Habarlar
Türkmenistan ykdysady, ruhy we döredijilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan ösdürilmegini, köpugurly durmuş maksatnamalarynyň amal edilmegini, deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. 

                                                                   

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudaga iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. “CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şonuň netijesinde türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hususan-da, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasy taýýarlanylýar. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň kuwwatly bolmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ulag-kommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn esasda ösdürmek, multimodal gatnawlar üçin mümkinçilikleri giňeltmek hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň, Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz serişdelerini çekmegiň hasabyna, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça teklipler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda telekeçiler tarapyndan durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmäge halkara guramalardan maýa goýumlary çekmek arkaly olar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek maksady bilen, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek barada teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda şertnama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, hödürlenen teklipleri makullady we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal kabul eden Kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de “ýaşyl” energetikany döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzyň çet-gyralarynda we barmasy kyn ýerlerinde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça täze taslamalaryň aýratyn zerurdygy barada aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary bilen geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy Watanymyzyň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin giň mümkinçilikleri açar. Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Forumyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleleriň toplumy giriziler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmäge, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda we milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu ugurda işleriň utgaşdyrylmagyny şu Düzgünnamalara laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanynyň artdyrylmagyna, giňeldilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagyň türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýokarda agzalan maksatnama maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna dürli pudaklaryň işiniň netijeliligini, durmuş ulgamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz iri taslamalaryň has-da kämilleşdirilmegine we yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly üns berilmelidigini belläp, bu meselä giňişleýin çemeleşmegi, bu ugurda alnyp barylýan işlere içgin seljerme geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna abatlanylýan hem-de täze gurulýan läbik sorujy derýa gämileriniň ýyllyk zerurlyklaryny, buýurmalary ýerine ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek, hünärmenleri taýýarlamak we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça Iş meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz läbik sorujy gämileriň gurluşygynyň tehnologik, innowasion düzüm bölekleri we beýleki enjamlary bilen giňişleýin gyzyklanyp, olara hil hem-de bäsdeşlige ukyplylyk alamatlary boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryň, nou-haularyň çekilmelidigini aýratyn belläp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna oba hojalyk toplumynyň düzümleri bilen bilelikde bu ugurda meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalygyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. Bulardan başga-da, şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler, tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň we ýetginjekleriň dynç alşyny guramak barada hasabat berildi. 

                                                                   

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasynda guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmak hakynda Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna “Akademiki” hukuk derejesi berildi. 

                                                                   

Bulardan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady hem-de degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir Buýrugyna laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, iş maslahatlaryny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýeti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherine gulluk iş saparyna ugradyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitremeler zerarly, Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Owgan tarapyna azyk önümleri, derman we arassaçylyk serişdeleri, hojalyk harytlary muzdsuz berildi. 

                                                                   

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “Gaffney Ñline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralan “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara maslahat geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Nobatdaky forum utgaşykly görnüşde geçirilip, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde görkezildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň ýolbaşçylarydyr agzalary, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary onlaýn görnüşinde goşuldylar. 

                                                                   

Maslahatda uglewodorodlary işläp çykarmagyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri, wodorod öndürmek, “ýaşyl” energetika geçmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hem-de energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, uglewodorod bazarlarynyň täze döwrüň energetikasyna geçmekde eýeleýän ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary, daşky gurşawy goramak ulgamynda milli, sebit hem-de halkara derejede amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar, şol sanda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak babatda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça duşuşyklary geçirildi. 

                                                                   

Mary welaýatynda badalga alan Medeniýet hepdeligi umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň özboluşly ruhy mirasyny hem-de döredijilik kuwwatyny açyp görkezdi. Bu giň gerimli çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilip, döredijilik işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Döredijilik gözden geçirilişiniň maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny bilen bagly mediaforum, medeniýeti ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat, göçme okuw maslahatlary, sungat ussatlarynyň we bagşylaryň konsertleri, folklor çykyşlary, hünär sapaklary, bäsleşikler, sungat eserleriniň sergileri, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri, ýazyjylar we şahyrlar, kinorežissýorlar bilen duşuşyklar, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler we köp sanly beýlekiler göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hili, binalaryň daşky bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle-de çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanşyp, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen bagly meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Elektrobuslaryň we elektrotaksileriň ulanylmagy täze merkeziň daşky gurşawyny goramaga goşulan saldamly goşant bolar. Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň şekil taslamalary hem-de tehniki häsiýetnamalary görkezildi. Ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, awtoulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde gurulýan pyýadalar we ulaglar üçin ýerasty geçelgeleriň hiline uly üns berilýär. Hormatly Arkadagymyz birbada 5,5 müň adama namaza durmaga niýetlenen metjidiň taslamasy bilen tanşyp, birnäçe bellikleri we düzedişleri girizdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmak hem-de zerur sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň öz ägirt uly ykdysady, ruhy we döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmek bilen, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. 

                                                                                                           

(TDH)

27.06.2022
Ýurdumyzda gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di

Aş­ga­bat, 3-nji iýun. Şu gün ýur­du­myz­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 26-njy maý­da ge­çi­ri­len göç­me mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy­na ak pa­ta be­rip, eder­men daý­han­la­ra zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň daý­han­la­ry gal­la ora­gy­na gi­riş­di­ler. Bal­kan hem-de Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry bol­sa bu işe 10-njy iýun­da gi­ri­şer­ler. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz daý­han­lar üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Olar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, hi­mi­ki se­riş­de­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry hem-de suw bi­len do­ly üp­jün edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­nyň ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni bel­läp, ony ýit­gi­siz ýyg­na­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir. 

                                                                   

Asyl­ly dä­be gö­rä, ýer­ler­de gal­la ora­gy­na hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar ak pa­ta ber­di­ler. Olar ata Wa­ta­ny­my­zyň, äh­li türk­men hal­ky­nyň ro­waç­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üçin Be­ýik Bi­ri­bar­dan do­ga-di­leg et­di­ler. Ak­sak­gal ýa­şu­lu­lar: “Çä­ji­ňe be­re­ket!” di­ýen söz­ler bi­len ora­ga gi­riş­di­ler we no­ba­ty zäh­met­sö­ýer kom­baýn­çy­la­ra ber­di­ler. 

                                                                   

Şu ýyl ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry güýz­lük bug­daý üçin bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar meý­dan­dan 1 mil­lion 400 müň ton­na dä­ne ýyg­na­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 80 müň ton­na bug­daý ýyg­na­lar. Şu ýyl gal­la meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň “Be­re­ket­li”, “Go­şant”, “Ha­syl­ly”, “Säh­ra­ýy”, “Ro­waç”, “Ýo­lö­ten-3”, “Ýo­lö­ten-1”, “Ju­wan”, “Wa­tan”, “Gy­zyl­şag­la­wuk-25”, “Mi­ras”, “Ýo­kum­ly” ýa­ly, ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di. 

                                                                   

Di­ýa­ry­myz bo­ýun­ça 2022-nji ýy­lyň gal­la ora­gy möw­sü­min­de “Сla­as”, “John Dee­re”, “Сase”, “New Hol­land” ýa­ly ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 2 müň 64 sa­ny­sy iş­le­di­ler. Gi­je-gün­diz­le­ýin esas­da iş­le­dil­jek ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly bel­le­nen möh­let­ler­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga ýar­dam be­rer. Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li “John Dee­re” we “Сla­as” ky­sym­ly gal­la oru­jy kom­baýn­lar te­le­ma­tik ul­gam­lar bi­len üp­jün edil­ýär. 

                                                                   

Gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me abat­la­ýyş-me­ha­ni­ki to­par­la­ryň ýüz­ler­çe­si gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da gal­la­çy­la­ra hyz­mat eder. Olar iş­le­dil­ýän teh­ni­ka­la­ry ze­rur ýan­gyç-çal­gy ýag­la­ry we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bi­len üp­jün eder­ler. Gal­la meý­dan­la­ryn­da ora­ga gat­naş­ýan me­ha­ni­za­tor­lar, sü­rü­ji­ler, beý­le­ki iş­gär­ler üçin ze­rur dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Ýer­ler­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry, göç­me söw­da ýo­la goý­lar. 

                                                                   

Ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 154-si­ne, ele­wa­tor­la­ra hem-de am­mar­la­ra da­şa­mak­da mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ber­len ýük ulag­la­ry­nyň 9 müň 800-den gow­ra­gy iş­le­di­ler. Gal­la ora­gy­na çen­li de­giş­li bar­lag­ha­na­lar taý­ýar­la­ny­lyp, olar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri dä­nä­niň hi­li­ni kes­git­lär­ler. Tab­şy­ry­lan ha­syl üçin gal­la­çy­lar bi­len öz wag­tyn­da ha­sap­la­şyk iş­le­ri “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ýer­ler­dä­ki bö­lüm­le­ri ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lar. 

                                                                   

Gal­la ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, tej­ri­be­li ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, kä­ren­de­çi­le­riň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da okuw-önüm­çi­lik mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Ola­ryň do­wa­myn­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Çy­kyş eden­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowa oba zäh­met­keş­le­ri ba­ra­da ed­ýän he­mi­şe­lik ala­da­sy, ata Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­na we aba­dan­çy­ly­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýan eke­ran­çy­la­ryň my­na­syp dur­mu­şy hem-de ne­ti­je­li zäh­me­ti ug­run­da dö­re­di­len şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler yzy­gi­der­li öz­leş­di­ril­ýär, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça oňyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wod­la­ryň, suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ak bug­daý­dan bol ha­syl al­ma­gyň gi­re­wi­dir. 

                                                                   

Önüm­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­ma­gy, daý­han­la­ryň sal­gyt­lar­dan bo­şa­dyl­ma­gy, ola­ra teh­ni­ki hyz­mat­la­ry, to­hum­la­ry, mi­ne­ral dö­kün­le­ri, ösüm­lik­le­riň go­rag se­riş­de­le­ri­ni al­mak üçin ýe­ňil­lik­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­di­ril­me­gi ola­ryň öz zäh­me­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny has-da art­dyr­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer, suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk yl­my­nyň, seç­gi­çi­li­giň, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns ber­ýär. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Oba ila­ty­nyň mad­dy hal-ýag­da­ýy, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si ýyl-ýyl­dan ýo­kar­lan­ýar. Ýa­şa­ýyş de­re­je­si bo­ýun­ça oba ýer­le­ri şä­her de­re­je­si­ne bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Mah­la­sy, bu iş­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan tej­ri­be döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ne­ti­je­li ut­gaş­dy­ryl­ýar. 

                                                                   

Bu ugur­da top­la­nan tej­ri­bä se­bit­de we dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň 2020 — 2022-nji ýyl­lar döw­ri üçin Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­ne saý­lan­ma­gy ata Wa­ta­ny­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gal­la meý­dan­la­ry­nyň ýa­nyn­da möw­sü­miň baş­lan­ma­gy­nyň hor­ma­ty­na şu gün­ki ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar­da ser­gi­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Olar­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri, çö­rek önüm­le­ri, hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry gör­ke­zil­di. Şeý­le-de we­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz, tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry gu­ral­dy. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

04.06.2022
Arkadagyň ruhy akademiýasy

Milletiň ykbaly her döwürde-de onuň öňe çykaran beýik şahslarynyň — öňbaşçylarynyň gerdeninde durupdy. Beýik şahslar diňe bir taryha adyny ýazman, eýsem, olar taryhyň daýanç sütünleridir hem. Bir halkyň ykbaly göterilende, şonuň öňbaşçysy dünýäniň ösüşine täsir edýän şahsyýete öwrülýär. Şol taryhy şahslar öz döwletli tutumlaryny halkyna, dünýä düşündirmek üçin ylmy-filosofik eserlerini, ensiklopedik häsiýetli kitaplaryny nesillere miras goýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän manysy dür-hazynalardan gymmatly kitaplary nesilbaşymyz Oguz handan gaýdýan gadymy türkmen töresine görä, milletiň ruhy Kethudasy tarapyndan nesillere miras galdyrylýan ýörelge kitaplarydyr.  

                                                                   

Awtoryň kitabyň girişinde nygtaýşy ýaly, ol dinimiz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgämiz hakda söhbet açýar. Gahryman Arkadagymyz täze eserinde ynsan Zeminde peýda bolaly bäri jogaby gözlenilýän ebedi sowala — «Hakyky adam, Hakyň söýen ynsany nähili bolmaly?» diýen sowala jogap agtarýar. Kitapda nygtalyşy ýaly, türkmen topragy müňlerçe ýylyň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin örän ähmiýetli mekan, uly wakalaryň, siwilizasiýalaryň mesgeni boldy. Bizi taryhçy hökmünde özüne çeken zat Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň taryhynyň beýikligi hakda täze açan hakykatlarydyr. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleriniň, guran beýik döwletleriniň adamzadyň taryhynda lowurdap durandygyna aýratyn üns çekýär. Ol döwletleriň ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdandygyny nygtaýar. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz-türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris». 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany dünýä taryhynyň ösüşinde Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür bilen deň derejede goýýan alymlaryň mamladygyny ýazýar. Ýeri gelende bellesek, milli Liderimiz heniz wise-premýer wezipesinde işleýän döwründe ýurdumyzyň gadymy hem şöhratly taryhynyň dikeldilmegi, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak babatda uly işleriň başyny başlady. Türkmen alymlarynyň topary daşary ýurtlaryň ençemesine yzly-yzyna iberilip, halkymyzyň geçmişine dahylly gymmatly golýazmalaryň birgidenini ata Watanymyza getirdiler. Olaryň terjime edilip, şol wagtky «Miras» milli medeniýet merkeziniň düzümine girýän ylmy edaralaryň alymlary tarapyndan kitap görnüşinde çykarylyp başlanmagy bilen, türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhyny täzeçe garaýyş esasynda arap, pars we gaýry dillerdäki çeşmeleriň esasynda täzeçe ýazmaga mümkinçilik döredi. Hormatly Arkadagymyz täze eserinde şol çeşmeleriň ençemesini ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizipdir.  

                                                                   

Kitapda türkmen halkynyň taryhda öz döreden döwletleriniň ady bilen meşhur bolandygy aýdylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Awestada ýatlanylýan Turan ýurdunyň adynyň manysyny türkmenleriň — turlaryň — oguzlaryň ýurdy görnüşinde düşündirmegi hem bizi aýratyn özüne çekdi. Türkmenleriň döreden döwletleriniň aglabasynyň — göktürkmenleriň, oguz ýabgularynyň, garahanlylaryň, gaznalylaryň, seljuklaryň, horezmşalaryň döwletleriniň bir böleginiň Turanyň çäginde ýerleşmegi-de muňa aýdyň delildir. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde bir hakykata — ata-babalarymyzyň öz guran döwletlerini öz atlary bilen, ýagny Oguzlar döwleti, Seljuklar döwleti, Osmanlylar döwleti görnüşinde atlandyrandygyna ünsi çekmek bilen, şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň adynda türkmen halkynyň öz adynyň bardygy baradaky buýsançly hakykaty aýratyn nygtaýar.  

                                                                   

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda siwilizasiýa babatdaky täze ylmy açyşyna üns çekmek zerur. Ol ýyldyrym tizligindäki bedewlerini ýetişdirmek bilen, ata-babalarymyzyň adamzadyň ösüşine tizlik berendigi baradaky hakykatdyr. Şeýlelikde, milli Liderimiz türkmeniň şeýle bedewleri kemala getirip, adamzada ýene bir siwilizasiýany peşgeş berendigi baradaky hakykaty ilkinji gezek dünýä aýan edýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkara gatnaşyklar ugry boýunça hünärmenler üçin hem has gymmatlydyr. Kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti» atly birinji babynda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçlaryna üýtgewsiz eýerýändigi, halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigi nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe döwlet we Hökümet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklaryndan ençeme ýakymly pursatlary mysal getirýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz 2020-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşykda agtygy Kerimiň onuň bilen iňlis dilindäki erkin söhbetdeşligini ýatlaýar. Agtygynyň halkara guramanyň wekiline ýurdumyzda ýaş nesillere dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin çagalar baglaryndan, mekdep partasyndan başlap, dünýä dilleriniň ençemesiniň öwredilýändigi barada gürrüň bermegi hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça eden taýsyz atalyk aladasynyň aýdyň miwesi. Munuň özi türkmeniň gadymy atalyk mekdebiniň häzirki döwürdäki anyk dowamy. Hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda durmuşda dogry ýoly, käri saýlap almakda ene-atanyň, halypanyň ornunyň örän ähmiýetlidigini ýönelige nygtamandyr. Agtygy Kerimiň zehininiň köpugurly bolmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmäge werzişligi, bedew atlarymyza, çapyksuwarlyga, seýisçilige, aýdym-saz sungatyna söýgüsi — bularyň ählisi hormatly Arkadagymyzyň yhlasyndan gözbaş alýar. Milli Liderimiz diňe bir öz agtygyny terbiýelemekde däl, eýsem, tutuş halkyna gadymy türkmen atabeglik mekdebiniň oňyn däpleri bilen halypalyk edýär. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň täze kitabyndaky: «Men öz agtygymyň mysalynda tutuş türkmen ýaşlarynyň geljegini görýärin» diýen sözleri hem aýdylanlara anyk delildir. 

                                                                   

Eserde Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde tutýan ornuna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň esasy binýady bolan hemişelik Bitaraplygymyza hem mynasyp orun berlipdir. Bular barada kitapdaky anyk mysallary okanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň 15 ýyllyk Prezidentlik döwründe parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen dünýäde ykrar edilen Lidere öwrülendigine buýsanjyň artýar. Hawa, hormatly Arkadagymyz — XXI asyryň parahatçylyk dörediji Lideri, beýik syýasatçysy, ussat diplomaty. Milli Liderimiz şeýle belent abraýa ata-babalarymyzdan gelýän döwleti dolandyrmak dessuryna eýerip mynasyp boldy. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky binýatlyk ýörelgeler bolan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk — bular ykbalyň emri bilen dünýäň çar künjüne ýaýrap, ençeme döwletleri, imperiýalary guran ata-babalarymyzdan galan dessurlaryň esasynda kemala gelendir. Bu dessury bir sözde «Oguz-türkmen töresi» diýip atlandyryp bolar.  

                                                                   

Töre — ata-babalar tarapyndan ýola goýlan ýazylmadyk kanunlaryň jemi. Töre ýaşulularyň hem-de gelip çykyşy asylzada bolan begleriň häkimliginiň kanunylygyny ykrar edipdir. Ol jemgyýetiň her bir agzasynyň ornuny berk kesgitläpdir, düzgün-tertibiň her kes tarapyndan berk berjaý edilmegini talap edipdir. Oguz töresini bozmak temmisiz galdyrylmandyr. Göktürkmen döwletiniň hany Bilge han: «Eý, oguz türkmen begleri, millet, eşidiň, ýokarda gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler!» diýen sözlerini nijeme asyr mundan ozal ýönelige aýdyp gitmändir! Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda, ine, şol gadymy türkmen töresini inçeden yzarlamak bilen, ata-babalarymyzyň döreden ençeme döwletleriniň taryhy tejribesi esasynda gurlan şu günki Bitarap Türkmenistanyň tutuş dünýäde parahatçylygy döretmäge goşandynyň ähmiýetini okyjylara anyk mysallar arkaly düşündirýär.  

                                                                   

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň yslam dinini kabul etmek bilen, yslam medeniýetini dünýä ýaýmak babatda bitiren hyzmatlaryny anyk taryhy maglumatlar arkaly düşündirýär. Bu barada kitapda şeýle diýilýär: «Hawa, bular — türkmenlerdi! Biziň ata-babalarymyzdy! Müňlerçe ýyllyk taryhy şöhratlandyranlardy! Oguz han atamyzdan başlap, hakykatdan-da, dünýäde ýetmişden gowrak döwleti döredenlerdi! Uly-uly şahsyýetleriň we olara ykbalyny ynanan halkyň güýç-gaýraty bilen Ýer ýüzünde şeýle beýik döwletler berkarar edilipdi». Damarynda türkmen gany aýlanýan her birimiziň watançylyk duýgymyzyň gözbaşyny täzeden arçap, inimizi jümşüldedip, ruhy taýdan täzeden galkyndyrýan şeýle hakykaty Gahryman Arkadagymyza çenli türkmen halkynyň taryhyny ýazan hiç bir taryhçynyň eserinden okan dälsiňiz! 

                                                                   

Arkadagyň şadiwany — «Ömrümiň manysy» — ýagşy niýetlere, halallyga çagyryş. «Ömrümiň manysy» — maksada okgunlylyga, oňa ýetmek üçin dyngysyz göreşe çagyryş. «Ömrümiň manysy» — dünýäde haýyr bilen şeriň arasynda parh goýup, diňe haýry goldap, onuň tarapynda duran adamlaryň geljek nesilleriň hakydasynda ömürlik ýaşaýandygyny düşündirýän durmuş pelsepesi. Eger-de täze kitabyň ähmiýetini bir jümlede jemlemeli bolsa, onda oňa «Arkadagyň ruhy akademiýasy» diýip at berip bilerdik. Uludan-kiçä her bir türkmen raýatyny ömrüni manyly ýaşamaga ugrukdyrmakda, il-halkyna ýaraýan mynasyp işleri amala aşyrmak üçin ýagşy niýetlere ruhlandyrmakda bu akademiýanyň uzak ýyllaryň dowamynda milletimiziň durmuş mekdebine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. 

                                                                                                           

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.

03.05.2022
Baş maksat — halkyň abadan durmuşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna toý sapary barada söhbet 

                                                                   

 Hazar kenary. Giňişlik. Mawy giňişlik. Nirede deňiz gutaryp, nirede asman başlanýar, saýgardarly däl. Könekiler beýle görnüşe «Dünýäniň başlanýan ýeri» diýer ekenler. Biziň üçin bolsa bu kenar täze taryhy döwrüň hem başlanan ýeri. Hakykatdan-da, heran-haçan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gadam bassaň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen ýyllara, geçilen ýollara seýil eden ýaly bolýarsyň. Täze zamananyň geriminiň-hörpüniň nähili uludygyny hut şu kenarda, şu sebitde başy başlanan, bitirilen işler hem turuwbaşdan aýan-aýdyň görkezipdi. 14-nji aprelde welosipedli ýörişe goşulyp, Awazanyň ýollary bilen barşyňa, hatar gurap oturan kaşaň binalary synlap, olaryň hersiniň döwrüň bir sahypasydygyna, manyly ömrüň bir pursadydygyna göz ýetirýärsiň... 

                                                                   

 Hawa, ozal habar berlişi ýaly, 14-15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda saparda boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyran ilkinji saparydygy bilen-de, il-halkyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini nazarlaýan döwletli tutumlara beslenendigi bilen-de taryhy ähmiýete eýe bolup, ol «toý sapary» diýlip atlandyrylmaga doly mynasypdyr. 

                                                                   

 Günbatar sebit: ösüşiň täze gözýetimleri 

                                                                   

Balkan welaýaty — ýurdumyzyň depginli ösýän sebitleriniň biri. Onuň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, amatly howa şertleri senagaty, oba hojalygyny, ulag we aragatnaşyk pudagyny, hyzmatlar ulgamyny hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Welaýatyň sebit boýunça jemi önüminiň üçden iki bölegi senagatyň paýyna düşüp, onuň gazy, elektrik energiýasyny, himiýa önümlerini, gurluşyk materiallaryny, azyk önümlerini öndürýän pudaklary bar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Balkan welaýatynda hem giň gerimli, halkara derejeli taslamalar amala aşyryldy... 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 14-nji aprelde “Awaza” Kongresler merkezinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde garalan meseleler günbatar sebitiň ählitaraplaýyn ösüşini has-da ilerletmekde giň gözýetimleriň nazarlanýandygyny görkezdi. Ýurtdaky rowaçlygyň özeninde-de, elbetde, sebitleriň ösüşi durýar. 

                                                                   

Gürrüň, hususan-da, geljek 7 ýyl üçin taýýarlanylýan Prezident Maksatnamasynda günbatar sebiti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda welaýatyň senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryny çekmek, sebitiň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini, innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak barada barýar. 

                                                                   

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, ulag-logistika ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurup ulanmaga bermek, şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada barýar. 

                                                                   

Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda gözleg-barlag işlerini çaltlandyrmak, täze ýataklary açmak we özleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, bu işe hususy ulgamy hem-de maýa goýumlary çekmek barada barýar. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň baý kuwwatyny, şol sanda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara almak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan himiki serişdeleriň täze görnüşleriniň, ýod, brom we brom önümleriniň, kaustik sodanyň, hlor we hlor önümleriniň önümçiliklerini ýola goýmak işlerini işjeňleşdirmek barada barýar. 

                                                                   

Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen täze desgalaryň degişli sanawyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly, gök önümleri, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalaryň 14-sini amala aşyrmak barada barýar. 

                                                                   

 Ahyrky netijede, diňe bir sebitiň ilatynyň däl, tutuş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak barada barýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň şol gün Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy bolsa döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bu ugurdaky mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy babatdaky tagallalar bilen baglydyr. 

                                                                   

 Zamananyň saglyk täji 

                                                                   

 Saglyk — islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisi. 

                                                                   

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berilmegi täze döwrüň taryhyna zer harplar bilen ýazyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmegi akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we zähmeti, hut milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amal edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze hassahananyň gurluşygy hem Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň martynda gol çeken Karary esasynda alnyp baryldy. 

                                                                   

Hassahanada 27 bölüm hereket edýär diýmek täze desga saglygy goraýşyň tas ähli jähetlerini öz içine alýar diýmekdir. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek işleri sazlaşykly ýola goýlupdyr. Munuň özi Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda halkara derejeli döwrebap şypahana düzüminiň barha giňeldilýändiginiň hem-de ilatyň hyzmatyna gönükdirilýändiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Häzirki döwürde lukmançylyk hyzmatlarynyň gowulandyrylmagy diňe döwrebap tehnologiýalaryň, täze ylmy açyşlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy, innowasion usullara giň gerim berilmegi bilen mümkindir. Täze köpugurly hassahananyň döwrüň şu talabyny dolulygyna ödeýändigine onda ýerleşdirilen enjamlar bilen tanşanyňda, has anyk göz ýetirýärsiň. Täze hassahana “Ýokary tehnologiýalar”, “Ýokary hil”, “Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana” ugurlary boýunça halkara güwänamalaryň gowşurylmagy-da bu hakykaty birkemsiz tassyklaýar. 

                                                                   

Muhammet Gaýmaz Türkmeniň: «Saglyk sag adamyň başyndaky altyn täçdir. Emma ony diňe näsaglar görýär» diýen sözlerini, meger, eşidensiňiz. Bu gün halkymyzyň başyndaky sap altyndan saglyk täjini hemme görýär. Dünýä görýär. Sebäbi ol täç, ine, şeýle kaşaňdan-kaşaň saglyk köşkleri bolup öwşün atýar... 

                                                                   

“Janyň saglygyna, başyň dikligine geljek zat barmy?! Şeýle-de bolsa, hassahana diýilse, adam käte garaňky göräýgiç, birbada ýaýdanaýgyç bolýar. Öten ýyl saglygymy bejertmek üçin paýtagtdaky halkara merkezleriň birine baranymda, bu pikirim düýbünden üýtgedi. “Adamyň gadyrynyň nähili uludygyny bilmek üçin görülmeli, gelinmeli ýerler eken diýdim. Özi hakyndaky aladany görüp, adam özüni arkaly, hossarly duýýar. Şeýle döwrebap saglyk merkeziniň, ynha, özümizde hem işe başlandygyna guwanjymyz çäksiz” diýip, balkanly ýaşuly Nyýazmämmet Muhammedow gürrüň berýär. 

                                                                   

“Görüp otursak, soňky 15 ýylda welaýatda täze saglyk desgalarynyň 30-a golaýy bina edilipdir, birenteginiň durky düýpli täzelenipdir. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda ýene-de bir döwrebap hassahana ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna şol wagt Hökümet Baştutanynyň orunbasary bolup işleýän, bu gün bolsa il ynamyny gazanyp döwlet Baştutanlygyna saýlanan hormatly Serdar Berdimuhamedow gatnaşypdy. Halkyň ýüregine halk bähbitli işler bilen ýol salyp bolýar. Döwletli tutumlary, ynamly gadamlary bilen halkyň hoşallygyny gazanýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, maksatlary myrat bolsun!» diýip, Türkmenbaşy şäherinden şahyr Didarberdi Allaberdiýew ýürek sözüni paýlaşdy. 

                                                                   

Zamanamyzyň esasy aýratynlyklary hakda pikir öwreniňde, öňi bilen, «toplumlaýynlyk we yzygiderlilik» diýen sözler dile gelýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýan köpugurly durmuş syýasaty döwrebap şertleriň gerimini merkezden ýurduň tutuş çäklerine çenli giňeltdi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalar ýakyn wagtda Daşoguzda, soňra bolsa Ahal welaýatynda hem açylyp ulanmaga berler. 

                                                                   

Täze hassahanada onuň saglygy goraýyş maksatly halkara derejeli çäreleriň geçirilýän, tejribeleriň alşylýan, wajyp meseleleriň iş ýüzünde maslahatlaşylýan ýerine öwrülmegi babatda-da ähli şertler bar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň açylyş dabarasynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda işleri ilerletmek bilen bagly möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy göreşýän merkezi döretmek, Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezini gurmak baradaky bu tekliplerdir degişli ýolbaşçylara berlen anyk tabşyryklar “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygaryň barha rowaçlanýandygyna, adamlar, olaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine misilsiz güwädir. 

                                                                   

 Ýaşaýyş öýden başlanýar 

 Ir döwürlerde bir kişiniň “Adamzada nädip ýagşylyk edip bilerin?!” diýen sowalyna akyldar: “Git-de, maşgalaňy bagtly et!” diýip jogap beripdir. 

                                                                   

 Dünýäniň bagty — maşgala abadançylygynda. 

                                                                   

Maşgalalaryň bagtyýar durmuşy bolsa ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen hem aýrylmaz bagly. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi halkymyzda uly hoşallyk döretdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň günbatar welaýata toý saparynyň barşynda Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüniň tutulmagy söz bilen işiň bitewüliginiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal edilýändiginiň güwäsi bolandygy bilen uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji aprelde gol çeken Kararyna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar. 

                                                                   

14-nji aprelde Hökümetiň Awazada geçirilen göçme mejlisinde hem Gyýanlydaky polimer zawodynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklip öňe sürüldi. 

                                                                   

 Ýagşy işler — ýaşaýşa ýaraşyk, döwre dowamat! 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 ...Ýene-de goja Hazaryň mawy giňişligini synlaýarys. «Deňizler syýa, daragtlar galama dönse... Ýazsam waspyňy asmana. Şonda-da tarypyňa ýetebilmerin» diýýär şahyr. Megerem, bu Watanyň — gözleriň göreji, göwünleriň guwanjy behişdi Diýaryň, döwletli döwranyň waspyna ýetme ýokdugy üçindir, deňziň ýadawsyz-dynuwsyz owaz eýläp, yşkyny göge rowan eýläp tolkunyp ýatyşy... 

                                                                                                           

Kakamyrat REJEBOW.         

“Türkmenistan”.

18.04.2022
Söwdanyň sanlylaşdyrylmagynyň eksporty ösdürmekdäki ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli işleriniň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň netijeli durmuşa geçýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport edýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegini dowam etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda” baş maksat hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň haryt bazarlarynda bäsleşik göreşiniň ýitileşýän häzirki şertlerinde ýurdumyzdan daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini has-da artdyrmak üçin daşary söwda gatnaşyklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagy zerur bolup durýar. Şeýle tehnologiýalaryň biri hökmünde internet toruny görkezmek bolar. Häzirki döwürde dünýäde bu toruň üsti bilen köp sanly elektron söwda amallary geçirilýär.

Elektron söwda diýip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan, uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýär.

Halkara söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda internet söwdasyny ýurdumyzyň milli eksportyny artdyrmagyň gelejegi bar bolan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Eksporta goldaw bermegiň bu usulyny has-da giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” elektron söwda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň üç ugrunyň biri hökmünde kesgitlenip geçilýär.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwdany ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Hususan-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini muňa mysal edip bolar.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan şereketler internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.

Elektron söwdany düzgünleşdirmek babatynda halkara derejesinde hem işler hem alnyp barylýar. BMG-niň 1996-njy ýyldaky mejlisnde “Elektron söwdasy boýunça nusgalyk kanun” kabul edildi. Halkara derejesinde şeýle kanunyň kabul edilmegi ýurtlara elektron serişdeleri arkaly harytlaryň özara alyş-çalşyny has-da ýeňilleşdirýär.

Elektron söwdany ýurdumyzyň milli eksportyny ösdürmegiň wajyp guraly hökmünde peýdalanmagyň zerurlygyny, söwda amallaryny geçirmegiň bu usulynyň ýokary amatlylygy bilen düşündirip bolar. Hususan-da:

  •     
  •    elektron    dükanyň eýesiniň, şeýle hem harytlary satyn alyjylaryň    harytlary satmaklary üçin ýa-da şu harytlary satyn almaklary    üçin olaryň bir ilatly nokadyň çäginde bolmaklary zerur    bolmaýar;

        
  •    internetiň    üsti bilen halkara söwda meýdançalaryna ornaşmak ýeňil    bolýar;

        
  •    köpsanly    wirtual töleg ulgamlary peýdalanylýar;

        
  •    halkara    söwdasyndaky araçyllara sarp edilýän harajatlar azalýar;

        
  •    harytlar    dünýäniň islendik nokadyna poçtanyň üsti bilen eltilýär;

        
  •    Internetiň    bar bolan islendik ýerinde we islendik wagtda täze harytlar we    arzanladyşlar bilen tanyşyp bolýar.

Elektron täjirçilik halkara söwdasynda bäsleşik artykmaçlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär hem-de onuň ösmegini höweslendirýär. Sanly ykdysadyýet bazarlaryň has-da biri-birine ýakynlaşmagyna getirýär. 

Elektron täjirçilik harytlary (hyzmatlary) internet torlarynyň üsti bilen satyn almaklygy we satmaklygy göz öňünde tutýar. Müşderileri ýeňil gözläp tapmaga mümkinçilik bermegi elektron täjirçiligiň esasy artykmaçlygy hökmünde görkezmek bolar. Şoňa laýyklykda haryt öndürijiler öz harytlaryny daşary ýurtlara satmaga uly mümkinçilikleri alýarlar.

Alyjylar we satyjylar üçin elektron söwda meýdançalaryny döretmäge gatnaşýan internet araçyllary elektron täjirçiligiň ösmeginde wajyp orun eýeleýär. Çünki elektron söwda meýdançalary onlaýn-satyşlara sarp edijileriň ynamynyň artmagyna, satyjylar üçin belli standartlaryň bellenilmegine, tölegleri geçirmegiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem satyjylaryň (salgyt, gümrük we başgalar) döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täsir edýärler. 


Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy. 

18.04.2022
BEDEW ATYŇ TARYPY

               

Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halkymyz häzirki döwürde bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli gymmatlyklary bilen şöhratlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren eşretli zamanasynda halkymyz tarapyndan dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan milli gymmatlyklaryň biri-de –  behişdi bedewlerimizdir. 

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda türkmeniň bedew atyna söýgüsi içgin açylyp görkezilýär. Bu kitapda ahalteke bedewleriniň 132-si barada gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde  atçylyk ulgamyna, halyçylyk sungatyna döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Gahryman  Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Türkmen halysy, türkmen bedewi – bular diňe bir halkymyzyň gadymylygynyň we zehinliliginiň, biziň şu günki garaşsyzlygymyzyň simwoly bolman, eýsem bu biziň topragymyzyň beýik syrydyr”.

Häzir ýurdumyzda diňe arassa tohum aty ýetişdirilmän, eýsem, onuň ýyndam sport aty bolmagy barada hem uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýän Halkara atçylyk-sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça atçylyk-sport ýaryşy, şeýle hem uzak aralyga uly ýöriş, däp bolan at çapyşyklary we beýleki sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Ahalteke bedewleriniň gözellik we çapuw bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa däbe öwrüldi. 

Akhan” atly ahalteke atynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionyndaky bedewiň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, şeýle hem behişdi bedewimiziň waspy ýetirilýän “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň umumadamzat gymmatlyklarynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has hem arşa göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň” maksatnamasyna sportuň konkur görnüşiniň girizilmegi bolsa türkmen bedewleriniň sport äleminde tanalmagynda möhüm taryhy waka boldy. Türkmenleriň çydamly, ýyndam atlary ýow gününde hem, parahatçylykly ýaşaýyşda hem olaryň iň ýakyn hemdemidir. Türkmen ýigidi öz atyna dostuna-doganyna etmeýän hormatyny edýär. Çünki Göroglynyň aýdyşy ýaly, bedew ýigidiň “başdaşy, syrdaşy, ýowuz günde ýoldaşy”. Aslynda, “Görogly” eposyna, bellibir derejede, bedew baradaky eser hem diýip bolar. Sebäbi Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Taryha ajaýyp kamaty, ýyndamlygy, çydamlylygy, syzgyrlygy, wepalylygy kimin buýsançly häsiýetleri bilen giren türkmen bedewleri biziň milli guwanjymyzdyr. Ata-babalarymyz öz wepaly syrdaşlaryny gözüniň göreji deý gorapdyrlar. Olary gymmatbaha şaý-sepler bilen bezäpdirler.

Bedewler diňe bir şaý-sepler bilen bezelmän, eýsem olar üçin haly önümleriniň hem öndürilendigini bellemelidiris. Halyçylyk sungatynyň bir görnüşi bolan keçe önümlerini hem ir wagtlardan bäri at esbaby hökmünde ulanylypdyr. Dal bedewleriň we olara dakylýan esbaplaryň waspy türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýeleýär. 

Bedewlerimizi serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi şeýle wasp edýär:


Münende şaý bolsa, tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlas bilen zerbaby,

Şonda biarmandyr üsti bedewiň.


Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýyl döwlet derejesinde bellenilmegi olar baradaky uly aladadan nyşandyr. Atçylygy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi bolsa ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeldýär. 

Mähriban Arkadagymyzyň gurup beren ajaýyp zamanasynda türkmen medeniýetini-sungatyny, bedew atlaryny, milli mukaddesliklerimizi dünýä ýaýýan,  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

16.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.                                                                  

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda halkyň Arkadagly zamanasyna, eziz Diýarymyza, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip at berlen täze taryhy döwre buýsanç, joşgunly ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek. Baharyň şu ajaýyp gününde ildeşlerimiziň şeýle tutumly çärä işjeň gatnaşmaklary milli özboluşlylygyň, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylan ýylynda bolsa 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy. Diňe şunuň özi-de Diýarymyzda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, oňa aýawly çemeleşmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bag ekmegiň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi — munuň özi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.

  Bahar — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bahary türkmenistanlylar üçin, turuwbaşdan, täzelenişiň, täze taryhy döwrüň badalgasy bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji gatnaşan çäresiniň ählihalk bag ekmek dabarasyna gabat gelmegini hem ýurdumyza ýaşyl baglardan serpaý ýapýan halkymyz gowulyga ýorýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýlişi ýaly, bag ýaşaýşyň dowamatlylygynyň nyşany hasaplanýar. Biz watandaşlarymyzyň belent ynamy bilen iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň ösüş-özgerişleriniň dowamat-dowam boljakdygyna, geljek 30 ýyla niýetlenen beýik maksatlaryň myradyna gowuşjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

                                                                   

 Goý, täze durmuşy buşlap gelen Milli bahar baýramynyň bosagasynda ekilen daragtlar geljege saýa salsyn! 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

20.03.2022
MAGTYMGULY PYRAGY

 Türkmen binasy 

                                                                   

 Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.
 

                                                                   

 Terki-dünýä eýleýir, gelse rakyplar gaşyna,
Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.
 

                                                                   

 Süleýman hem Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.
 

                                                                   

 Daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar,
Her salanda zülpükary, artar ýigitniň höwesi.
 

                                                                   

 Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.
 

                                                                   

 Her ýana ursa gadam saýýat, bolmaz hiç duşwar,
Hiç kim bendi kylyp bilmez, düşmez türkmen balasy.
 

                                                                   

 Aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül gilesi.
 

                                                                   

 Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde hilesi,
Hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
 

19.03.2022
Nowruz geldi ilime

Baharyň gelmegi bilen, türkmen topragy gyş ukusyndan oýandy. Zemin ýaşyl begrese bürenip, gözel görke girdi. Onuň ajaýyp keşbi — guşlaryň şirin owazy, gülleriň görki kalplary heýjana getirdi. Şahyrlaryň kalby bahar nagmasyna eýlendi. Çyplaň agaçlar gök don geýdi. Onuň waspyny şahyrlar goşgy bilen ýetirse, gyz-gelinler läle kakyp taryp etdiler. Asmanda çal bulutlar gübürdäp, Gökden inen ýagyş-ýagmyrlar teşne topragy gandyrdy. «Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» diýip, bahar paslyny buşlan lirik şahyrymyz onuň säherlerini şeýle wasp edipdi: «Ir säherler çykyp salkyn eýwana, Daň atyp gelşin ýakyndan gördüm. Daň salamyn ýollap çygly otlara, Bileje çekişdim guşlaryň «derdin».

Dogrudan-da, bahar paslynyň säherleri şahyryň wasp edişi ýaly, örän üýtgeşik. Alys gözýetimiň gaýmagyny syryp, Günüň dogup gelşini ýakyndan görmegiň, asuda, parahat, abadan ýurdumyzda birek-birege ilkinji säher salamyny bermegiň, daň säheriniň çygly howasyndan säher bilen dem almagyň janyňa dermandygy öz-özünden görnüp dur.

Ynsan we tebigat — bu örän täsin hem ajaýyp sazlaşyk. Ynsan bilen tebigat bir göwrä öwrülip, durmuşy gözellige, ajaýyplyga, topragy ýaşaýşyň egsilmez çeşmesine, Zemini eşret mekanyna öwürýär. Häzir bu eşret mekanynda daň säherleri ajaýyp görke geldi. Dolan Aý gül ýüzi bilen agşamlaryna gülüp bakýar. Giň çöller özgerip, görke girýär. Zeminde zähmet gaýnap joşýar. Ýer bilen Asman arasynda gül çemenler birek-birege ýylgyryp bakýar hem-de ynsanlaryň kalbyna şatlyk paýlaýar. Mahlasy, türkmen topragy, gojaman Zemin yşkdan doldy. Altyn şapak gül görke giren sähralaryň gözelligine gözellik goşýar. Aýdym-sazyň, dutaryň ajaýyp owazy kalplary joşdurýar.

Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan, bahar paslynyň ilkinji aýynda eziz Diýarymyzda uly şatlyk hem-de ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy ynsanlaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Külli türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan şeýle toý-baýramlar hasda uludan tutulýar. Bereketli türkmen topragynda, asuda hem parahat ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarymyza diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem uly buýsanç hem guwanç bilen gatnaşýarlar.

Hawa, eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramynyň il asudalygynda ýurt abadançylygynda hormatly Prezidentimiziň daşyna barha jebisleşip bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Asman-Zemini görke getirip, ynsanlaryň ruhuny galkyndyrýan bu baýramyň ýüreklerde bahar ýaly duýgulary oýarmagyny arzuw edeliň!

Orazjemal Myradowa, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

18.03.2022
Milli mirasymyz-egsilmez guwanjymyz

Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmegi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm, wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyny ösdürmek boýunça öňe süren özgertmelerini, gazanylan ösüşleri hem-de bu ugurda amala aşyrýan düýpli, tutumly işlerini göz öňünde tutup, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2022-nji ýylyna “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip adalatly at berdi.

Türkmenler dünýäde iň gadymy halklaryň biridir. Türkmen topragynda emele gelen medeniýetiň, sungatyň, edebi mirasyň ýeke-täk eýesi hem türkmenler hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Gadymy we müdimi mirasymyzy dünýä çykarmaklygy baş maksat edip goýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan medeni ugry umumadamzat medeni gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmen halky dünýäniň maddy we medeni gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halk. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsanç çeşmesidir. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikler toplumlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerinde, syýasatçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Türkmen halysy, ahalteke bedewi, alabaýy, milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi, dessanlarymyz, mukamlarymyz gaýtalanmajak özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Maddy-medeni mirasymyz bilen birlikde, ruhy mirasymyz, ýagny, türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen halk döredijiligi dünýä medeniýetiniň naýbaşy ýadygärlikleri hasaplanýar. Meşhur “Görogly” şadessanymyzyň, “Küştdepdi” tans sungatymyzyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, şeýle-de “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň edil Oguzhan ýaly, Görogly ýaly janköýer dosty-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Hormatly Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda “...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen” nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. “Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar”. Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly “...biziň ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýä ýol salypdyrlar”. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan-behişli bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy uly yhlas bilen ösdüren atçylyk sungatynyň halkara derejesine ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky elmydama bedew atlaryny aýawly saklap, olary mähir we söýgi bilen gurşapdyrlar. “Oguznama” eposyndaky “Saňa at diýmerin, gardaşym diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada” ýaly setirler ýa-da “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy” we “At dosty-ata dosty” ýaly, çuň manyly pähimler türkmenleriň atlaryna “maşgalasynyň bir agzasy” hökmünde garandyklaryna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”atly kitabynda belleýşi ýaly: “Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly-ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr...”

Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň şeýle bolmagynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, alyp barýan parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

Mergen Annanurow

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň mugallymy

10.03.2022
Türkmenistanyda intellektual eýeçilik hukugyny kämilleşdirmegiň ugurlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla – Berkarar döwletimiziň täz eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlikbilen gadam basdy.

Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär. Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi. Milli parlament tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlary intellektual eýeçilik boýunça hukuk giňişligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda oýlap tapyşlary we beýleki ylmy-tehniki gazananlary peýdalanmagyň möhüm ähmiýeti, ylmyň önümçilik bilen ýakyndan arabaglanyşygyny ýola goýmagyň zerurlygy barada yzygiderli nygtalýar. Intellektual iş hem-de onuň netijelerini ornaşdyrmagyň meselelerini çözmekde möhüm serişdeleriň biri-de intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyň kemala getirilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar.

Täze eýýamda Watanymyzy geljek 30 ýyldaky syýasaty, soňky wagtlarda eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň içinde intellektual eýeçilik has uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň döwrüminde ony goramak we peýdalanmak meselesi ähli görnüşli eýeçilik kärhanalarynyň täjirçilik, önümçilik, telekeçilik we daşary ykdysady işinde wajyp rol oýnaýar. Intellektual eýeçilik bütin dünýäde gorag obýekti bolup durýar.

“Intellektual eýeçilik” adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, “intellektual eýeçilik” – bu senagat, ylmy, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukukladyr.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.

Ady agzalan Milli maksatnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagat we innowasion taýdan ösdürmegiň çäklerinde aň-bilim we intellektual eýeçiligini goramagy üpjün etmek işine aýratyn üns bermek hem göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrylmagy, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Raýat Kodeksi, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda”, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda”, Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda”, “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda”, “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda”, “Haryt nyşanlary hakynda”, “Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda”, “Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy namalar intellektual eýeçiligi goramakda esasy kanunçylyk binýat bolup durýar.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Biziň ýurdumyz Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredilenden bäri senagat eýeçiligi ugrunda Türkmenistanyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygy esasynda möhüm ädim ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda birnäçe halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşuldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugynyň goraglylygyny berkitmek boýunça işler hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» esasynda durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ulgamyň obýektlerini goramak babatda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bu ugry halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň maý aýynyň 21-ine geçirilen nobatdaky mejlisinde intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi we onuň düzümini hem-de düzgünnamasyny tassyklady. Topar intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramakda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda halkara şertnamalardan gelip çykýan borçlar babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak we intellektual eýeçiligiň obýektleriniň medeniýetli bazaryny döretmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirer.


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

07.03.2022
Türkmeniň milli buýsanjy

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz ähli babatda ösüşlere beslenýär. Asly bäş müňýyllyk taryhy ýoly bolan gadymy hem müdimi türkmen halkymyz özüniň döreden milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz we tazylarymyz, saryja goýunlarymyz, arwana düýelerimiz bilen dünýä bellidir. Şol döreden milli gymmatlyklarymyzyň içinde türkmen alabaýlarymyzyň mynasyp orny bar.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde Arkadag Prezidentimiziň bitiren işlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz.

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy öwrenmek, olar esasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize milli terbiýe, görüm-görelde bermek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň okyjylarymyza sowgat berýän ajaýyp eserleri örän ähmiýetli usuly goldaw bolýar. Munuň şeýledigine alym Liderimiziň türkmenleriň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarymyza bagyşlap ýazan “Türkmen alabaýy” atly kitabyny okanyňda doly göz ýetirýärsiň. Bu ylmy eserde türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşy, olaryň mertlik, edermenlik, üşüklilik, hüşgärlik, wepalylyk häsiýetleri dürli tymsallaryň, halky rowaýatlaryň, ylmy maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler” diýip belleýär. Hakykatdan-da Türkmenleriň “At-myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimleri türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaýlarynda bolsa bagtyny görendigini subutlandyrýar. Sebäbi wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda, olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar.

Ýurdumyzda taryhy wakalaryň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy, paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan “Türkmen alabaýy” atly heýkeliň dikeldilmegi, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlarynyň döredilmegi we onuň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi, şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde “Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda” Hormatly Prezidentimiziň Permana gol çekmegi ýurdumyzda alabaý itlerimize goýulýan sarpanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Türkmen alabaýlarynyň adalatyň goragçysydygyna, durnukly häsiýete eýedigine, gününe kaýyllygyna aýratyn ünsi çekip, ýerlikli durmuşy mysallary getirensoň, alabaý itlerine bolan söýgiň we hormatyň has artýar. “Adalaty goramak adalatly bolmakdan hem kyn işdir” diýip alabaýlaryň sak goragyna juda göwnejaý baha berýän Gahryman Arkadagymyzyň tohum itlerimiziň goraglylygyny we sanyny köpeltmek baradaky aýdanlary göwnüňe ganat bagladýar. Aslynda, gadymyýetden bäri türkmeniň oba durmuşyny, bedewsiz, arwanasyz, alabaýsyz göz öňüne getirip hem bolmaýar. Bu jandarlar halkymyzyň ömür goltguçysyna we dostuna öwrülip gidipdir. Döwletlilikde bedew ata taý geljek ýok. Parasatlylykda we wepalylykda bolsa alabaýlaryň deňine ýetibiljek jandar ýokdur. Giň sährada mal bakyp ýören çopana aryp, göz ukusyny almak islese, sürini alabaýyna tabşyryp arkaýyn ymyzganyp bilýär. Çünki parasatly we hüşgär alabaý sürä del adamy-da, jandary-da golaýlatmaýar.

Umuman, türkmen topragynyň ozboluşly tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň zehininden kemala gelen türkmen alabaýy bu günki gün ajaýyp tebigatymyzyň gujagyna täzeden dolanyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly ädim ädýär.

Arkadag Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary netijesinde behişdi ahalteke bedewlerini idetmekde ulanylýan milli seýisçilik sungatynyň hem-de türkmen alabaýlarynyň milli seçgiçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda giň gerimli işler hem alnyp barylýar.

Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

 

Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

03.03.2022