Toý görkli Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň paýtagty — ak mermerli Aşgabat barha özgerýär, gözelleşýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly joşgun bilen barýan günlerimizde merjen şäherimiziň görkanalygyna nazar aýlamak has-da buýsançlydyr. Toý ruhy Aşgabadyň keşbine özboluşly nowjuwanlyk goşsa, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň kalbyny şatlyga besleýär.

Arkadagly döwürde ak şäherimiz ajaýyp toýlaryň, şanly seneleriň merkezine öwrülýär. Bagtyýar il-günümiz toýlary toýa ulaşýan berkarar Watanymyzyň paýtagtynyň ösüşlerine, özgerýän görküne buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz häzirki döwürde sport, medeni we ylym-bilim merkezi hökmünde depginli ösýär. Binagärlik-gurluşyk babatda tanalmaz derejede özgerýär”.

Aşgabadyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpgöter özgerendigini, çäginiň giňelendigini şu şatlykly günlerde uly guwanç bilen bellemek gerek. Bu gün merjen şäherimiz diňe bir sebitde däl, dünýäde hem çalt depginde özgerýän iň gözel şäherleriň biridir. Aşgabadyň bir-birinden belent we owadan ymaratlary, köpugurly köprüleri, aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl begresli seýilgähleri, suw çüwdürimleri we beýleki desgalary göreni haýrana goýýar. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan gözel paýtagtymyz häzirki döwrümiziň döredijilik ruhuny we ýurdumyzyň ösüşini öz keşbinde jemlemegi kalplarda egsilmez joşguny döredýär.

Hormatly Prezidentimiz merjen şäherimiziň has-da özgermegi babatynda nusgalyk tagalla edýär, gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamakdan başlap, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ähli tapgyrlaryny hemişe gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk strategiýasynda desgalary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, bezeg we ekologiýa meselelerini göz öňüne tutup gurmak, zerur bolan jemagat, durmuş, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa, bina edilýän desgalaryň hiline we görkanalygyna oňyn täsirini ýetirýär.

Aşgabadyň ajaýyp seýilgähleri-de tarypa mynasypdyr. “Arkadag”, “Garaşsyzlyk”, “Altyn asyr”, “Ylham” we beýleki seýilgähler paýtagtymyzyň gözelligi bilen özara sazlaşygy emele getirýär hem-de Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Naýbaşy toýumyzyň uludan baýram edilýän şanly ýylymyzda merjen şäherimiziň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Ak mermerli paýtagtymyzy dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwürýändigi, berkarar Watanymyzy okgunly ösdürýändigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Guwanç GURDOW,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň 1-nji derejeli hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38140