Türkmen dokmasy: hem sungat, hem senagat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da iri dok­ma top­lu­my­nyň açy­ly­şyn­dan soň­ky oý­lan­ma­lar

25-nji aw­gust. Sä­he­riň ümüş-tam­şy. Paý­tagt­dan Ka­ka çen­li bir­ne­me men­zil bar. Daş-tö­we­re­gi­ňi syn­lap, göz­le­ri­ňi gö­nen­di­rip, göw­nü­ňi gü­lün­di­rip bar­ma­ly... Al­kym­lan güýz­den sa­lam ge­ti­ren ser­gin ýel­le­re baş at­ýan «ak al­tyn­ly» meý­dan­lar­da gö­züň eg­len­ýär. Ine, be­re­ket-baý­ly­gyň nus­ga­sy! Hä diý­män, bu ýer­ler­de ýy­gym möw­sü­mi gyz­ga­laň alar. Go­wa­ça­ly meý­dan­lar Ka­ka dok­ma top­lu­my, umu­man, dok­ma se­na­ga­ty­nyň ösüş­li sep­git­le­ri ba­ra­da­ky söh­be­di­mi­ziň uş­ly­by­ny çöz­le­di otu­ry­ber­di.

Dö­re­di­ji Li­de­ri­mi­ziň «Türkmenistan — Beýik Ýü­pek ýolunyň ýüregi» atly ki­ta­bynda şeý­le tym­sal be­ýan edi­len: ir dö­wür­de patyşanyň dünýäde iň owadan, iň ýakymly ysly hem-de iňňän güýçli özüne çekýän gül baradaky sowalyna derwüş: «Merhemetli patyşa! Eger-de biziň däplerimizi hemem aý­ra­tyn­lyk-larymyzy göz öňünde tutsaň, bu gül gowaça güli bo­lar. Sebäbi onuň gülleýşi iň owa­dan güllere kybapdyr. Iň esasy zat bolsa, adam dünýä inende, gowaça-da onuň bilen bile peýda bolýar...» diýip jogap be­rip­dir.

Go­wa­ça — yr­ýa­syz ekin. Ha­sy­ly­nyň 95 göterimi dürli önümleri alma­ga ýa­ram­ly bu ga­dy­my eki­niň dur­mu­şyň tas äh­li ug­run­da öz or­ny, äh­mi­ýe­ti bar. Onuň di­ňe egin-eşik önüm­çi­li­gin­dä­ki ula­ny­ly­şy­nyň ta­ry­hy üç müň ýyl­dan ag­ýar. Be­re­ke­di-de özün­de­dir: bir ton­na pag­ta­dan, tak­my­nan, 600 — 700 sa­ny jin­si ba­lak ön­dü­rip bol­ýar, ga­la­ny-da beý­le­ki önüm­le­re ýar­na. Pag­ta­dan edi­len eşik­ler ho­wa­ny go­wy ge­çir­ýän­di­gi bi­len gü­neş­li ýurt­lar­da has-da ar­zy­ly­dyr, amat­ly­dyr.

Gym­ma­ty bar­ha art­ýan go­wa­ça hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 100-den gow­rak ýur­dun­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýö­ne “Ýer ala, ýurt ala” diý­le­ni, äh­li ýer­de bit­gin­li­li­gi, be­re­ke­di deň däl. Gü­nüň tyl­la how­run­dan, top­ra­gyň sa­ha­wa­tyn­dan ýet­dik pa­ýy­ny alyp ýe­tiş­ýän türk­men pag­ta­sy hi­li bo­ýun­ça dün­ýä­de iň go­wu­la­ryň bi­ri diý­lip yk­rar edil­ýär.

Eke­ran­çy alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ýur­du­myz­da se­bit­le­riň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, go­wa­ça­nyň 20-den gow­rak sor­ty ekil­ýär. Önüm­çi­li­giň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan döw­re­bap gu­ra­ly­şyn­da te­bi­gy pag­ta sü­ýü­mi gym­mat­ly çig mal bo­lup, ol da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň ara­syn­da-da öň­dä­ki orun­lar­da.

* * *

Ozal­lar, Ga­raş­syz­lyk­dan öň, Türk­me­nis­tan pag­ta ön­dür­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len ag­rar ýurt ha­sap­lan­ýar­dy. Şeý­le-de bol­sa, ön­dü­ril­ýän um­ma­syz pag­ta­nyň ba­ry-ýo­gy 3 gö­te­ri­mi­niň özü­miz­de gaý­ta­dan iş­le­nen­di­gi, özi-de di­ňe hi­li pes bo­lan biz ma­ta­nyň do­ka­lan­dy­gy bel­li­dir. Ine, şo­ňa gö­rä-de, dok­ma pu­da­gy gö­nü­den-gö­ni Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da dö­rän, özü­ni tu­tan, boý alyp, çar ýa­na pür-pu­dak ýaý­ra­dan se­na­gat­dyr di­ýip, ynam­ly aý­dyp bo­lar.

Dok­ma pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da 15 es­se­den-de art­dy­ryl­dy. Bu pu­dak­da 30-dan gow­rak iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di.

Hä­zir­ki wagt­da Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dü­zü­min­de dok­ma top­lum­la­ry­nyň, pag­ta eg­ri­ji, dok­ma we ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri­niň, ýü­pe­gi, de­ri­ni we ýü­ňi gaý­ta­dan iş­le­ýän, şeý­le hem aýak­gap kär­ha­na­la­ry­nyň 60-dan gow­ra­gy bo­lup, ola­ryň en­çe­me­si Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri top­lum­lar­dyr. Pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­le­ri hal­ka­ra ISO 9001, 9002, ISO 14001, WRAP we OH­SAS 18001 stan­dart­la­ry­na eýe bol­du­lar.

Hä­zir ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän pag­ta­nyň gyl­la ýa­ryn­dan ag­dy­gy özü­miz­de gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Ön­dü­ril­ýän taý­ýar önüm­le­riň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na, Tür­ki­ýä, Hy­ta­ýa, GDA, Azi­ýa ýurt­la­ry­na hem-de Ýew­ro­pa­nyň bir­nä­çe döw­let­le­ri­ne eks­port edil­ýär. «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» di­ýen bel­gi bi­len ýer­le­nil­ýän «Ga­la», «Nu­saý», «Go­za», «Be­dew», «Bür­güt» ha­ryt ny­şan­ly önüm­ler dün­ýä ba­za­ryn­da geç­gin­li ha­ryt­la­ra öw­rül­ýär.

Ga­ze­ti­miz­de her du­şen­be gü­ni hep­de­lik bir­ža tä­ze­lik­le­ri­niň çap edil­ýän­di­gin­den oky­jy­lar ha­bar­ly­dyr. Ine, ge­çen hep­dä­niň ne­ti­je­le­rin­den my­sal ge­ti­rip aýt­sak, BAE-niň, Tür­ki­ýä­niň, Uk­rai­na­nyň, Ser­bi­ýa­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň işe­wür­le­ri­ne nah ýüp­lük, te­kiz bo­ýa­lan we žak­kard tüý­jü­mek önüm­ler ýer­le­ni­lip, ge­le­şik­le­riň ba­ha­sy mil­li­on­lar­ça ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lup­dyr.

«Dok­ma­sy bo­lan dok bo­lar» di­ýen türk­men «Dok ba­şa döw­let ýa­gar» hem di­ýip­dir. Dok­ma­çy­ly­gy ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri ha­sap­lap­dyr. Dok­ma — döw­let­li­lik çeş­me­si. Şo­ňa gö­rä-de, gel­je­giň ösüş mak­sat­na­ma­la­ryn­da oňa has-da giň ge­rim ber­mek ile­ri tu­tul­ýar. Has any­gy, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça de­giş­li dö­wür­de nah ýüp­lü­gi ön­dür­megiň 6,9 gö­te­rim, nah ma­ta­la­ry, sü­tük­li­ni goş­mak bi­len, ön­dür­megiň 16,0 gö­te­rim, örü­len we ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­megiň bolsa 48,9 gö­te­rim de­re­je­de art­dy­ry­ly­şy­ny ga­zan­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ne­ti­je­de, ha­ryt­lyk önüm­le­riň, iş­le­riň, hyz­mat­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň ösü­şi 11,9 gö­te­ri­me eýe bo­lar.

* * *

Ka­ka dok­ma top­lu­my! Ösüş­li ýo­luň tä­ze sep­gi­di! Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly açy­lyp, bar­ha ýa­kyn­laş­ýan baş baý­ra­myň şat­ly­gy­na şat­lyk go­şan bu top­lu­ma di­ňe bir kär­ha­na diý­mek bär­den gaýt­ma bo­lar­. Ol 18 gek­tar gi­ňiş­lik­de ýüp­lük, dok­ma, bo­ýag, ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri­ni özün­de jem­län gi­den bir şä­her­çe! Umu­my ba­ha­sy 147 mil­li­on 850 müň ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bu top­lu­myň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýyl­da 3 müň 650 ton­na ýo­ka­ry hil­li ýüp­lük­le­ri, 12 mil­li­on ine­dör­dül metr dür­li gör­nüş­li ma­ta­la­ry hem-de 1 mil­li­on 200 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Onuň açyl­ma­gy bi­len, 1 müň 300 ada­ma iş or­nu­nyň dö­re­di­len­di­gi­niň özi nä­mä deg­me­ýär!

Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Bel­gi­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň­dyr Ger­ma­ni­ýa­nyň ýüp­lük eg­ri­ji, ma­ta do­ka­ýan, bo­ýag, ti­kin­çi­lik en­jam­la­ryn­dan ýü­kü­ni tu­tan bu top­lum­da ýurt bo­ýun­ça tä­ze önüm­çi­li­giň — “kom­pakt-pen­ýe” ky­sym­ly nah ýüp­lü­giň çy­ka­ryl­ma­gy­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny, şo­nuň ýa­ly-da ýüp­lü­giň ga­ry­şyk gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni hem bel­le­me­li.

Ýe­ne-de bir gu­wan­dy­ry­jy habar, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da umu­my ba­ha­sy 151 mil­li­on 800 müň ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan, önüm­çi­lik kuw­wa­ty bir ýyl­da 3 müň 300 ton­na in­çe sü­ýüm­li ýüp­lü­gi, 20 mil­li­on ine­dör­dül metr dür­li gör­nüş­li ma­ta­la­ry hem-de 3 mil­li­on 500 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­la­nyp, ulan­ma­ga be­ril­jek wag­ty-da in­di uzak­da däl.

* * *

Ge­ýim-ge­ji­miň di­ňe egin ört­gü­si däl­di­gi bel­li. Ol ru­huň hem ýa­ra­şy­gy. Asyl-ha, ada­myň iç­ki dün­ýä­si­niň daş­ky dün­ýä bi­len gat­na­şy­gy, öňi bi­len, onuň ly­ba­syn­da açyl­ýar. “Ly­bas­lar ýa­lan söz­le­mez, eýe­si hak­da äh­li za­dy ses­siz gür be­rer” hem diý­ýär­ler. Gö­ze ge­lüw­li ly­bas bir go­wy saz, bir dat­ly ta­gam, bir go­wy film ýa­ly lez­zet ber­ýär. Il­çi­lik bu, ça­ga­lyk, ýaş­lyk, toý ly­bas­la­ry­ny gym­mat­ly ýa­dy­gär­lik hök­mün­de bü­tin öm­rü­ne ar­zy­lap ýö­ren­le­re du­şa­nyň­da, ly­ba­syň di­ňe ma­ta par­ça­sy däl­di­gi­ne, dur­mu­şyň bir bö­le­gi­di­gi­ne has ma­gat göz ýe­tir­ýär­siň.

Ada­myň ra­hat eşi­ge ze­rur­ly­gy­ny onuň ra­hat öýe ze­rur­ly­gy­na ba­ra­bar ha­sap­la­ýar­lar. Ha­ky­kat­dan-da, eşik­ler ada­myň il­kin­ji hem öz­bo­luş­ly öýi ahy­ry! Şo­ňa gö­rä, ti­kin­çi­li­gi, dok­ma di­zaý­ner­li­gi­ni bi­na­gär­lik sun­ga­ty bi­len bir orun­da goý­ýan­la­ra ikir­jiň­siz hä be­re­siň gel­ýär.

Ha­wa, egin-eşik, ly­bas işi öz­ba­şy­na bir me­de­ni­ýet, öz­ba­şy­na uly sun­gat. Şeý­le bol­man­ly­gyn­da, dün­ýä ýaş­ly, dün­ýä paý­has­ly hal­ky­myz: “Gö­zel­lik on­dur, do­ku­zy­sy don­dur” di­ýä­ýip goý­ber­mez­di. Türk­men di­ňe şeý­le diý­mek bi­le­nem oň­man, ge­ýin­me­gi sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren, onuň nusgalyk mek­de­bi­ni dö­re­den halk. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da sün­nä­le­nen mil­li ly­bas­la­ry­my­zyň in­çe­li­gi­ne, nepisligine, ýer­lik­li­li­gi­ne ja­han hal­ky mo­da sun­ga­ty­nyň ösüp-ör­ňäp, ar­şa çy­kan şin­di­ki çag­tyn­da-da haý­ran ga­lyp ýör.

Ýur­du­myz­da hä­zir­ki dö­wür­de ön­dü­ril­ýän egin-eşik­ler­de-de mil­li äheň­ler­dir döw­re­bap öwüş­gin­ler, bi­çüw­ler saz­laş­ýar, «dil ta­pyş­ýar». Özü­ňi­ze bel­li, soň­ky wagt­lar­da di­ňe paý­tag­ty­myz­da däl, eý­sem, se­bit­ler­de hem Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­la­ry­nyň en­çe­me­si açyl­dy. Ine, şol dü­kan­la­ra ýo­luň dü­şen­de, gyz­ga­la­ňy­nyň he­mi­şe ýe­tik­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Dün­ýä inen bä­be­ji­gi ýa­şu­zyn­la­jak­la­ram şol ýer­de­dir, toý sä­he­di bel­le­nen ju­wan­la­ram. Ta­lyp bo­lup, şaý-es­ba­by­ny tü­kel­läp ýö­ren­le­rem, sport­sö­ýer ýaş­la­ram şol ýer­de egin-eşik saý­la­mak bi­len güm­ra­dyr. Myh­man ge­len gaý­ry ýurt­lu­la­ra-da du­şaý­mak geň däl. Ine, on­soň, dür­li ýaş­ly, dür­li kesp­li adam­la­ryň is­le­gi­ne, ta­la­by­na höt­de ge­lip bil­şi­ni türk­men dok­ma pu­da­gy­nyň döw­re­bap ösü­şi­ne ki­reň­siz mi­sil saý­ýar­syň. Özi-de bu dü­kan­lar­da elýeterli bahalardan baş­gap­dan aýak­ga­ba çen­li öz ýur­du­my­zyň önüm­le­rin­den “do­ku­zy­ňy düz­läp” bol­ýar. Bir­ma­hal­lar, aý­dy­ly­şy ýa­ly, “at mü­nüp, atam gom­lap”, alys ýurt­dan gy­zyl pu­la ge­ti­ri­len pan­bar­hat, şta­pel ma­ta­lar gyz-ge­lin­le­ri da­şyn­da ege­le eý­le­se, önüm­çi­li­gi soň­ky dört-bäş ýyl­lyk­da ýo­la goý­lan ör­me žem­per­ler­dir gaý­ry önüm­ler köp­dür­lü­li­gi, kö­pö­wüş­gin­lili­gi bi­len özü­ne çek­ýär...

Ga­dy­my dö­wür­le­riň luk­man­la­ry nä­hoş üçin, öňi bi­len, öz top­ra­gyn­da ýe­tiş­ýän mi­we­ler­dir önüm­le­riň bi­re-bir mel­hem­di­gi­ni ýan­jap­dyr­lar. Öz ýur­duň­da ön­dü­ri­len ly­bas­la­ry geý­me­giň-de hem mel­hem­lik, hem yl­ham­lyk tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny kim in­kär eder?!

On­so­ňam, di­ňe ge­ýim-ge­jim­ler­mi nä­me?! Toý­paý­lyk el­ýag­lyk­lar­dan baş­lap, dü­ýeýüň sa­çak­la­ra çen­li dür­li dur­muş ha­jat­la­ry bi­len bag­ly önüm­le­riň bo­le­lin­li­gi­ni gö­reý diý­seň, ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­na, ola­ryň dü­kan­la­ry­na bar­ma­ly. Ine, in­di şo­la­ryň üs­tü­ni Ka­ka dok­ma top­lu­myn­da ön­dü­ril­jek ýo­ka­ry hil­li önüm­ler ýe­ti­rer. Tä­ze dok­ma top­lu­my­nyň açy­ly­şy wag­tyn­da taý­ýar önüm­le­riň ser­gi­si­ni syn­lap, gö­züň gu­wa­nyp, göw­nüň do­kun­ýar.

Pe­der­le­ri­miz: “To­ýa bar­saň, do­ýup bar, toý do­nu­ňy ge­ýip bar!” di­ýip­dir­ler. Bu gün döw­let­li hal­ky­myz öz eken pag­ta­syn­dan öz ti­ken toý do­nu­ny ge­ýip, baş baý­ra­my­ny — be­ýik Ga­raş­syz­ly­gynyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny gar­şy­la­ýar.

Ka­ka­my­rat RE­JE­BOW.

“Türk­me­nis­tan”



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38741