«Galkynyş» gaz känindäki dabaralardan soňky oýlanmalar
Sözüň başynda Garagumuň aňňat-aňňat gyrkylyk yzly çägeleriniň gujagynda — «Galkynyş» gaz käninde bolan dabaralaryň ondan sanlyja gün ozal, goja Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen berk baglanyşygynyň bardygy nygtalmaly hakykatdyr. Şol forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: «BMG-niň resminamalaryna esaslanyp, biz Merkezi Aziýada sebitiň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen birlikde, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin oňaýly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ugrundaky ýol bilen barýarys».
Milli Liderimiziň ak pata bermeginde «Galkynyş» gaz käninde ýokary tehnologiýaly senagat toplumynyň düzüm böleginiň işine badalga berilmegi şu sözleriň logiki dowamy bolup, anyklyk bilen iş ýüzünde amal edilýändiginiň irretsiz subutnamasydyr.
«Mawy altynyň» ummasyz gorlaryny gujagynda saklap ýatan «Galkynyş» tebigy gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işine 2009-njy ýylyň dekabrynda girişilipdi. Özem serişdeler gory boýunça ol älemi aňkardypdy. Beýik Britaniýanyň meşhur «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasynyň geçiren garaşsyz barlaglarynyň netijeleri dünýä derejesindäki täzelik bolupdy. Munuň özi Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykaran wakady. Mundan başga-da, bu ýerde nebit ýataklary hem bar.
«Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça işe girizilýän zawodlar toplumy sebitde iň iri gaz üpjünçilik desgasydyr.
2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň işe girizilmegi taryh sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy.
Şu ýerde ýene-de bir wakany hökman ýatlamak gerek. Ol — energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 2011-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Ylalaşyk. Bu Ylalaşykda Hytaýa ýylda goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýardy.
Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyşda» bolan dabaradaky çykyşynda belleýşi ýaly, geçen 11 ýylyň içinde Hytaý Halk Respublikasyna iberilen türkmen «mawy altynynyň» möçberi 300 milliard kub metrden gowrakdyr.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyzyň eksport çäklerini häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerine uzaýan «mawy altynly» turbalar birleşdirýär. Häzirki wagtda türkmen ýangyç-energetika toplumy çalt depginlerde, özem strategik, ýurdy ösen senagat-industrial döwlete öwürmek nukdaýnazaryndan ösýär. Şunda Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki sebitlerdäki täze, geljegi uly ýataklary özleşdirmek soňky ýyllarda has ýaýbaňlandyryldy. Şunlukda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça, öňem belleýşimiz ýaly, strategik ugur saýlanyp alyndy. Hökman bellemeli aýratynlyk bolsa anyk ykdysady bähbitlilik şertlerinde giň halkara hyzmatdaşlyk üçin hem çäksiz mümkinçilikleriň açylýandygydyr. «Galkynyş» käni munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony özleşdirmek işine dünýäniň iri hem abraýly kompaniýalarydyr şereketleri gatnaşýarlar. Mundan başga-da, häzirki wagtda bu ýerde gözleg işleri dowam etdirilýär. Hususan-da, şol işler bu ägirt uly nebitgaz zolagynyň meýdanyny hem-de senagat gorlaryny has takyk kesgitlemäge gönükdirilendir. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde, täze guýularyň burawlanmagy bar bolan uglewodorod serişdeleriniň deslapky bahasyna düýpli üýtgetmeleri girizmegiň mümkindigini eýýäm habar berdi.
Geologlaryň aýtmagyna görä, Garagumuň tas ähli ýerinde diýen ýaly, nebit hem gaz gorlary bar. Häzir şolaryň 20-ä golaýy senagat taýdan özleşdirilen. Gündogar Çalçulba, Şyh-Derweze, Takyr, Topçulba, Atabaý, Jerenli takyr, Sakarçäge, Gurruk, Tamdyrly, Gündogar Akguýy... Nesip bolsa, bu sanawyň yzy ýakyn ýyllarda has köpeler. Sebäbi häzirki wagtda şeýle gazly ýataklaryň 30-dan gowragy hasaba alyndy.
«Galkynyş» käniniň «Asyryň taslamasy» adyny alan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň başlanýan ýeridigi has buýsançlydyr. Bu taslamanyň tamamlanmaly ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhedindäki Fazilka ilatly nokadydyr. Ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösýän Hindistan türkmen gazynyň ilkinji kub metrlerini almaga göz dikip garaşýar. Häzirki wagtda Hindistan her ýyl 50 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy sarp edýär. Bu görkeziji her ýyl 4,5 göterim köpelýär. Şundan görnüşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti uludyr. Bu gaz geçiriji arkaly iberiljek tebigy gaz Hindistanyň senagat-industrial ösüşi hem-de ilatynyň hajatlary üçin iňňän zerurdyr.
Bilermenler TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň tebigy gaz zerurlygynyň 20 göterimini üpjün edip biljekdigini aýdýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, TOPH taslamasy energetika hem-de kommunikasiýa geçelgesi bolar. Bu taslama bilen bilelikde amala aşyryljak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi energiýa zerurlygynyň üpjün edilmegine şert döreder.
Dünýäniň energetika institutlarynyň habarlaryna salgylansaň, häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 17 göterimi ABŞ-da, 12 göterimi Ýewropa Bileleşiginde, 23 göterimi Hytaýda, 5 göterimi Hindistanda sarp edilýär. 2040-njy ýyla çenli döwürde bu görkezijiniň ABŞ-da 13 göterime, ÝB-de 8 göterime çenli azalyp, Hytaýda 24 göterime çenli artmagyna, Hindistanda bolsa 2 esseden hem gowrak artyp, 11 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.
Dünýäde häzir «gara altyn» diýlip hasaplanylýan nebite, «mawy altyn» diýlip atlandyrylýan tebigy gaza isleg barha artýar. Şol bir wagtda dünýä biržalarynda bu önümleriň bahasy ýokarlanýar. Pikir edip görseň, Ýer ýüzündäki ähli önümçilik nebit hem gaz bilen bagly bolup çykýar. Meselem, ulagyň dürli görnüşleri benzine ýa dizel ýangyjyna ýa-da suwuklandyrylan gaza mätäç. Önümçilik kärhanalarynyň, ylaýta-da, ýokary tehnologiýalara esaslanýan industrial zawod-fabrikleriň ählisi mawy ýangyç ýa-da elektrik togy bilen herekete getirilýär. Elektrik togy üçin hem, esasan, tebigy gaz gerek. Ýaşaýyş-durmuş hajatlary-da hökman nebite hem-de tebigy gaza gelip direýär. Iň bärkisi, ojagyňy ýylatjak bolsaň hem, nahar-şoruňy taýýarlajak bolsaň hem mawy ýangyç gerek.
Bilermenleriň — ekspertleriň hasaplamalaryna görä, Ýewropa ýurtlary 2030-njy ýylda 500 milliard kub metr tebigy gazy almaly bolar. Bazar şony talap edýär. Ine, şu nukdaýnazardan Ýewropa üçin türkmen tebigy gazynyň eksport edilmeginiň geljekde nähili möhümdigi äşgär görünýär.
Türkmenistanyň ýerleşýän ýeri, tutuşlygyna diýen ýaly, şol bir wagtda-da, Hazar deňziniň akwatoriýasynyň ýanaşyk bölegi nebiti we gazy agtarmak, gözleg işlerini yzygiderli ýaýbaňlandyrmak babatda dünýäde uly geljegi bar ýerlerdir. Şu wagta çenli ýurdumyzda 150-den gowrak nebit-gaz we gaz kondensat ýataklary açyldy. Soňky ýyllarda açylan Günorta Ýolöten — Osman, «Ýaşlar» gaz ýataklary öz gorlary boýunça dünýäniň deňsiz-taýsyz ýataklarynyň hataryna goşuldy. 2010-njy ýylyň ortasynda bolsa türkmen alymlarynyň we geologlarynyň ylmy barlaglarynyň netijesinde, Mary welaýatynda gazyň iňňän köp möçberini özünde jemleýän «Minara» ýatagy açylypdy.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýipdi: «Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleriniň üstünden hem çekilip bilner».
Forumdaky eden çykyşynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bolsa energiýa meselesiniň juda wajypdygyny, ösüşleriň hut şu meselä baglydygyny, ylaýta-da, ilatyň sosial-durmuş hajatlary üçin tebigy gazyň zerurdygyna ünsi çekip, türkmen tebigy gazyna, esasan-da, suwuklandyrylan gaza islegiň uludygyny ýanjapdy.
Ine, gadymy Mary topragynda gurluşygyna girişilmeli «mawy altynly» guýular sebitiň ösüşi, ýakyn hem alys ýurtlar bilen ykdysady-söwda hyzmatdaşlyk üçin nähili wajyp!
Soňky wagtlarda bolsa gazy suwuklandyrylan görnüşde, tankerler arkaly Ýewropa bazarlaryna we ondan aňryk eltmek meselesi uly gyzyklanma döredýär. Şeýle bolansoň, Hazar astyndan geçjek turbalar arkaly, gazy Gruziýanyň Kulewi portuna ýetirip, şol ýerde hem ony suwuklandyrýan zawody gurup, taýyn önümleri tankerler bilen, Gara deňziň üstünden Rumyniýanyň porty Konstansa eltmek, soňra Bolgariýa ýetirmek hakdaky taslamanyň öňe sürülýändigini hem hökman ýatlamaly.
Iň ygtybarly hem-de sebitde durnuklylygy we köpugurly hyzmatdaşlygy üpjün edip biljek taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bolsa güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Häzir onuň türkmen bölegindäki işler doly tamamlandy.
...Ýandepderçämdäki bir bellige nazar aýlaýaryn. Ol 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine bolan iş sapary wagtynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda taryhy söz sözlän mahaly kagyza geçipdi. Şonda dünýä bileleşiginiň belent münberinden eden çykyşynda milli Liderimiz şeýle diýipdi: «Geçiriljek işleriň köp babatda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Bu bolsa gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer. Çeýe üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, senagat taýdan durnukly ösüşi goldamaga we innowasiýalary höweslendirmäge giň şertleri döreder».
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüş arkaly parahatçylygyň, halklaryň röwşen geljeginiň, özara ynanyşmagyň bähbidine, energetika-ýangyç baýlyklaryny daşarky bazarlara diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan strategik ugurdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji ýubileý sessiýasynda täze Müňýyllygyň jarnamasy öňe sürlüpdi. Şonda beýan edilen Ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge Türkmenistan işjeň gatnaşýar. Anyk aýdanyňda, energetika babatda Türkmenistanyň hödürleýän hem-de amala aşyrýan taslamalary Ýewraziýa yklymynda umumadamzat ösüşi üçin diýseň wajypdyr. Geliň, sözümizi anyk deliller bilen esaslandyralyň! Ýekeje mysaly ýatlaýalyň! Ylmy tejribä görä, 1 tonna etil spirtini almak üçin, 4 tonna bugdaý ýa-da 10 tonna ýeralma, ýa-da 14 tonna gant şugundyry gerek, 2 tonna gaz bolsa şolaryň ählisiniň deregini tutýar. Uglewodorod serişdelerine bolan islegdir baha dünýä bazarynda barha ýokarlanmak bilen, sebäbi dünýäniň ýüzi industrial ösüşe tarap.
2015-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyz tarapyndan guralan, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutmak çäresi ýene-de ýada düşüp gidýär. «Galkynyşdaky» bu waka XXI asyryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp sene bolupdy.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak — bu sebitde parahatçylygy berkitmek, täze ykdysady hyzmatdaşlyklary giňeltmek, müňlerçe iş orunlaryny, ýurtda hem-de goňşy döwletlerde iň häzirki zaman senagat infrastrukturalaryny döretmek diýmekdir.
Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, TOPH gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzak möhletleýin esasda iberiler.
TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli, jebisleşdiriji, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýän dünýä nusgalyk işdir.Şonuň üçin hem «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň juda möhümdigi düşnüklidir. Şeýlelikde, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işleýän desgalaryň eýýäm 3-si işe girizildi.
Dünýäde «gara altyndyr» «mawy altynyň» gymmaty barha artýar, arzylanýar. Türkmenistanyň amala aşyrýan, meýilleşdirýän taslamalary bolsa, şeýlelikde, dünýäniň ykdysady giňişliginde täze hyzmatdaşlyga giň ýol açar.
Ýurdumyzyň energetika syýasaty «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» esaslanyp, ýangyç-energetika toplumynyň düzümine degişli täze desgalaryň gurluşygyna, nebite we gaza baý täze, önümli ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işlerine daýanýar. Şunlukda, nebitgaz önümçiliginiň dürli ugurlarynda innowasiýalary ulanmagyň aýratynlyklaryna, türkmen energiýa göterijilerini dünýä energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Geografik taýdan amatly ýerde — Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmegi hem-de ýurduň çäginde dünýäde «mawy altyn» diýlip atlandyrylýan tebigy gazyň uly möçberdäki gorlarynyň bolmagy sahawatly türkmen topragynyň aýratynlygydyr.
Türkmen topragynyň «mawy altyny» bu ýurtda ýaşaýan adamlaryň kalbynyň mährine meňzäp, yklymlaryň süňňüne siňýär. Nur paýlamagyň sogaby hem sahawaty juda aňyrdandyr.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38843