Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.
Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabaraly çärä gatnaşýanlaryň belleýişleri ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir.
Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap, kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumçylyk serişdeleri we mineral dökünler bilen üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde her ýylda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär. Wajyp senagat toplumlary, medeni-durmuş düzümine degişli desgalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär.
Oba zähmetkeşleri alada jogap hökmünde täze zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen Watanymyzyň ykdysady taýdan pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Soňra zala her welaýatdan elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekiller geldi.
Çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bereketli türkmen topragy hem-de ondan bol hasyl alýan zähmetkeş daýhanlarymyz baradaky goşgulary bilen gutladylar. Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Arkadag Prezidentimiz hakyndaky şahyrana setirler belentden ýaňlandy.
Oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda edilýän alada, toprakdan bol hasyl almak, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň abraýyny artdyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin welaýatlaryň ähli zähmetkeşleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalar milli Liderimizi galla oragynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli guralýan dabara bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.
Döwlet Baştutanymyz gallaçylaryň gazanan üstünligi bilen gutlandyklary üçin welaýatlaryň ýaşajyk wekillerine minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.
Şöhratly pederlerimiziň asylly ýoluny dowam edýän körpeleriň joşgunly çykyşlary bu ýerde guralan çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Edermen gallaçy kärendeçileriň zähmet ýeňşiniň hormatyna guralan dabara çaga gülküleri we çäräniň belent ruhy bilen utgaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini belledi. Garaşsyz Watanymyzda belent sepgitler eýelenýär, bu bolsa halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler oňyn netijesini berýär.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, “Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşýanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
* * *
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz gallaçy daýhanlaryň gazanan zähmet ýeňişleriniň oba zähmetkeşleri üçin uly üstünlikdigini belläp, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu üstünlik ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň, sahawatly toprakdan bol hasyl önýändiginiň we daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň bereket eçilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň daýhanlarynyň gazanan zähmet ýeňşi, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan, galla oragy bilen bir hatarda, gowaça we beýleki ekinlere idegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýola goýulmagy babatda dowam edýän işler barada hasabat berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryndaky gurluşygy we şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýadydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň depginleriniň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini nygtady.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew meýdan işleriniň çäklerinde gowaça we beýleki ekinlere ideg işleriniň barşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşyk işleriniň depgini barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatdaky meseleleriň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Şeýle hem bugdaýdan boşan ýerleri netijeli peýdalanmak boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu günler sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, galladan boşan ýerlerde ýerine ýetirilýän agrotehniki işler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň obalaryň, şäherleriň keşbini tanalmaz derejede özgerdýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünlikleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda geçirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, galladan boşan ýerlerde geçirilýän sürüm işleri hem-de aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şanly sene mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy hakyndaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, pudaga ylmyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip belledi. Munuň özi şu günler ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigi bilen baglylykda örän möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda toý sadakalaryny geçirmek üçin niýetlenen binanyň gurluşygy boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz welaýatlarda ol binalaryň mümkinçilikleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli hem-de dürli hünär eýeleri bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Lebap welaýatynda sebitiň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin möhüm ähmiýeti bolan döwrebap desgalaryň ulanylmaga berlendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda Balkan we Daşoguz, Ahal we Mary welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrjakdygyny aýtdy, bu sebitlerde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bolar.
Hormatly Prezidentimiz kaşaň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyna, olarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerini üpjün edýän zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz guşgursak ak bugdaýdan bol hasylyň ýetişdirilmeginiň daýhan yhlasynyň ýerine düşendigine güwä geçýändigini belläp, onuň tebigatyň ynsana berýän mukaddes peşgeşidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oba hojalygynyň häzirki zaman ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini yhlasly zähmeti bilen beýan edýän edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we amatly durmuşy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, halkymyzy ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen ýene bir gezek gutlady we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33019