Buýsanjymyz, guwanjymyz, şöhratymyz, şanymyz

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döräp, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli gymmatly sowgat bolan “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary arkaly welaýat kitaphanasynyň öňündäki gözel meýdançada geçirilen dabara jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyplar gatnaşdylar.

Baýramçylyk ruhuna beslenen dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berlip, söz nobatyny alanlar Arkadag Prezidentimiziň täze eseriniň durmuşdaky wajyp ähmiýetine aýratyn üns çekdiler. «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby okan her bir okyjy gözel paýtagtymyzyň baý taryhy, şöhratly şu güni hem-de nurana geljegi bilen içgin tanyşmak bagtyna eýe bolýar. Eseriň çuňňur mazmunyndan syzylyp çykýan hakykata salgylanyp aýdanyňda, Aşgabat şäheri medeni we ylym-bilim, sport ulgamlary, dost-doganlyk gatnaşyklary babatdaky okgunly ösüşleri arkaly mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhy senesini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, barha artýan abraý-mertebesini ähli aýdyňlygy bilen görkezýän merkezdir.

Täze neşirde ýerleşdirilen hem-de ak mermerli binalary arkaly Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyzyň keşbiniň beýany bolup durýan suratlary synlan okyjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna, medeni-durmuş taýdan guwandyryjy ösüşine ýene bir ýola doly göz ýetirýär. Paýtagtymyzyň şöhratly geçmiş taryhy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki köptaraply ösüşi, paýtagtymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik maksat-tutumlar baradaky anyk maglumatlara esaslanýan ýazgylar bolsa şeýle buýsançly hakykatlaryň üstüni ýetirýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynyň terbiýeçilik ähmiýetini hem aýratyn nygtadylar. Sebäbi eser tutuşlygyna Arkadag Prezidentimiziň ähli ugurlarda bedew batly okgunly ösüşleri bilen haýran galdyrýan, ak mermerli binalardan sünnälenen sungat eserine öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherine bolan nusgalyk söýgi-buýsanjyna ýugrulandyr. Täze kitap Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň watansöýüji, belent ahlakly, ýurdumyzyň üstünliklerine ýüregi bilen buýsanyp, ýetilýän şeýle belent sepgitlere mynasyp goşant goşmagy öz öňünde belent maksat edip goýýan, ony ömrüniň mazmuny saýýan mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolar. Şunuň ýaly möhüm ähmiýetli eseri şanly senäniň hormatyna serpaý eden hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan bimöçber hoşallyk sözleri dabaranyň tutuş dowamynda joşgunly ýaňlandy. Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

Welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyp ýaşlary ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary bilen ýürekleriň töründen çykýan alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny artdyran aýdym-sazlarda eziz Arkadagymyzyň beýik tutumlarynyň, ynsanperwer döwlet syýasatynyň, ak arzuwlaryň amala aşýan şäheri bolan gözel Aşgabadyň, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň tarypy ýetirildi.

Nurmämmet HYDYROW,

«Balkan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29394