«Bu gün biz ýurdumyzda täze senagat düzümine esaslanýan jemgyýeti döretmegiň ýoly bilen öňe barýarys».
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇ “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna beren interwýusyndan.
3. Senagatlaşma
Senagatlaşdyrmak — döwrüň talaby, onsuz doly bahaly ösüş mümkin däl. Şu ýyl şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýurt Garaşsyzlygymyz tutuş halk hojalygyny senagatlaşdyrmagy hem-ä talap edýär, hem-de oňa ähli mümkinçilikleri döredip berýär.
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine diňe bir özgeleriň öndüren önümlerini sarp ediji däl-de, eýsem, önüm öndüriji döwlet hökmünde goşulyşmagy üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýär.
Aýry-aýry ugurlarda, mysal üçin, dokma senagatynda Türkmenistanyň öndürýän önümleri brend önümler hökmünde ykrar edildi. Himiýa senagaty babatda-da şeýle diýmek bolar. Mysal üçin, türkmen karbamidi iň bir geçginli haryda öwrüldi.
Aslynda, himiýa senagaty, himiýa ylmy bilen birlikde, diýseň täsin hem juda gyzykly. Ol ýokdan bar etmäge, ýagny göze görünmeýän närselerden görüp hem elläp bolýan önümleri öndürmäge ukyply welin, birbada gözüňe-de ynanmaýarsyň. Mysal üçin, Maryda hem Tejende tebigy gazdan öndürilýän karbamid döküninden başga, Gyýanlyda öndürilýän polimerleri, Ahaldaky sintetik benzini hem-de dizel ýangyjyny ýatlalyň! Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň dünýäde başga taýy ýokdur, ol bu ugurda ilkinji zawoddyr. Şular ýaly zawody gurmak we işe girizmek iň öňdebaryjy tehnologiýany hem-de ägirt uly serişdäni talap edýär. Ýöne bu zawod güýçleri we serişdeleri harçlanyňa degýän desgadyr. Ol häzirki döwürde “ýaşyl” ykdysadyýet diýen düşünjäniň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Zawodyň açylyş dabarasynda oňa berlen halkara güwänamalar türkmeniň bir desga gurjak bolanda düýpli gurýandygyny, ähli zada, şol sanda işiň ekologiýa tarapyna-da uly üns berýändigini, “ýedi ölçäp, bir kesýändigini” subut edýär.
Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we şonda bu iri kärhananyň her bölüminiň ekologiýanyň talaplaryna laýyk işleýşine aýratyn üns berdi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda gurulýan we ozaldan hereket edip gelýän senagat desgalarynyň hemmesi ekologiýa talaplaryna gyşarnyksyz eýerýärler. Bu babatda Türkmenistanda gurlup, işe girizilýän islendik iri taslama halkara ekologik standartlara doly gabat gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işinde-de esasy ölçeg bolup durýar.
Şu we şuňa meňzeş desgalary Garaşsyzlyk döwrüniň senagat gudraty hökmünde häsiýetlendirip bolar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny gazhimiýa senagatynyň läheňi hökmünde kesgitleýärler. Dogrudan-da, ol ýerde öndürilýän nebitgaz önümleriniň görnüşlerini diňe sanap geçmegem ýörite taýýarlygyň — bilimiň bolmasa, her ýetene başartmaýar. Hünärmenler ol ýerde öndürilýän önümleriň görnüşini ýene-de artdyrmagyň mümkinçiliklerini gözleýärler hem-de bu gözlegleriniň ýakyn wagtlarda oňat netije berjekdigini ynamly aýdýarlar. Şu ýerde bir ýagdaýy aýratyn nygtamalydyrys: türkmen himiýaçylarynyň öndürýän önümleri ykdysady taýdan örän peýdalydyr, ýagny önümiň özüne düşýän bahasy başga ýerleriňki bilen deňeşdireniňde, ep-esli arzan, hil tarapdan bolsa beýlekilerden birjik-de pes gelmeýär. Diýmek, türkmen alymlary hem önümçilikçileri diýseň netijeli işleýärler.
Elbetde, durmuşyň köpugurly bolşy ýaly, senagatyň hem ugurlary dürli-dürli. Ady agzalanlardan başga-da, energetika senagaty, dag-magdan senagaty, lukmançylyk we derman serişdeleri senagaty, elektron senagaty we başgalar. Bularyň käbiri, aýdylyşy ýaly, ösüp, ýetjek derejesine ýetdi, käbirleri bolsa hormatly Prezidentimiziň talaby hem tagallasy bilen indi ösüş ýoluna düşdi.
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentiniň ýerli çig mallarymyzyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, önümleriň ýerini tutýan harytlary, önümleri öz ýurdumyzda öndürmek babatda aýdanlaryny, elbetde, hemmeler bilýändir. Bu babatda ýörite döwlet maksatnamalary hem kabul edilip, olar üstünlikli amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, indi import harytlaryň mukdary azalyp, özümizde öndürilýän dürli hojalyk harytlarynyň önümçiligi ýylyň-ýylyna artýar. Muňa göz ýetirmek üçin ýylyň başky bäş aýynyň önümçilik görkezijilerine göz aýlaýmaly.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatda gürrüň gozgalanda, biziň pikirimizçe, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ilki agzamalydyr. Ýapon tarapynyň biziň ýurdumyzda amala aşyrýan senagatlaşdyrma işleri öwgä mynasypdyr. Şu ýylyň maý aýynyň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň, daşarky bazarda ýiti bäsdeşlige döz gelip bilýän önümleri öndürmäge ukyply senagat kärhanalarynyň döredilmegine gönükdirilen iri taslamalar babatda bilelikde iş geçirmegiň möhümdigi aýdyldy. Häzirki döwürde Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedi gurulýar. Onuň işleri tamamlaýjy tapgyra aýak basdy. Ol şu ýylyň awgust aýynda ulanylmaga tabşyrylar.
Türkmenistanda noutbuklaryň, smartfonlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimiziň döwrüň talaplaryna laýyk ösdürilmegine uly üns berilýändigini görkezýär. Ministrler Kabinetiniň ýylyň başky bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek meselesine ýene bir ýola ünsi çekip, bu ugurda entek ýeterlik hünärmenleriň azlyk edýändigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara görkezme berdi. Türkmenistanda söz bilen işiň birliginden çen tutup, türkmeniň elektron senagatynyň gülläp ösjek döwrüniň daşda däldigi hakynda oýlanýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdy senagatlaşdyrmaga alnan ugur hem ähli gözelligi bilen kalbyňa dolýar.
Wagt geçer, şu wagtky mekdep okuwçylary ulalyp, hersi bir käriň eýesi bolar. Olar durmuş gurup, perzent görerler. Ilkinji perzentlerini mekdebe äkidenlerinde, bardy-geldi, senagat kärhanasynyň deňinden geçseler, çagalaryna görkezip: “Ine, şuny biz mekdepde okap ýören wagtymyz gurdular. Ine, seret, şu häzirem edil täze ýaly saz işläp dur. Eger gowy okasaň, senem geljekde şular ýaly döwrebap kärhanalarda işläp bilersiň!” diýerler diýip oýlanýarsyň. Sebäbi biziň ýurdumyzda islendik desga, bina ýa ymarat berkden-berk gurulýar, olaryň içindäki enjamlar bolsa iň täzeleri bilen çalşyrylyp dur. Onsoň, olaryň könelme mümkinçiligi ýok, hemişe saz we göwnejaý işleýärler.
“Ýagşy niýet — ýarym döwlet”.
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33324