YLHAM ÝAÝLASYNYŇ BOSSANY
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň giňden dabaralandyrylýan ajaýyp pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir täze — «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri halkymyza gowuşdy. Toýlaryň-toýlara, baýramlaryň-baýramlara ulaşýan günlerinde bu ajaýyp kitap türkmen jemgyýeti üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyndan bäri başdan geçiren wakalaryny, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde eýe bolan täze keşbini, bular baradaky ajaýyp maglumatlary özünde jemleýän bu täze eser ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlary üçin gymmaty egsilmejek ruhy hazyna öwrüler.
Gahryman Arkadagymyzyň ylham ýaýlasynyň bossany bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň çapdan çykmagy welaýatymyzyň zähmetkeş halkynyň hem döredijilik ruhuny galkyndyrdy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň guran edebi-sazly kompozisiýasy hormatly Prezidentimiziň täze eseri üçin alkyşnama bolup ýaňlandy. Ruhy hazynanyň gymmatyny, şu günki we geljekki nesiller üçin ähmiýetini, baýramçylyk günlerindäki joşgunyny wasp edýän ajaýyp sözler bir-birine utgaşyp, tüýs ýürekden joşup çykdy. Olar ildeşlerimiziň ýürekleriniň senasy, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşyň beýany bolup degre-daşy gurşap aldy.
* * *
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» DÜNÝÄ DILLERINDE
Hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy iki ýurduň arasyndaky asyrlar aşyp gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemez alamatyny ýene bir ýola aýdyňlaşdyrdy. Şu mynasybetli golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň jogapkär işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Handurdy Turaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary — TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Myratgeldi Goçmedow, Enejan Amanýazowa, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Raşit Sultanow dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň yzygiderli ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň, ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýediginiň alamatlary bolup durýandygy barada aýdyldy. Dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrýan milli Liderimiziň eserleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Düýp özeninde halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän gymmatly eserler halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmäge uly ähmiýet berýär. Bu doganlyk özbek halky babatda hem şeýledir. Ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyň beýanyna öwrülen bu asylly iş — Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseriniň özbek diline terjime edilmegi halklary bir-birine öňküden-de ysnyşdyrmaga, taryhy kökleri we medeni gymmatlyklary wagyz etmäge, hoşniýetli ýörelgeleri öňküden-de pugtalandyrmaga uly itergi berýär. Çykyşlaryň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan beýik işlerine mundan beýläk hem rowaçlyklaryň ýaran bolmagy arzuw edildi.
Ýörite habarçymyz.