Arkadagayň paýhasyndan gülleýär gözel Diýar

Salymyny bermän geçýän wagtyň nobatma-nobat çalyşýan aýdyr ýyllaryndan, taryhyň öwrüm-öwrüm ýollaryndan, eýýamlaryň synaglaryndan merdi-merdanalyk, sabyr-takatlylyk bilen geçen mähriban halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy alýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 30 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň gymmatyna has-da oňat düşünýär hem-de ony başlaryň täjine deňäp, gözleriň göreji dek goraýar. Eýsem, bu şeýle bolmaz ýalymydyr?!

Çünki biz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzy gazanmak bilen, baky berkarar döwletli bolduk. Ata-babalarymyzyň örňäp-ösen, şirin jandan eziz gören şu keramatly topragynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň berkarar bolmagy bilen, paýhasly pederlerimiziň asyrlar boýy döredip, kemala getiren ajaýyp däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, ýol-ýörelgelerine dolandyk, dilimize, milli medeniýetimize eýe çykdyk.

Garaşsyz, baky Bitarap Watan! Bu sözlerde çuň many, göwünlere şatlyk paýlaýan ajaýyp duýgy, çäksiz guwanç hem buýsanç jemlenen. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi başlarymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna guwanmakda, Watany söýmekde, ony ösüşdir özgerişlere beslemekde her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda şan-şöhratly işler bitirilip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli, dost-doganlyga, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan ajaýyp maksatlaryny beýan edip, geljekde ýerine ýetirilmeli tutumly işleri kesgitleýär. «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir!

Watan biziň gözümiziň görejidir!

Watan başymyzyň täjidir!

Watana söýgi iň beýik söýgüdir!

Watan biziň buýsanjymyzdyr!» diýip, Arkadag Prezidentimiz aýratyn guwanç hem joşgun bilen nygtap aýdýar.

Aslynda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan egsilmez söýgi paýhasy dünýä dolan milli Liderimiziň amala aşyrýan her bir il-ýurt bähbitli işiniň, maksat-tutumynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, hoşmeýilliligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň, parahatçylyk söýüjiligiň ygtybarly binýadyna daýanýan berkarar döwletimizde uly ösüşler gazanylyp, guwandyryjy özgerişler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň senagatynda we oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitler, welaýatlarymyzda dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly önümçilik desgalarynyň, zawod-fabrikleriň gurulmagy, obalarymyzy, şäherçelerimizi, etrapdaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmakda alnyp barylýan işler, täze obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek, dünýä derejesinde kämilleşdirmek bilen birlikde, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem uly öňegidişlikleriň gazanylmagy üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berýär, ata Watanymyzy halk bähbidine ýugrulan rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýar. Şeýlelikde, Garaşsyz ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.

Bu gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Ol, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ol ösüşler halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut edýär. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen täze-täze ýeňişlere barýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň geçen döwründe welaýatymyzda hem hasyl bolan maksatlar, amala aşyrylan ägirt uly işler barmak büküp sanardan köp. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymata berk eýerip, her bir işde öz halkyna daýanýan döwlet Baştutanymyz welaýatymyza bolýan her bir iş saparynda deňizýaka sebitde toplumlaýyn, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan milli maksatnamalaryň başyny başlap, şöhratly Garaşsyzlyk senenamamyza buýsançly sahypalary ýazýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyklar özüniň giň gerimliligi bilen görenleri haýrana goýýar. Welaýatymyzyň çäklerinden çekilýän ajaýyp ýollaryň dünýä yklymlaryny birleşdirmäge ukyplydygyny ýaňzytmagyň özi-de juda kän zatlardan habar berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurulýan «Altyn asyr» Türkmen köli, awtoulag we demir ýollary, dünýä derejesine laýyk umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary, kuwwatly önümçilik desgalarynyň her biri hakda täsirli söhbetleri etmek mümkindir.

Welaýatymyzyň çalt depginler bilen ösýän senagat pudagynda, oba hojalygynda, gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere hususy telekeçiler hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatymyzda hem hususy eýeçiligiň has-da pajarlap ösýändigini aýdyň görkezýär.

Diňe bir soňky ýyllarda welaýatymyzda täze obalaryň, şäherçeleriň döremegi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň eçilen şirin miweleri, mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalarynyň oňyn netijeleri dälmi näme?! Bu, hakykatdan hem, şeýle.

Welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde gurulýan dürli maksatly ajaýyp binalar özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Olar kalbyňa aýdym bolup dolýar, mukam bolup ornaýar. Bu gün mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda dür monjugy deýin baky orun alan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, welaýat merkezimiz Balkanabat şäheri, ähli etrapdyr şäherlerimiz, obalarymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna has owadan görnüşe girip, birkemsiz beslenip barýarlar. Welaýatymyzyň merkezinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, welaýat baş metjidiniň, hatara gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýat köpugurly sport toplumynyň, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň, welaýat döwlet drama teatrynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, «Bagt köşgüniň» ajaýyp binalary we beýlekiler biri-birine sazlaşykly utgaşyp, nazaryňy özlerinde egleýärler.

Elbetde, şeýle ajaýyp binalar, gözellikler öz-özünden döremeýär. Berkarar döwletimiz munuň üçin örän köp serişde harçlaýar. Ýeri gelende, ýene-de bir guwandyryjy hakykaty aýdan ýagşy. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary bilen obadyr şäherlerimiziň mundan buýana hem döwrebap keşbe girmegini gazanmak, olarda zerur binalary gurmak üçin eýýämden anyk çäreler bellenildi we bu asylly işlere aýgytly badalga berildi. Muňa bolsa anyk mysallar welaýatymyzda örän kän. Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýynda Halkara howa menziliniň, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da ençeme binalaryň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şol medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň hatarynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli ulanylmaga beriljek binalar hem bar. Halkymyzda

toýa sowgatly barmak bolsa, ata-baba dowam edip gelýän asylly däpleriň biri. Şundan ugur alyp, bu gün welaýatymyzyň merdana nebitçileri, gazçylary, çeper elli halyçylary, kärendeçi daýhanlary, maldarlary, umuman, ähli ilaty Garaşsyzlyk toýumyza buýsançly başlaryny belent tutup, mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Elbetde, olaryň her biri hakynda, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde gazananlarymyz barada näçe gürrüň etsek hem bärden gaýdýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty ummasyzdyr. Şeýle bagtyň eýesi bolan welaýatymyzyň ilaty hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybirlik bilen döredýär, gurýar, janaýamazakly zähmet çekýär. Biz hem baş baýramymyzyň — mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda olara mundan beýlägem ajaýyp zähmet üstünliklerini, guwandyryjy ýeňişleri, gadamlarynyň batly, ümzükleriniň ileri bolmagyny arzuw edýäris. Dünýä nusgalyk ýagşy işleri bilen halkymyzy hemişe guwandyrýan, buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38754