Watan iň beýik mukaddeslikdir

Döredijilik zehini kämil bolan hormatly Prezidentimiziň ýazýan, döredýän eserleri bu gün äleme nusgalyk. Türkmeniň ruhy we maddy gymmatlyklary, medeni baýlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz hakda söz açýan her bir eserinde geçmişiň müň bir paýhasy, geljege gerekli parasady bar.

Durmuş tejribelerinden susulyp alnan we uly-kiçi her kese kämillik mekdebiniň mugallymy ýa-da ýol görkeziji ýan kitaby bolan, döwleti dolandyrmagyň we halkyň aladasyny etmegiň, ukyp-zehiniň bilen halka berilmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän romanlary, milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan ajaýyp ylmy-çeper eserleri — hormatly Prezidentimiziň ýazan, döreden her bir kitaby durmuşymyza dahylly we örän peýdaly manylary özünde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyz, beýik halkymyz hakdaky pikirleri Watanymyzyň taryhynyň özüniň bir tarypdygyny subut edýär. Watanymyzyň taryhy — Watanymyzyň tarypy. Nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we bu zatlaryň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Watan hakdaky düşünjelerimiziň çeşmesi milli Liderimiziň mübärek galamynyň astyndan çykan ajaýyp eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan pikirleri Watan hakdaky oýlanmalarymyza çeşme bolup hyzmat edýär.

Durmuşdaky käbir zatlary, olara düşünmegiň ýollaryny, usullaryny ata-eneler ogul-gyzlaryna ýa kitap, okuw arkaly, ýa-da edim-gylym, edep-terbiýe arkaly öwredýär. Watan söýgüsine gezek gelende welin hiç wagt «Hökman söýüň» diýip ýaňzytmandyrlar. Olar Watany söýmekligi jan bilen bile berlen borç hökmünde görüpdirler. Watansöýüjiligi jandan üzňe zat hökmünde göz öňüne-de getirmändirler.

Türkmen üçin Watanyň gymmatyny gaýtadan düşündirip oturmagyň hajaty ýok: hoşboý gülleriň ýakymly ysy, burky we görki elmydama gözellige imrinýän ynsan kalbynyň üns merkezinde. Watançylyk duýgusy, watanperwerlik biziň ganymyzda, damarymyzda bar. Lukmançylyk abzallaryny peýdalanyp, damar urgusy arkaly adamyň sagdynlygyny kesgitläp bilýärler. Paýhas bilen ölçerip görseň, Watan — uçmah bagy, ynsan köňli — şelpeli saz guraly, türkmeniň ýürek gürsüldisi — ajaýyp mukam, damarynyň tirsildisi şol mukamyň belent perdeden gopýan kakuwydyr. Onsoň süňňüň-köňlüň Watan söýgüsine ýugrulyp durka, joşman oturmak mümkinem däl. Ýogsamam, derýalar doldugy saýy, batly we joşgunly akýandyr. Gün göge galdygy saýy şöhlesini bolluk bilen eçilýändir. Aý doldugy saýy has aýdyň şugla saçýandyr.

Magtymguly Pyragynyň «Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar...» diýen setirini ýatdan bilmeýänimiz ýok. Yşgyň, söýginiň ynsana täze-ter duýgulary, goşa-goşa gaýraty berip bilýändiginden hem hemmämiz habarly. Haýsydyr bir zada bolan söýgi nämedir bir zady döretmäge, ýerine ýetirmäge, ugrunda yhlas etmäge ýa-da döredijilikli çemeleşmäge ylham berýär — bu söýgä mahsus aýratynlyklaryň biri. Bir zada söýgi şonuň üçin täze bir zady döretmäge, amala aşyrmaga ylham-gaýrat berýän bolsa, Watana bolan söýgi has beýik işleriň hötdesinden getirip biljek gaýrata, joşguna eýe edýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan «Iň beýik söýgi Watana bolan söýgüdir» diýen sözlerindäki çuňňur many we täsir hakda düýpli oýlansaň, döredijilige çümüp, geljegiňi gurmagyň, bagtly bolmagyň başga syrynyň ýokdugyna göz ýetirersiňiz. Hut şonuň üçinem nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi diňe bir adamyň, ýa-da bir toparyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň bähbidinedir. Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinde aýdyň göz ýetirilip, gadymy kitaplara sünnälenen, aň-düşünjeleriň öwüşginine, nagşyna öwrülen paýhaslarynda hem «Her ynsana öz Watanyna, halkyna bolan söýgüsiniň ölçegine görä bagt berlermiş» diýen pähim bar diýilýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma!» diýen sözleriniň özüni tumar edinip dakynybermeli. Watandan aýralyk ýaly agyr dert ýok. Ýaşulularyň aýtmagyna görä: «Dünýäniň derdi-mähneti dört zatdadyr: Birinjisi, ýurduňdan aýralyk, hatda ol bir sagat bolsa-da; Ikinjisi, sapar-syýahat, hatda ol bir parsah bolsa-da; Üçünjisi, bergidarlyk, hatda ol bir teňňe bolsa-da; Dördünjisi, dilegçilik, hatda ol bir däne bolsa-da». Türkmen dessanlarynda, kyssalarynda Ýusup pygamber bilen baglanyşykly wakalar uly orun alypdyr. Şol wakalar esasynda aýdylýan «Müsürde şa bolanyňdan, öz iliňde geda bol!» diýen parasatly jümle Watan gymmatynyň nähili ezizdigini ýadymyza salýar. Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda hem «Kimiň süňňi sagat, öz ilinde howpsuz ýaşap, gündelik azyk-owkady hem tapdyryp duran bolsa, ol dünýä mülküni gazanan adam ýalydyr» diýilýär.

Mukaddes Watan üçin biziň başaryp biljek zatlarymyz örän kän. Bu hormatly Prezidentimiziň paýhasly we her bir adamy oýlandyrýan pähimlerine öz başarnygymyz bilen jogap bermekdir. Şahyr öz goşgusy bilen, kyssaçy öz söhbedi, dessany bilen, zergär sünnäläp ýasan şaý-sepleri bilen, halyçy nepis çitimli halylary bilen, bagşy sazy, aýdymçy owazy bilen, alym täze oýlap tapan zatlary we açyşlary bilen döwrümiziň gözelliginiň müň öwüşginli keşbini, beýikligini we ajaýyplygyny ýüreklere ornaşdyrmagy özleriniň esasy maksadyna — ömürleriniň manysyna öwürmegi başarsalar, milli Liderimiziň watansöýüji nesil ýa-da raýat hakdaky beýik pikirlerine laýyk hereket etdigimiz bolýar. Bu Watana bolan söýgimizi ýüze çykarmagyň hem-de bagtly bolmagyň iň ygtybarly ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly «Kimiň ýürek urşy biziň ýurdumyzyň döredijilikli zähmetine goşulyşýan bolsa, şol adam bagtlydyr».

Watana bolan söýgi, bu halkymyzyň geçmişine, şu gününe we geljegine bolan buýsanç hem-de ynamdyr. Halkymyzyň taryhy bilen birlikde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän ynsanperwer syýasatyny, milli mukaddeslikleri, däp-dessurlary, döwlet nyşanlaryny we olaryň aňladýan manysyny, mahlasy Watanymyza, Garaşsyz döwletimize dahylly her bir aýratynlygy we ajaýyplygy bilmegimiz, ýaýmagymyz wajypdyr. Mukaddeslikleri öz beýikliginde, öz mertebesinde sarpalamak borçdur. Çünki bu zatlaryň özeninde biziň işlerimiziň rowaçlanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň jebisleşmegine, berekediň bolluk bilen ýaýylmagyna sebäp bolýan täsin syrlar, sebäpler bar.

Watan söýgüsiniň kemala gelmegi üçin bolsa her bir raýatyň Watanyň gymmatyna düşünmegi, taryhy geçmişi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitlerini, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini bilmegi gerek.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde, yhlas siňdirilýän tutumly işlerde, uzak geljegi nazarlaýan maksatlarda döwrüň berekedi aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýarlyk bilen gurşalan berkarar döwletimiz ösüşiň täze-täze belentliklerine tarap barha ynamly öňe ilerleýär. Ýürekler, göwünler, köňüller bir bolup, agzybirligiň süýjüligi, watansöýüjiligiň güýji bilen öz geljeklerini gurýarlar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen bellenýän ýylynda ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalar, gazanylan üstünlikler juda ýokary.

Adamyň gadyry bilinýän ülkede, özüniň baş Kanunynda «Jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy — adamdyr» diýip açyk-aýdyň kesgitlenen berkarar döwletde her bolýan waka aýratyn bir eserdir.

Döwlet — bu uly we agzybir maşgala. Her bir raýat bitewiligiň aýrylmaz we deňhukukly bir bölegi. Her bir adamyň ukyp-zehini biri beýlekisine meňzemeýän üýtgeşik bir datly miwe.

Hormatly Prezidentimiziň döreden mümkinçilikleri esasynda bu zehinleriň datly miwesi ajaýyp eserlere öwrülip, ýüreklere ornaýar. Şol eserler bilen birlikde biz döwrümiziň ajaýyplygy we beýikligi hakdaky hakykaty taryhyň hiç wagt saralmajak sahypalaryna ýazýarys. Bizi eşretli durmuşa ýetiren, beýik bagty sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Altyn HYDYROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39057