Mugallymy müň miweli daragtlary ýetişdirýän bagbana meňzedýärler. Daşy ýonup, sünnä sungat döredýän heýkeltaraşa deňeýärler. Ony geljegiň mizemez sütünlerini gurýan binagäre meňzedýänlerem bar. Olaryň hiç birine-de däl diýip bolmaz. Emma şol meňzedilýän kesp-hünärleriň ählisiniň kämilligi-de mugallymyň yhlasyndan başlanýar ahyry! Megerem, mugallymy Güne meňzedip bolar. Onuň barlygynda tümlük ökje göterip, ýagtylyk çyragy ýaýylýar.
Aýdylyşy ýaly, raýatyň gowy adam bolmagy — jemgyýet üçin utuş. Şol gowy adamyň mugallym bolmagy welin, jemgyýete ençeme esse bähbitlidir. Çyn mugallymyň zehini, ukyp-başarnygy döwlet Baştutanynda jemlenende bolsa, ol tutuş milletiň, nesilleriň bagtyna öwrülýär. Biz munuň şeýledigine milli Liderimiziň mysalynda ýygy-ýygydan göz ýetirýäris.
Gahryman Arkadagymyz — milletiň baş mugallymy. Halkyň ýol görkezijisi. Watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi.
1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde taryhyň şindiki, möhüm pursadynda öz pikirlerini paýlaşdy, ýaşlara öwüt-nesihatlaryny berdi. Göräýmäge, talyp ýaşlardyr okuwçylar üçin niýetlenen ýaly hem bolsa, munuň her birimiz üçin unudylmajak watançylyk sapagy bolandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Onuň diňe bir okuw sapagy däl, eýsem, döwürleri, nesilleri, köňülleri birleşdirýän hakyda sapagyna öwrülendigini-de nygtan ýagşy.
***
Biziň üçin ýurt Garaşsyzlygynyň mukaddeslik gymmaty nämede?
Bitaraplyk bize näme berdi?
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda halkara syýasatda nähili orun eýeleýär?
Özbaşdak ösüşiň 30 ýyly içinde gazanylanlar, esasan, nämelerden ybarat?
Watanymyzyň ösüşini ilerletmekde şu günki ýaş nesliň üstüne niçiksi borçlar düşýär?
Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda hünärmenleriň taýýarlygyna neneňsi talaplar bildirilýär?
Bizi mizemez millet, agzybir halk hökmünde haýsy gymmatlyklar, ýörelgeler baglanyşdyrýar, bitewüleşdirýär?
Öňde duran maksatlar we wezipeler, esasan, nämelerden ybarat?
Ine, Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagy her birimiz üçin möhüm bolan şu we şular ýaly sowallara takykdan aýdyň jogaplary özünde jemledi. Oý-pikirleriň täze gözýetimlerini açmak bilen, döwrümize, özümize has içgin, has çuňňur düşünmäge ýardam etdi.
Täsin ukyply bir adam hakda şeýleräk rowaýat edýärler. Nämemiş, ol sag gözi bilen geljegi, sol gözi bilen geçmişi görüp bilýärmiş. Ýöne şu günki güni görmeli bolanda, iki gözüni-de giňden açyp seredýärmiş. Ondan: “Ýeri, sen geçip giden geçmişidir nämälim geljegi bir gözde synlap bilýän halyňa, gözüň alnyndaky şu güni goşa didäň bilen synlamaň näme?!” diýip sorapdyrlar. Jogaby nagt bolupdyr: “Şu günüňi doly görüp bilmeseň, ne geçmişe göz ýetirip bolar, ne-de geljege!”.
Hawa, geçmişe buýsanç, geljege ynam şu günüňe, öz döwrüňe düşünmekden, oňa aň ýetirmekden başlanýar.
***
Danalar aýtmyşlaýyn, dünýäde iki gudrat bar bolsa, biri Sözdür!
Dünýäde ýeke gudrat bar bolsa, ol hem Sözdür!
Çeper sözlerdir. Ýürekden çykyp, göni ýürege ýetýän şeker sözlerdir...
“Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim” diýýän milli Liderimiziň öz çykyşynda halk döredijiliginiň nusgalaryny, dokmaňyz nakyllarydyr rowaýatlary ýerlikliden jaýdar ulanyşyna üns berensiňiz. Olar dirilik damjasy bolup, göni kalba damýar. Pederleriň oýnam söze iner ýüküni urup bilişlerini diýsene! Hut şeýle äheň, şeýle inçelik Gahryman Arkadagymyzyň öz eserlerine hem mahsus.
“Bilim odun ýygnamak däl-de, ot ýakmakdyr” diýilýär. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagy hem diňe gymmatly maglumatlary özünde jemländigi bilen däl-de, ýüreklere aralaşyp, duýgulary alawladyp, ýaş nesliň watançylyk söýgüsini artdyrandygy bilen ähmiýetlidir.
***
Mugallymçylyk, bilime, bilimlä sarpa, ýaş nesle ugur-ýol görkezmek, goldamak... Bu ýörelgeler döwlet Baştutanymyza pederlerinden arka-arka geçen terbiýe mekdebidir. Bu hakykata Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” atly romanlaryny okanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň.
“Döwlet guşy” romanynda beýan edilişi ýaly, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet aga Kirow raýonyna işe iberilip, ilkinji ädimlerini hem mekdep gurmakdan başlaýar. Onda-da nähili kynçylykly şertlerde!
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda obada mugallym zerur diýip, hernäçe ibermejek bolsalar-da, Berdimuhamet aganyň Watan goragyna gitmek üçin öz ýerine okuwçylaryndan ýedi gyza bu asylly kesbi öwredendigi, olaryň hem Aşgabatda synag tabşyryp, “mugallym” diýen güwänamany alyp, obalarynda uzak ýyllar abraý bilen zähmet çekendikleri baradaky maglumatlar okyjyny biparh goýmaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň garry atasy Anna aganyň-da ýaş nesle sowat öwretmekde yhlasyny gaýgyrmandygyna biz bu eser arkaly göz ýetirýäris. “Döwlet guşy” romanynda Anna aganyň bütin ömrüni Yzgantda geçirendigi, özem örän döwletli, abraýly adam bolandygy, onuň döwletiniň, näçe harç etse-de, egsilmändigi barada täsirli beýan edilýär. Ol Gökdepäniň ýaşlarynyň köpüsiniň Peterburgda, Moskwada, Daşkentde okap, ýokary bilim alyp gelmegi üçin harjyny öz üstüne alyp, pul baryny döküpdir. Obalara aýlanyp, zehinli, üşükli oglanlary gözläpdir. Olary tapybam, ata-eneleri bilen gepleşip, ylalaşyp, okuwa ýollapdyr. Ol bu işleri öz halkynyň sowatly, ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin edipdir.
Ine, hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli bilim ulgamyny kämillige ataran aýgytly çözgütleriniň, hem öz ýurdumyzda, hem dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim ýüküni berkden tutmagy babatdaky tutumly tagallalarynyň asyl-ruhy kökleri nirede eken!
Milli Liderimiziň bu ugurda baý ruhy tejribäniň eýesidigine biz täsiri ömre ornajak okuw sapagynyň dowamynda hem göz ýetirdik.
***
...Umumy okuw sapagyndan soňra, kaşaň Maslahat köşgünden çykyp barýan läle-reýhan ýaşlary synlaýaryn. Olaryň başlary belent, ýüzleri nurana, gadamlary ynamly!
Ýurdumyzyň ilatynyň gylla ýaryny 25 ýaşdan ýaş adamlar düzýär. Ýaşlar — jemgyýetiň iň täsirli we işjeň bölegi. Döwrüň ýönekeý öwüşginlerine çenli, öňi bilen, ýaşlarda şöhlelenýär. Ýaşlarda bolup geçen islendik üýtgeşme bolsa tutuş jemgyýete täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, döwletimizde uzak geljege niýetlenen, köpugurly ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanda ýaşlar syýasaty diýmek — kämil bilim ulgamy diýmek. Bagtyýar maşgala ojagy diýmek. Ýokary durmuş üpjünçiligi, iş orunlarynyň döredilmegi diýmek. Sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagy diýmek... Biz röwşen geljek bilen bagly ähli arzuw-hyýallarymyzy, maksatlarymyzy ýaş nesil bilen baglanyşdyrýarys.
Ykdysatçylar ylym-bilim ulgamlaryna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň beýleki pudaklara garanyňda, basym ödelýändigini, tiz wagtdan 3 — 6 esse möçberde ýokary girdeji berýändigini belleýärler. Ýurdumyzda bu ugra gönükdirilýän ummasyz harajatlaryň hasaby diňe ykdysady bähbitler bilen däl-de, eýsem, halkyň röwşen geljegi bilen ölçenýär.
Käbir maglumatlary degşirip göreliň! 2007-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 90 müň çaga 1-nji synpa barypdyr. Şu ýyl bolsa bu görkeziji 161 müň 739-a barabar boldy.
2007-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň 3 müň 715-si talyplyga kabul edilen bolsa, bu görkeziji şu ýyl 14 müň 687-ä baryp ýetdi!
Bu sanlardyr maglumatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan täze taryhy döwrüň gerimine, derejesine, aýgytly gadamlaryna göz ýetirmäge esas berýär. Munuň özi diňe bilim babatda däl, eýsem, halkyň barha ýokarlanýan ýaşaýyş-durmuş derejesi barada pikir öwürmäge-de anyk çelgidir.
Bu ýyllarda döwrebap bilim ojaklarynyň ýüzlerçesi guruldy. Ýokary okuw mekdepleriniň sany tas iki essä çenli artdyryldy. Olarda öwredilýän hünärleriň sany-da, döwrüň talabyna görä, yzygiderli artmak bilen. Soňky üç ýyldan misil tutsak, her okuw ýylynyň başyndan ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 30-dan gowragynyň girizilendigini aýtmak bolar.
Onsoňam, bular — diňe daşky görkezijiler. Ahyrky netije, esasy üstünlik bolsa şeýle giň gerimli işler bilen bilimiň hiliniň ýokarlandyrylyp, mazmunynyň baýlaşdyrylandygyndadyr.
“Türkmenistanda bilim ulgamy — munuň özi ýöne bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu — biziň çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr. Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly baglanyşygydyr” diýýän milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalary üznüksiz, köpugurly.
***
Käte oýlara berilýärsiň. Hezreti Aly: “Maňa bir harp öwredeniň kyrk ýyl hyzmatynda duraryn” diýipdir. Eýsem, biz giň mümkinçilikleri bilen köňlümize ganat, ömrümize zynat, ummanlary gulaçlamaga kürek, dünýä aralaşara dünýä deý uly ýürek beren döwrümiziň öňündäki borjumyzy-parzymyzy nädip ödäp bileris?! Ine, bu mukaddes borjy ödemegiň çelgisini-de Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagynda sözlän sözünden tapýarys:
“Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar”.
“Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr...”.
“Beýik maksatlara ýetmek üçin, zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!”
“Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr”.
“Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz”...
Bu sözler — ýürekden çykyp, ýürege ýetýän sözler.
Parasatly atanyň öz perzentlerine berip biljek pentleri...
Hawa, şahyr mamla:
Sözleň düre dönmek ukyby bardyr,
Düre dönen söze dürdäne diýrler...
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39384
Mugallymyň sözlerinde-de, özüni alyp barşynda-da sap ýüreklilik bolmalydyr, galplyga, ýasamalyga orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek galp aýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar.
* * *
Mugallym — özüne ynanylan gymmatly almazy ähli görki bilen şöhlelendirip biler ýaly täzeden işleýän jadygöýdir.
* * *
Mugallym — aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar.
* * *
Gowy mugallym özüni çaganyň ýerinde, çagany bolsa öz ýerinde goýup göz öňüne getirmäge çalşar. Eger mekdep otagynda altmyş sany göz oňa gönügen bolsa, onda otuz sany goşa gözüň her biri özbaşyna planetadyr, ählisi birigip bolsa, aňyrsy görünmez älemi, uç-gyraksyz ummany emele getirýär.
Gaýygyň şol ummanyň tolkunlarynyň arasyndan asuda ýüzüp geçmegi mugallymyň kürek urşuna baglydyr.
* * *
Mugallymyň sapak geçende özüni alyp barşy çaga terbiýesine uly täsir edýär.
* * *
Mugallym öz sesine aýratyn üns bermelidir. Gaty şaňňy, gyryljak ses çagany basym irizýär. Ýöne ýuwaş ses hem çaganyň gulagyna zor salyp diňlemegine, netijede armagyna getirýär. Degirmeniň sesi ýaly birsydyrgyn sesem çagany ymyzgandyrgyç bolýar. Ses öwrenilýän sapagy kabul etmegiň guraly bolmalydyr. Mugallymyň sapagy ussat bagşynyň aýdan aýdymyna meňzeş bolmalydyr.
* * *
Mugallym aýdýan zadyna özi ynanmaly hem-de ynandyrmagy başarmaly.
* * *
Mugallymyň özi elmydama bilim äleminde uly, beýik zatlar, maksatlar ugrunda göreşmelidir.
* * *
Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr. Hakyky mugallym adamkärçiligiň çür başyna çykmalydyr.
* * *
Mugallymyň borjy okuwçynyň kemçiligini, ýetmezini ýüze çykarmak däl-de, eýsem, onuň başarýan zadyny ýüze çykarmakdyr, şony ösdürmekdir we kämilleşdirmekdir, netijede ony gowy şahsyýet edip ýetişdirmekdir.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39094
Arassaja geýnip, birinji klasa okuwa barşy Mälikgulynyň iň süýji ýatlamalarynyň biridi. Şol günleri ýatlamagyň lezzeti ap-aýrydy.
* * *
Mälikgulynyň kakasy Berdimuhamet Annaýew obada abraýly adam.
Sowatly adam!
Ol oba mugallymy.
Ol obanyň — üç kolhozyň ýeke-täk mekdebiniň direktory.
Ol çagalary okadýar.
Ol ululary-da okadýar.
Ol kolhoz başlygy hem goňşusy Mody agany‑da okadýar. Sebäbi diňe bir ýaşlar däl, obanyň orta ýaşly adamlaram, ýaşy durugşan adamlaram ondan sowat aldy. Olar ýaşlarynyň kän uludygyna seretmezden, Berdimuhamet Annaýewe: «Ýoldaş mugallym!» diýip ýüzlenýärler, ony hormatlaýarlar.
* * *
Uzyndan inçesagt, sagdyn, agras, kyrk ýaşa ser uran, pähimli-paýhasly, sowatly direktor obada hormatlanýan, sylanýan adam. Ol okuwçylara ýa mugallymlara käýäp, azgyrylyp ýören ýolbaşçy däldir welin, onuň gelýändigini görseler, edep saklap, gyra çekilerler-de, garaşarlar, uly hormat bilen baş atyp, salam bererler. Direktor olara mylaýym nazar aýlap, hal-ahwal soraşyp geçip gider.
* * *
Direktor, köplenç, çal penjekli, ak köýnekli, başy gara bagana telpekli gezýär. Gürlände howlukman, her bir sözüni maňzyna ýetirip, ýuwaşja gürlär, sözüni diňledigiňçe diňläsiň geler.
* * *
Berdimuhamet mekdepde okaýan kyrk bäş okuwçynyň ählijesiniň adyny, familiýasyny, gylyk-häsiýetini, nähili okaýandygyny, ähli ilen-çalanyny gaty takyk bilýändir.
* * *
«Mähriban adamlar! Meniň sizden etjek bir haýyşym bar. Ýurtda uruş gidýär diýip, çagalaryňyzy okuwdan alyp galyjy bolaýmaň. Çagalar okasyn».
* * *
Kakasy oňa gowy okamagy öwran-öwran sargyt edip gitdi, Mälikgulam söz berip galdy. Okar. Hökman gowy okar.
* * *
Berdimuhamediň bu oba gelen gününden bäri esasy aladasy oba adamlaryna hemaýat etmek, hat-sowat öwretmek boldy. Kimdir biri üçin hat‑petek ýazmaly bolsa-da, onuň ýogy — boýun gaçyrmasy ýok. Ol kimdir birine ýardamynyň degjegini bilse, raýon merkezine, hatda Aşgabada gidip gelmäge-de ýaltanmaýar, garaňky düşensoň bolsa, daşyna adamlary üýşürip, türkmeniň geçmişinden gyzyklydan gyzykly wakalary gürrüň berýär.
* * *
Mekdebiň jaňyny hem Mälikgulynyň kakasy Aşgabatdan ýörite getiripdi. Şonda Berdimuhamet Mälikgula şeýle diýipdi: — Oglum, seniň ýedi ýaşyň doldy. Indi sen okuwa barmaly. Eger okuwa çenli harplary öwrenseň, birinji sentýabrda birinji jaňy saňa kakdyrjak. — Mälikguly jan birinji sentýabra çenli harplary hökman öwrener, ilkinji jaňam kakar — diýip, Ogulbäbek eje ynamly aýdypdy.
Ene ýalňyşmandy, Mälikguly birinji klasa baranda ähli harpy öwrenipdi, ýazyp-da bilýärdi.
* * *
«Bu oglan Berdimuhamet Annaýewiň ogly», «Berdimuhamet direktoryň ogly» diýlip tanyşdyrylanda, Mälikguly adamlaryň özüne nähili mähir hem hormat bilen bakýandyklaryny magat bilýärdi, bu oňa diýseň hoş ýakýardy. Oglanlar bir garagolluk etseler, arasynda Mälikguly bar bolsa, ýaşulular geçirimlilik edýärdiler. «Indi gaýtalamaň» diýýärdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39093
Geçen hepde ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze, belent sepgitlerini şöhlelendirýän nobatdaky möhüm wakalara baý boldy. Ol däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmeginiň hem-de täze binagärlik-gurluşyk desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň nyşany astynda geçdi. Bu desgalaryň Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
23-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de sebitiň merkezinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiz nobatdaky iri düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen dabarada çykyş edip, ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir diýip belledi.
Häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.
Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijiliginiň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.
Aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygy üstünlikli ösdürilýän strategik türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu işleri ýerine ýetirmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti 30 aý bolup, kompaniýanyň hyzmatlary üçin tölegler 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, üç ýylyň dowamynda Hytaýa tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrylar.
Täze gaz guýulary “mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyza köp möçberde pul serişdelerini getirip, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga şert döreder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Häzirki döwürde HHR-e türkmen tebigy gazynyň 40 milliard kub metri iberilýär. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, tebigy gazyň 65 milliard kub metrini ugratmak göz öňünde tutulýar. Geljekde Hytaýa eksport ediljek tebigy gazyň mukdary 100 milliard kub metre ýetiriler.
Şol gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulular bilen Mary şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasy bilen bir bitewi toplumy emele getirjek, 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desganyň gurluşygyna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobus sowgat berdi, milli amaly-haşam sungatynyň sergisini synlady hem-de şol ýerde geçirilen dabaraly konserte gatnaşdy. Konsertiň maksatnamasynda milli sungatymyzyň baý medeni mirasy, onuň gadymdan gelýän baý döredijilik däpleri we häzirki zaman mukamlary öz beýanyny tapdy.
Birnäçe halkara ýaryşlaryň abraýly baýraklarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary öz çykyşynda at üstündäki oýunlaryň inçe tilsimlerini görkezip, haýran galdyryjy akrobatik maşklary ýerine ýetirdiler.
Şol gün Mary welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş işgärleri bilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 7 gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumy şäheriň ýaşaýjylary üçin Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.
Şeýle hem şol gün Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.
24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek babatdaky işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy. Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biridir.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2020-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen çarçuwaly Maksatnamasy ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň ýörelgesidir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depgininiň soňky wagtlarda ep-esli artandygyny belläp, Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň energetika, ulag we beýleki ulgamlarda halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Kaka etrabynda gurlan iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabar bolan dokma senagatynyň bu täze desgasynyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Onuň işe girizilmegi bilen, 1 300 adam üçin iş orunlary dörediler.
Dokma toplumynda Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde ekologik taýdan arassa, ýokary hilli ýüplükler, boýalan we boýalmadyk nah matalar, şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan taýýar tikin önümleri öndüriler. Bu bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryny dürli görnüşli dokma önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berer. Önümleriň artýan bölegi “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara iberilip, pudagyň eksport mümkinçiligi artdyrylar.
Bulardan başga-da, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 800 000 amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Täze dokma toplumynyň işe girizilmegi pagta süýüminiň önümçiligini artdyrmaga hem-de ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny ýerinde gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu bolsa daşamak üçin çykdajylary azaltmaga, girdejileriň artmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, bu etrap senagat taýdan ösüp, onuň ykdysady kuwwaty artar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite ulagda umumy meýdany 18 gektar bolan täze kärhananyň bölümlerine aýlanyp gördi. Ýüplük, dokma hem-de tikinçilik fabrikleriniň, boýag bölüminiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we önümçilik ulgamynyň tehnologiýasy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz toplumda işleýän hünärmenleriň aglaba böleginiň gyz-gelinlerdigini nazarda tutup, bu ýerde zenanlaryň ilkinji guramasynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, onuň iş we dynç alyş şertleri, medeni çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz toplumda işleýän zenanlaryň baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, taryhyň dowamynda zenanlaryň zehininden dörän hünäriň döwrebap derejede ösdürilmegine bu ýerde aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem täze dokma toplumyna 10 sany täze awtobusyň, ýeňil awtoulagyň we 2 sany ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy.
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan birinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz mejlisiň barşynda käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki wagtda köpçülikleýin çäreleri geçirmegi çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamak, ilata edilýän ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek bar.
Şeýle hem milli Liderimiz eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda alnyp barylýan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çärelerini talabalaýyk guramagy sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmegi tabşyrdy. Halkara tejribäni öwrenmek, ugurdaş kanunlara seljerme işlerini geçirmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda aýry-aýry tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz güýz we gyş pasyllarynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, köpçülikleýin sowuklamanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda bellenen ýylylyk derejesini saklamak üçin ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz, kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça tabşyryk berdi.
26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşini kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamynda we birnäçe beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.
Owgan meselesi ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Şunda ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly düzgünleşdirilmegine hemişe ygrarlydygy bellenildi.
27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek, şu ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly desgalar, Bilimler we talyp ýaşlar güni, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, elektrik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, düzgün-tertibi we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedini ulanmaga bermek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän 4 gatly 32 öýli 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň 170-siniň gurluşygyna geçirilen seljermäniň netijeleri bilen tanşyp, desgalaryň gurluşygyny, olaryň açylyşa taýýarlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny we baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine hemişelik esasda gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Mejlisde nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hem-de Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen ýurdumyzda tebigy gazdan ammiak we metanol öndürmek boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça geçirilýän gepleşikler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary netijeli tehnologiýa esasynda işleýän önümçiligiň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, pudaga mundan beýläk-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy pudagynyň ähli işgärleriniň we gallaçylaryň öňünde örän wajyp hem jogapkärli möwsümiň durandygyny, ony öz wagtynda, ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň dänäniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berjekdigini belläp, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garalan meseleleriň ýene biri-de kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek hem-de ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, kosmos aparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini tassyklamak boldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň we senagatyň ýokary tehnologiýalar esasynda hem-de geljegi uly ulgamlary hasaba almak arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini Türkmenistanyň häzirki ýeten derejesiniň talap edýändigini hem-de munuň geljek üçin anyk çelgi bolup durýandygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Karar, Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy baradaky Buýruk, “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karar bar.
28-nji awgustda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy, hususan-da, G.Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, bu jemgyýetçilik guramalarynyň täze ýolbaşçysy saýlanyldy.
Ses berilmeginiň jemleri boýunça Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine A.Durdyýewa biragyzdan saýlanyldy. Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisinde hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisinde kabul edilen çözgütler Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlary bilen tassyklanyldy.
29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem Ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen bagly meselä degip geçip, esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.
Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylygy, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris.
Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan, iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.
Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesi.
Owganystanyň hoşniýetli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara bileleşik bilen bilelikde ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny we durnuklylygy gazanmakda, Owganystanyň ykdysady, durmuş we ynsanperwer taýdan ösmeginde owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen işini dowam etmäge taýýardygyny milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçmek bilen, hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasynyň iberilmeginiň dowam edýändigine, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilýändigine ünsi çekdi.
Şunda iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, ählumumy pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “Taliban” hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.
Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri barada aýtmak bilen, Bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde durnukly syýasy hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegine, ynamly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geljekki ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine gürrüňsiz bagly boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, şunuň ýaly çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýlaryny oňyn çözmekde uly tejribä eýedir hem-de hiç wagt bu işlerden daşda durmady.
Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygy bellenildi.
Öz nobatynda, jenap Şarl Mişel Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda dünýä bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeli Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň has-da artýandygyny, daşary syýasy başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzyň innowasiýa taýdan okgunly ösýändigini, halkymyza berilýän durmuş taýdan goldawyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39013
«Galkynyş» gaz känindäki dabaralardan soňky oýlanmalar
Sözüň başynda Garagumuň aňňat-aňňat gyrkylyk yzly çägeleriniň gujagynda — «Galkynyş» gaz käninde bolan dabaralaryň ondan sanlyja gün ozal, goja Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen berk baglanyşygynyň bardygy nygtalmaly hakykatdyr. Şol forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: «BMG-niň resminamalaryna esaslanyp, biz Merkezi Aziýada sebitiň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen birlikde, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin oňaýly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ugrundaky ýol bilen barýarys».
Milli Liderimiziň ak pata bermeginde «Galkynyş» gaz käninde ýokary tehnologiýaly senagat toplumynyň düzüm böleginiň işine badalga berilmegi şu sözleriň logiki dowamy bolup, anyklyk bilen iş ýüzünde amal edilýändiginiň irretsiz subutnamasydyr.
«Mawy altynyň» ummasyz gorlaryny gujagynda saklap ýatan «Galkynyş» tebigy gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işine 2009-njy ýylyň dekabrynda girişilipdi. Özem serişdeler gory boýunça ol älemi aňkardypdy. Beýik Britaniýanyň meşhur «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasynyň geçiren garaşsyz barlaglarynyň netijeleri dünýä derejesindäki täzelik bolupdy. Munuň özi Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykaran wakady. Mundan başga-da, bu ýerde nebit ýataklary hem bar.
«Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça işe girizilýän zawodlar toplumy sebitde iň iri gaz üpjünçilik desgasydyr.
2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň işe girizilmegi taryh sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy.
Şu ýerde ýene-de bir wakany hökman ýatlamak gerek. Ol — energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 2011-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Ylalaşyk. Bu Ylalaşykda Hytaýa ýylda goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýardy.
Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyşda» bolan dabaradaky çykyşynda belleýşi ýaly, geçen 11 ýylyň içinde Hytaý Halk Respublikasyna iberilen türkmen «mawy altynynyň» möçberi 300 milliard kub metrden gowrakdyr.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyzyň eksport çäklerini häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerine uzaýan «mawy altynly» turbalar birleşdirýär. Häzirki wagtda türkmen ýangyç-energetika toplumy çalt depginlerde, özem strategik, ýurdy ösen senagat-industrial döwlete öwürmek nukdaýnazaryndan ösýär. Şunda Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki sebitlerdäki täze, geljegi uly ýataklary özleşdirmek soňky ýyllarda has ýaýbaňlandyryldy. Şunlukda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça, öňem belleýşimiz ýaly, strategik ugur saýlanyp alyndy. Hökman bellemeli aýratynlyk bolsa anyk ykdysady bähbitlilik şertlerinde giň halkara hyzmatdaşlyk üçin hem çäksiz mümkinçilikleriň açylýandygydyr. «Galkynyş» käni munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony özleşdirmek işine dünýäniň iri hem abraýly kompaniýalarydyr şereketleri gatnaşýarlar. Mundan başga-da, häzirki wagtda bu ýerde gözleg işleri dowam etdirilýär. Hususan-da, şol işler bu ägirt uly nebitgaz zolagynyň meýdanyny hem-de senagat gorlaryny has takyk kesgitlemäge gönükdirilendir. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde, täze guýularyň burawlanmagy bar bolan uglewodorod serişdeleriniň deslapky bahasyna düýpli üýtgetmeleri girizmegiň mümkindigini eýýäm habar berdi.
Geologlaryň aýtmagyna görä, Garagumuň tas ähli ýerinde diýen ýaly, nebit hem gaz gorlary bar. Häzir şolaryň 20-ä golaýy senagat taýdan özleşdirilen. Gündogar Çalçulba, Şyh-Derweze, Takyr, Topçulba, Atabaý, Jerenli takyr, Sakarçäge, Gurruk, Tamdyrly, Gündogar Akguýy... Nesip bolsa, bu sanawyň yzy ýakyn ýyllarda has köpeler. Sebäbi häzirki wagtda şeýle gazly ýataklaryň 30-dan gowragy hasaba alyndy.
«Galkynyş» käniniň «Asyryň taslamasy» adyny alan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň başlanýan ýeridigi has buýsançlydyr. Bu taslamanyň tamamlanmaly ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhedindäki Fazilka ilatly nokadydyr. Ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösýän Hindistan türkmen gazynyň ilkinji kub metrlerini almaga göz dikip garaşýar. Häzirki wagtda Hindistan her ýyl 50 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy sarp edýär. Bu görkeziji her ýyl 4,5 göterim köpelýär. Şundan görnüşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti uludyr. Bu gaz geçiriji arkaly iberiljek tebigy gaz Hindistanyň senagat-industrial ösüşi hem-de ilatynyň hajatlary üçin iňňän zerurdyr.
Bilermenler TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň tebigy gaz zerurlygynyň 20 göterimini üpjün edip biljekdigini aýdýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, TOPH taslamasy energetika hem-de kommunikasiýa geçelgesi bolar. Bu taslama bilen bilelikde amala aşyryljak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi energiýa zerurlygynyň üpjün edilmegine şert döreder.
Dünýäniň energetika institutlarynyň habarlaryna salgylansaň, häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 17 göterimi ABŞ-da, 12 göterimi Ýewropa Bileleşiginde, 23 göterimi Hytaýda, 5 göterimi Hindistanda sarp edilýär. 2040-njy ýyla çenli döwürde bu görkezijiniň ABŞ-da 13 göterime, ÝB-de 8 göterime çenli azalyp, Hytaýda 24 göterime çenli artmagyna, Hindistanda bolsa 2 esseden hem gowrak artyp, 11 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.
Dünýäde häzir «gara altyn» diýlip hasaplanylýan nebite, «mawy altyn» diýlip atlandyrylýan tebigy gaza isleg barha artýar. Şol bir wagtda dünýä biržalarynda bu önümleriň bahasy ýokarlanýar. Pikir edip görseň, Ýer ýüzündäki ähli önümçilik nebit hem gaz bilen bagly bolup çykýar. Meselem, ulagyň dürli görnüşleri benzine ýa dizel ýangyjyna ýa-da suwuklandyrylan gaza mätäç. Önümçilik kärhanalarynyň, ylaýta-da, ýokary tehnologiýalara esaslanýan industrial zawod-fabrikleriň ählisi mawy ýangyç ýa-da elektrik togy bilen herekete getirilýär. Elektrik togy üçin hem, esasan, tebigy gaz gerek. Ýaşaýyş-durmuş hajatlary-da hökman nebite hem-de tebigy gaza gelip direýär. Iň bärkisi, ojagyňy ýylatjak bolsaň hem, nahar-şoruňy taýýarlajak bolsaň hem mawy ýangyç gerek.
Bilermenleriň — ekspertleriň hasaplamalaryna görä, Ýewropa ýurtlary 2030-njy ýylda 500 milliard kub metr tebigy gazy almaly bolar. Bazar şony talap edýär. Ine, şu nukdaýnazardan Ýewropa üçin türkmen tebigy gazynyň eksport edilmeginiň geljekde nähili möhümdigi äşgär görünýär.
Türkmenistanyň ýerleşýän ýeri, tutuşlygyna diýen ýaly, şol bir wagtda-da, Hazar deňziniň akwatoriýasynyň ýanaşyk bölegi nebiti we gazy agtarmak, gözleg işlerini yzygiderli ýaýbaňlandyrmak babatda dünýäde uly geljegi bar ýerlerdir. Şu wagta çenli ýurdumyzda 150-den gowrak nebit-gaz we gaz kondensat ýataklary açyldy. Soňky ýyllarda açylan Günorta Ýolöten — Osman, «Ýaşlar» gaz ýataklary öz gorlary boýunça dünýäniň deňsiz-taýsyz ýataklarynyň hataryna goşuldy. 2010-njy ýylyň ortasynda bolsa türkmen alymlarynyň we geologlarynyň ylmy barlaglarynyň netijesinde, Mary welaýatynda gazyň iňňän köp möçberini özünde jemleýän «Minara» ýatagy açylypdy.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýipdi: «Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleriniň üstünden hem çekilip bilner».
Forumdaky eden çykyşynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bolsa energiýa meselesiniň juda wajypdygyny, ösüşleriň hut şu meselä baglydygyny, ylaýta-da, ilatyň sosial-durmuş hajatlary üçin tebigy gazyň zerurdygyna ünsi çekip, türkmen tebigy gazyna, esasan-da, suwuklandyrylan gaza islegiň uludygyny ýanjapdy.
Ine, gadymy Mary topragynda gurluşygyna girişilmeli «mawy altynly» guýular sebitiň ösüşi, ýakyn hem alys ýurtlar bilen ykdysady-söwda hyzmatdaşlyk üçin nähili wajyp!
Soňky wagtlarda bolsa gazy suwuklandyrylan görnüşde, tankerler arkaly Ýewropa bazarlaryna we ondan aňryk eltmek meselesi uly gyzyklanma döredýär. Şeýle bolansoň, Hazar astyndan geçjek turbalar arkaly, gazy Gruziýanyň Kulewi portuna ýetirip, şol ýerde hem ony suwuklandyrýan zawody gurup, taýyn önümleri tankerler bilen, Gara deňziň üstünden Rumyniýanyň porty Konstansa eltmek, soňra Bolgariýa ýetirmek hakdaky taslamanyň öňe sürülýändigini hem hökman ýatlamaly.
Iň ygtybarly hem-de sebitde durnuklylygy we köpugurly hyzmatdaşlygy üpjün edip biljek taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bolsa güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Häzir onuň türkmen bölegindäki işler doly tamamlandy.
...Ýandepderçämdäki bir bellige nazar aýlaýaryn. Ol 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine bolan iş sapary wagtynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda taryhy söz sözlän mahaly kagyza geçipdi. Şonda dünýä bileleşiginiň belent münberinden eden çykyşynda milli Liderimiz şeýle diýipdi: «Geçiriljek işleriň köp babatda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Bu bolsa gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer. Çeýe üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, senagat taýdan durnukly ösüşi goldamaga we innowasiýalary höweslendirmäge giň şertleri döreder».
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüş arkaly parahatçylygyň, halklaryň röwşen geljeginiň, özara ynanyşmagyň bähbidine, energetika-ýangyç baýlyklaryny daşarky bazarlara diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan strategik ugurdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji ýubileý sessiýasynda täze Müňýyllygyň jarnamasy öňe sürlüpdi. Şonda beýan edilen Ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge Türkmenistan işjeň gatnaşýar. Anyk aýdanyňda, energetika babatda Türkmenistanyň hödürleýän hem-de amala aşyrýan taslamalary Ýewraziýa yklymynda umumadamzat ösüşi üçin diýseň wajypdyr. Geliň, sözümizi anyk deliller bilen esaslandyralyň! Ýekeje mysaly ýatlaýalyň! Ylmy tejribä görä, 1 tonna etil spirtini almak üçin, 4 tonna bugdaý ýa-da 10 tonna ýeralma, ýa-da 14 tonna gant şugundyry gerek, 2 tonna gaz bolsa şolaryň ählisiniň deregini tutýar. Uglewodorod serişdelerine bolan islegdir baha dünýä bazarynda barha ýokarlanmak bilen, sebäbi dünýäniň ýüzi industrial ösüşe tarap.
2015-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyz tarapyndan guralan, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutmak çäresi ýene-de ýada düşüp gidýär. «Galkynyşdaky» bu waka XXI asyryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp sene bolupdy.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak — bu sebitde parahatçylygy berkitmek, täze ykdysady hyzmatdaşlyklary giňeltmek, müňlerçe iş orunlaryny, ýurtda hem-de goňşy döwletlerde iň häzirki zaman senagat infrastrukturalaryny döretmek diýmekdir.
Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, TOPH gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzak möhletleýin esasda iberiler.
TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli, jebisleşdiriji, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýän dünýä nusgalyk işdir.Şonuň üçin hem «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň juda möhümdigi düşnüklidir. Şeýlelikde, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işleýän desgalaryň eýýäm 3-si işe girizildi.
Dünýäde «gara altyndyr» «mawy altynyň» gymmaty barha artýar, arzylanýar. Türkmenistanyň amala aşyrýan, meýilleşdirýän taslamalary bolsa, şeýlelikde, dünýäniň ykdysady giňişliginde täze hyzmatdaşlyga giň ýol açar.
Ýurdumyzyň energetika syýasaty «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» esaslanyp, ýangyç-energetika toplumynyň düzümine degişli täze desgalaryň gurluşygyna, nebite we gaza baý täze, önümli ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işlerine daýanýar. Şunlukda, nebitgaz önümçiliginiň dürli ugurlarynda innowasiýalary ulanmagyň aýratynlyklaryna, türkmen energiýa göterijilerini dünýä energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Geografik taýdan amatly ýerde — Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmegi hem-de ýurduň çäginde dünýäde «mawy altyn» diýlip atlandyrylýan tebigy gazyň uly möçberdäki gorlarynyň bolmagy sahawatly türkmen topragynyň aýratynlygydyr.
Türkmen topragynyň «mawy altyny» bu ýurtda ýaşaýan adamlaryň kalbynyň mährine meňzäp, yklymlaryň süňňüne siňýär. Nur paýlamagyň sogaby hem sahawaty juda aňyrdandyr.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38843
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň açylyşyndan soňky oýlanmalar
25-nji awgust. Säheriň ümüş-tamşy. Paýtagtdan Kaka çenli birneme menzil bar. Daş-töweregiňi synlap, gözleriňi gönendirip, göwnüňi gülündirip barmaly... Alkymlan güýzden salam getiren sergin ýellere baş atýan «ak altynly» meýdanlarda gözüň eglenýär. Ine, bereket-baýlygyň nusgasy! Hä diýmän, bu ýerlerde ýygym möwsümi gyzgalaň alar. Gowaçaly meýdanlar Kaka dokma toplumy, umuman, dokma senagatynyň ösüşli sepgitleri baradaky söhbedimiziň uşlybyny çözledi oturyberdi.
Dörediji Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle tymsal beýan edilen: ir döwürde patyşanyň dünýäde iň owadan, iň ýakymly ysly hem-de iňňän güýçli özüne çekýän gül baradaky sowalyna derwüş: «Merhemetli patyşa! Eger-de biziň däplerimizi hemem aýratynlyk-larymyzy göz öňünde tutsaň, bu gül gowaça güli bolar. Sebäbi onuň gülleýşi iň owadan güllere kybapdyr. Iň esasy zat bolsa, adam dünýä inende, gowaça-da onuň bilen bile peýda bolýar...» diýip jogap beripdir.
Gowaça — yrýasyz ekin. Hasylynyň 95 göterimi dürli önümleri almaga ýaramly bu gadymy ekiniň durmuşyň tas ähli ugrunda öz orny, ähmiýeti bar. Onuň diňe egin-eşik önümçiligindäki ulanylyşynyň taryhy üç müň ýyldan agýar. Berekedi-de özündedir: bir tonna pagtadan, takmynan, 600 — 700 sany jinsi balak öndürip bolýar, galany-da beýleki önümlere ýarna. Pagtadan edilen eşikler howany gowy geçirýändigi bilen güneşli ýurtlarda has-da arzylydyr, amatlydyr.
Gymmaty barha artýan gowaça häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne “Ýer ala, ýurt ala” diýleni, ähli ýerde bitginliligi, berekedi deň däl. Günüň tylla howrundan, topragyň sahawatyndan ýetdik paýyny alyp ýetişýän türkmen pagtasy hili boýunça dünýäde iň gowularyň biri diýlip ykrar edilýär.
Ekerançy alymlaryň aýtmagyna görä, ýurdumyzda sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň 20-den gowrak sorty ekilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda-da öňdäki orunlarda.
* * *
Ozallar, Garaşsyzlykdan öň, Türkmenistan pagta öndürmäge ýöriteleşdirilen agrar ýurt hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, öndürilýän ummasyz pagtanyň bary-ýogy 3 göteriminiň özümizde gaýtadan işlenendigi, özi-de diňe hili pes bolan biz matanyň dokalandygy bellidir. Ine, şoňa görä-de, dokma pudagy gönüden-göni Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän, özüni tutan, boý alyp, çar ýana pür-pudak ýaýradan senagatdyr diýip, ynamly aýdyp bolar.
Dokma pudagynyň önümçilik kuwwaty Garaşsyzlyk ýyllarynda 15 esseden-de artdyryldy. Bu pudakda 30-dan gowrak iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde dokma toplumlarynyň, pagta egriji, dokma we tikinçilik fabrikleriniň, ýüpegi, derini we ýüňi gaýtadan işleýän, şeýle hem aýakgap kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olaryň ençemesi Merkezi Aziýada iri toplumlardyr. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri halkara ISO 9001, 9002, ISO 14001, WRAP we OHSAS 18001 standartlaryna eýe boldular.
Häzir ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň gylla ýaryndan agdygy özümizde gaýtadan işlenilýär. Öndürilýän taýýar önümleriň 70 göterimden gowragy Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, GDA, Aziýa ýurtlaryna hem-de Ýewropanyň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ýerlenilýän «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» haryt nyşanly önümler dünýä bazarynda geçginli harytlara öwrülýär.
Gazetimizde her duşenbe güni hepdelik birža täzelikleriniň çap edilýändiginden okyjylar habarlydyr. Ine, geçen hepdäniň netijelerinden mysal getirip aýtsak, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenilip, geleşikleriň bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolupdyr.
«Dokmasy bolan dok bolar» diýen türkmen «Dok başa döwlet ýagar» hem diýipdir. Dokmaçylygy ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr. Dokma — döwletlilik çeşmesi. Şoňa görä-de, geljegiň ösüş maksatnamalarynda oňa has-da giň gerim bermek ileri tutulýar. Has anygy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” Dokma senagaty ministrligi boýunça degişli döwürde nah ýüplügi öndürmegiň 6,9 göterim, nah matalary, sütüklini goşmak bilen, öndürmegiň 16,0 göterim, örülen we tikin önümlerini öndürmegiň bolsa 48,9 göterim derejede artdyrylyşyny gazanmak meýilleşdirilýär. Netijede, harytlyk önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüşi 11,9 göterime eýe bolar.
* * *
Kaka dokma toplumy! Ösüşli ýoluň täze sepgidi! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylyp, barha ýakynlaşýan baş baýramyň şatlygyna şatlyk goşan bu topluma diňe bir kärhana diýmek bärden gaýtma bolar. Ol 18 gektar giňişlikde ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik fabriklerini özünde jemlän giden bir şäherçe! Umumy bahasy 147 million 850 müň amerikan dollaryna barabar bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardyr. Onuň açylmagy bilen, 1 müň 300 adama iş ornunyň döredilendiginiň özi nämä degmeýär!
Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyňdyr Germaniýanyň ýüplük egriji, mata dokaýan, boýag, tikinçilik enjamlaryndan ýüküni tutan bu toplumda ýurt boýunça täze önümçiligiň — “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügiň çykarylmagynyň ýola goýlandygyny, şonuň ýaly-da ýüplügiň garyşyk görnüşlerini çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigini hem bellemeli.
Ýene-de bir guwandyryjy habar, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 müň 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga beriljek wagty-da indi uzakda däl.
* * *
Geýim-gejimiň diňe egin örtgüsi däldigi belli. Ol ruhuň hem ýaraşygy. Asyl-ha, adamyň içki dünýäsiniň daşky dünýä bilen gatnaşygy, öňi bilen, onuň lybasynda açylýar. “Lybaslar ýalan sözlemez, eýesi hakda ähli zady sessiz gür berer” hem diýýärler. Göze gelüwli lybas bir gowy saz, bir datly tagam, bir gowy film ýaly lezzet berýär. Ilçilik bu, çagalyk, ýaşlyk, toý lybaslaryny gymmatly ýadygärlik hökmünde bütin ömrüne arzylap ýörenlere duşanyňda, lybasyň diňe mata parçasy däldigine, durmuşyň bir bölegidigine has magat göz ýetirýärsiň.
Adamyň rahat eşige zerurlygyny onuň rahat öýe zerurlygyna barabar hasaplaýarlar. Hakykatdan-da, eşikler adamyň ilkinji hem özboluşly öýi ahyry! Şoňa görä, tikinçiligi, dokma dizaýnerligini binagärlik sungaty bilen bir orunda goýýanlara ikirjiňsiz hä beresiň gelýär.
Hawa, egin-eşik, lybas işi özbaşyna bir medeniýet, özbaşyna uly sungat. Şeýle bolmanlygynda, dünýä ýaşly, dünýä paýhasly halkymyz: “Gözellik ondur, dokuzysy dondur” diýäýip goýbermezdi. Türkmen diňe şeýle diýmek bilenem oňman, geýinmegi sungat derejesine ýetiren, onuň nusgalyk mekdebini döreden halk. Asyrlaryň dowamynda sünnälenen milli lybaslarymyzyň inçeligine, nepisligine, ýerlikliligine jahan halky moda sungatynyň ösüp-örňäp, arşa çykan şindiki çagtynda-da haýran galyp ýör.
Ýurdumyzda häzirki döwürde öndürilýän egin-eşiklerde-de milli äheňlerdir döwrebap öwüşginler, biçüwler sazlaşýar, «dil tapyşýar». Özüňize belli, soňky wagtlarda diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, sebitlerde hem Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň ençemesi açyldy. Ine, şol dükanlara ýoluň düşende, gyzgalaňynyň hemişe ýetikdigini görmek bolýar. Dünýä inen bäbejigi ýaşuzynlajaklaram şol ýerdedir, toý sähedi bellenen juwanlaram. Talyp bolup, şaý-esbabyny tükelläp ýörenlerem, sportsöýer ýaşlaram şol ýerde egin-eşik saýlamak bilen gümradyr. Myhman gelen gaýry ýurtlulara-da duşaýmak geň däl. Ine, onsoň, dürli ýaşly, dürli kespli adamlaryň islegine, talabyna hötde gelip bilşini türkmen dokma pudagynyň döwrebap ösüşine kireňsiz misil saýýarsyň. Özi-de bu dükanlarda elýeterli bahalardan başgapdan aýakgaba çenli öz ýurdumyzyň önümlerinden “dokuzyňy düzläp” bolýar. Birmahallar, aýdylyşy ýaly, “at münüp, atam gomlap”, alys ýurtdan gyzyl pula getirilen panbarhat, ştapel matalar gyz-gelinleri daşynda egele eýlese, önümçiligi soňky dört-bäş ýyllykda ýola goýlan örme žemperlerdir gaýry önümler köpdürlüligi, köpöwüşginliligi bilen özüne çekýär...
Gadymy döwürleriň lukmanlary nähoş üçin, öňi bilen, öz topragynda ýetişýän miwelerdir önümleriň bire-bir melhemdigini ýanjapdyrlar. Öz ýurduňda öndürilen lybaslary geýmegiň-de hem melhemlik, hem ylhamlyk täsiriniň bardygyny kim inkär eder?!
Onsoňam, diňe geýim-gejimlermi näme?! Toýpaýlyk elýaglyklardan başlap, düýeýüň saçaklara çenli dürli durmuş hajatlary bilen bagly önümleriň bolelinligini göreý diýseň, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna, olaryň dükanlaryna barmaly. Ine, indi şolaryň üstüni Kaka dokma toplumynda öndüriljek ýokary hilli önümler ýetirer. Täze dokma toplumynyň açylyşy wagtynda taýýar önümleriň sergisini synlap, gözüň guwanyp, göwnüň dokunýar.
Pederlerimiz: “Toýa barsaň, doýup bar, toý donuňy geýip bar!” diýipdirler. Bu gün döwletli halkymyz öz eken pagtasyndan öz tiken toý donuny geýip, baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny garşylaýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38741
Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynyň çäginde nah ýüplügini we ýokary hilli egin-eşikleri öndürýän häzirki zaman dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizildi. Şeýle-de milli Liderimiz düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi. Bu buýsançly wakalar welaýatyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylarynda çuňňur hoşallyk duýgusyny döretdi.
Habarçymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan çagynda bolan bu ajaýyp wakalar mynasybetli bagtyýar ýaşaýjylaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.
Mahym DURDYÝEWA,
Kaka dokma toplumynyň hünärmeni:
— Mundan sanlyja ýyl ozal etrabymyzyň çäginde häzirki zaman dokma toplumynyň guruljakdygy hakdaky hoş habary eşidip, göwün guşumyz ganatlanypdy. Ezber elli gurluşykçy hünärmenler bu iri toplumyň gurluşygyny gysga wagtyň içinde ýerine ýetirdiler. Ine, naýbaşy toýumyzyň uludan toýlanylýan şu ajap günlerde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda iri dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu pursat meniň durmuşymda aýratyn şatlykly wakadyr. Çünki men bu kuwwatly kärhanada zähmet çekmek bagtyna eýe boldum.
Arkadagly döwrümizde dürli maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. Bu gün etrabymyzyň merkezinde «Serdar» pamyk egriji fabrigi, Duşak şäherçesinde tikin-trikotaž fabrigi, şeýle-de hususy pudagyň wekillerine degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi bar we olar ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolýarlar. Bu ýurdumyzda önüm bolçulygynyň pugtalanmagyna, ýaşlarymyza iş orunlarynyň döremegine oňyn täsirini ýetirýär. Şu gün ulanylmaga berlen iri dokma toplumynyň hem bu babatda ähmiýeti örän uludyr, ýagny täze kärhanada etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň 1300-si üçin ýokary amatly iş orunlary döredi. Bu ýerde netijeli zähmet çekmegimiz üçin ýokary derejedäki amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp toý günlerinde kuwwatly desgany sowgat edendigi üçin, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar mundan beýläk-de ýaran bolsun!
Meýlismyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy:
— Etrabymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň sany barha artýar. Halkyň hyzmatyna berilýän şeýle desgalaryň sany barmak büküp sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň ýazynda etrabymyzyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhana toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly, gök-bakja önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen etrabymyzyň ýaşlarynyň 100-e golaýyna iş orunlary döredildi. Bu gün bolsa etrabymyzyň gözel künjeginde ýurdumyz boýunça iň iri dokma toplumlarynyň biri toý ruhunda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berjek täze iri toplumda bagtyýar ildeşlerimiziň 1300-si üçin iş orunlary açyldy.
Hormatly Prezidentimiziň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrundaky tagallalarynyň rowaçlanmagynda täze toplumyň orny uly bolar. Bu ýerde ekologik taýdan arassa çig maldan öndüriljek ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarda uly islege eýe boljakdygy buýsanjymyzy goşalandyrýar. Täze taryhy döwrümizde şeýle kuwwatly kärhanalary gurduryp, berkarar Watanymyzyň dokma toplumynyň ösüşiň belentliklerine çykmagy ugrunda bimöçber tagalla edýän hormatly Prezidentimize päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Suraý HANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri:
— Şu gün etrabymyzda uly toý, şatlyk-şagalaň. Gahryman Arkadagymyz etrabymyza gelip, iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, bagtdan paýly ildeşlerimize kuwwatly önümçilik desgasyny sowgat etdi. Muňa şatlygymyzyň, buýsanjymyzyň çägi ýok.
Egriji, dokma, boýag we tikinçilik bölümlerini öz içine alýan täze toplum ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli kärhanalaryň üstüni ýetirdi. Bu ýerde inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasyny gaýtadan işläp, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümini öndürmäge giň mümkinçilikler bar. Aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri-de täze toplumda esasy çig mal hökmünde welaýatymyzyň daýhanlarynyň azaby bilen ýetişdirilýän inçe süýümli pagtanyň ulanylmagydyr. Ondan öndüriljek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, dürli görnüşli dokma önümleriniň «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşary bazara çykaryljakdygy bizi has-da buýsandyrýar. Etrabymyzda şeýle iri desgany gurduryp, sowgat edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Ýaýlym ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Kaka etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary:
— Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde geçen sanlyja ýylyň içinde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi hakdaky aladalary bu babatda has-da guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň etrabymyzda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etmegi nesilleriň saglygy baradaky aladanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Dogrusy, bu waka berkarar Watanymyzda çagalaryň aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalandygy hakdaky hakykaty has-da dabaralandyrdy.
Biz — saglygy goraýyş işgärleri döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy dünýä derejesinde ösdürmek, ulgama dünýä lukmançylygynda gazanylan täzelikleri ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny goramak bilen bagly amala aşyrýan giň gerimli işlerine her bir ädimde göz ýetirip gelýäris. Şu şatlykly günlerde welaýatymyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine berlen «Tiz kömek» awtoulaglary saglygy goraýyş işgärlerine ýaş nesliň saglygy üçin ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga ýardam eder. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, ýaş nesliň sagdyn ösmegi ugrunda edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38522