Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen taryhy ösüşlere syn bermek, mundan beýläkki ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Lebap welaýatynyň wekilleri Döwlet Maslahatyna Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünden sanly ulgam arkaly goşuldylar. 

                                                                   

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy iňňän täsirli boldy. Arkadagly Serdarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda içeri we daşary syýasatymyzda gazanylan üstünliklere giňişleýin syn berip, täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda geçen taryhy döwürde milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alnyp barlan işler, durmuşa geçirilen taslamalar, olaryň ähmiýeti barada jikme-jik durlup geçildi. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyz 2022 ― 2028-nji ýyllar üçin niýetlenilen Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek babatynda möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň has-da pugtalandyryljakdygyny aýtdy. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberi 1,8 esse, adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 102,2 göterim artdyrylar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, orta mekdepleriň 54-si, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasy, 10 sany döwrebap hassahana, 7 sany medeniýet öýi, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlar. 

                                                                   

«Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemledi. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz käbir resminamalara hem gol çekdi. Olaryň arasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalar hem bar. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň birnäçesini hormatly Prezidentimiziň hut özi sylaglady. Olaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Jorakuly Ergeşow hem bar. Jorakuly aga Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp boldy. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde dürli kärlerde zähmet çekýän wekilleriň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenleriň arasynda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň operatory Nepes Jumakow hem bar. Ol öz çykyşynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ähli energetikleriniň adyndan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini ýetirdi. 

                                                                                                           

Türkmen gündogary.

                       

Surata düşüren Merdan Orazow.