Sahawatly döwrümiz bar!

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynyň çäginde nah ýüplügini we ýokary hilli egin-eşikleri öndürýän häzirki zaman dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizildi. Şeýle-de milli Liderimiz düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi. Bu buýsançly wakalar welaýatyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylarynda çuňňur hoşallyk duýgusyny döretdi.

Habarçymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan çagynda bolan bu ajaýyp wakalar mynasybetli bagtyýar ýaşaýjylaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Mahym DURDYÝEWA,
Kaka dokma toplumynyň hünärmeni:

— Mundan sanlyja ýyl ozal etrabymyzyň çäginde häzirki zaman dokma toplumynyň guruljakdygy hakdaky hoş habary eşidip, göwün guşumyz ganatlanypdy. Ezber elli gurluşykçy hünärmenler bu iri toplumyň gurluşygyny gysga wagtyň içinde ýerine ýetirdiler. Ine, naýbaşy toýumyzyň uludan toýlanylýan şu ajap günlerde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda iri dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu pursat meniň durmuşymda aýratyn şatlykly wakadyr. Çünki men bu kuwwatly kärhanada zähmet çekmek bagtyna eýe boldum.

Arkadagly döwrümizde dürli maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. Bu gün etrabymyzyň merkezinde «Serdar» pamyk egriji fabrigi, Duşak şäherçesinde tikin-trikotaž fabrigi, şeýle-de hususy pudagyň wekillerine degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi bar we olar ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolýarlar. Bu ýurdumyzda önüm bolçulygynyň pugtalanmagyna, ýaşlarymyza iş orunlarynyň döremegine oňyn täsirini ýetirýär. Şu gün ulanylmaga berlen iri dokma toplumynyň hem bu babatda ähmiýeti örän uludyr, ýagny täze kärhanada etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň 1300-si üçin ýokary amatly iş orunlary döredi. Bu ýerde netijeli zähmet çekmegimiz üçin ýokary derejedäki amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp toý günlerinde kuwwatly desgany sowgat edendigi üçin, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar mundan beýläk-de ýaran bolsun!

Meýlismyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy:

— Etrabymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň sany barha artýar. Halkyň hyzmatyna berilýän şeýle desgalaryň sany barmak büküp sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň ýazynda etrabymyzyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhana toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly, gök-bakja önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen etrabymyzyň ýaşlarynyň 100-e golaýyna iş orunlary döredildi. Bu gün bolsa etrabymyzyň gözel künjeginde ýurdumyz boýunça iň iri dokma toplumlarynyň biri toý ruhunda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berjek täze iri toplumda bagtyýar ildeşlerimiziň 1300-si üçin iş orunlary açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrundaky tagallalarynyň rowaçlanmagynda täze toplumyň orny uly bolar. Bu ýerde ekologik taýdan arassa çig maldan öndüriljek ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarda uly islege eýe boljakdygy buýsanjymyzy goşalandyrýar. Täze taryhy döwrümizde şeýle kuwwatly kärhanalary gurduryp, berkarar Watanymyzyň dokma toplumynyň ösüşiň belentliklerine çykmagy ugrunda bimöçber tagalla edýän hormatly Prezidentimize päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Suraý HANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri:

— Şu gün etrabymyzda uly toý, şatlyk-şagalaň. Gahryman Arkadagymyz etrabymyza gelip, iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, bagtdan paýly ildeşlerimize kuwwatly önümçilik desgasyny sowgat etdi. Muňa şatlygymyzyň, buýsanjymyzyň çägi ýok.

Egriji, dokma, boýag we tikinçilik bölümlerini öz içine alýan täze toplum ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli kärhanalaryň üstüni ýetirdi. Bu ýerde inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasyny gaýtadan işläp, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümini öndürmäge giň mümkinçilikler bar. Aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri-de täze toplumda esasy çig mal hökmünde welaýatymyzyň daýhanlarynyň azaby bilen ýetişdirilýän inçe süýümli pagtanyň ulanylmagydyr. Ondan öndüriljek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, dürli görnüşli dokma önümleriniň «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşary bazara çykaryljakdygy bizi has-da buýsandyrýar. Etrabymyzda şeýle iri desgany gurduryp, sowgat edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Ýaýlym ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Kaka etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary:

— Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde geçen sanlyja ýylyň içinde saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi hakdaky aladalary bu babatda has-da guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň etrabymyzda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etmegi nesilleriň saglygy baradaky aladanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Dogrusy, bu waka berkarar Watanymyzda çagalaryň aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalandygy hakdaky hakykaty has-da dabaralandyrdy.

Biz — saglygy goraýyş işgärleri döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy dünýä derejesinde ösdürmek, ulgama dünýä lukmançylygynda gazanylan täzelikleri ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny goramak bilen bagly amala aşyrýan giň gerimli işlerine her bir ädimde göz ýetirip gelýäris. Şu şatlykly günlerde welaýatymyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine berlen «Tiz kömek» awtoulaglary saglygy goraýyş işgärlerine ýaş nesliň saglygy üçin ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga ýardam eder. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, ýaş nesliň sagdyn ösmegi ugrunda edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38522