Galkynyşly döwrüň rowaç gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sapaly tomus paslynda gojaman Hazar has-da juwan keşbe eýe boldy. Deňziň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toý görküne, dürli baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 1-nji awgustda bu ýerde döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylmagy ildeşlerimiziň, şol sanda Awazada dynç alyp, saglygyny berkidýänleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy. Bu şatlykly waka şu şanly ýylda uly ruhubelentlik bilen gadam basylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň galkynyşly, rowaç gadamlarynyň ajaýyp mysallarynyň biri boldy. Şonuň bilen birlikde, ol dünýä syýahatçylygynyň dür-merjeni — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynyň dowamynda geçiriljek giň gerimli çäreleriň, dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi. 

                                                                   

Awazadaky döwrebap dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren, bu ugurda häzirki zaman ösüşiniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän täze kottejler toplumynyň hut türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Toplumdaky döwrebap binalary guranlaryň arasynda ýaş türkmen binagärleriniň ençemesiniň bardygy bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň hünär öwrenmegi, öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri babatda edilýän ägirt uly tagallalaryň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli, kämil adamlar bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr.  

                                                                   

Täze kottejler toplumynyň açylmagy bilen, ýaş hünärmenler üçin täze iş orunlary-da döredi. Bu toplum goja Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň syýahatçylyk, şypahana-dynç alyş mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagynda, şonuň bilen birlikde-de, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde hem uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, halkymyzy abadan, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, röwşen geljegimiz üçin şeýle ajaýyp binalar toplumlaryny, döwrebap desgalary açyp berýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.