2021-nji ýylyň iýuny: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Iýun aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Açyk gapylar» hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol aýyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde türkmen tarapyndan möhüm işewür duşuşyklar, syýasy gepleşikler, işewürler maslahatlary, medeni çäreler, sergiler, maslahatlar we beýleki ähmiýetli çäreler geçirildi.

Tomsuň birinji aýynyň başy Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden baýram edilmegine beslendi. Resmi taýdan milli baýramlaryň sanawyna girizilen bu şanly sene Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.

1-2-nji iýunda Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti sanly ulgam arkaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji Baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat utgaşykly görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirildi. “Sebitde goşulyşmak üçin parlament hyzmatdaşlygyna goldaw bermek” YHG-ä agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdiren iki günlük forumyň esasy mowzugy boldy.

Şu ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ol sebitde durnukly ykdysady ösüşi ilerletmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ahyrky anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmesine, ileri tutulýan sebit we ählumumy wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şol strategiýa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem bu babatda mysal bolup biler. 2-nji iýunda Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor däbe öwrülen gatnaşyklaryň ösdürilmegini hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde guramanyň dürli sebit taslamalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagyny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen dabaralandyryldy. Bu şanly sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Halkara baýramçylyk parahatçylygyň wekili hökmünde sporty wagyz etmek hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, munuň özi milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge uly goşandynyň we oňa ýokary baha berilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

3-4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen foruma gatnaşmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Dürli ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji iýunda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.

5-6-njy iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Owganystanda gulluk iş saparynda boldy. Geçirilen syýasy geňeşmelerde iki goňşy ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen bagly meselelere garaldy.

Ýewraziýa yklymynda möhüm energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzdan Owganystana iberilýän elektrik energiýasyny artdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, bilelikdäki meýilnamalary we taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

7-nji iýunda Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda döwletara hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Ol köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleriň sanawyny öz içine alar.

Iýun aýynyň birinji ongünlüginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bilelikde guralan “Işewürligi kämilleşdirmek we ösdürmek üçin şertler” atly onlaýn maslahat geçirildi. Onda hususy telekeçileri höweslendirmek we goldamak, söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek, telekeçiligiň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça söwda-senagat edaralarynyň alyp barýan işleri boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy iýunda Adalat köşgüniň mejlisler zalynda döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen maslahat Ýokary kazyýet, Daşary işler ministrligi hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar hem-de soňky ýyllarda adam hukuklary ulgamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini kanagatlanma bilen bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň durmuş ugurlydygyny alamatlandyrýar.

10-njy iýunda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işiniň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgandyň çykyşynda belleýşi ýaly, ÝUNOPS-nyň wekilhanasynyň açylmagy BMG-niň ähli agentlikleri bilen milli we sebit derejede bilelikde amala aşyrýan taslamalaryny durmuşa geçirmäge möhüm goşant bolar.

Şol gün Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň (TRASEKA) Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan TRASEKA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde amala aşyrmagy dowam etmäge taýýardyr. Şol resminamalar Aziýa — Ýewropa, Ýewropa — Ýakyn Gündogar, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuri) hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag ugurlarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde birnäçe netijeli duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly we ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlygyny deňhukukly, özara bähbitli esasda işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

11-nji iýunda Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün daşary syýasat edarasynda Ýaponiýanyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili, ilçi Katsuhiko Takahaşi bilen wideoduşuşyk geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň owgan meseleleri boýunça garaýyşlary beýan edildi. Ýapon tarapy Türkmenistanyň garaýşyny doly goldamak bilen, ýurdumyzyň goldamagynda Owganystanda amala aşyrylýan energetika we ulag taslamalaryna ýokary baha berýär.

15-nji iýunda geçirilen “Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi” atly halkara onlaýn forumda zenan telekeçiligini goldamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guraldy.

Gender deňligini üpjün etmek hem-de birmeňzeş mümkinçiliklerdir şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň howandarlygynda geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

16-njy iýunda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli döwür üçin garaýşyna” laýyklykda işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we meýilnamalary amala aşyrmak üçin YHG-nyň iş depginini artdyrmak hem-de guramanyň beýleki agza döwletleri bilen hereketleri utgaşdyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün DIM-nde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde YHG-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk hem geçirildi.

16-njy iýunda onlaýn görnüşde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň 14-nji maslahaty geçirildi. Onuň barşynda dialogyň täze Konsepsiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň daşary işler ministrleriniň 8-nji maslahatynyň gün tertibiniň we maksatnamasynyň taslamasyna seredildi.

Geçen aýyň ortasynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian Aşgabatda iş sapary bilen boldy. Ol Hökümetiň agzalary bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlyga oňyn baha bermek bilen, taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda “ÝB — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň, şol sanda durnukly ykdysadyýet, oba hojalyk sebitleriniň ösüşi, hususy pudaga goldaw bermek hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek boýunça tagallalaryna ýardam etmek babatyndaky taslamalaryň wajypdygy nygtaldy.

17-nji iýunda Daşary işler ministrliginde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň söwda-ykdysady toparlary bilen wideoduşuşyk görnüşindäki gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

16 — 18-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň guramagynda onlaýn görnüşinde geçirilen elektron parlament boýunça 9-njy Bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Parlamentarileriň uzak aralykdan işlemegi üçin mümkinçilikleri döretmek, sanly ulgama geçmek we onuň artykmaçlyklary, parlamentara duşuşyklary giňden peýdalanylýan wirtual görnüşde guramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek hem-de beýleki meseleler boýunça pikir alşyldy.

21-nji iýunda DIM-nde ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen wideoduşuşyk geçirildi. Adam mümkinçilikleri ulgamyndaky dowam edýän we göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalara, Türkmenistanyň milletara gatnaşyklar babatyndaky alyp barýan syýasatyny hem-de şu ýylyň aprelinde kabul edilen 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny göz öňünde tutmak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi.

Geçen aýda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisinde Türkmenistan bu toparyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. Bu ýurdumyzyň ekologiýany, suw hem-de ýer serişdelerini goramak boýunça halkara we sebit tagallalaryna işjeň gatnaşmaga çalyşýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy. Ol milli Liderimiz tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýän ekologiýa hem-de suw diplomatiýasy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda ekologiýa halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. 21-nji iýunda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýurt maksatnamalaryny hem-de sebit hereketlerini işläp düzmegi goldamak we Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen guralan utgaşdyryjy gural boýunça ilkinji duşuşyk geçirildi.

Bu taslama Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) bilen ýurdumyzyň netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol ýola goýlan kadalara laýyklykda, ÝHG-niň maliýe serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek üçin aýrylmaz şert bolup durýar.

22-nji iýunda Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoduşuşyk geçirildi. Diplomatlar iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini, BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda özbaşdak ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerini işjeň giňeldýär. 22-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Komýunikä gol çekmek dabarasy boldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we syýasy, ykdysady, medeni hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.

Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) synçy derejesine eýe bolup, Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen halkara forumda 9-njy synçy döwlet boldy. Bu baradaky çözgüt 23-nji iýunda CICA-nyň synçy hem-de hyzmatdaş guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn mejlisiň barşynda yglan edildi. Forumyň meýdançasynda netijeli özara hereket etmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennig bilen wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarym ýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy we Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan — ABŞ — Owganystan” ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Şol gün “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. “Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çärä Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu forum ählumumy pandemiýany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge gatnaşyjylara mümkinçilik döretdi.

Şol günüň ertesi sanly ulgam arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleri howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde 24-nji iýunda geçiren duşuşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Esasy ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine ýokary baha berildi. Olar gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

24-nji iýunda Aşgabatda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň bilelikdäki maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikde maliýeleşdirilýän taslamalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip bellenildi.

25-nji iýunda geçirilen “Azyk howpsuzlygy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahatda azyk pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa ilatyň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

26-njy iýunda paýtagtymyz Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi. Amerika, Ýewropa hem-de Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim, döredijilik işgärleriniň wekillerini özünde jemlän bu forum “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň möhüm medeni wakasyna öwrüldi.

28-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary Bagdat Amreýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda däp bolan hyzmatdaşlygyň geljegi, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

28 — 30-njy iýun aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur resmi sapary bilen Aşgabatda boldy. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de öňde geçiriljek möhüm çärelere, şol sanda şu ýylda Türkmenistanyň guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu abraýly guramanyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen, türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.

Türkmenistana YHG-niň Baş sekretarynyň iş sapary bilen gelmegi ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça çäkli ylalaşygyna goşulyşmagy bilen utgaşdy.

29-njy iýunda Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde “Dawalaryň öňüniň alynmagyna we parahatçylygyň dikeldilmegine zenanlaryň gatnaşygyny hem-de ýolbaşçylyk etmegini giňeltmekde dünýä we sebit birleşikleriniň hem-de meýdançalarynyň orny” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guraldy.

Çäräniň barşynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda Merkezi Aziýa boýunça zenanlaryň parahatçylyk dörediji kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamagyň hem-de tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň dialogyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hem-de Parlamentara Bileleşigiň onlaýn görnüşde geçen bilelikdäki mejlisine gatnaşdylar.

30-njy iýunda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça halkara mediaforum geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtlaryň görnükli žurnalistleri, syýasatşynaslary, iri sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 100-e golaýynyň wekilleri çärä onlaýn usulynda goşuldylar.

Maslahata gatnaşyjylar maglumat giňişliginde ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk, ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça täzelikleri, syn beriji maglumatlary yzygiderli alyşýandygyny nygtadylar.

Halkara bilermenler we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Jemläp aýdanymyzda, geçen aýyň möhüm halkara wakalary ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen halkymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerindäki ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasy boldy.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33957