Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda hususy pudakda gazanylýan üstünlikler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr. Türkmen telekeçileri bu uly toýa önümçilik desgalaryny, «Rowaç» kottejler toplumyny, ak mekdepleri, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýokary okuw mekdebiniň binasynyň düýbüni tutmak ýaly asylly işler, ýaşlar telekeçiligini goldamak, täze senagat zolagyny döretmek ýaly döwletli başlangyçlar bilen barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly bagtdygyny, şol bir wagtyň özünde nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýmalydyrlar. Bu, hakykatdan hem, nesillere ykbalyň taýsyz peşgeşidir, mukaddes paýydyr» diýmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyny belent ruhda, örän düýpli beýan edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgesinde guraýan Türkmenistanda halk hojalyk toplumynyň bu bölegini netijeli, sazlaşykly ösdürmek üçin amatly ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ol salgyt ulgamyny kämilleşdirmekde, eksport-import amallaryny geçirmegi ýönekeýleşdirmekde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamlaryny ösdürmek ýoly bilen milli ykdysadyýetiň berk esasyny döretmegi; kiçi we orta telekeçiligiň önümçilik, innowasion we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagy; döwlete degişli bolmadyk bölegiň döwletiň jemi içerki önümdäki paýyny, telekeçiligiň döwletiň daşarky söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrmagy; bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň giň gerimli ösüşini üpjün etmegi kiçi we orta telekeçiligi, hususy bölegiň ösüşini goldamak boýunça syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitledi. Kiçi we orta telekeçiligiň ösüşiniň artykmaçlygy, oňa döwletiň goldawynyň toplumlaýynlygy, aýdyňlygy, açyklygy, döwlet goldawynyň kiçi we orta telekeçiligiň şahslary üçin elýeterliligi, telekeçilik işiniň erkinliginiň kepillendirilmesini, kiçi we orta telekeçiligiň şahslarynyň eýeçilik hukugynyň goragyny üpjün etmek bu syýasatyň esasy ýörelgeleridir.
Hususy ulgamda senagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda elektron senagaty ösdürilýär, innowasion tehnologiýalara esaslanan ugurdaş edaralar döredilýär. Bularyň hemmesi degişli ugurda importyň möçberini azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. 260 gektardan gowrak meýdany tutýan senagat zolagynda gysga döwürde türkmen telekeçileriniň yhlasy bilen döwrebap önümçiliklerdir hyzmatlaryň ösen merkezi kemala geldi. Bu ýerde döwrebap senagat kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Senagat zolagynda ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlarynyň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 2-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabaty diňledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik maksatly desgalaryň gurulmagy netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň tutýan orny yzygiderli artýar. Şu maksatnamada ykdysady zolaklary döretmek boýunça bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda kesgitlenen işleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususy ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmaga ýardam eder. Senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mümkinçilikler dörediler. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi importyň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş ornuny döretmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm ornuň degişlidigini belleýär, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreleriň ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtaýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn orun berilýär. Bu işleriň aýdyň mysaly hökmünde bellesek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli çözgüdi esasynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň gerimini has-da artdyrmak maksady bilen 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berildi. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen, daşary ýurtlardan azyk harytlaryny satyn almak üçin, ýene-de 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berildi. Şeýle goldawlar milli ykdysadyýetde hususy pudagyň eýeleýän ornunyň has-da giňemeginde, bazar ykdysadyýetine geçmekde netijeli ädimlerdir.
Şu ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli açylan sergide ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň ençemesi baglaşyldy. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir.
Ekologik taýdan arassa ýokary netijeli önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň möçberini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda hyzmatlar hem-de söwda ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär.
Türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürilýär.
Telekeçilik ähli sebitlerde ösdürilip, bu ulgam giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ynamy we goldawlary bilen hususy gurluşyk kärhanalarymyz senagat, durmuş, medeni maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurýarlar, şäherlerimizi hem-de obalarymyzy abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Telekeçilikde ýaşlary goldamaga, olaryň hünär kämilligini gazanmaga uly üns berilýär. Şu ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň düýbi tutuldy. Täze bilim ojagynyň tutýan umumy meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň çäginde 9 gatly esasy bina, 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary, 1000 orunlyk mejlisler zaly, kömekçi desgalar bolar. Onuň gurluşygynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar. Okuw otaglary hem-de tejribehanalary döwrebap kompýuterlerdir enjamlar, şol sanda häzirki zaman bilim tehnologiýalary, multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamalarynda häzirki döwrüň talabyna laýyk döwrebap başarnyklar, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri ýaşlara öwrediler.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça hem netijeli işleri alyp barýarys» diýip belledi. Bu gurultaýda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Onda kesgitlenişi ýaly, telekeçi ýaşlar ýuridik şahsy döretmezden ýa-da ýuridik şahsy döretmek arkaly telekeçilik işi bilen meşgullanýan we ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlardyr. Şeýle-de kiçi we orta telekeçilik işi amala aşyrylanda, işgärleriniň azyndan 75 göteriminiň ýaşy 35 ýaşa çenli bolsa, esaslyk maýasynda, eger ol ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi bilen göz öňünde tutulsa, 35 ýaşdan uly bolmadyk adamlaryň goýumlarynyň paýy 75 göterimden ýokary geçse, ol ýaşlar telekeçiligi hasaplanýar. Kanunyň 34-nji maddasy «Ýaşlar telekeçiliginiň döwlet goldawy» diýlip atlandyrylýar. Onda ýaşlar telekeçiligini goldamak çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawynyň ugurlary beýan edilýär. Olardan ýaşlary telekeçilik işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek; telekeçi ýaşlaryň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda telekeçilik işi babatda bäsleşikleri, olimpiadalary, festiwallary geçirmek; telekeçi ýaşlar we ýaşlar kärhanalary üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň gurallaryny netijeli ulanyp, maýa goýum gaznalaryny döretmek; ýaşlar telekeçiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça hemişelik hereket edýän (degişli ugurlar boýunça jogapkär edaralaryň wekillerinden ybarat bolan) döwlet toparyny döretmek ýaly çäreleri görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde hususy işewürligiň wekilleri obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa we ýokumly azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary özleşdirýärler. Ýylyň-ýylyna obasenagat toplumynyň desgalarynyň birnäçesi, şol sanda iri ýyladyşhana hojalyklary ulanylmaga berilýär. Guşçulyk, maldarçylyk, balykçylyk boýunça önümçilik toplumlarynyň, gök we bakja, miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy dowam edýär.
Ýurdumyzda internet arkaly harytlaryň satylyşyny artdyrmaga, elektron söwda üçin öz meýdançalarymyzy döretmäge, özümizde öndürilýän harytlaryň halkara derejede mahabatyny güýçlendirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen telekeçileri halkara çärelere, sergilere işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň her ýylky sergisi hem-de maslahaty bagtyýarlyk döwrümizde hususy pudakda gazanylanlary giňişleýin açyp görkezýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýul aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Istanbul Expo Center» sergi merkezinde geçirilen halkara sergä gatnaşdylar. Onda ýurdumyzda öndürilýän «Arçalyk» «Bold», «Parahat», «Kilwan», «Noş» haryt nyşanly, ýokary hilli önümler görkezildi. Şeýle-de milli önümlerimiz Italiýada «Milan dizaýn hepdeligi — 2022-niň» çäklerinde görkezildi.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde şaýat bolýan taryhy wakalarymyz, toý ruhy, toý tutumy döwletimiziň özbaşdaklygyna, özygtyýarlylygyna, garaşsyz ösüş ýoluna bolan guwanjymyzy aýan edýär.
Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.