Habarlar
Söz we iş: bi­te­wü­lik

«Bu gün biz ýur­du­myz­da tä­ze se­na­gat dü­zü­mi­ne esas­lan­ýan jem­gy­ýe­ti dö­ret­me­giň ýo­ly bi­len öňe bar­ýa­rys».
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇ “Mir” döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­na be­ren in­terw­ýu­syn­dan.

3. Se­na­gat­laş­ma

Se­na­gat­laş­dyr­mak — döw­rüň ta­la­by, on­suz do­ly ba­ha­ly ösüş müm­kin däl. Şu ýyl şan­ly 30 ýyl­ly­gy bel­lenilýän ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz tu­tuş halk ho­ja­ly­gy­ny se­na­gat­laş­dyr­ma­gy hem-ä ta­lap ed­ýär, hem-de oňa äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Pre­zi­den­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek, onuň dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne di­ňe bir öz­ge­le­riň ön­dü­ren önüm­le­ri­ni sarp edi­ji däl-de, eý­sem, önüm ön­dü­ri­ji döw­let hök­mün­de go­şu­lyş­ma­gy üçin bi­möç­ber iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Aý­ry-aý­ry ugur­lar­da, my­sal üçin, dok­ma se­na­ga­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri brend önüm­ler hök­mün­de yk­rar edil­di. Hi­mi­ýa se­na­ga­ty ba­bat­da-da şeý­le diý­mek bo­lar. My­sal üçin, türk­men kar­ba­mi­di iň bir geç­gin­li ha­ry­da öw­rül­di.

As­lyn­da, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, hi­mi­ýa yl­my bi­len bir­lik­de, diý­seň tä­sin hem ju­da gy­zyk­ly. Ol ýok­dan bar et­mä­ge, ýag­ny gö­ze gö­rün­me­ýän när­se­ler­den gö­rüp hem el­läp bol­ýan önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ukyp­ly we­lin, bir­ba­da gö­zü­ňe-de ynan­ma­ýar­syň. My­sal üçin, Ma­ry­da hem Te­jen­de te­bi­gy gaz­dan ön­dü­ril­ýän kar­ba­mid dö­kü­nin­den baş­ga, Gy­ýan­ly­da ön­dü­ril­ýän po­li­mer­le­ri, Ahal­da­ky sin­te­ti­k ben­zi­ni hem-de di­zel ýan­gy­jy­ny ýat­la­lyň! Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň dün­ýä­de baş­ga ta­ýy ýok­dur, ol bu ugur­da il­kin­ji za­wod­dyr. Şu­lar ýa­ly za­wo­dy gur­mak we işe gi­riz­mek iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­ny hem-de ägirt uly se­riş­dä­ni ta­lap ed­ýär. Ýö­ne bu za­wod güýç­le­ri we se­riş­de­le­ri harç­la­ny­ňa deg­ýän des­ga­dyr. Ol hä­zir­ki dö­wür­de “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýet di­ýen dü­şün­jä­niň äh­li ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Za­wo­dyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da oňa ber­len hal­ka­ra gü­wä­na­ma­lar türk­meniň bir des­ga gur­jak bo­lan­da düýp­li gur­ýan­dy­gy­ny, äh­li za­da, şol san­da işiň eko­lo­gi­ýa ta­ra­py­na-da uly üns ber­ýän­di­gi­ni, “ýe­di öl­çäp, bir kes­ýän­di­gi­ni” su­but ed­ýär.

Aş­ga­bat şä­he­ri­mi­ziň 140 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­me­gi­niň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­da ba­ryp gör­di we şon­da bu iri kär­ha­na­nyň her bö­lü­mi­niň eko­lo­gi­ýa­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk iş­leý­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­tan­da gu­rul­ýan we ozal­dan he­re­ket edip gel­ýän se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem­me­si eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na gy­şar­nyk­syz eýer­ýär­ler. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­tan­da gur­lup, işe gi­ri­zil­ýän is­len­dik iri tas­la­ma hal­ka­ra eko­lo­gi­k stan­dart­la­ra doly ga­bat gel­ýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş ýö­rel­gesi ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak işin­de-de esa­sy öl­çeg bo­lup dur­ýar.

Şu we şu­ňa meň­zeş des­ga­la­ry Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň se­na­gat gud­ra­ty hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­rip bo­lar. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­ny gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň lä­he­ňi hök­mün­de kes­git­le­ýär­ler. Dog­ru­dan-da, ol ýer­de ön­dü­ril­ýän ne­bit­gaz önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni di­ňe sa­nap geç­me­gem ýö­ri­te taý­ýar­ly­gyň — bi­li­miň bol­ma­sa, her ýe­te­ne ba­şart­ma­ýar. Hü­när­men­ler ol ýer­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nü­şi­ni ýe­ne-de art­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni göz­le­ýär­ler hem-de bu göz­leg­le­ri­niň ýa­kyn wagt­lar­da oňat ne­ti­je ber­jek­di­gi­ni ynam­ly aýd­ýar­lar. Şu ýer­de bir ýag­da­ýy aý­ra­tyn nyg­ta­ma­ly­dy­rys: türk­men hi­mi­ýa­çy­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan örän peý­da­ly­dyr, ýag­ny önü­miň özü­ne düş­ýän ba­ha­sy baş­ga ýer­le­riň­ki bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ep-es­li ar­zan, hil ta­rap­dan bol­sa beý­le­ki­ler­den bir­jik-de pes gel­me­ýär. Diý­mek, türk­men alym­la­ry hem önüm­çi­lik­çi­le­ri diý­seň ne­ti­je­li iş­le­ýär­ler.

El­bet­de, dur­mu­şyň kö­pu­gur­ly bol­şy ýa­ly, se­na­ga­tyň hem ugur­la­ry dür­li-dür­li. Ady ag­za­lan­lar­dan baş­ga-da, ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty, dag-mag­dan se­na­ga­ty, luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri se­na­ga­ty, elekt­ron se­na­ga­ty we baş­ga­lar. Bu­la­ryň kä­bi­ri, aý­dy­ly­şy ýa­ly, ösüp, ýet­jek de­re­je­si­ne ýet­di, kä­bir­le­ri bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­la­by hem ta­gal­la­sy bi­len in­di ösüş ýo­lu­na düş­di.

Türk­me­nis­ta­nyň çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Pre­zi­den­ti­niň ýer­li çig mal­la­ry­my­zyň ha­sa­by­na da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň, önüm­le­riň ýe­ri­ni tut­ýan ha­ryt­la­ry, önüm­le­ri öz ýur­du­myz­da ön­dür­mek ba­bat­da aý­dan­la­ry­ny, el­bet­de, hem­me­ler bil­ýän­dir. Bu ba­bat­da ýö­ri­te döw­let mak­sat­na­ma­la­ry hem ka­bul edi­lip, olar üs­tün­lik­li amala aşyrylýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, in­di im­port ha­ryt­la­ryň muk­da­ry aza­lyp, özü­miz­de ön­dü­ril­ýän dür­li ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi ýy­lyň-ýy­ly­na art­ýar. Mu­ňa göz ýe­tir­mek üçin ýylyň başky bäş aýynyň önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri­ne göz aý­laý­ma­ly.

Ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak ba­bat­da gür­rüň goz­ga­lan­da, bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­ny il­ki ag­za­ma­ly­dyr. Ýa­pon ta­ra­py­nyň bi­ziň ýur­du­myz­da ama­la aşyr­ýan se­na­gat­laş­dyr­ma iş­le­ri öw­gä my­na­syp­dyr. Şu ýy­lyň maý aýy­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ýo­si­hi­de Su­ga­nyň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­k bol­dy. Söh­bet­deş­lik­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne, hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­riň, da­şar­ky ba­zar­da ýi­ti bäs­deş­li­ge döz ge­lip bil­ýän önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ukyp­ly se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iri tas­la­ma­lar ba­bat­da bi­le­lik­de iş ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi aý­dyl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Ýa­po­ni­ýa­nyň “Su­mi­to­mo Сor­po­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ke­di­ gu­rul­ýar. Onuň iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gy­ra aýak bas­dy. Ol şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da ula­nyl­ma­ga tab­şy­ry­lar.

Türk­me­nis­tan­da no­ut­buk­la­ryň, smart­fon­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ös­dü­ril­me­gi­ne uly ün­s be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýy­lyň baş­ky bäş aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek me­se­le­si­ne ýe­ne bir ýo­la ün­si çe­kip, bu ugur­da en­tek ýe­ter­lik hü­när­men­le­riň az­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra gör­kez­me ber­di. Türk­me­nis­tan­da söz bi­len işiň bir­li­gin­den çen tu­tup, türk­me­niň elekt­ron se­na­ga­ty­nyň gül­läp ös­jek döw­rü­niň daş­da däl­di­gi ha­kyn­da oý­lan­ýar­syň.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­dy se­na­gat­laş­dyr­ma­ga al­nan ugur hem äh­li gö­zel­li­gi bi­len kal­by­ňa dol­ýar.

Wagt ge­çer, şu wagt­ky mek­dep okuw­çy­la­ry ula­lyp, her­si bir kä­riň eýe­si bo­lar. Olar dur­muş gu­rup, per­zent gö­rer­ler. Il­kin­ji per­zent­le­ri­ni mek­de­be äki­den­le­rin­de, bar­dy-gel­di, se­na­gat kär­ha­na­sy­nyň de­ňin­den geç­se­ler, ça­ga­la­ry­na gör­ke­zip: “Ine, şu­ny biz mek­dep­de okap ýö­ren wag­ty­myz gur­du­lar. Ine, se­ret, şu hä­zi­rem edil tä­ze ýa­ly saz iş­läp dur. Eger go­wy oka­saň, se­nem gel­jek­de şu­lar ýa­ly döw­re­bap kär­ha­na­lar­da iş­läp bi­ler­siň!” di­ýer­ler di­ýip oý­lan­ýar­syň. Se­bä­bi bi­ziň ýur­du­myz­da is­len­dik des­ga, bi­na ýa yma­rat berk­den-berk gu­rul­ýar, ola­ryň için­dä­ki en­jam­lar bol­sa iň tä­ze­le­ri bi­len çal­şy­ry­lyp dur. On­soň, ola­ryň kö­nel­me müm­kin­çi­li­gi ýok, he­mi­şe saz we göw­ne­jaý iş­le­ýär­ler.

“Ýag­şy ni­ýet — ýa­rym döw­let”.

Se­ýit­gu­ly GEL­DI­ÝEW.

“Türk­me­nis­tan”.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33324

03.07.2021
Taryhyň täze sahypasy

“Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy — türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi­niň döw­let de­re­je­si

Ga­dy­my ki­tap­lar­da: «Adam og­lu­nyň Ze­min­dä­ki baş bor­jy dün­ýä­ni gö­zel­leş­dir­mek­dir» di­ýil­ýär. Bu be­lent bor­juň ama­ly bol­sa ýa­şa­ýan ýe­ri­ňiýur­du­ňy gö­zel­leş­dir­mek­den baş­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bitirilýän işler, gu­rul­ýan bi­na­lar bolsa di­ňe bir ýur­du­my­zy däl, gö­wün­le­ri­mi­zi, ömür­le­ri­mi­zi hem görk­len­dir­ýär. Mu­ny 29njy iýun­da paýtagtymyzda da­ba­ra­ly ýagdaýda ulanmaga berlen «Ar­ka­dag» myh­man­ha­na­sy­nyň my­sa­lyn­da hem nyg­tap bo­lar. Bu ka­şaň myh­man­ha­na ta­ry­hyň tä­ze sa­hy­pa­sy bo­lup açyl­dy. Türk­me­niň giň göw­ni, nu­ra­na dün­ýä­si bo­lup açyl­dy!

Türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi! Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si” at­ly ki­ta­byn­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­şi ýa­ly, mu­nuň özi öz­ba­şy­na uly sun­gat, uly mek­dep. Bu mek­de­biň düýp­lü­li­gi, be­ýik­li­gi hal­ky­my­zyň di­ňe “Taň­ry myh­ma­ny” di­ýen dü­şün­je­sin­de hem aýanaý­dyň be­ýan tap­ýar. Diý­mek, türk­men­de myh­man — Al­la­nyň we­ki­li.

Ça­gy­ryl­synça­gy­ryl­ma­syn, ta­nyşunä­ta­nyş bol­sun, par­hy ýok, hal­ky­myz­da myh­man öňün­den çy­ky­lyp, gar­şy alyn­ýar, oňa mü­rä­het edil­ýär. Otu­ran des­si­nede öňün­de duzçö­rek go­ýul­ýar. Bu ga­dy­my däp duzçö­re­giň ýag­şy ni­ýe­ti ber­ki­dip, ýa­man ni­ýe­te bö­wet bol­ýan­dy­gy bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar.

“Myh­man ataň­dan uly” di­ýen ež­dat­la­ry­myz öýü­ne ge­len ki­şä üç gi­jegün­diz hyz­mat edip, soň­ra ha­ba­ry­ny alyp­dyr­lar. As­lyn­da, türk­men he­mi­şe we is­len­dik pur­sat­da myh­man al­ma­ga taý­ýar­lyk­ly ýa­şa­ýan halk.

Gor­kut ata: “Myh­man gel­me­ýen öýüň bo­la­nyn­dan bol­ma­dy­gy ýeg” di­ýip­dir. Türk­men­de jaý gur­lan­da, myh­man ota­gy­na aý­ra­tyn äheňäh­mi­ýet be­ril­ýär. Myh­man ota­gy her bir öýüň esa­sy ýa­ra­şy­gy ha­sap­lan­ýar. Öý­de ta­gam taý­ýar­la­nan­da, hök­man myh­man pa­ýy hem göz öňün­de tu­tul­ýar.

Biz hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da şol asyl­ly ýö­rel­ge­le­re nä­hi­li ýaý­raw ber­li­şi­ne gu­wan­mak gu­wan­ýa­rys. Türk­me­niň myh­man gar­şy­la­mak des­su­ry bu gün Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­di. Türk­men öýü­niň myh­man otag­la­ry bu gün ber­ka­rar ýur­duň ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry de­re­je­si­ne gö­te­ril­di. Uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bo­lan türk­men top­ra­gy­nyň ga­dy­my ker­wen­sa­raý­la­ryn­dan dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny, oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň hal­ka­ra mer­ke­zi hök­mün­de ady­gan, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ja­han deg­re­sin­de iki gaý­ta yk­rar ta­pan döw­le­tiň ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry­na çen­li ýol ge­çil­di.

***

Aş­ga­ba­dyň ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry! San­ly­ja ýy­lyň için­de ola­ryň, gör, nä­çe­si­niň gur­lup ulan­ma­ga ber­le­ni­niň şa­ýa­dy bol­duk! Oguz ýur­du­nyň be­lent ho­wa­la­sy si­ňen “Oguz­kent” myh­man­ha­na­sy! Paý­tagt bi­len ady­bir “Aş­ga­bat” myh­man­ha­na­sy! Ýer­de do­gan ýyl­dyz deý lo­wur­dap otu­ran “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­sy! Alys­dan se­leň­läp gö­rün­ýän “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­sy! Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň ýa­ra­şy­gy “Olim­pi­ýa”, “Sport” myh­man­ha­na­la­ry! Türk­men döw­let­li­li­gi ba­ra­da­ky ga­lyň di­wa­na ça­lym­daş “Di­wan” myh­man­ha­na­sy! Yn­ha, ýa­kyn gel­jek­de go­ja säh­ra­nyň tyl­la­ýy öwüş­gin­le­ri­ni özün­de jem­län “Ga­ra­gum” myh­man­ha­na­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bol­sa “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy­nyň my­na­syp do­wa­my­na öw­rü­ler. Go­laý­da, 15nji iýun­da paý­tag­ty­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň tä­ze tas­la­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da “Nu­saý” myh­man­ha­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry­na, bi­na­nyň baş me­ýil­na­ma­sy­na we oňa de­giş­li bir­nä­çe tas­la­ma­la­ra ga­ran­dy­gy­nyda bel­län ýag­şy.

Bu sa­na­wy ýur­du­my­zyň we­la­ýat mer­kez­le­rin­de gur­lan myh­man­ha­na­la­ry ýat­lap, hasda uzal­dyp bo­lar­dy. Gö­zel Awa­za­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­ha­na­la­ry Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry­na düýp­gö­ter tä­ze keşp, tä­ze dur­muş ba­gyş­la­dy. Ola­ryň äh­li­si bir­le­şip, Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk we myh­man­ha­na işe­wür­li­gi dü­zü­mi­niň kuw­wat­ly bin­ýa­dy­ny berk­den tut­ýar. Aş­ga­badyň Sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň Bü­tin­dün­ýä fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi bol­sa türk­men paý­tag­ty­nyň dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ne gu­wanç­ly gü­wä­dir.

***

“Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy­nyň tu­tu­my­nyňde­re­je­si­niň be­lent­li­gi­ni onuň adyn­dan aňy­ber­me­li­dir. Bu des­ga döw­rüň be­ýik Bi­na­gä­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gu­ru­jy­lyk ze­hi­ni­niň, dö­re­di­ji­lik paý­ha­sy­nyň ýe­nede bir mi­we­si. Myh­man­ha­na­nyň tas­la­ma­sy­nyň dü­zü­lip, tä gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­ýan­ça, onuň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ün­sün­de bo­lan­dy­gy­na, şun­da äh­li ba­bat­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gör­kez­me­dir mas­la­hat­la­ryn­dan ugur al­nan­dy­gy­na hem­mä­miz şa­ýat.

Gün­do­ga­ryň ga­dy­my er­te­ki­le­ri­ne gu­lak ge­riň, des­san­la­ra diň sa­lyň! Ulug şa­lyk­lar, pa­ty­şa­lyk­lar bagbak­ja­ly­gyň keş­bin­de wasp edil­ýän­dir. Söý­gi, bagt ba­gybos­san­lyk bi­len su­rat­lan­dy­ryl­ýan­dyr.

Tä­ze myh­man­ha­na­nyň deg­reda­şy­ny gur­şan gülgül­zar­ly­gyň, ýa­şyl bag­ly­gyň, ola­ry ara­lap geç­ýän eme­li der­ýa­nyň was­py­na nä­çe hoş sö­züň bol­sa, aýa­man aý­dy­ber­me­li.

Adat­ça, sa­par bi­len gel­ýän döw­let adam­la­ry­nyň her pur­sa­dy ha­sap­ly bol­ýar. Gys­ga wag­tyň, gys­by me­ýil­na­ma­nyň çä­gin­de şä­her bi­len do­ly ta­nyş­ma­ga sa­lym gal­ma­ýar. Ýö­ne ba­ha­ryň gör­ki bir gül­de, der­ýa­nyň ta­ga­my bir dam­ja­da açyl­ýar ahy­ry! Hal­ka­ra öl­çeg­de gur­lup, mil­li ruh­da sün­nä­le­nen “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy keş­bikeş­me­ri, gur­lu­şygur­şa­wy bi­len türk­men dün­ýä­si, türk­men top­ra­gy, türk­men paý­tag­ty, hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, şan­ly şu gü­ni ba­ra­da öz di­lin­de kän zat­la­ry gür ber­mä­ge ukyp­ly. Onuň be­lent­li­gin­den ser sa­lan­lar bol­sa bir gu­jak çe­men ýa­ly gül aç­ýan ak şä­he­ri­mi­ziň giňişliklerini inega­na syn­lap bi­ler­ler.

Ha­wa, bi­ziň döw­rü­miz­de “myh­man­ha­na” diý­mek di­ňe bir äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan otag­la­ryň je­mi diý­mek däl. Ol sport meý­dan­ça­la­ryn­dan ýü­züş ho­wuz­ly SPA zo­lak­la­ry­na çen­li, amat­ly çaý­ha­na­lar­dan ka­şaň res­to­ran­la­ra, dü­kan­la­ra çen­li, in­ter­net ka­fe­le­rin­den hal­ka­ra tu­tum­ly mas­la­hat­la­r­dyr du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik­li zal­la­ra çen­li... dü­züm­le­ri özün­de jem­län, “do­ku­zy dü­züw” top­lum diý­mek!

Biz paý­tag­ty­my­zy “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” di­ýip söý­gü­le­ýä­ris. Şeý­le di­ýe­ni­miz­de, di­ňe bi­na­la­ryň jo­wur ak mer­mer­den wy­sal bo­la­ny­ny ýan­ja­ma­ýa­ny­myz bel­li. Aş­ga­ba­dyň ak­ly­gyn­da türk­me­niň ak ýo­ly, ulusiliň ak ar­zuw­la­ry, pä­ki­ze ni­ýet­le­ri, ne­sil­le­riň ak yk­bal­la­ry jem­le­nen­dir.

Hal­ky­myz öz ga­dy­my öýü­ne hem “ak öý” di­ýip­dir. Türk­me­niň ak öýi bu gün türk­men döw­let­li­li­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň her bi­rin­de ka­şaň­dan ha­şam­ly, döw­let­lide­re­je­li “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy şo­ňa de­lil. Şu ýy­lyň 25nji ma­ýyn­da, baş şä­he­ri­mi­ziň 140 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram edi­len gü­nün­de düý­bi tu­tu­lan hä­zir­ki za­man me­gatas­la­ma­sy “Aş­ga­batsi­ti­niň” esa­sy gi­rel­ge­si­nide ak öýüň şe­ki­lin­de gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ine, “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy­nyň aş­ha­na­sy­nyň hem ak öý görnüşinde bi­na edil­me­gi her nä­hi­li ka­şaň des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­dada göz­baş­la­ra, mil­li ýö­rel­ge­le­re we­pa­ly­ly­gyň ýe­nede bir my­sa­ly bo­lup­dyr.

Tä­ze myh­man­ha­na­nyň ýer­leş­ýän ýe­ride tä­sin. Kö­pet­da­gyň ete­gi. Se­leňser­gin ho­wa­ly kün­jek. Şu ýy­lyň aprelinde açy­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň, Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň, Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň, «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň we «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň bi­na­la­ry, yn­ha, in­di bol­sa “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­sy bi­ribi­ri bi­len tä­sin, sün­nä saz­la­şy­gy dö­re­dip, bu ýer­de Aş­ga­ba­dyň tä­ze, röw­şen keş­bi­ni eme­le ge­tir­ýär.

***

As­lyn­da, «şä­her» sö­zü­niň «şa» sö­zi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny, «şa­nyň tagt gu­ran, hö­küm­dar­lyk ed­ýän ýe­ri» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. «Şanşöh­rat» sö­zide bu dü­şün­je­ler bi­len bir kök­den gaý­dyp­dyr.

Ha­wa, geç­miş­den şu gü­ne ýur­duň şa­lyk de­re­je­si onuň baş şä­he­rin­de açyl­ýar. Döw­rüň, döw­le­tiň şanşöh­ra­ty paý­tagt şä­her­den dün­ýä ýa­ýyl­ýar.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny baý­ram ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty, göz­le­ri­mi­ziň öňün­de tä­ze keş­be bes­len­ýän Aş­ga­bat, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň kal­by­nyň buý­san­jy­dyr, di­li­niň se­na­sy­dyr!

Ka­ka­my­rat RE­JE­BOW.

“Türk­me­nis­tan”. Surata düşürenler Arslan MÜLLIKOW, Maksat AKMÄMMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33169

02.07.2021
Hormatly Prezidentimiz «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar.
Hemmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen garşyladylar.
Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar.
Esasy pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesýär. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.
Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň has batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.
14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.
Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýanynda bolup, binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilýändiginiň, şunlukda, adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň beýanydyr.
“Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, myhmanhananyň zallary milli aýratynlyklar esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.
Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklar ösdürilýär.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar şanly senäniň hormatyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösýän ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrar.
Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag” myhmanhanasy-da Aşgabadyň beýleki myhmanhana toplumlary ýaly, myhmanlaryna hyzmatyň ýokary derejesini hödürlär. Onuň otaglary gelşikli hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edildi. Otaglaryň bezeg aýratynlyklary, onuň reňk sazlaşygy myhmanlar üçin ýakymly gurşawy döreder. Derejesine garamazdan, otaglaryň hemmesi myhmanhana hyzmatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär hem-de binanyň her gatynyň otaglary biri-birinden ähmiýetli aýratynlygy we göwrümi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri ulanylýar.
Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.
Otaglara nepis halylaryň düşelmegi, diwarlarda türkmen tebigatyna, milli sungatymyza degişli surat eserleriniň goýulmagy myhmanhananyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere laýyk gelýändigini görkezýär.
Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.
Bu gün paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
...Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Belli aýdymçylar we sazandalar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny we halkymyzyň agzybirlikde, bitewülikde ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler. Belent ruha beslenen joşgunly tanslar bu ýerde dürli yşyklaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly guralan özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyk çäresiniň ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi.
“Türkmeni arşa göteren Arkadag, uzak ýaşa!”, “Köşgi-eýwan gutly bolsun, Arkadag!” we “Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan şowhunly çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.
Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2757 

30.06.2021
Halkymyzyň Arkadagyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk konserti

AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan syýasy-ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda ösen ýurt hökmünde dünýä özüni tanatdy. Milli Liderimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzy ynamly ädimler bilen ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe tarap alyp barýar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän bu ýylda wajyp sene — mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy belleniler, maý aýynda bolsa Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmäge hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmäge ägirt uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri bolup, umumadamzat meselelerini çözmekde işjeňligi hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen halkara jemgyýetçilikde belent abraýa eýedir. “Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!” baýramçylyk dabarasynyň meýilnamasyny açan “Dünýäň beýik Lideri Siz, Arkadag!” kompozisiýasynda bu mowzuk esasy ýörelgeleriň biri boldy.

Köpetdagyň ajaýyp keşbi, Garaşsyzlyk, Konstitusiýa, Bitaraplyk binalary hem-de gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ak mermerli belent ymaratlary bu baýramçylygyň tebigy we özboluşly bezegine öwrüldi.

Konsert meşhur sazandalaryň, halk we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi.

Bu baýramçylyk çäresi türkmen sungatynyň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezýän sahna oýunlarynyň we žanrlarynyň dürlüligi bilen tapawutlandy.

Şu şanly günde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň we zehinleriniň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy. Sungat ussatlarynyň ýürek mähri, açykgöwünliligi we zehini tomaşaçylarda mähirli duýgulary oýardy. Konsertde döwrebap audio-wideo tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa, bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi.

Dabarada gadymy «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Bu tansy ýerine ýetirmek bilen, horeografiýa arkaly mähriban Diýarymyzyň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň daşyna jebislenen ildeşlerimiziň agzybirligi beýan edildi.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda “Uzak ýaşa, Arkadag!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi.

Parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň üstünliklerine bagyşlanan bu aýdymy ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar hem-de “Şöhrat Size, Arkadag!», «Uzak ýaşa, Arkadag!” diýip, joşgun bilen aýtdylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32847

30.06.2021
Arkadagy beren dünýä

(Poema)

Şeýle bir wakalar bolýar. Olar ömürlik ýadyňa ýazylýar, seniň bilen bile ýaşaýar, waspyny hemişelik hasap edýäň, aýdanyňy, gaýtalanyňy az görýäň.

Gahryman Arkadagymyzyň ýüpek ýüreginden gaýdýan dürdäne sözlerini diňlemegiň, oňa düşünmegiň, dünýäsine düşmegiň büs-bütin başgaça ähmiýeti, gymmaty bar.

Ogullyk borjuny aňryýany bilen bitiren Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Watanyň wepaly Ogly Mälikguly agany ýatlap aýdan sözleri, okan goşgulary hiç kimi biparh goýup bilmeýär. Diňläni oýlandyrýar, geçen ýoluna, geljek ýoluna ser saldyrýar. Akyly akyllydan almalydygyna göz ýetirýär adam.

Özümde galan täsirler dogrusynda aýtsam, Mälikguly aganyň ýazan iň soňky goşgusyny gyzy Enegülüň adyndan okanlygymy ömrümiň ajaýyp pursady hasaplaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň kakasyna bagyşlap ýazan «Atamyň» atly goşgusyny esger ýigitleriň arasynda ýaňlandyranym az begendirmedi, az tolgundyrmady meni. Ýetirmeli ýeri şoldy. Ýaşlara derwaýys nusgalyk ýol watansöýüjilik duýgusyna alyp barýan aýdyňlygyň alamatydyr, ak ýoludyr.

Umuman, döwletli maşgalanyň, Gahryman Arkadagly ojagyň döredijilige, aýratyn-da, şygyr senedine uly üns goýýanlygy şu meýdana özümiň ömürlik örklenmegime, ugrukmagyma penasyny az ýetiren däldir. Ony unudyp bolmaz, ýok, unudyp bolmaz.


Oňmarsyň sen ony diňläp bir gezek,
Ünsi bolan, üşüge dolan ilgezik,
Atany direldýän ogullar gerek,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


O sözleri ilki bilen tapmak kyn,
Gyzygyna, gyzgynyna ýapmak kyn,
Ylahydan inen owaza ýakyn,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Zyban sözün susup alýar akyldan,
Bölünip gaýdýandyr Allaň hakyndan,
Ýöne ýere döremeýär nakyllar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Edenli, edepli bolan Şa nirde?!
Seretseň, seýrekdir geçmişde, irde,
Älem erkin bersediler eger-de...
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Düýpsüz umman durulyga teşnedir,
Ägirtleriň ädimleri keşdedir,
Ol owazy Hudaý janym eşdedir,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Asuda günleriň bagtdan paýam,
Düýş ýaly durmuşly döwrüň serpaýam,
Bar eýlän Baýdagyň asmana ýaýam,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


At:a ýaran Ogul Watana ýarar,
Äleme aýagyn atana ýarar,
Şu günün görer ol, uzaga garar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Enäň mähri siňen Ogul başgadyr,
Göz öňüňe getirerden daşdadyr,
Röwşen mysally Merdiň başdadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Düşbülikdir adamzadyň bezegi,
Zor Zürýatdyr türkmenine bereni,
Halaýandyr il gadyryn bileni,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Dünýä bilen düşünişip barşyň bar,
Asyrlaryň gözýetimne galşyň bar,
Aň-akylyň, kalpda ýerlän Arşyň bar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Başyň amanlygy saglygmyzadyr,
Gojaman dünýäde barlygmyzadyr,
Ýagşa, Ýaradana ýarlygmyzadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Aňyrdan waspyňa goýlandyr zyban,
Şirindir, şekerdir şireli şirwan,
Dünýe dursun, Sen dur, Sen dur, Mähriban,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynmagynyň tarapdary bolandygynyň iňňän uly manysy bardyr. Bu ýönelige däl.

Dünýäň ýurtlarynyň, dünýäň halklarynyň gowulykda, bolçulykda, rahatlykda, erkanalykda, bir-birege ynanyp ömür sürmegini arzuwlaýar mähriban Arkadagymyz. Akylly başyň islegi şol, idegi şol. Ýagşylyga, ýaşaýşa çagyrýar.

Kän gaýtalaýanam bolsam, şu bendiň ýeri şu:


Sen danasyň, dürdänesiň, dogrusyň,
Oguzyň kowmusyň, Röwşen dogmusyň,
Watanyň Oglusyň, dünýäň Oglusyň,
Barlygyňda bagtyýar biz, Arkadag!


Ýurda ýarar, ile ýarar, dünýä ýarar Perzent bolup dogulmakdan ýokary durýan näme bar?! Iň uly belentlik şoldur. Ene üçinem, ata üçinem, Özi üçinem buýsanç bu, guwanç.

Gahryman Arkadagym! Ömrüň uzak, görjegiň diňe gowulyk bolsun, alyp barýan ägirt uly işleriň hemişe rowaçlyklara beslensin!


Gowulyk, şowlulyk isleýäň, Dünýäm,
Öz halkyňa, hemem älem halkyna,
Ynsanýet kowmuny bitewi bilýäň,
Hereketiň, adamlygyň hakyna.


Ýazyn, tomsun, gyşyn syryp bir ýana,
Hökümin ýörütse diýýäň baharyň,
Rehimdarlygyň bu janlara, jana,
Sen deý Ägirt küýsegidir jahanyň.


Her kime ýetdirse mahmal deý ýürek,
Ýodalar tapyşar, ýollar biriger,
Çaýkanýan ummany ýörüder kürek,
Gideniň gadyryn biler diriler.


Aýdyň aňyň gaýdýan ýaly guýudan,
Nädip indi bu şygaryň ýadyňa?!
Gursagyňa guýmalykdan guýulan,
Düýplüligiň, dünýäligiň adyňa.


Buýsanjym çäksizdir, zadyň çaky däl,
Aýrylyk aýrylýar jan birigende,
Diýseler ynanman ömre baky däl,
Milletiňi birleşdirdiň bir tende.


Juda manylydyr Sendäki ömür,
Ýurdy gülledip bileniň ýetik.
Haçan görülipdir şeýlekin döwür,
Üzülmez günlere ýylgyrgyn, ýetip.


Özüňe bagly biz, ömrüňe bagly,
Sen ýaşasaň ýaşar, ýaşar türkmeniň.
Çöllüdiris, göllüdiris hem dagly,
Il başyna, döwlet bolup geleniň.


Aýdymlar aýdylýar, göwün galkynýar,
Rahatlykda bu tutumly toýlaryň,
Dogan gelýär, dostdan habar alynýar,
Setire geçip dur oňyn oýlaryň.


Ýurduň ýaşamaga ýaraşykdyr has,
Aladasyn edýänim bar saglygyň.
Ygrara söýenýär ylhamdyr yhlas,
Gadyryn bilýäris eşret çaglaryň.


Armansyzdyr ýyllar at alsa Senden,
Hersiniň özüne jaýdardyr şygar.
Eserlerňe siňen çuňňurlyk çenden,
Sözli dünýäň gutarmasyz gory bar.


Enä bolan söýgi, duýgy başgaçadyr. Her bir ýurduň sarpasy zenanlara goýýan hormaty bilen ölçenýär.

«Iň kämil eser ene hüwdüsidir» diýýän Gahryman Arkadagymyzdan ötürip, eneler barada aýdyp bolmajakdygyny boýnuma alýan.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň üsti bilen enäniň dünýedigini, dünýäniň özüne düşündirip bilendiginiň özi ýeterlik. Ondan ýokary nädip aýtsa bolar?! Çeper beýan edilen sözler saňa sorag goýanok.

Gahryman Arkadag Ogly türkmene bagyşlan Ogulabat ejäniň her bir ugurdan bize göreldedigi, ýörelgedigi dogrusynda başardygymdan «Bir kürtäniň hakyky rowaýaty» atly poemada aýtmaga synanyşdym. Ol bir aýdylyp goýuljak ýol däl, hemişelik heň, dowamly aýdym. Entek, entek ýazarys, ýazarlar.

Türkmen zenanlarynyň aýratynlyk, tapawut berýän ýeri juda kändir. Giň göwrüme ýugrulan gylykda edebem, edermenligem, edalylygam bezeg berýändir.

Aýa bakyp, ýalkymyň nämedigine, Güne bakyp, güneşiň nämedigine göz ýetirmelidiris. Ene syrly dünýädir. Enäniň güýji, gudraty bilen aýlanýar Zemin, jana gelýär älem.


Mert Ogly Watana bagyşlan Enäň,
Her güni, gündizi ajaýyp senäň.
Taryhyň ýazgysyn bormy bellemän,
Ýürekleň urgusyn ünsde eglemän,

Beýigniň boýuny ölçeýär asman,
Ýylgyrýan ýyldyzlar Aý-Günem galman,
Bäri-bäri däldir ondan ýeten paý,
Messepli mekana atandyr serpaý,

Eneden tapandyr türkmen döwleti,
Ýagtyltdy Ýagşynyň ýagty niýeti,
Dilegne gowuşdyk Ogulabat ejäň,
Şudur mähribandan ýeten derejäň!

Dünýäni gözleme, Özüdir dünýä,
Mähirli meňziňde bagt görünýä,
Hemmäge nusgadyr edepliligi,
Keşdede keşt edýär edenliligi,

Eşret beren günlerine begenç kän,
Tarypyny nädip, men ýetirerkäm?!
Söz älemne eltýän eziz Käbäni,
Nädip agzamajak nepis kürtäni,

Nagşyňda, barşynda ajaýyp ýürek,
Inişi nurana, dünýäsi derek,
Gül ýüzüň ýylgyrsyn, uzak ýaş saňa,
Gülli, gülälekli reýhan ýaz saňa,
Asylly başyňy gorasyn, Taňrym!
Bir däl, müň mertebe edýärin tagzym!

Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçenden türkmen döwletini her bir ugurdan ösdürmegi, özgertmegi maksat edindi. Edil şonuň ýaly, medeniýetem, sungatam, edebiýatam ýokary götermegi şu belentlikler bilen baglanyşdyryp alyp bardy. Ol dünýäň ösen döwletleriniň geliş ýolundaky bar zat. Bu ýerde esasy bir zady bellemek hökmanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetden, syýasatdan, medeniýetden, umuman, ähli ugurdan Özüniň baş çykarýanlygy aýratynlyk berýär. Ol aýry-aýry ynsanlara Alla tarapyn düşýän paýdyr. Oňa esaslanyp, ýurt görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Şeýle bolmasa, medeniýetiň gününi hepdeläp baýram edýän ýer nirede bar?! Ýokdur.

Ýazyjylykdan, alymlykdan, lukmanlykdan habarly bolmak ösüş ýolunyň pajarlamagyna, öňe gitmegine doly itergi berýän bat. Hemem tapylgysyz kuwwat.


Asudalyk adamzadyň geregi,
Gowluga dolaýyp bilse diý seri,
Al-ýaşyl, reňbe-reň gülleň bar ýeri,
Mesaýy, mylaýym günleri eglär.


Her millet özüçe eştdirer heňin,
Suwun tolkundyryp, ýaýýandyr deňzin,
Milli medeniýetiň, sungatyň meňzin,
Şägirtlerin alyp, ussat reňlär.


Aýdymda joş urup, oýnap, ýüwürip,
Namasyn, nagmasyn kalpda ýuguryp,
Seredip, ser salyp, her bir uguryň,
Ösüşin alar-da, dünýäýe deňlär.


Döwüriň owazyn, rowanyn diňle,
O pursat çykylar baglara seýle,
Ýurtlaň aňyrdan gelişi şeýle,
Medeniýeti ösen özün bar eýlär.


Akymynda akyl, kökünde kemal,
Höwes-hyýal berse, ýüzdedir jemal,
Başlary sypasa mylaýym şemal,
Ol ýerde gök öwsen baglar seleňlär.


Zehinler bada-bat göze ilerler,
Barlygyny görkeziban bilerler,
Arkadagym ýaly asyl Inerler,
Mertligin, pertligin Watana peýlär.


Lebap welaýatynda medeniýetiň hepdeläp bellenen baýramly günleriniň dowamynda Kerki şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň düşmegini, bu ýerde Halkara howa menziliniň açylmagyny taryhy wakalaryň naýbaşysy hasap etse bolar.

Uçar üstünde ýaş çatynjalara bagt arzuw etmek hyýaly, düýşi ýadyňa salýar.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň borçnamalaýyn tabşyrygy berjaý edip, zähmet üstünligini gazanan lebaply gallaçylary gutlamagy döwletlilikden nyşan.

Açyşly günleriň dowamyny ýöretmegi ýürekleriň joşgunyna, ganatlanmagyna gaýratdyr.

«Türkmeniň ak öýüniň» bina edilmegi, ony Gahryman Arkadagymyzyň açyp bermegi, aklyga ak ýol dilemegi, sungat işgärleriniň taýýarlan gyzykly çykyşlaryna tomaşa etmegi göwnümizi diýseň göterdi.


Gapysyn açmagy howa menzilniň,
Bu baýramyň baryş ýolun bezedi.
Hözirini görer il hezilligniň,
Arkadagyň arzuwy-da şeýledi.


Halkyň ykbalyna eşretli zaman,
Şa guwanýar bu agzybir halkyna.
Hyzmat etse bolar, arman-ýadaman,
Geldi döwran bir Oguldan ýalkana.


Jebisligiň bar ýerinde bolçulyk,
Diýýär türkmen: «Agzybire Taňry biýr».
Nurun saçýar göwündäki gowulyk,
Ak öýüňe şükürligi ýatlap gir.


Ýaşaýyşdyr toýlaň bolýan ýerinde,
Hem saglygyň aladasy edilýär.
Halallykdyr şu milletiň serinde,
Dana aýtmyş, diňe öňe ädilýär.


Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga goýýan hormatyny biz, şahyrlar özümize diýip bilýäris. Şahyra gadyry kim goýup biler?! Söz aslyny aňyp bilýän, alyp bilýän, aýdyp bilýän. Döredijilige doly düşünýän, ondan baş çykarýan. Şahyryň doglan güni ýyllap bellenilende, dünýe gezendiris.

Ýadymda, şol ýylyň ahyrlarynda Ýaponiýa döwletinde uly baýramy jemläp, şygyr okap duran pursadym. Bagtymyň çägi ýokdy. Şolar ýaly aňda galýan ýatlamalardyr şahyry Watan waspyna, il waspyna, mähriban Arkadag tarypyna ýetirýänem, getirýänem.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň medeni mirasynyň dürli ugurly gymmatlyklaryna gadyr goýýanlygy nähili ýakymly!


«Azat il, güzer gözlär men».
Magtymguly Pyragy.


Geldi azat günleriň,
Ynha, giňiş güzeriň,
Saňa bakýar ýüzeriň,
Pyragym!


Saýra Arkadag deýin,
Üste gyrmyz don geýin,
Ýurda mähriban meýil,
Pyragym!


Dünýäň berkararlykdyr,
Rysgal, döwlet baýlykdyr,
Sähraň gülli ýaýlakdyr,
Pyragym!


Tapansyň sen idegňi,
Ünsi aldy islegňi,
Bitirendir dilegňi,
Pyragym!


Döredi Merdiň seniň,
Ýeňledi derdiň seniň,
Arkadag Ogul çeniň,
Pyragym!


Baýramyň uludandyr,
Ak öýüň gurulandyr,
Günleriň durudandyr,
Pyragym!


Diňle, şygyr okaýas,
Öz şygryňam okaýas,
Ýörjek ha:lyň dokaýas,
Pyragym!


Sen guwanyp bilersiň,
Sen buýsanyp bilersiň,
Ýylgyryban gelersiň,
Pyragym!


Gutlaýaryn baýramňy,
Gaýgy-gamy aýranňy,
Aldym seniň baýragňy,
Pyragym!


Rahat, parahat döwletimiziň barlygyna, jebis-agzybir ilimiziň bagtyýarlygyna, Gahryman Arkadagymyzyň hossarlygyna, älem-jahanyň bize ýarlygyna şahyr nädip şygyrly dünýä dolmasyn. Şu şöhratlardyr ýüregiň owazyny dünýä aparýan, watansöýüjilik duýgusyna atarýan. Tarp ýerden hiç zat döremeýär.

Kalby galkyndyrýan, ganatlandyrýan wakalaryň özeninde, gönezliginde Söwer Ogluň, Arkadag Zürýadyň barlygydyr. Görseň göwnüň göterilýär, ylhama dolýaň, goşguly äleme gonýaň. Ol seni ýaşadýar, ýagşylyga, ýagtylyga çagyrýar.

Bilýänsiň ganat deý gerilenligňi,
Il-güne, Watana berilenligňi,
Röwşen mysally Merdanalygňy,
Gahryman Arkadagym!

Ýatlaýaň türkmeniň bar gymmatlygyn,
Ýerlikliden gelen berk ymmatlygyn,
Gojaman äleme hem hyzmatlygyn,
Gahryman Arkadagym!

Gelenligiň ykballaryň ýalkymna,
Getirensiň ili bagtyň galkymna,
Gereklisiň Watanyňa, halkyňa,
Gahryman Arkadagym!

Ömür hasap edýändiris ömrüňi,
Eý görýäris bu bagtyýar döwrüňi,
Jana deňäp söýýändiris Özüňi,
Gahryman Arkadagym!

Günleriňi bezäp bildi bu ýyllar,
Giň dünýäýe deňäp bildi bu ýyllar,
Saňa bakan ýyly ýyllar ýylgyrar,
Gahryman Arkadagym!

San ýokdur bitiren uly işlerňe,
Garaýşyň mylaýym dünýäň illerne,
Asal gonsun eser ýazýan ellerňe,
Gahryman Arkadagym!

Ak öý bagtymyza meňzäp durandyr,
Ony gudrat gören gurbuň gurandyr,
Milletiňe müňläp ýyllar ulandyr,
Gahryman Arkadagym!

Döwrüň bilen, dünýäň bilen dem alýaň,
Reýhanlykdan hem şanlykdan heň alýaň,
Günbe-günden Didäm, Aryşa galýaň,
Gahryman Arkadagym!

Hormatym kän Seni beren dünýäýe,
Ýaşadasyň gelýänligin bilýän-ä,
Bagyşla, ýetmese sözler sünnäýe,
Gahryman Arkadagym!

Dilegmiz Hudaýdan saglygy janyň,
Bereket getirsin altyndan jamyň,
Höwesli, hyjuwly halkyňda halyň,
Gahryman Arkadagym!

Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32817

29.06.2021
Gah­ry­man Ar­ka­dag­ly ber­ka­rar döw­let

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz öz berkarar döwletiniň binýadyny berkidýär. Bu iş örän uly taryhy özgertmeleri, ähli ugurdaky döwrebap ösüşleri öz içine alýar. Döwrümiziň beýikligi, taryhy döwürdigi, ilkinji nobatda, şunuň bilen baglanyşyklydyr.

Döwletliligiň türkmeniň üznüksiz ykbalyna öwrülýändigi döwletlilik ýörelgelerini berkitmek, zerur özgertmeleri akylly-başly amala aşyrmak, bagtly ýaşaýşy gazanmak ugrundaky tagallalarda görünýär. Hawa, şol tagallalar milletiň ykbalyny kesgitleýär, döwletimiziň dünýädäki abraýyna abraý goşýar.

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýşy kemala gelipdir. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň parasady siňen eserlerde düýpli gürrüň edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanalymyz bäri bitirilen işler müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu babatda halkymyzyň külli adamzada nusgalyk ýörelgesi kemala gelipdir. Şol ýörelgä daýanyp, ony ösdürip, milli Liderimiz döwletliligimizi belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuş rahat hem joşgunly, milli pähim-parasadymyz berkarar döwletimiziň adyndan dünýä ýaýylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde abadan durmuşyň höküm sürýän, agzybir halkyň joşgunly zähmet çekýän, derejeli ýaşaýan ýurdy hökmünde tanalýar.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bütin güýç-kuwwatyny, başarnygyny bir başa jemläp, ýurdy dolandyrýar. Ine, şonuň netijesinde ähli çylşyrymly, mukaddes wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Biz muňa guwanýarys. Biz muňa buýsanýarys. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz bilen biz agzybirdiris, jebisdiris, döwletliligimizi berkidýändiris, bagtly durmuşymyzy gazanýandyrys.

Ýurdumyz ägirt uly ruhy hem ykdysady mümkinçiliklere eýe. Biziň döwletimiziň taryh üçin juda gysga döwrüň içinde gazanan belent abraýy şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarandygy bilen hem baglydyr. Türkmenistan müňýyllygy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bilen başlady. Türkmenistan müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň sahypalaryna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden müňýyllyklara hyzmat etjek başlangyçlary — abadançylygyň, hyzmatdaşlygyň, ösüşiň beýik başlangyçlaryny öňe sürýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Türkmenistan dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aýlara, ýyllara nur çaýýar. Biziň ýurdumyzda bitirilýän taryhy işleriň gymmaty asyrlara uzaýar. Şeýdip, taryhy döwrümiz müňýyllygyň ýakyn hem alys giňişliklerini ýagtyldýar.

Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi biziň ganymyzda, aňymyzda, ruhumyzda ýaşaýar. Milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, döwre görä ösdürilmegi, synmaz güýje öwrülmegi zerurdyr. Halkyň parasadyny, güýç-kuwwatyny bir ýere jemleýän, dünýä ykrar etdirýän milli Liderli bolmagyň gymmaty şundadyr. Milli döwletlilik şeýdip kemal tapýandyr.

Halkymyzyň taryhy tejribesinden iňňän netijeli peýdalanmagyň hötdesinden gelýän Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürýär. Dünýä üçin abadançylyk hem ösüş ýollaryny gurýar. Diýarymyzy dünýäniň ösüşlerine öz täsirini ýetirýän, oňa hem ykdysady, hem ruhy taýdan goltgy berýän ýurda öwürýär. Halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini has doly açmak, herekete getirmek, ösdürmek bilen, munuň adamzat üçin bahasyz baýlykdygy baradaky hakykaty orta çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň her biri taryhy iş! Öz halkyňa çirksiz söýgüden, pähim-parasatdan hem ýiti zehinden kemal tapýan işler! Biz ol işlere söýgi bilen garap, guwanyp, goşulyp-garylyp, başardygymyzdan goşant goşup ýaşaýarys. Bu taryhy işler geçmişimize buýsanjymyzy artdyrýar, şu günümizi beýgeldýär. Diýmek, ol işler ata-babalarymyzyň jahany haýrana goýýan şöhratyna düşünmäge kömek edýär, şol beýik taryhyň dowamyna öwrülýär. Ol işler geljegimizi hem beýgeldýändir — uzak ýyllara, asyrlara hyzmat etmäge ukyply bolmak bilen, geljekki nesilleriň bagty üçin berk binýat bolup hyzmat edýändir.

Türkmenistan yklymda köpugurly üstaşyr energetika ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlady. Şeýlelik bilen, ýurdumyz halkara gatnaşyklarda, dünýäniň ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynda täze döwrüň başyny başlady. Bu ugurdaky işler diňe biziň ýurdumyzyň däl, sebitiň we dünýäniň täze ykdysady taryhyny ýazýar. Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň hem uly geljegi bar. Munuň özi ýurdumyz üçin hem, hyzmatdaş ýurtlarymyz üçin hem strategik ähmiýetli meseledir.

«Sanasaň sogaby bar» diýleni: Türkmenistan ulag-logistika merkezi hökmünde dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm, amatly, ygtybarly çatrygyna öwrülýär. Türkmenistan senagat ýurduna, köpugurly, ösen ykdysadyýetli ýurda öwrülýär. Önümleriň örän köp görnüşlerini öndürýän, öz önümleri bilen dünýä bazaryndaky ornuny barha berkidýän, giňeldýän, ýokary tehnologiýaly, industrial, döwrebap obasenagat toplumy bolan ýurda öwrülýär. Täze ýollar, binalar, desgalar, obalar, şäherler, şäherçeler... — bularyň ählisi durmuşyň öňe gidýändigini görkezýär. Türkmenistan — asudalygyň, abadançylygyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň ýurdy. Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň, syýahatçylygyň, dynç alşyň ýurdy. Türkmenistan — ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ýurdy...

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň wakalary bedew batly ösüşlerimizden, halkymyzyň bagtyýarlygyndan ýene bir ýola habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Watanymyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar ulanmaga berilýär. Olaryň her biri baýramçylyk ruhunda, uly dabaralar bilen açylýar. Hasyl ussatlarymyz yzly-yzyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendikleri baradaky hoş habarlaryny aýdýarlar. Uly wakalaryň şanyna edebiýat, sungat, medeniýet adamlarynyň çykyşlary joşgunly ýaňlanýar.

Bizde guwanmaga, buýsanmaga zat juda kän. Özgerişler, ajaýyp wakalar! Hatda bularyň haýsy birini bijebaşy etjegiňi bilmersiň. Ýöne bir zat belli: bularyň ählisi birleşip, biziň bagtymyzy hasyl edýär. Ählisi birleşip, bizi guwançly, buýsançly, geljege synmaz ynamly edýär.

Şeýle beýik, gaýtalanmajak, taryhy işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Halkymyzyň ýagşy doga-dileglerine, arzuwlaryna goşulyp, biz hem şeýle diýýäris:

Gahryman hem mähriban Arkadagymyz! Belent başyňyz aman bolsun! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Milletimizi hem döwletimizi beýgeldýän, adamzada ýagşylyk eçilýän işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

«TÜRKMENISTAN»



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32815

29.06.2021
«Türkmeniň Ak öýi» ― ajap döwrüň ýaraşygy

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ähli watandaşlarymyzda uly şatlyk döretdi. Şäheriň gözelligine gözellik goşan, aýdym-sazyň, belent waspnamalaryň merkezine öwrüljek täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýüreklerine dolan buýsanjy şeýle sözler bilen beýan etdiler.

Gülşat Gurdowa,  Türkmenistanyň halk artisti:

― Bereketli Lebap topragyna ýene-de uly toýlara gatnaşmaga geldik. Munuň üçin şatlygymyzyň çägi ýok. Türkmenabat şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylan «Türkmeniň ak öýi» binasy bolsa, diýseň ajaýyp. Bize bu ýerdäki ilkinji konsertde çykyş etmek bagty miýesser etdi. Ajaýyp binada çykyşa taýýarlanmak üçin hem, çykyş etmek üçin hem ähli döwrebap mümkinçilikler döredilipdir. Giň sahna, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen ses gataldyjy enjamlar, zalyň ajaýyp akustikasy, halka gurap oturan tomaşaçylar, bu ýerde ähli zat göwnüňi göterýär, ylhamyňa ylham goşýar.

Lebap welaýatynda zähmet çekýän ähli kärdeşlerimizi, welaýatyň ähli ýaşaýjylaryny şeýle ajaýyp binanyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gurulýan şeýle döwrebap binalaryň höwri kän bolsun!

Mekan Sylabow,  Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy:

― Bu gün welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzdan ýene bir Şa serpaýyny aldylar. Ýurdumyzda dünýäniň iň uly ak öýleriniň eýýäm üçünjisi peýda boldy. Goýnunda toýlar tutmaga niýetlenilen ajaýyp binanyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys.

Milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň düýbüniň tutulany ýaňy ýalydy. Bu gün şäheriň gözelligine gözellik goşan binanyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň myhman bolup, täze binanyň işine ak pata bermegi bizi has-da begendirdi. Binanyň açylyş dabarasyna teatrymyzyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Nesip bolsa, täze bina uludan tutulýan toýlarymyzyň merkezi bolar. Oňa ýanaşyk gurlan sadaka jaýynda bolsa il-günüň abatlygynyň, Watanymyzyň asudalygynyň şanyna doga-dilegler ediler. Welaýatymyzyň ähli medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan şeýle döwrebap binany gurduryp, ulanmaga berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Pygy Baýramdurdyýew,  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:

― «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna biz hem öz toparymyz bilen gatnaşdyk. Binada atly jigitleriň çykyşlaryny guramak üçin ýörite ýer taýýarlanylypdyr. Bu bolsa biziň şatlygymyzy has-da artdyrýar.

Türkmen bedewleri taryhyň ähli döwürlerinde-de tutumly toýlarymyzyň bezegi bolupdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bolsa toýlarymyzyň hem, bedewlerimiziň hem şanyna şan goşdy. Toparymyz bilen dürli ýyllarda halkara bäsleşikleriň ençemesinde ýeňiji bolduk. Bu gün şöhratly bedewlerimiz bilen Lebap welaýatynda täze açylan binada çykyş etmek biziň üçin belent mertebedir.

Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen täze binanyň açylmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň ähli ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeneki ýyllarda-da bereketli Lebap topragyna diňe toýa gatnaşmak üçin gelmek miýesser etsin! Türkmen medeniýetiniň hak Hossary ― Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32384

24.06.2021
Ýakymly pursatlar

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy golaýlap gelýär. Biz hem bu mukaddes baýrama uly taýýarlyk görýäris. Dürli çäreleri, bäsleşikleri geçirýäris. Dynç alyş we sagaldyş merkezinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bu çärä ykjam taýýarlyk görüp başladyk. Bäsleşige her kim öz başarnygyna görä çykyş taýýarlady. Men hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň:

— Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rehnet nuruny saçsyn,
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde,
 Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!

— diýip, başlanýan ajaýyp goşgusyny ýat tutdum. Bäsleşik başlandy. Birinji tapgyryň şertine görä, labyzly goşgy okamalydyk. Çykyş etmek gezegim ýetdi. Biri-birinden gowy taýýarlyk gören deň-duşlarymdan soňra, tolgunma bilen sahna çykdym. Şol pursat şahyryň şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlan bu buýsançly goşgusyna döredilen aýdymyň owazy gulagymda ýaňlanýan ýaly bolup, ýakymly duýgy kalbyma doldy. Goşgynyň her setirini joşgun bilen aýdyp başladym. Ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdap duran keşbi, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky beýik ösüşleri, öz etrabymyzyň çäginde bina bolan täze desgalar göz öňümde janlandy. Buýsançdan ýaňa özümi ganatly ýaly duýdum. Goşgynyň soňuna nädip ýetenimi-de bilmändirin. Zalda oturan okuwçylaryň, mugallymlarymyzyň el çarpyşmalaryna ukudan oýanan ýaly boldum.

Bäsleşigiň ähli tapgyry tamamlanyp, biziň toparymyz ýeňiji boldy. Biz muňa diýseň begendik, Bu ýakymly pursat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dabaralanýan ýyly bilen bagly ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy.

Aýläle GYLYJOWA,

Ýolöten etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32211

23.06.2021
Aşgabat dünýäniň okgunly özgerýän şäheridir

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda we Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Arkadag Prezidentimiziň garamagyna şäheriň şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän görnüşleriniň taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň bezegi möhüm ugurlaryň biridir.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň taslamasy, «Nusaý» myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary hem-de binanyň baş meýilnamasy we oňa degişli birnäçe taslamalar, Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Şeýle-de energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy barada hasabat berildi. Bu ýerde dürli kysymly turbinalaryň esasy bölekleri abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawatt kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Ahal we Daşoguz döwlet elektrik beketleriniň utgaşykly dolanyşyga geçilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan energetika desgalary, ulgama degişli abatlaýyş we hyzmat ediş merkezleri häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Şunda ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns bermek zerurdyr.

* * *

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolup, bu ýerleriniň binagärlik özboluşlylygy, şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň sazlaşygy bilen tanyşdylar. Mähriban Arkadagymyzyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň häkimligi degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen taýýarlanan taslamalaryň tanyşdyrylyşyny gurady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31775

18.06.2021
Gurmak — geljegiň röwşen keşbini döretmek

ýene-de «Aşgabat-siti» megataslamasy barada

Gurmak, döretmek, bina etmek hemişe-de geljegi nazarlaýan maksatly iş. Çünki islendik işiň amala aşmagy, bitmegi ertirki günüň miwesi. Onuň üçin ynsan akylynyň, gollarynyň ägirt uly güýji, galyberse-de, pursat-puryja gerek. Bu hemmä mälim hakykat.

Şu nukdaýnazardan alnanda, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda gurluşygyna ak pata beren «Aşgabat-siti» taslamasy hem geljegimiziň gözel keşbini hasyl eder. Dünýä ýaň salan bu ägirt uly «akylly» şäher taslamasynyň bitmegi üçin birnäçe ýyl gerek, emma şonda-da ol eýýämden özüniň deslapky gabarasy, gözelligi, döwrebaplygy, innowasion çözgütleri bilen aňymyzda orun aldy. Bu gün tutuş türkmen ili bu uly tutumyň biterine sabyrsyz garaşýar, köpçülikde «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy baradaky gürrüňlere häli-şindi şaýat bolýarsyň. Ol barada her kim çaklaýar, öz hyýalynda görýän keşbi barada dillenýär. Haýsy bolanda-da, adamlaryň şäher içindäki şäher baradaky gürrüňlerinde haýran galmak, guwanmak duýgusy özüni mazaly bildirýär.

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baş şäherimiziň demirgazygynda gurluşygyna badalga berlen «Aşgabat-siti» taslamasy bilen bagly teleýaýlymda görkezilen wideoşekiller diňe bir ýurdumyza däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligine-de ýaň saldy.

Bu wakanyň öňküsi gün, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Paýtagtymyzda bina ediljek «akylly» şäheriň ýerleşjek meýdany 744 gektar bolup, onuň düzüminde ýaşamak hem-de dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurlar. Olar etrap häkimliginiň, beýleki edara binalarynyň, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysydyr, şeýle hem 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany Saglyk öýi, şonça-da söwda-dynç alyş merkezi, dükanlardyr naharhanalar, toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarydyr.

Täze dörediljek şäherde 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum bina ediler.

«Aşgabat-sitiniň» düzüminde çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryň, inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, köp gatly awtoduralgalaryň gurluşygy-da göz öňünde tutulýar. Binalaryň üpjünçiliginde, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ulanylar. «Akylly» öýleriň, «akylly» duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berler.

Hormatly Prezidentimiziň dabarada eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolup, ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ekologiýasy, ony bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň has kämil gurallaryny we usullaryny, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, serişdeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Netijede, ak mermerli paýtagtymyzda ösen binagärlik çözgütleri bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygy gazanylar.

Täze şäheriň suw üpjünçiligi babatda durup geçip, hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, suw çüwdürimlerini suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamalydygyny belledi. Bu ýerde gurluşygy birnäçe ýyla çekjek uly şäheriň gurulmagy bilen bagly başga-da birnäçe meseleleri çözmek gerek bolar.

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan biz gözel Köpetdag bilen uç-gyraksyz Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan, dünýä derejeli lowurdap duran ajaýyp şäheriň açylyşyna şaýat bolarys. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde düýbi tutulýan bu şäher güneşli Diýarymyzyň günsaýyn depginli ösýändigini görkezýär, Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Men berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe gidip, täze belentliklere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljek bu ajaýyp şäheriň bagtyýar nesillerimize hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn» diýip, milli Liderimiz belledi.

* * *

«Akylly» şäher taslamasynyň bize mälim bolan «akylly» dolandyryş, «akylly» energetika, «akylly» öý, «akylly» ykjamlyk, «akylly» şäher gurşawy, «akylly» tehnologiýa, «akylly» saglygy goraýyş we «akylly» raýat ýaly artykmaçlyklarynyň ählisiniň bir maksatda — ýaşaýyş üçin möhüm bolan zerurlyklaryň tygşytlylygyny gazanmakda jemlenýändigi tebigy ýagdaýdyr. Ýagny şeýle şäherlerde elektrik togudyr «mawy» ýangyç, suw ýerlikli sarp ediler, elektrik ulaglaryna geçmek arkaly ýangyç tygşytlanar, hojalyk hyzmatlary onlaýn usula geçiriler. Öý eýesi, ýagny «akylly» şäheriň ýaşaýjysy ykjam telefonynda ornaşdyrylan programmanyň üsti bilen öýdäki, edaradaky ähli işlerini dolandyryp, gözegçilik edip biler. Onuň yzyndan-öýünden ünjüsi bolmaz.

Öňki makalalarymyzyň birinde-de belleýşimiz ýaly, dünýäniň ilaty barha artmak bilen, hususan-da, Aziýa yklymyndaky ýagdaýlar artýan ilatyň ýaşaýyş jaý, iş orny, durmuş üpjünçiligi babatda dessin çözgütleri gözlemegi talap edýär. Bu babatda Singapur, Hytaý, Hindistan ýaly döwletlerde işjeňlik has-da göze ilýär.

Çaklamalara görä, 2030-njy ýylda dünýä ilatynyň 60 göterimden gowragynyň köp ilatly bolan şäherlerde ýaşajakdygyny göz öňünde tutsak, bu has-da özüni bildirýär. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) her ýyl neşir edilýän «GECF Global Gas Outlook 2050» maglumatnamasyna görä bolsa, ýene 30 ýyldan dünýä ilatynyň tas 70 göterime barabary şäherlerde ýaşar.

Häzirki wagtda bütin dünýäde güýçli depginde dowam edýän şäherleşmek hadysasynyň sebäpleri barada oýlananyňda, muny, esasan, adamlaryň, halklaryň has oňaýly, ähtibar, döwrebap şertlerde ýaşamaga meýilleriniň artmagy ýaly tebigy sebäp bilen baglamak ýerlikli bolsa gerek. Häzirki zaman şäherlerinde bolsa sanly ulgamyň, döwrebap oýlap tapmalaryň barha giň ornaşdyrylmagy netijesinde ýaşamak üçin has oňaýly şertleri döretmeklige uly ähmiýet berilýär. Biziň asyrymyz innowasiýalaryň gülläp ösýän döwrüdir, ähli zat gitdigiçe kämillige ymtylýar, şunda adamyň uzak, bagtyýar ýaşamagy üçin wajyp bolan şertleri döretmek ileri tutulýar. Eýsem-de bolsa, ýap-ýaňy hem elektron hasaplaşyklar erteki kysmy bir zatdy, bu gün ol adaty ýagdaýa öwrüldi. Bilermenler sanly tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň barha kämilleşmegi netijesinde o diýen uzak bolmadyk geljekde adamyň ömrüniň görnetin uzamagyny gazanmak, dürli howply keselleri ýeňip geçmek, ruhy we beden taýdan sagat nesilleri kemala getirmek mümkin bolar diýip hasaplaýarlar, muňa eýýämden lukmançylykda gazanylýan üstünlikler ynam döredýär.

Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat-siti» taslamasyna badalga bermek dabarasynda eden çykyşynda: «Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr» diýip nygtady.

Grek dilinden terjime edilende, «uly şäher» diýmegi aňladýan «megapolis» sözi, adatça köp ilatly şäherler babatda ulanylýar. Şonuň üçin «Şäher içindäki şäher» taslamasynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagyna girişilmegi döwletimiziň ilatyň demografik ösüşi babatda ýöredýän syýasatyna, geljegi nazarlaýan meýillerine hem yşarat edýär diýsek, ýalňyşmarys. Muny milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köp çagaly maşgalalary goldamak babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň, galyberse-de, «Aşgabat-siti» taslamasynyň çägindäki 107 müňden gowrak ilata niýetlenen ýaşaýyş toplumynyň mysalynda hem nygtasa bolar.

* * *

Bütin Gündogarda adyllygyň, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň ýerdäki wekili hasaplanan Nowşirwan patyşa bir gezek ýurdundaky ýagdaýlary bilmek isläpdir. Munuň üçin ol kimde-kim ýurdundan köne haraba kerpijini tapyp getirse, şonuň agramyna barabar altyn serpaý ýapjakdygy barada habar ýaýradypdyr. Ähli ilat köne kerpijiň gözlegine çykypdyr, emma adamlaryň paltasy daşa degipdir, sebäbi bütin şalykda ýekeje-de haraba ýa-da ýykyk-ýumruk bina tapylmandyr.

Adamlar Nowşirwan Adylyň huzuryna gelip, şeýle diýipdirler:

— Eý, şahy-älem, siziň öz halkyňyza rehimdarlygyňyz, söýgi-muhabbetiňiz şeýlebir ýokary welin, biz bütin şalykdan kerpiç almak üçin ýekeje-de haraba tapmadyk. Hatda harabalaryň hekemi bolan baýguşlaram biziň ilimizde gonalga-mekan tapman, gaýry ýerlere uçup gidýärler.

Bu habara Nowşirwan Adylyň ýüzi ýagtylyp, şatlykly seslenipdir:

— Gudraty güýçli Taňrym, ähli işlerimde senden hemaýat dilänim üçin meni ýalkanyňa şükürler bolsun! Men saňa gulluk edip, halkymyň abadan, bagtyýar durmuşyny gazandym. Meniň kerpiç soramagym hem ýurdumdaky hakyky ýagdaýy bilmek islegim bilen baglydyr...

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31843

18.06.2021
Watan — göwün hoşumyz

Halkymyzda «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýen çuň manyly pähim bar. Ýurt — biziň her birimiz üçin edil ata-enemiz ýaly mukaddes. Sebäbi biz şonuň gujagynda dünýä indik, kemala geldik, hatara goşuldyk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gymmatly eserleri döredip, halk köpçüligini begendirip durýar. Şolaryň arasynda «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitap hem bar. Adyndan görnüşi ýaly, bu kitapda mähriban Watanymyz barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Mälim bolşy deýin, ähli beýik işleriň gözbaşynda adam durýar. Oňa tebigat tarapyndan akyl-paýhas, mertlik, çydamlylyk berlipdir. Ata-babalarymyz biziň eziz topragymyzy ähli zatdan zyýada görüp, ony ezizläpdirler we gorapdyrlar. Kitapda olaryň bitiren işleri barada töwerekleýin söhbet edilip, ýaş nesliň ata-babalardan miras galan watansöýüjilige, mertlige, pähim-paýhaslylyga wepaly bolmalydygy, abraý bilen dowam etdirilmelidigi nygtalýar.

Mähriban Arkadagymyz gürrüňiniň dowamynda «Gorkut ata» şadessanyndaky Gorkut atanyň, «Görogly» şadessanyndaky Jygalybegiň keşplerine, Magtymgulynyň, Seýdiniň, K.Gurbannepesowyň döreden goşgularyna, milli däp-dessurlarymyza, milli oýunlarymyza, täsirli tymsallarymyza salgylanýar. Bu bolsa kitabyň gyzykly, özüne çekiji çykmagyna ýardam edipdir.

Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikler hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar» diýip ýazýar. Hawa, Watana bolan uly söýgi mähriban Arkadagymyzyň beýan edýän mukaddesliklerine söýgüden başlanýar. Hemmetaraplaýyn kämil adamlaryň kemala gelmegi üçin ata-eneler bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarydyr orta mekdepleriň işgärleriniňem üstüne uly borç

düşýär. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek bolsa, biziň üçin parzdyr.

Aşyrsoltan WELIÝEWA,

Balkanabat şäherindäki 36-njy çagalar bagynyň müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31729

17.06.2021