Bä, bu güýzüň hoş habarlara beslenip geläýşini! Beýik bagtymyzyň 30-njy güýzüni welaýatymyzda birbada iki sany täze mekdebiň açylyş dabarasy bilen garşylan bolsak, şondan bary-ýogy iki gün soňra ― dek düýnüň özünde Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şeýlelikde gadymy Lebap topragy mukaddeslik toýumyzy ýagtylyga, ýalkyma, ägirt kuwwata beslenip garşylaýar. Täze kuwwatly desga diňe bir ýurdumyza däl, dost-doganlyk döwletlerimize hem hyzmat eder. Täze desga gutly bolsun, eziz ildeşler! Goý, onuň ýalkymy diňe dünýämize däl, ýüreklerimize hem nur çaýsyn!
Gerimi dostlara ýaýyljak kuwwat
Mälim bolşy ýaly, bu kuwwatly desganyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutulypdy. Ynha, üç ýyla golaý wagtdan soň ýurdumyzyň gündogar sebitinde tutuş Merkezi Aziýa derejesinde alanyňda hem iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň biri guruldy. Ol Türkmenistanyň ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki zähmeti bilen bina edildi, enjamlaşdyryldy. Düýn bolsa, desga dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň umumy elektrik energiýasy akymyna birikdirildi.
Täze desganyň kuwwatyna göz ýetirmek üçin welaýatymyzda ozaldan işläp gelýän ugurdaş desgalar bilen deňeşdireliň! 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy 149,2 megawata deň. 1992-nji ýylda ulanylyşa girizilen, 2004-nji ýylda bolsa ikinji energoblogy bilen güýçlendirilen Seýdi ýylylyk elektrik merkeziniň kuwwatlylygy bolsa 160 megawat. Welaýatymyzda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde işläp gelen Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 megawat. Düýnki açylan desganyň kuwwaty bolsa 432 megawata deň bolar. Şeýlelikde Jeýhun ýakasy Merkezi Aziýanyň iň kuwwatly elektrik energiýaly sebitine öwrüler.
Täze elektrik energiýasyny öndüriji desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gaz turbinaly enjamlaryndan ybaratdyr. Taslama Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen karz şertnamasy arkaly Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirildi.
Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ösüp barýan ykdysadyýetiniň üznüksiz elektrik üpjünçiligi üçin zerur tehniki şertleri we täze iş ýerlerini döreder hem-de goňşy ýurtlara eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrüler. Has takygy, desga Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan daşary hem Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Ýakynda ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasyna hem elektrik energiýasyny eksport edip başlandygyny hem ýatlalyň!
Elektrik stansiýasy ýurdumyzda gurlan onunjy desga bolup, olaryň umumy kuwwaty 6,511 megawata barabardyr.
Ähli işler ýokary derejede
Kuwwatly desganyň gurluşygyna milli Liderimiziň hut özüniň uly üns gönükdirendigini aýratyn aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň mejlislerinde ýygy-ýygydan bu desgada alnyp barylýan gurluşyk işleri, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp durdy. Desganyň öz wagtynda işe goýberilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.
Üç ýyla golaý wagtdan bäri dowam eden gurluşyk we enjamlaşdyryş işleri bilen ýygy-ýygydan tanşyp durduk. Esasy potratçysy Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen desganyň gurluşygyny Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy alyp bardy. Enjamlaşdyrmaga bolsa ýene-de Ýaponiýanyň «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýasy gatnaşdy. Bu kompaniýalaryň üçüsiniň hem baý taryha eýe bolup, häzirki wagtda dünýäde uly meşhurlyk gazanandygyny aýratyn aýtmaly. Hatda düýnki açylan desga «Sumitomo Corporation» bilen «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýalarynyň bilelikde Merkezi Aziýadaky ilkinji taslamasydyr. Diýmek, Merkezi Aziýa bu hyzmatdaşlyk üçin täze bazara öwrüljek bolsa, onda ilkinji ädimiň juda berk edilmegi esasy zerurlyk bolup orta çykýar. Şeýle bolansoň, Çärjew etrabyndaky täze desgada oturdylan enjamlar döwrüň iň soňky gazananlaryna esaslanýar.
Wagtal-wagtal metbugat sahypalarynda hem habar berlişi ýaly, täze kuwwatly desgany işe girizmäge taýýarlamak üçin köpugurly tutumlar alnyp baryldy.
Döwrüň iň täze gazananlary gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň enjamlaşdyrylyşynda hem göze ilýär. Dünýäde iň täze ― dek düýnüň özünde açylan elektrik stansiýasynda iň kuwwatly we iň döwrebap enjamlar oturdyldy diýip, gypynçsyz aýdyp bileris.
Geçmişi şanly, geljegi parlak hyzmatdaşlyklar
Mundan üç ýyl ozal iri gaz turbinaly elektrik stansiýanyň düýbüni bilelikde tutan hyzmatdaşlar ony bilelikde açyp, ulanmaga berdiler. Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejiman, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Erman Ylyjak we beýleki hyzmatdaş kompaniýalaryň wekilleri täze desganyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular.
Dabarada giriş sözi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda energetika syýasatynyň barha rowaçlanýandygyna ünsi çekdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iri elektroenergiýa taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, olaryň birnäçesiniň gurluşygy dowam edýär. Elektrik energiýasy bilen içki zerurlygyny doly üpjün eden Türkmenistan bu baýlygyny dünýä döwletlerine hem eksport edýär. Tamamlanan taslamalaryň hatarynda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan elektrik stansiýalaryny, Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasyny görkezip bileris.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi dowam edýän taslamalaryň iň irisidir. Şeýle hem mundan bir ýyl ozal hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwatlylygy 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdi. Öňümizdäki ýylda ýurdumyzda energetika enjamlaryny abatlamak we şolara hyzmat etmek baradaky merkez ulanmaga berler. Energiýa halkasyny döretmek maksady bilen, Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir ýerli sarp edijileri — Diýarymyzyň şäherlerini we obalaryny hem-de her ýyl işe girizilýän iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge däl, eýsem, onuň artyk bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.
Täze desganyň açylyş dabarasynda çykyş eden «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň esaslandyryjysy Erman Ylyjyk uzak ýyllara daýanýan ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna, hususan-da, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdi. 1993-nji ýylda esaslandyrylan, häzirki wagtda dünýäniň 28 döwletinde, şol sanda Türkiýe, Russiýa, Niderlandlar Patyşalygy, Yrak, Mozambik, Özbegistan, Gazagystan, Germaniýa ýaly döwletlerde iri gurluşyklary alyp barýan kompaniýa biziň ýurdumyzda dürli ýyllarda guran Marydaky ammiak dökünleri kärhanasy, Ahaldaky Tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanasy, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen kärhanasy, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň döwrebap önümhanasy we beýleki iri gurluşyklary bilen meşhurdyr. Indi bolsa bu kompaniýa ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny hem amala aşyrmaga gatnaşdy. Hormatly myhman täze desganyň döwrebap mümkinçilikleri barada bu ýere ýygnananlara jikme-jik gürrüň berdi.
Ykrarnamalaryň desgasy
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gurulýan iri binalardyr desgalar hil, önümçilik we beýleki aýratynlyklary boýunça halkara güwänamalara mynasyp bolýarlar. Şeýle güwänamalaryň birnäçesi bolsa olara açylyp, ulanylmaga berlen gününde gowşurylýar. Şu gezek hem şeýle boldy. Çärjew etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy güwänamalaryň üçüsine ― Merkezi Aziýada ilkinji bolup «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gaz turbinalaryň ulanylandygy baradaky Sylag şahadatnamasyna, «Max-Planck» instituty tarapyndan Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik sertifikatyna hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky laýyklyk güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamalar degişli guramalaryň wekilleri tarapyndan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy. Şeýlelikde Türkmenistan sebitde ilkinji ädimleriň ýene-de birini ätdi. Nesip bolsa, bu ilkinjilik baýlyk, bereket hem egsilmez nur eçiler.
Kuwwaty dillerde sena
Güwänamalaryň gowşurylyş dabarasyndan soňra gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Onda nygtalyşy ýaly, täze stansiýa elektrik toguny öndürip, ony ýurdumyzyň umumy elektrik akymyna goşar. Täze stansiýadaky kuwwatlylyk bolsa tutuş ýurdumyzyň umumy energokuwwatyna güýçli goşant bolar, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi has ýokarlanar.
Ine-de, dabaraly pursat gelip ýetýär! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizýär. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi şobada täze, kuwwatly stansiýanyň işläp başlaýşyna animasiýa şekilleri arkaly tomaşa etdiler. Kuwwatly desganyň paýlaýan ýalkymy bolsa ýürekleriň çuňlugyna çenli baryp ýetdi.
Açylyş dabarasynyň ýakymly pursatlary ýokarda ýazanlarymyz bilen tamamlanmaýar. Täze desga hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ― gulluk awtoulaglarynyň üçüsiniň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Täze desga ― täze sahypa
Şeýlelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bary-ýogy 24 gün galanda ýurdumyzda ýene bir kuwwatly elektrik stansiýasy açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýlelikde ozaldan hem ýokary energiýa kuwwatly Türkmenistan bu kuwwatyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi ozalkysyndan has ýokarlandy. Bu waka Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Täze desga gutly bolsun, eziz ildeşler!
Ile-güne nurly täze sowgadyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!
Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.