Gurmak — geljegiň röwşen keşbini döretmek

ýene-de «Aşgabat-siti» megataslamasy barada

Gurmak, döretmek, bina etmek hemişe-de geljegi nazarlaýan maksatly iş. Çünki islendik işiň amala aşmagy, bitmegi ertirki günüň miwesi. Onuň üçin ynsan akylynyň, gollarynyň ägirt uly güýji, galyberse-de, pursat-puryja gerek. Bu hemmä mälim hakykat.

Şu nukdaýnazardan alnanda, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda gurluşygyna ak pata beren «Aşgabat-siti» taslamasy hem geljegimiziň gözel keşbini hasyl eder. Dünýä ýaň salan bu ägirt uly «akylly» şäher taslamasynyň bitmegi üçin birnäçe ýyl gerek, emma şonda-da ol eýýämden özüniň deslapky gabarasy, gözelligi, döwrebaplygy, innowasion çözgütleri bilen aňymyzda orun aldy. Bu gün tutuş türkmen ili bu uly tutumyň biterine sabyrsyz garaşýar, köpçülikde «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy baradaky gürrüňlere häli-şindi şaýat bolýarsyň. Ol barada her kim çaklaýar, öz hyýalynda görýän keşbi barada dillenýär. Haýsy bolanda-da, adamlaryň şäher içindäki şäher baradaky gürrüňlerinde haýran galmak, guwanmak duýgusy özüni mazaly bildirýär.

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baş şäherimiziň demirgazygynda gurluşygyna badalga berlen «Aşgabat-siti» taslamasy bilen bagly teleýaýlymda görkezilen wideoşekiller diňe bir ýurdumyza däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligine-de ýaň saldy.

Bu wakanyň öňküsi gün, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Paýtagtymyzda bina ediljek «akylly» şäheriň ýerleşjek meýdany 744 gektar bolup, onuň düzüminde ýaşamak hem-de dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurlar. Olar etrap häkimliginiň, beýleki edara binalarynyň, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysydyr, şeýle hem 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany Saglyk öýi, şonça-da söwda-dynç alyş merkezi, dükanlardyr naharhanalar, toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarydyr.

Täze dörediljek şäherde 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum bina ediler.

«Aşgabat-sitiniň» düzüminde çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryň, inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, köp gatly awtoduralgalaryň gurluşygy-da göz öňünde tutulýar. Binalaryň üpjünçiliginde, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ulanylar. «Akylly» öýleriň, «akylly» duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berler.

Hormatly Prezidentimiziň dabarada eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolup, ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ekologiýasy, ony bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň has kämil gurallaryny we usullaryny, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, serişdeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Netijede, ak mermerli paýtagtymyzda ösen binagärlik çözgütleri bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygy gazanylar.

Täze şäheriň suw üpjünçiligi babatda durup geçip, hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, suw çüwdürimlerini suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamalydygyny belledi. Bu ýerde gurluşygy birnäçe ýyla çekjek uly şäheriň gurulmagy bilen bagly başga-da birnäçe meseleleri çözmek gerek bolar.

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan biz gözel Köpetdag bilen uç-gyraksyz Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan, dünýä derejeli lowurdap duran ajaýyp şäheriň açylyşyna şaýat bolarys. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde düýbi tutulýan bu şäher güneşli Diýarymyzyň günsaýyn depginli ösýändigini görkezýär, Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Men berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe gidip, täze belentliklere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljek bu ajaýyp şäheriň bagtyýar nesillerimize hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn» diýip, milli Liderimiz belledi.

* * *

«Akylly» şäher taslamasynyň bize mälim bolan «akylly» dolandyryş, «akylly» energetika, «akylly» öý, «akylly» ykjamlyk, «akylly» şäher gurşawy, «akylly» tehnologiýa, «akylly» saglygy goraýyş we «akylly» raýat ýaly artykmaçlyklarynyň ählisiniň bir maksatda — ýaşaýyş üçin möhüm bolan zerurlyklaryň tygşytlylygyny gazanmakda jemlenýändigi tebigy ýagdaýdyr. Ýagny şeýle şäherlerde elektrik togudyr «mawy» ýangyç, suw ýerlikli sarp ediler, elektrik ulaglaryna geçmek arkaly ýangyç tygşytlanar, hojalyk hyzmatlary onlaýn usula geçiriler. Öý eýesi, ýagny «akylly» şäheriň ýaşaýjysy ykjam telefonynda ornaşdyrylan programmanyň üsti bilen öýdäki, edaradaky ähli işlerini dolandyryp, gözegçilik edip biler. Onuň yzyndan-öýünden ünjüsi bolmaz.

Öňki makalalarymyzyň birinde-de belleýşimiz ýaly, dünýäniň ilaty barha artmak bilen, hususan-da, Aziýa yklymyndaky ýagdaýlar artýan ilatyň ýaşaýyş jaý, iş orny, durmuş üpjünçiligi babatda dessin çözgütleri gözlemegi talap edýär. Bu babatda Singapur, Hytaý, Hindistan ýaly döwletlerde işjeňlik has-da göze ilýär.

Çaklamalara görä, 2030-njy ýylda dünýä ilatynyň 60 göterimden gowragynyň köp ilatly bolan şäherlerde ýaşajakdygyny göz öňünde tutsak, bu has-da özüni bildirýär. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) her ýyl neşir edilýän «GECF Global Gas Outlook 2050» maglumatnamasyna görä bolsa, ýene 30 ýyldan dünýä ilatynyň tas 70 göterime barabary şäherlerde ýaşar.

Häzirki wagtda bütin dünýäde güýçli depginde dowam edýän şäherleşmek hadysasynyň sebäpleri barada oýlananyňda, muny, esasan, adamlaryň, halklaryň has oňaýly, ähtibar, döwrebap şertlerde ýaşamaga meýilleriniň artmagy ýaly tebigy sebäp bilen baglamak ýerlikli bolsa gerek. Häzirki zaman şäherlerinde bolsa sanly ulgamyň, döwrebap oýlap tapmalaryň barha giň ornaşdyrylmagy netijesinde ýaşamak üçin has oňaýly şertleri döretmeklige uly ähmiýet berilýär. Biziň asyrymyz innowasiýalaryň gülläp ösýän döwrüdir, ähli zat gitdigiçe kämillige ymtylýar, şunda adamyň uzak, bagtyýar ýaşamagy üçin wajyp bolan şertleri döretmek ileri tutulýar. Eýsem-de bolsa, ýap-ýaňy hem elektron hasaplaşyklar erteki kysmy bir zatdy, bu gün ol adaty ýagdaýa öwrüldi. Bilermenler sanly tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň barha kämilleşmegi netijesinde o diýen uzak bolmadyk geljekde adamyň ömrüniň görnetin uzamagyny gazanmak, dürli howply keselleri ýeňip geçmek, ruhy we beden taýdan sagat nesilleri kemala getirmek mümkin bolar diýip hasaplaýarlar, muňa eýýämden lukmançylykda gazanylýan üstünlikler ynam döredýär.

Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat-siti» taslamasyna badalga bermek dabarasynda eden çykyşynda: «Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr» diýip nygtady.

Grek dilinden terjime edilende, «uly şäher» diýmegi aňladýan «megapolis» sözi, adatça köp ilatly şäherler babatda ulanylýar. Şonuň üçin «Şäher içindäki şäher» taslamasynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagyna girişilmegi döwletimiziň ilatyň demografik ösüşi babatda ýöredýän syýasatyna, geljegi nazarlaýan meýillerine hem yşarat edýär diýsek, ýalňyşmarys. Muny milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köp çagaly maşgalalary goldamak babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň, galyberse-de, «Aşgabat-siti» taslamasynyň çägindäki 107 müňden gowrak ilata niýetlenen ýaşaýyş toplumynyň mysalynda hem nygtasa bolar.

* * *

Bütin Gündogarda adyllygyň, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň ýerdäki wekili hasaplanan Nowşirwan patyşa bir gezek ýurdundaky ýagdaýlary bilmek isläpdir. Munuň üçin ol kimde-kim ýurdundan köne haraba kerpijini tapyp getirse, şonuň agramyna barabar altyn serpaý ýapjakdygy barada habar ýaýradypdyr. Ähli ilat köne kerpijiň gözlegine çykypdyr, emma adamlaryň paltasy daşa degipdir, sebäbi bütin şalykda ýekeje-de haraba ýa-da ýykyk-ýumruk bina tapylmandyr.

Adamlar Nowşirwan Adylyň huzuryna gelip, şeýle diýipdirler:

— Eý, şahy-älem, siziň öz halkyňyza rehimdarlygyňyz, söýgi-muhabbetiňiz şeýlebir ýokary welin, biz bütin şalykdan kerpiç almak üçin ýekeje-de haraba tapmadyk. Hatda harabalaryň hekemi bolan baýguşlaram biziň ilimizde gonalga-mekan tapman, gaýry ýerlere uçup gidýärler.

Bu habara Nowşirwan Adylyň ýüzi ýagtylyp, şatlykly seslenipdir:

— Gudraty güýçli Taňrym, ähli işlerimde senden hemaýat dilänim üçin meni ýalkanyňa şükürler bolsun! Men saňa gulluk edip, halkymyň abadan, bagtyýar durmuşyny gazandym. Meniň kerpiç soramagym hem ýurdumdaky hakyky ýagdaýy bilmek islegim bilen baglydyr...

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31843