Mugallymyň sözlerinde-de, özüni alyp barşynda-da sap ýüreklilik bolmalydyr, galplyga, ýasamalyga orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek galp aýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar.
* * *
Mugallym — özüne ynanylan gymmatly almazy ähli görki bilen şöhlelendirip biler ýaly täzeden işleýän jadygöýdir.
* * *
Mugallym — aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar.
* * *
Gowy mugallym özüni çaganyň ýerinde, çagany bolsa öz ýerinde goýup göz öňüne getirmäge çalşar. Eger mekdep otagynda altmyş sany göz oňa gönügen bolsa, onda otuz sany goşa gözüň her biri özbaşyna planetadyr, ählisi birigip bolsa, aňyrsy görünmez älemi, uç-gyraksyz ummany emele getirýär.
Gaýygyň şol ummanyň tolkunlarynyň arasyndan asuda ýüzüp geçmegi mugallymyň kürek urşuna baglydyr.
* * *
Mugallymyň sapak geçende özüni alyp barşy çaga terbiýesine uly täsir edýär.
* * *
Mugallym öz sesine aýratyn üns bermelidir. Gaty şaňňy, gyryljak ses çagany basym irizýär. Ýöne ýuwaş ses hem çaganyň gulagyna zor salyp diňlemegine, netijede armagyna getirýär. Degirmeniň sesi ýaly birsydyrgyn sesem çagany ymyzgandyrgyç bolýar. Ses öwrenilýän sapagy kabul etmegiň guraly bolmalydyr. Mugallymyň sapagy ussat bagşynyň aýdan aýdymyna meňzeş bolmalydyr.
* * *
Mugallym aýdýan zadyna özi ynanmaly hem-de ynandyrmagy başarmaly.
* * *
Mugallymyň özi elmydama bilim äleminde uly, beýik zatlar, maksatlar ugrunda göreşmelidir.
* * *
Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr. Hakyky mugallym adamkärçiligiň çür başyna çykmalydyr.
* * *
Mugallymyň borjy okuwçynyň kemçiligini, ýetmezini ýüze çykarmak däl-de, eýsem, onuň başarýan zadyny ýüze çykarmakdyr, şony ösdürmekdir we kämilleşdirmekdir, netijede ony gowy şahsyýet edip ýetişdirmekdir.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39094