Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýän şu günlerde türkmeniň döwletlilik taglymaty hakynda gürrüň etmek örän ýakymly. Döwletlilik — döwlet gurluşly ýurt. Barlylyk, gurplulyk, mally-mülklülik. Bagtlylyk, agzybirlik, abadanlyk.
Döwletli bolmak, barly-barjamly ýaşap ömür sürmek baradaky arzuwlar ata-babalarymyzyň halal zähmet çekip, ömrüňi binýat etmek hakyndaky düşünjeleri bilen utgaşypdyr. Pederlerimiziň döwletlilik babatdaky oý-pikirleri özbaşdak döwlete eýe bolmak, başa bagt guşunyň gonmagy ýaly düşünjeleri öz içine alypdyr. «Döwletli — aş üstüne», «Döwletli gapa rysgal geler», «Döwletli ogul — ojagyň gory», «Genç — agzybiriňki», «Döwletliniň başyna bagt guşy gonar», «Döwletliniň gapysynda at agynar», «Döwletliden döwlet ýokar» ýaly nakyllar ata-babalarymyzyň döwletlilik hakynda uzak asyrlaryň dowamynda eden oý-pikirleriniň we bu ugurda gelen netijeleriniň beýanydyr.
Döwletli-döwranly ýaşamak hakdaky pikirler uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň arzuwly kalbyna ganat berip gelipdir. Bu babatda çuňňur mazmuna eýe bolan dürli garaýyşlar nusgawy eserleriň sahypalarynda beýan edilipdir.
1483 — 1530-njy ýyllarda görnükli döwlet işgäri, serkerde we söz ussady hökmünde dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biri Zahyreddin Muhammet Babyrdyr. «Diwan» eseri Muhammet Babyryň türkmen edebiýatynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alan eserleriniň biridir. Jemgyýet, ynsan ahlagy barada şahyrana duýgulary özünde jemleýän eserde döwletlilik hakynda gymmatly ündewler beýan edilýär:
Gapyl olma döwletde, özüňi salma mähnetde,
Taňry berer, elbetde, döwlet isle, hümmet tut!
Hoş turar wysaly ýar, onda bolmasa deýýar,
Bolsa wasly biagýar, döwlet-u sagadat tut!
Hoş wagtlygyň mydam bolsun,
Döwlet saňa mustedam bolsun!
X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşan taryhçy alym Muhammet Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly kitaby türkmenleriň taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biridir. Ömrüniň agramly bölegini türkmen hökümdary soltan Mahmyt Gaznalynyň hemaýatkärliginde geçiren Muhammet Utby bu eserinde döwletli-döwranly bolmak hakynda gymmatly pikirleri öňe sürüpdir. Muňa eserdäki şu setirler mysal bolup biler: «Eger ýurtda abadançylyk durnukly bolsa, onda döwletiň ömri dowamly bolýar», «Gapysyna barsaň, elaçyk we edepli biri garşy alýan öý, iň döwletli howludyr».
Giňiş boldy günsaýyn bu emiriň döwleti,
Ymaratlar köpelip, ösdi ýurduň kuwwaty.
XI-XII asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly eseri milli edebi mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Beýik alym pähim-paýhaslardan, öwüt-nesihatlardan, nakyllardyr atalar sözlerinden ybarat bolan eserinde döwletlilik meselesini gozgap, şeýle ýazypdyr: «Hak zada döwlet geler, ýalan zada mähnet geler».
ХIII-ХIV asyrlarda ýaşan türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» atly kitabynda musulman dünýäsinde ady agzalyp geçilýän belli şahsyýetler barada söhbet açylýar. Eserde dürli rowaýatlardyr kyssalaryň üsti bilen beýan edilýän wakalarda söhbet döwletlilik baradaky pikirlere syrygyp, kalby imanly, sabyrly, şükürli adamlara döwletliligiň ýaran bolýandygy nygtalýar.
XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň edebi mirasy Gündogar edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň kyssa bilen şygyr utgaşdyrylyp ýazylan meşhur «Baharystan» eseriniň üçünji bölümi «Döwletliligiň we patyşalyk etmegiň güle bürenen agaçlary we olaryň adalatlylyk hem adyllyk miweleri hakynda» diýlip atlandyrylyp, onda döwletlilik meselesi dürli setirleriň üsti bilen beýan edilýär. Eserden bir mysala ýüzleneliň. Onda döwletli bolmagyň esasy sütüniniň dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygy aýdylýar:
Isgender döwletini istär bolsaň eger sen,
Duşmanlary dost eýläp, dostlaryňy söýer sen.
XV-XVI asyrlarda Gökdepe etrabynyň Isferden obasynda ýaşan Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseri türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan kyssalardan, rowaýatlardan we şygyrlardan ybaratdyr. Aryf-akyldar bu eserinde ynsanperwer, sabyr-takatly, kalby nurana ynsana döwletliligiň ýar bolýandygyny ündäp, şeýle ýazypdyr:
Zehi döwlet kim, onuň lutfy bilen şat bolgaý sen,
Sagadat mülkünde magmur olup, abat bolgaý sen.
Kimge, kim, Taňrynyň enaýaty bar,
Daş içinden çykyp, geler döwlet.
Her kimge ki Hak bergisidir yzzat-u hormat,
Bişek açylar döwlet işigi oňa nägäh.
Döwletlilik, ynsanyň başyna gonýan bagt guşy hakda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda hem birnäçe setirler bar:
Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda.
Ykbalyň oýansa, döwlet ýar olsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar.
Halkymyzyň döwletlilige eýe bolmak, döwletli-döwranly durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň döwletli durmuşyna bagyşlap, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserini peşgeş berdi. Bu gün ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky garaýyşlaryny durmuş ýörelgesine öwrüp, yrylmaz döwlete eýe bolan halkymyz halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna düşünýän halkymyz ajaýyp döwrümize, mähriban Arkadagymyza çäksiz buýsanýar.
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28976
Ýeňşi buşlaýan çaparlar ýeňiş baýdagyny parladyp, ýeňşi habar berýärler. Häzirki döwürde hem kükregiňe sygmaýan şatlyk buşlananda, çemeli bir zady alyp galgadanyňy özüň-de duýman galýarsyň. Salamlaşmagyň, sypaýy gatnaşygy mälim etmegiň alamaty hökmünde eliňi galdyrmak hem ýörgünli bolup galypdyr. Şularyň aňyrsynda gadymy söweş däpleriniň bardygy şübhesiz hakykatdyr diýýärin.
Tug her bir döwürde hem döwletliligiň alamatydyr. Tugy bar kişi mertebelidir. Tug döwletlilik, şan-şöhratdyr.
* * *
Türkmen ýaşululary sypaýy kişilere syn edip, olaryň asylly ýerden çykandygyna guwanýarlar. Ata-babalarymyzyň asylly adamkärçilik ýörelgelerine wepaly Watan ogullary bolsa türkmeniň döwletlilik Tugunyň pasyrdap, şol asylly, abraýly, sypaýy ýörelgeler hakyndaky hakykaty ýaýýandygyna, özleriniň-de şonuň goragçysydygyna buýsanmalydyrlar. Çünki mukaddes Watanymyzyň beýik ykbaly Tugumyzda ýaşaýandyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda iň uly göterijili flagştoguň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi Tugumyzyň şöhratyny has-da beýgeltdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndan.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28977
Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylaryň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär.
Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýada her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugy kepillendirilýär. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi, düýn bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy hakyndaky aladadan nyşandyr.
Ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleri 10-njy maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam eder. Şol döwürde şäher awtobuslaryndan, taksilerden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan daşgary awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Jemgyýetçilik ulaglary iri şäherlerde esasy, elýeterli hem-de ygtybarly ýolagçy gatnaw serişdesi bolup, gür ilatly ýerleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde has netijeli hasaplanýar. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli täze awtobuslaryň 400-siniň işe girizilmegi ekologiýa çäresiniň jemleýji günlerinde ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrar. Şeýle ekologiýa çäreleri häzirki döwürde has ýörgünli bolup, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň bir maksadyň — ekologiýa abadançylygynyň bähbidine jebisligini görkezýär. Her ýylyň 22-nji sentýabrynda Bütindünýä awtoulagsyz gün giňden bellenilýär. Şol günlerde pyýada hem-de welosipedli ýa-da jemgyýetçilik ulagynda hereket etmek, mümkin boldugyça golaýdaky söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik hyzmaty merkezleriniň, edara-kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanmak wagyz edilýär.
Awtoulagsyz günler geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda öňe sürlüp başlanýar we 1994-nji ýylyň oktýabrynda Ispaniýanyň Toledo şäherinde geçirilen maslahatda şeýle çäreleri ýygy-ýygydan guramak başlangyjy öňe sürülýär. Ýewropa ýurtlarynda şäherde amatly we sagdyn hereket hepdelikleri geçirilýär. «Şäher adamlaryň, ýaşaýşyň gurşawydyr» şygary bilen guralýan çärelerde ynsan saglygyna zyýan berýän gazlardan arassa, işjeň hereketli ýaşaýyş ündelýär. Şeýle çäre paýtagtymyzda, ilkibaşda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli, 2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awtoulagsyz gün» ady bilen geçirilipdi. Şol gün ir sagat 7-den agşam 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendirilipdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň dabaraly bellenilmegi, Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda bu şanly senäni ebedileşdirmek maksady bilen, «Welosiped» binasynyň gurulmagy we köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir.
Geçen ýylyň 3-nji iýunynda paýtagtymyzda «Awtoulagsyz gün» diýlip yglan edilip, şol gün Aşgabatda sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglaryna hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre awtoulaglaryň çykarýan galyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Netijede, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi. Görnüşi ýaly, awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşantdyr.
Nurylla GÖKLEŇOW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28416