelge esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Öňüni alyş diplomatiýasyny bu gatnaşyklaryň tejribesine ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Hormatly adamlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdyk. Bu guramanyň belent münberinden sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça Bitarap döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdik. Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürdük.
Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdik. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdik. Biz «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada-da teklip girizdik. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjyny hem öňe sürdük.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir.
Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işini hem barha ösdürýäris. Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri diýip hasap edýärin.
Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Bitarap Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär. Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris.
Döwrüň talabyna görä, milli kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugruna öwrülýär. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizden ugur alyp, ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmeli diýip hasaplaýaryn.
Eziz watandaşlar!
Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň berkararlygy dowamat-dowam bolsun!