Habarlar
Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.

Dabaranyň geçýän ýerinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyz kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar.

Bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin päk niýetliligiň şamçyragy bolan gadymy milli däplerimiziň dowamat-dowamdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligi berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlerde iki palataly parlamentiň we köppartiýaly ulgamyň döredilmeginiň möhüm ädim bolandygy nygtaldy. Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öz kitabynda ata-babalarymyzyň ýene-de bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen belleýär.

Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän belent ynam we hormat milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny üpjün etdi. Şol başlangyçlar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge — parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibini işläp düzmäge işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş taslamalaryna girizmäge ilkinjileriň hatarynda girişdi. Garaşsyz Türkmenistanyň kemala gelşiniň möhüm tapgyrlaryny beýan edýän kitapda bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwre garamazdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hemme çäreler görülýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.

Şol gün döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirildi. Şu çärelere gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42140

02.10.2021
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.


Hormatly adamlar!


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Şundan ugur alyp, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli pawilýony hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik. Çünki Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen tagallalarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryna we taslamalaryna badalga bermek bilen, ähli ugurlarda halkymyzyň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.


Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýokary derejede guralan Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

01.10.2021
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýylýazgysynyň altyn sahypalary

Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna watandaşlarymyza hem-de ýurdumyzyň köp sanly dostlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, kitabyň ilkinji nusgalary milli Liderimiz tarapyndan Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde gowşuryldy.

Maliýe-ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady toplumda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimize parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Eziz Diýarymyzdaky asudalyk we durnuklylyk ýagdaýynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.

Täze kitap Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydyr. Şunuň bilen birlikde, täze neşiriň maksady diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdyr.

Geçmiş häzirki döwre, şu günki günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly düşünmäge hyzmat edýär. Parasatly syýasatçy we alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoluna baha bermäge hut şu nukdaýnazardan çemeleşip, ýurdumyzyň iň täze taryhyna türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy bilen sazlaşykda, milli aň-düşünjäniň ösüşi babatda garaýar.

Eýýamlar möçberinde geçilen 30 ýyllyk ýol bir pursada deňdir, ýöne halkymyzyň ykbaly üçin tutuş eýýamlary ruhlandyran döwrüň bir bölegidir. Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler geljekde has-da belent sepgitlere ýetmek üçin esas bolar.

Milli Liderimiz ädimme-ädim jemgyýetçilik aňyny özgertmekde, milli we ruhy gymmatlyklary dikeltmekde, durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretmekde döwlet Garaşsyzlygynyň ähmiýetini açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň resmi taýdan ykrar edilmegi bu taryhy ýoluň möhüm wakasy hökmünde beýan edilýär. Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolup durýar we Türkmenistanyň ynsanperwer halkara syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedigi baradaky netijä gelýär.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejede ykrar edilen Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesi barada aýdyp, tutuş adamzadyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we nurana geljeginiň bähbidine halklary jebisleşdirýän ýörelgeleriň ähmiýetini açyp görkezýär.

Hakykatdan hem, halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmagyň möhüm şertleriniň biri boldy. Şu ýolda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Pudaklaryň her biri umumy işe goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika we obasenagat toplumynyň ösüşi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan rowaçlanmagy, raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy hem-de durmuş taýdan goraglylygy we iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada anyk maglumatlary getirýär.

Kitapda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzyň senagat taýdan üstünlikli ösüşi, elektron senagaty we döwrebap önümçilikleri döretmek, medeniýet, ulag hem-de maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, hususy telekeçiligi goldamak babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary barada gürrüň berilýär.

Täze neşiriň aýry-aýry sahypalary daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlandy.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti, bilim hem-de ylym, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlary kemala getirmegiň tapgyrlaryndan üstünlikli geçip, milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri çözmäge girişdi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişligine has-da işjeň goşulyşýandygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy dereje we halkara gatnaşyklarda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň ähmiýeti barha artýar.

“Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly neşir ata Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň ykbalynda özüniň jogapkärli wezipesine düşünýän hakyky watançynyň, ynsanperwer we parasatly syýasatçynyň kitabydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we döredijiligi mähriban topragymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň oý-pikirleri halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, arzuwlary bolsa eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak baradadyr.

Resmilik, garaşsyz we özygtyýarly ösüşiň 30 ýyllyk döwrüne ylmy taýdan berlen anyk baha wakalary beýan etmegiň şahyranalygy bilen utgaşýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan eseriň many-mazmunynyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilendigine göz ýetirmek bolýar. Neşir köp sanly suratlar bilen bezelipdir.

Fotosuratlar Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, täsin tebigaty hem-de baýlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan, ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan garaşsyz, dünýewi we demokratik döwlet barada gürrüň berýär. Olar täze döwrüň ruhuny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işini, amala aşyrýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwerlik many-mazmunyny her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriň okgunlylygyny açyp görkezýär.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly çärä medeniýet ulgamynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, döredijilik, sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabyň alymlar hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma bildirýändigini, türkmen garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän möhüm, dokumental çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Çykyş edenler täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar.

Medeniýet işgärleri, şahyrlar, sungat ussatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan türkmenleriň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan nygtadylar.

Meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Olar Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we köpöwüşginliligi hem-de döredijilik mekdepleriniň köp ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň hem-de milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýylynda neşir edilen bu ajaýyp eser milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy we geljegi baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi.

Tanyşdyrylyş dabaralarynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýüzlenme kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42048

01.10.2021
Milli Liderimiziň beýik baýramyň hormatyna täze kitaby

Aşgabat, 29njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly tä-ze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukad-des Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hemde köpçülikle-ýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amalyhaşam sungaty-nyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüş-gin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çy-kan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze ta-ryhyna özboluşly syýahatdyr.
Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, atababalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýylly-gyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hemde onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanyl-magynyň durýandygyny nygtaýar.
Şunda milli Liderimiz: “Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler ilhalkymyzyň egsilmez gaýra-tynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir” diýip belleýär.
“Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeketäk eýesi” diýen bölümde hut milli özboluşlylygyň hemde türkmenlere mahsus bolan sabyrkanagatlylygyň netijesinde, ýaş, özbaşdak döwletiň kema-la gelýän döwründe hökman we esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri ýe-ňip geçmegiň başardandygy tötänden nygtalmaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşy hemde dünýä jemgyýetçiligi tara-pyndan doly goldanylýan durmuş ýörelgeleri halkyň arzuwislegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly atababalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyr-maga hemde jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin hormatly Pre-zidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin päk niýetliligiň şamçyragy bolan gadymy milli däplerimiziň dowamatdo-wamdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligi berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlerde iki pala-taly parlamentiň we köppartiýaly ulgamyň döredilmeginiň möhüm ädim bolandygy nygtaldy.
Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda atababalarymyzyň ýenede bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen belledi.
Geçilen ýolda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagy möhüm waka öwrüldi. Geçen ýy-lyň dekabrynda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2015nji ýy-lyň 3nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69njy mejlisinde halka-ra bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň — 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemi-şelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi.
Mundan başgada, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMGniň Baş Assambleýasy 12nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMGniň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwlet-leriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hemde abraýly guramalar bilen köpu-gurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we gurama-lar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän belent ynam we hormat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny üpjün etdi. Şol başlangyç-lar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge — parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly-lygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmäge, ulag ulga-mynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen-dir.
Şeýle hem Türkmenistan 2030njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibini işläp düzmäge işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara hemde durmuşyk-dysady taýdan ösüş taslamalaryna girizmäge ilkinjileriň hatarynda girişdi.
Garaşsyz Türkmenistanyň kemala gelşiniň möhüm tapgyrlaryny beýan edýän kitapda bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwre garamazdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýet-mek üçin hemme çäreler görülýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt-lardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda ähli ugurlary gurşap alýan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz uly ösüş gazandy. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hemde üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly öz-gertmeleriň iri möçberli strategiýasy gönüdengöni ýardam etdi. Şol strategiýa, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny hemde ony sanly ulgama geçirmegi, täzeçil tehno-logiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy-ny, häzirki zaman önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Strategik ulgamlaryň — ýangyçenergetika hemde obasenagat toplumlarynyň, ulag we maglu-mataragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bir hatarda, “intellektual ulgama” — ählumumy ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde mynasyp ykrar edilen bilime hemde ylma uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Halkymyzyň ruhy hemde beden taýdan yzygiderli kämilleşmegine hyzmat edýän ähli zatlar — saglygy goraýyş, medeniýet we sport hem anyk beýanyny tapan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ugrudyr.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdanda, gymmatly kitabynyň Berkarar döw-letimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşi-niň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuşykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiziň ata Watanymyza hemde mähriban halky-myza bolan egsilmez söýgüsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Şu gün döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirildi.
Şu çärelere gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2948 

30.09.2021
Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­ýik baý­ra­myň hor­ma­ty­na tä­ze ki­ta­by

Aş­ga­bat, 29njy sent­ýabr (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz” at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu ki­tap şöh­rat­ly se­nä — Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan öz­bo­luş­ly ede­bi ese­re öw­rül­di.

Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hemde köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da­ky bu çä­re aý­ra­tyn da­ba­ra­ly ýag­daý­da geç­di.

Hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň su­but­na­ma­la­ry bo­lan şe­kil­len­di­riş we ama­lyha­şam sun­ga­ty­nyň nus­ga­la­ry ser­gi di­war­lyk­la­ry­nyň aja­ýyp de­re­je­de üs­tü­ni ýe­tir­di. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, meş­hur aý­dym­çy­la­ryň we sa­zan­da­la­ryň joş­gun­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne aja­ýyp öwüş­gin çaý­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny” di­ýen çuň­ňur maz­mun­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýän şu şan­ly ýyl­da çap­dan çy­kan ki­ta­by asyr­la­ryň do­wa­myn­da en­çe­me be­ýik döw­let­le­ri dö­re­den türk­men hal­ky­nyň iň tä­ze ta­ry­hy­na öz­bo­luş­ly sy­ýa­hat­dyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ese­rin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ataba­ba­la­ry­my­zyň he­mi­şe ar­zuw eden, ikin­ji müň­ýyl­ly­gyň ahy­ryn­da dö­re­di­len Ga­raş­syz Türk­men döw­le­ti dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da my­na­syp or­ny eýe­läp, tu­tuş adam­za­da öz şug­la­sy­ny sa­çyp, düý­bün­den tä­ze, bag­ty­ýar döw­rüň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ki­ta­by­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da Ga­raş­syz­lyk hemde onuň göz­baş­la­ry ba­ra­da pi­kir ýö­re­dip, hem­me be­ýik ýe­ňiş­le­riň, üs­tün­lik­le­riň we hä­zir­ki Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha art­ýan hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň öze­nin­de hut döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy­nyň dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

Şun­da mil­li Li­de­ri­miz: “Bag­ty­my­zy ga­zan­mak, ber­kit­mek, Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň ýo­ly bi­len öňe, di­ňe öňe äkit­mek ug­run­da ama­la aşy­ry­lan we ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ilhal­ky­my­zyň eg­sil­mez gaý­ra­ty­nyň, joş­gun­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­si­dir” di­ýip bel­le­ýär.

“Türk­men hal­ky — döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ketäk eýe­si” di­ýen bö­lüm­de hut mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyň hemde türk­men­le­re mah­sus bo­lan sa­byrka­na­gat­ly­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ýaş, öz­baş­dak döw­le­tiň ke­ma­la gel­ýän döw­rün­de hök­man we esas­ly çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän en­çe­me çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri ýe­ňip geç­me­giň ba­şar­dan­dy­gy tö­tän­den nyg­tal­ma­ýar.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let gur­lu­şy hemde dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri hal­kyň ar­zuwis­le­gi­ni we pi­kir­le­ri­ni he­mi­şe na­zar­da tu­tan pa­ra­sat­ly ataba­ba­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar döw­le­tiň hu­kuk esas­la­ry­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­ga hemde jem­gy­ýe­ti­mi­zi de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len yh­las­ly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Bu bol­sa hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­ler üçin päk ni­ýet­li­li­giň şam­çy­ra­gy bo­lan ga­dy­my mil­li däp­le­ri­mi­ziň do­wa­matdo­wam­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýur­du­myz­da ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de iki pa­la­ta­ly par­la­men­tiň we köp­par­ti­ýa­ly ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi­niň mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy nyg­tal­dy.

Bu gün Türk­me­nis­tan öz­baş­dak içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýan ha­ky­ky de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ki­ta­byn­da ataba­ba­la­ry­my­zyň ýe­nede bir be­ýik ar­zu­wy­na — pa­ra­hat­çy­lyk­da ýa­şa­mak ar­zu­wy­na la­ýyk gel­ýän kuw­wat­ly döw­le­tiň gur­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­di.

Ge­çi­len ýol­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lun­ma­gy mö­hüm wa­ka öw­rül­di. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015nji ýy­lyň 3nji iýu­nyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69njy mej­li­sin­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň äh­li­si­niň — 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da ikin­ji ge­zek ýö­ri­te Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.

 Mun­dan baş­gada, ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMGniň Baş As­samb­le­ýa­sy 12nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­di. Şeý­le hem BMGniň çäk­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry­nyň to­pa­ry dö­re­dil­di. Hä­zir oňa dün­ýä­niň 19 döw­le­ti gir­ýär.

Çy­kyş eden­ler Ga­raş­syz­lyk de­re­je­si­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýü­zü­niň has dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar hemde ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­den­di­gi­ni, şol döw­let­ler we gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de üs­tün­lik­li ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan bil­di­ril­ýän be­lent ynam we hor­mat mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den gol­da­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­di. Şol baş­lan­gyç­lar döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge — pa­ra­hat­çy­ly­gy, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze gur­lu­şy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ulag ul­ga­myn­da, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Şeý­le hem Türk­me­nis­tan 2030njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da Äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi­ni iş­läp düz­mä­ge iş­jeň gat­naş­dy we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li mak­sat­na­ma­la­ra hemde dur­muşyk­dy­sa­dy taý­dan ösüş tas­la­ma­la­ry­na gi­riz­mä­ge il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da gi­riş­di.

Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ke­ma­la gel­şi­niň mö­hüm tap­gyr­la­ry­ny be­ýan ed­ýän ki­tap­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin çyl­şy­rym­ly döw­re ga­ra­maz­dan, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin hem­me çä­re­ler gö­rül­ýär. Ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň we eks­port ugur­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, Türk­me­nis­ta­ny ýo­ka­ry de­re­je­li se­na­gat döw­le­ti­ne öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da äh­li ugur­la­ry gur­şap al­ýan öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ýur­du­myz uly ösüş ga­zan­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan hemde üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ägirt uly öz­gert­me­le­riň iri möç­ber­li stra­te­gi­ýa­sy gö­nü­dengö­ni ýar­dam et­di. Şol stra­te­gi­ýa, il­kin­ji no­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny hemde ony san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­gi, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy­ny, hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.

Stra­te­gik ul­gam­la­ryň — ýan­gyçener­ge­ti­ka hemde oba­se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, ulag we mag­lu­matara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da, “in­tel­lek­tual ul­ga­ma” — äh­lu­mu­my ösü­şiň he­re­ket­len­di­ri­ji­si hök­mün­de my­na­syp yk­rar edi­len bi­li­me hemde yl­ma uly ma­ýa go­ýum­lary gö­nük­di­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ru­hy hemde be­den taý­dan yzy­gi­der­li kä­mil­leş­me­gi­ne hyz­mat ed­ýän äh­li zat­lar — sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we sport hem anyk be­ýa­ny­ny ta­pan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň örän mö­hüm ug­ru­dyr.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk se­ne­si my­na­sy­bet­li öz hal­ky­na aja­ýyp sow­ga­da öw­rü­len, maz­mu­ny bo­ýun­ça, ha­ky­kat­danda, gym­mat­ly ki­ta­by­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ägirt uly ga­za­nan­la­ry­nyň, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dy­gy­ny, eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muşyk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň bol­sa, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ady bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata Wa­ta­ny­my­za hemde mäh­ri­ban hal­ky­my­za bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny we aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr.

Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry çap usu­lyn­da ne­şir edi­len ki­tap giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­dir.

Şu gün döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hem ge­çi­ril­di.

Şu çä­re­le­re gat­na­şy­jy­lar Ýüz­len­me ka­bul edip, ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk se­ne­si­ne ba­gyş­lan aja­ýyp dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41890

30.09.2021
Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine gönükdirilendir

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylan Bitarap Türkmenistan özüniň okgunly ösüşinde ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň halklarynyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyna ýardam berýär.

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek babatda has kabul ederlikli çözgütleri tapmak üçin tagallalary birleşdirmek boýunça ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesi barada aýdyp, bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň ýeterlik däldigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti babatdaky dialogyň meseleleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmalydygyny we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmalydygyny aýratyn nygtap, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildirýändigini we şeýle bolmagynda-da galýandygyny belledi. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýändigimizi tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda migrasiýa syýasatyny belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplap, bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka boldy.

Milli Liderimiz çuňňur many-mazmunly çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwleti gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, adamlaryň durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işlere ýokary baha berip, parahat söýüjilige hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Taryh üçin gysga wagtyň içinde ösüşiň garaşsyzlyk ýoly bilen barýan Türkmenistan dünýäde uly abraý gazanan döwlete öwrüldi. Bu döwür içinde biziň demokratik hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy, döwlet gurluşyny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi, harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Milli goşun döredildi, milli pul dolanyşyga girizildi.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar.

«Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli işde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlaryň birnäçesine gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy. Kitap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.

Milli Liderimiz bu sylaglara Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemleri, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly bolan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda mähriban halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň uly kuwwata eýe bolmagy netijesinde ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günä geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy jeza çekmekden boşadyldy.

Şeýle hem milli Liderimiz VI Hazar sammitini, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Şeýle hem geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bina ediler. Olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasyny muzdsuz gurup bermegi barada türk potratçysy bilen ylalaşyk gazanyldy.

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde Tatarystanyň Baştutanynyň hyzmatlaryny belläp, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady hem-de şu günki wakanyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow, “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buig, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Taslamasy “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezleri, kafe, inženerçilik desgalary, çüwdürim, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredildi.

Söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling-zal, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi ýerleşdirildi.

Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr. Üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýlerde giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Hormatly Prezidentimiz 17 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birine bardy hem-de öý eýeleri bilen söhbetdeşlikde otaglaryň ýerleşişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli jaý toýuny toýlaýanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşuryp, olara maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Şu günki dabaranyň çäklerinde milli Liderimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň eýwanlarynyň birinde dabara sanly ulgam arkaly gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar we paýtagtymyzdaky täze “Aşgabat” toplumynyň özboluşlylygyny, onuň gurluşygynda binagärçilik hem-de inženerçilik pikirleriniň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylandygyny bellediler.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň adyndan täze Söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň, «Docklands» ylmy-barlag akademiýasynyň (London) “Certificate of Excellence 2021” güwänamasynyň, Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň “Özboluşly dizaýn” güwänamasynyň gowşurylandygy, şeýle hem bu merkeziň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz täze merkeziň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guraljakdygyna, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň, rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň egsilmez döredijilik kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Köp sanly diwarlyklarda ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň binýatlaýyn pudaklarynyň ösüşiniň depgini görkezildi. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň parasatlydygyny hem-de netijelidigini görkezdi.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41889

30.09.2021
Ganatly bedewler bilen Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galýar

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

Täze taryhy eýýamda behişdi bedewler döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň we nesilleriň dowamatlylygynyň, adamzat ösüşiniň medeni genji-hazynasyna saldamly goşant goşan türkmen halkynyň aýdyň döredijilik zehininiň beýanyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmaty bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli döredijilikli işleriniň netijesinde bu gün ýurdumyzyň atçylyk pudagy kuwwatly ösüşe eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmegiň, ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň milli däplerini aýawly saklamak, dowam etdirmek hem-de baýlaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler dowam etdirilýär. Ugurdaş düzümler yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şeýle gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam edýär. Atly sportuň görnüşlerini, milli at üstündäki oýunlary hem-de at çapmak sungatyny wagyz etmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirilýär. Şu ýyl bu sene ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirildi. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylandygy bellärliklidir. Munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi döredildi. Her gezek bu abraýly gözden geçirilişiň emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe durýar — täsin bedewleriň iň gowularynyň arasyndan gowularyny seçip almak aňsat däl. Şol bedewleriň her biri gözelligi hem-de syrdamlylygy bilen tapawutlanýar.

Ahalteke tohum atlary halkymyzyň ägirt uly baýlygy hem-de buýsanjydyr. Bedewleriň taryhy ençeme müňýyllyklardan gözbaş alýar. Türkmen seýisleri atlary kämilleşdirmek bilen, ýelden ýüwrük bedewleriň täsin aýratynlygyny aýawly saklap, toplanan tejribäni hem-de bilimleri nesillerden-nesillere geçiripdirler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir.

Atlar ähli döwürlerde türkmenleriň wepaly dosty we syrdaşy bolupdyr. Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Ýurdumyzda bellenilýän ähli baýramçylyklarda däp bolan at çapyşyklary geçirilýär. Şol dabaralar ajaýyp, okgunly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini syn etmäge hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik berýär.

27-nji sentýabrda behişdi bedewler paýtagtymyzda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen ýubileý ýörişinde hem özleriniň gözelligini we başarjaňlygyny görkezdiler.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi.

Artistleriň we döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus bolan hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde göreşýän pälwanlar öz ussatlyklaryny subut etdiler.

Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde däp bolan ak öýler gurnaldy hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri, özboluşly halk senetleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alan giň gerimli sergi ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Bedewler gadymy döwürlerde-de, häzirki günde-de döredijilik ylhamynyň çeşmesidir.

Hakykatdan hem türkmen bedewleri wasp edilmäge mynasypdyr we olar görenleri haýran galdyrýar. Halk döredijiliginde atlar gözellik, maksadaokgunlylyk hem-de wepalylyk, dostluk, asyllylyk, gaýduwsyzlyk, ar-namys, eziz Watanymyza söýgi ýaly düşünjeleri alamatlandyrýar. Häzirki döwrüň sungat ussatlary şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini üstünlikli dowam etdirip, ajaýyp eserleri döredýärler. Şol eserlerde milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň ajaýyplygy wasp edilýär.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk sergisini synlady. Şol sergide paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň medeni-taryhy gymmatlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr.

Sergi gymmatlyklarynyň arasynda at esbaplarynyň nusgalary bar. Ussalar şol esbaplary taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşýärler.

Gadymy döwürlerde dörän aty bezemek däbi hem mähriban halkymyzyň bedewlerini çäksiz söýýändiginiň hem-de olara mähir bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňki döwürlerde şeýle bezegler goranyş wezipesini hem ýerine ýetiripdir we gözden-dilden goramagyň serişdesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde bu ajaýyp däpler häzirki zaman ussatlarynyň zehinli işlerinde öz beýanyny tapýar. Olaryň taýýarlaýan owadan, inçelik bilen ýasalan bezeg şaý-sepleri ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de olaryň gözelligini açyp görkezýär.

Sergide bezeg şaý-sepleriniň we el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, gön we agaç önümleriniň täsin nusgalary, milli saz gurallary, dürli sowgatlyk önümler görkezildi. Türkmenleriň däp bolan lybaslary we başgaplary, hojalykda ulanylýan serişdeleriniň, zähmet gurallarynyň nusgalary we beýlekiler görkezildi. Sergi gymmatlyklarynyň arasynda düýeler üçin niýetlenen bezegler, şol sanda toý kerweniniň aýrylmaz bölegi bolan owadan bezelen kejebe hem bar.

Bu sergi türkmen halkynyň köpugurly zehininiň hem-de zähmetsöýerliginiň, özüniň baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň nyşanydyr.

Baýramçylyk dabarasynda “Bedew ata şan getirdiň, Arkadag!” diýen aýdymyň ruhubelentlik we joşgun bilen ýerine ýetirilmegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň merkezi münberine çykýar.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýmak bilen, ussat çapyksuwar, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly adyň eýesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň örän köpdügine garamazdan, at çapmak, bedewler bilen didarlaşmak üçin hemişe wagt tapýar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň tutanýerli zähmeti we hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň atçylyk sport pudagyny höweslendirmäge hem-de ösdürmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmaga saldamly goşant goşýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde özleriniň okgunlylygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Geçirilen çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, atly sportda bedewiň hem-de çapyksuwaryň sazlaşykly hereket etmegi örän wajypdyr. Sportuň şu görnüşinde yzygiderli we tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýan üstünlik köp babatda çapyksuwaryň we atyň sazlaşykly hereketi bilen kesgitlenilýär. Çapyksuwar batyrgaý we aýgytly bolmalydyr, özüniň wepaly ýoldaşyna oňat düşünmelidir hem-de ony başarjaňlyk bilen ugrukdyrmalydyr. Bularyň ählisi ýeňşiň kepilidir.

1400 metr aralyga geçirilen ilkinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar.

Ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly mele bedew 1 minut 31,5 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi. Ony çapyksuwar B.Babaýew çapdy.

Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr atly gurt mele bedew geldi. Ol bu aralygy 1 minut 33,5 sekuntda geçdi. Onuň çapyksuwary — Ö.Ýalkabow.

Üçünji çapyşykda çapyksuwar N.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumdag atly dor at 1 minut 31,7 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi.

Dördünji çapyşykda Energetika ministrligine degişli Menekli atly gara gysrak bedew ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 1 minut 32 sekunda deň boldy. Çapyksuwary — J.Hydyrow.

Galan çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler ýaryşdylar.

1800 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kelete atly dor bedew 2 minut 2,3 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

2200 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli Syrdaşym atly gyr at iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu aralygy 2 minut 23,7 sekuntda geçdi. Ony çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky şeýle aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar atly gyr bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 2 minut 31,2 sekuntda geçdi. Çapyksuwary — B.Bajamow.

Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1-6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň baýragyny — 300 müň manady 2200 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahaltekeatçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atly sporty höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly milli däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz at çapyşyklarynyň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, ähli seýisleri, atşynaslary, şeýle hem tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna möhüm waka hökmünde giren şanly sene — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsdeşlik ruhy ýeňiş gazanmak ugrundaky yhlasly ýaryşlara özboluşly öwüşgin çaýdy. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler at çapmagyň ussatlary hasaplanylýar. Bedew hem-de çapyksuwar bir bitewi sazlaşygy emele getirip, hemmeleri haýran galdyrýar.

Ahalteke bedewleri asyllylyk hem-de okgunlylyk ýaly häsiýetlere eýe bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde çapyksuwar babatda ösen aň-paýhas we duýgurlyk ýaly häsiýetlerini görkezýär. Bedewiň hem-de çapyksuwaryň arasyndaky doly özara düşünişmek ýagdaýy atlary seýislemegiň milli mekdebiniň özboluşly aýratynlygydyr. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk mekdebi täze ösüşe eýe boldy.

Ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz ylmy seljermäniň hem-de giň göwrümli taryhy we häzirki döwrüň maglumatlaryny umumylaşdyrmagyň esasynda ýazylan behişdi bedewler baradaky ajaýyp kitaplaryň ençemesini döretdi. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen, türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler daşary ýurtly okyjylar hem-de ady rowaýata öwrülen ganatly bedewlere uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hünärmenler we atşynas alymlar üçin elýeterli boldy.

Dünýäniň köp ýurtlarynda ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. 2018-nji ýylda bu bedew on metr aralygy iki aýagynda 4,19 sekuntda geçmegi başaryp, bäsleşigiň şu görnüşinde dünýä rekordyny täzeledi. Şu ýylyň ýaz paslynda Akhanyň ilkinji taýçanagynyň peýda bolandygy bellärliklidir. Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna taýçanaga Aşgabat ady dakyldy.

Ahalteke bedewleriniň hem-de çapyksuwarlaryň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilen iri gözden geçirişlerinde hem-de sirk festiwallarynda ýeňiji bolandygy bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu topar halkara bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” toparynyň at çapmak babatdaky ýokary ussatlygy, onuň agzalarynyň ýerine ýetirýän täsin akrobatik tilsimleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrýar.

Milli Liderimiz ýeňiji bolan çapyksuwarlary gazanan ýeňişleri bilen ýene bir gezek gutlap, hemmeler bilen bilelikde edermen harby uçarmanlarymyzyň ýerine ýetiren uçuşlaryny synlady.

Şol pursatda häzirki zaman uçarlaryna erk edýän birnäçe harby uçarmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýokarsyndan baýramçylygyň hormatyna birnäçe çylşyrymly uçar tilsimlerini ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna asmanyň giňişligini salýutyň öwüşginleri bezedi. Munuň özi dabara gatnaşyjylaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.

Harby uçarmanlaryň bu görkezme çykyşlary özleriniň ajaýyp häsiýetleri bilen “asman bedewleri”, “ganatly bedewler” ýaly deňeşdirmelere mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şan-şöhratynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Gadymy rowaýatlardan mälim bolşy ýaly, ganatly ahalteke bedewleri biziň şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşanyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň harby uçarmanlary tarapyndan ýerine ýetirilen çylşyrymly tilsimler, göýä, ganatly bedewleriň okgunlylygyny görkezýär. Atlaryň çapyşyny uçuş bilen deňeşdirmek bolýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň ygtyýaryna häzirki zamanyň iň kämil we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalary gelip gowuşýar. Bu bolsa harby uçarmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarly bolmak bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda türkmen uçarmanlary iň täze uçarlara ussatlyk bilen erk edip, olarda çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler. Olaryň şu günki görkezme çykyşlary eziz Watanymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan çäreleriň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz çapyksuwarlaryň höwes edýän ugurlary, geljekde saýlap aljak hünärleri bilen gyzyklandy we olara durmuşda ak ýol arzuw etdi.

Milli Liderimiz çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýurdumyzyň Hökümet agzalary döwlet Baştutanymyzy giňden dabaralandyrylan şanly sene bilen gutladylar. Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini, oňa halkymyzyň işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy ähmiýetli pursatlaryň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwatyna beslenen gadymy küştdepdi tansy döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41751

29.09.2021
Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi. Watan azatlygy üçin janlaryny gurban eden milli gahrymanlaryň edermenligine sarpa goýmak biziň halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de ata-babalarymyzdan miras galan beýik taglymlaryň köp asyrlyk ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän serkerdeler, esgerler, harby talyplar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Türkmenistanyň çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny pugtalandyrmakda we goramakda, Watanymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmakda, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny hem-de asuda durmuşyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny edermenlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet sylaglaryna hödürlendiler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylaryň hem-de Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň uly toparyna Watanymyza, halkymyza birkemsiz we wepaly gulluk edendikleri, mukaddes harby borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirendikleri üçin harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Öz ykbalyny eziz Watanymyzy goramak bilen baglanyşdyran dabara gatnaşyjylar sylaglary buýsanç duýgusy bilen kabul edip, esger borjuna, Watanymyza hemişelik wepadarlygyň we türkmenistanlylaryň döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes Döwlet tugumyzyň öňünde tagzym etdiler.

Biziň halkymyz öz taryhynyň tutuş dowamynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly bolup geldi, häzirki wagtda bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Biziň ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşmek bilen, diňe bir döwlet gurluşynyň özboluşly milli nusgasyny döretmek bilen çäklenmän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap üstünlikli öňe hereket etmegiň esasy şerti bolup durýan jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi hem başardy.

Ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak wezipeleriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine berk laýyk hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna doly kybap gelýändigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy maksady Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, şol sanda harby şäherçeleri we serhet galalarynyň täze, döwrebap nusgaly binalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň hasabyna esgerleriň we serkerdeleriň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Geçirilýän işleriň netijesinde harby gullukçylaryň hünär derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar, olar harby sungatyň inçe tärlerini ele alýarlar. Muňa guryýerde hem-de deňizde yzygiderli geçirilýän harby-taktiki türgenleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleriň häzirkizaman bilimlerini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanylan harby sungatyň tejribesini tutanýerli özleşdirmelidiklerini hemişe nygtaýar.

Ýaş nesle Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýe bermek, biziň köpasyrlyk taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny öwrenmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň iň gowy ogullary taryhyň tutuş dowamynda gaýduwsyzlygyň, mertligiň we edermenligiň hakyky nusgasyny görkezdiler.

Ýaş nesle görelde almak üçin mysallar köpdür — Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap saklan, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi mertlik, edermenlik we harby borja wepalylyk görkezip, duşman bilen söweşdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew mynasyp orun eýeleýär. Onuň geçen şöhratly ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watan baky gymmatlykdyr. Watana çäksiz söýgi, onuň üçin janyňy pida etmäge taýýarlyk her bir türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Watany goramak ýaly mukaddes we beýik borja wepalylyk, eziz Diýara çäksiz söýgi ynsanyň durmuşynyň esasy many-mazmunydyr.

Harby gullukçylar yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41750

29.09.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün tutuş ýurdumyz mäkäm jebislikde baş baýramymyzy — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda giňden belleýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

30 ýyl mundan ozal halkymyzyň özbaşdak döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy hasyl boldy. Ol watandaşlarymyza döredijilikli zähmet çekmek, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak üçin egsilmez güýç-gaýrat, ruhubelentlik paýlaýar. Halkymyz erkinligi we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyga aýratyn buýsanýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Ata Watanymyzyň täze taryhy, biziň gazanan üstünliklerimizdir ösüşlerimiz milli Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz” diýip nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ruhy, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ykdysady ösüşi güýçli depginlere eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň täze keşbini bütin dünýä äşgär etdi. Jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleriň başyny başlan hem-de köpugurly işinde “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni esas edinen milli Liderimiz ýurdumyzy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ir säheriň güneşli howasynda has-da gözel görünýän Garaşsyzlyk binasynyň töweregindäki meýdança aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandy. Ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, ajaýyp gül desseleri, adamlaryň belent ruhy şatlygy baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär.

Dabara gatnaşyjylar gadymy we baky juwan türkmen topragynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere badalga berýän, beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly ynsanperwer syýasatyň netijesinde Türkmenistan tutuş dünýäde abadançylygyň we parahatçylyk döredijiligiň merkezi hökmünde tanalýar.

Milli Liderimiz gyrasynda merdana pederlerimiziň däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan Milli goşunymyzyň edermen goragçylarynyň nyzama düzülen ýodajygy bilen ýöräp geçýär. Şöhratly pederlerimiziň keşpleri ajaýyp Garaşsyzlyk binasyna barýan ýoldaky heýkellerde öz beýanyny tapdy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli mähriban halkymyzyň, eziz Diýarymyzyň gahrymançylykly taryhyna hormat-sarpa goýmak ruhunda terbiýelenýär.

Döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Binada halkymyzyň erkinlik we garaşsyzlyk baradaky arzuwyna ýetmeginiň köpasyrlyk ýoly barada gürrüň berýän gymmatly ýadygärlikler saklanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gül desselerini goýdular.

Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen örtüldi. Bu güller türkmenistanlylaryň belent watansöýüjilik duýgularynyň, halkymyzyň häzirki berkarar we bagtyýar döwri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bimöçber hoşallygynyň, geljege ynamly garaýşynyň nyşanydyr.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41701

28.09.2021
Watanymyzyň Garaşsyzlygy — halkymyzyň bagtyýarlygy we buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün agzybir we jebis türkmen halky parahatçylyk, ylalaşyk we ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi.

Täze taryhy döwrüň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän umumymilli dabaralar tutuş ýurdumyzda geçirildi. Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň, şeýle-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de oňyn, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň netijesi bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar olaryň kesgitleýji ýörelgesine öwrüldi.

Ýubileý — bu hemişe aýratyn sene bolup, ol geçilen uly ýoluň netijelerini jemlemäge hem-de geljege dykgat bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary, açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyna, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine hem-de ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine ygrarlydygyna şaýatlyk etdi.

Milli Liderimiz mejlisde çykyş edip, Garaşsyzlygyň ata Watanymyzyň täze taryhynyň başyny başlandygyny, biziň ähli üstünliklerimiziň we gazananlarymyzyň esasyna öwrülendigini aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, gysga taryhy döwrüň içinde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esasy döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi.

Deňi-taýy bolmadyk özgertmelere beslenen gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda okgunly özgerýär. Bu gün türkmenistanlylar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Watanymyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň şaýatlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olara gönüden-göni gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu şanly ýyl Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze, şöhratly sahypalary ýazdy.

Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramçylygynyň şanyna binagärlik-gurluşyk açylyşlary, şeýle hem ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe möhüm çäreler geçirildi. Olar özygtyýarly ösüşiň geçen 30 ýylynda döwletimiziň durmuşynda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleriň taryhy ähmiýetini halkara bileleşige açyp görkezmegi ugur edindi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär, özi-de bu serişdeleriň 60 göterimden gowragy senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. «Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem sebitlerde täze obalaryň we şäherçeleriň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.

Şu ýylyň diňe ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap senagat, durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berildi, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.

Şonuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi has-da kämilleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, ähmiýeti uly bolan täze, möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn daşary syýasy ugry öz miwelerini berýär.

Milli Liderimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Bularyň hemmesi türkmenistanlylaryň kalbyny eziz Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyndan dolduryp, özygtyýarly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin ylham-joşgun berýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda açylan, baýramçylyk lybasynda belent mertebeli myhmanlary garşylan Döwlet münberiniň toplumy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Ozal habar berlişi ýaly, bu uly şatlygy türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin Aşgabat şäherine daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan — Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow geldiler.

...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň ähli görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Köpetdag şaýolunyň ugry bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny göterip barýan Hormat garawulynyň atlylar toparynyň ugratmagynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna dabaraly ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.

Milli Liderimiziň awtoulagy münberiň täze toplumynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýarlygy hakynda hasabat berýär.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby ýörişe gatnaşýan goşunlaryň öňünden awtoulagly geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdanyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:

— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!

— Saglygyňyzy isleýäris, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler agzybirlik bilen jogap berýärler.

Soňra milli Liderimiz ýene-de dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlendi:

— Hormatly Watan goragçylary, sizi şanly baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn!

Esgerler we serkerdeler Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip üç gezek jogap berýärler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet münberine çykýar.

Şol wagt dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm:

— Belent Serkerdebaşymyza şöhrat! — diýip seslenýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde dabaraly saz ýaňlanýar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Şol pursatda paraşutçylaryň topary asmandan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen meýdança gelip düşýär. Ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny wasp edýän goşgy setirleri okalýar. Hormat garawulynyň harby gullukçylary nyzam bilen baýdak sütüniniň ýanyna barýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň nyşany — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe başlamaga rugsat berýär.

Dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip, bäş gezek jogap berýär.

Meýdanda nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Bu gün olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, Watan goragçylary diýen belent ady buýsanç bilen göterýärler.

Döwletimiz türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň ygtybarly daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, olar üçin döwrebap, ýörite tehnikalar satyn alynýar.

Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmek, şol sanda täze nusgadaky harby şäherçeleri we serhet birikmelerini, Watan goragçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak degişli ugurda geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmen harbylary döwletimiziň aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Şunda milli Ýaragly Güýçleriň tutuş kuwwatynyň parahatçylyga we diňe parahatçylyga gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Ata Watanymyzyň taryhynyň ähli döwürlerinde Tuga mukaddeslik hökmünde garalyp gelindi. Hormat garawulynyň Aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.

Watançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy eýe bolan häsiýetleridir. Watana wepalylygyň, ýurdy goramagyň, gahrymançylygyň hemişelik nusgalaryny döreden şöhratly ata-babalarymyzyň şu günki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Türkmen esgerleri döwrebap tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, nazary we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.

Münberiň öňünden dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.

Baýramçylyk meýdançasyna zenan harby gullukçylary çykýarlar, olar ene topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny saklamaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.

Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin goraýarlar.

Harby ýörişe ilkinji gezek Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary gatnaşýarlar.

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, degişli bilim we ylym derejesini ösdürmek, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş esgerleri Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda harby bilimiň bir bitewi ulgamy döredildi.

Harby düzümleriň okuw mekdeplerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala gelýär. Şolarda bilim bermegiň hiline we netijeliligine, hünär, ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap harby tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmak endigine aýratyn üns berilýär. Umuman, türkmen goşunynyň geljegi ygtybarly ellerdedir.

Döwlet münberiniň öňünden Harby institutyň harby talyplary — geljekki motoatyjylar we tankçylar — söweşjeň we nazary taýýarlygyň ussatlary geçýär.

Meýdançadan Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary geçýärler. Birnäçe ýyldan olar — geljekki serkerdeler ata Watanymyzyň deňiz çäklerini gorarlar.

Olaryň yzysüre Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Serhet institutynyň talyplary geçýärler.

Döwlet münberiniň öňünden motoatyjy esgerler dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň iň gowy wekilleri: edermen harby uçarmanlar, artilleriýaçylar, asmana atyjylar harby ýörişiň hatarlary bilen barýar. Olaryň hemmesi berkarar Watanymyzyň hakyky buýsanjy, mizemez galkany bolup durýar.

Soňra meýdan boýunça Inžener we Tank goşunlarynyň harby gullukçylarynyň batalýony geçýär.

Olaryň yzy bilen raýat goranyş we halas ediş batalýony gadam urýar. Onuň esasy wezipesi adatdan daşary ýagdaýlarda dessin kömek etmek we şol ýagdaýlaryň täsirlerini aradan aýyrmak bolup durýar. Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem bar.

Esgerleriň we serkerdeleriň aýak urşunyň dürslügi we gözelligi, harbylaryň hatarlarynyň bitewüligi, münberiň öňünden geçýän şahsy düzümler buýsanç duýgyňy belende göterýär.

Baş meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlary geçýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip atlandyryldy.

Olar türkmen halkynyň Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly, beýik şahsyýetleriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir. Toparyň ykjamlygy olaryň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri takyk we dessin çözmäge mümkinçilik berýär.

Asyrlarboýy uly milli dabaralara gatnaşyp gelýän ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň ýörişi dabaranyň bezegine öwrüldi.

Gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewi täze taryhy döwürde Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Behişdi bedewleriň muşdagy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýurdumyzyň atçylyk däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenler köp asyrlaryň dowamynda öz atyna wepaly ýoldaş hökmünde garap geldiler. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby birikmelerinde atçylyk bölümleri döredildi.

Harby gämileriň gözden geçirilişi şu günki dabaranyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar Döwlet münberiniň meýdançasynda oturdylan ägirt uly monitorlarda göni ýaýlymda, şol bir wagtda Hazarda portuň giňişliginde geçýän baýramçylyk ýörişine hem tomaşa etdiler.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň birikmesi döredilip, ol Hazar deňzinde serhedimiziň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi ugur edinýär.

Häzirki wagtda harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, şeýle hem döwrebap tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn almak, ýurdumyzda gämileri gurmak boýunça anyk çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň hem-de nazary taýýarlygy ýokarlanýar. Olaryň birkemsiz gulluk etmegi, oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleri yzygiderli gowulandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, ýokary söweşjeň tälimi, deňizdäki serhedimiziň we umuman, döwletimiziň, türkmen halkynyň asuda durmuşynyň howpsuzlygyny goramak işinde döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezýärler.

Ýurdumyzyň deňizdäki çäklerini ygtybarly goramak, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty döredildi. Harby-deňiz güýçleri üçin işgärleri taýýarlaýan bu ýokary harby okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişi ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen hem-de takyk, döwrebap ýaraglar bilen üpjün edilen «Deňiz han» atly korwet taslamaly söweşjeň gämisiniň ýüzüşi bilen başlanýar.

Onuň yzy bilen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşini dowam edýärler. «Molniýa» taslamaly bu raketa gämileri deňiz çäklerimiziň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişini galkan görnüşli «Algyr» we «Hanjar» serhet gorag gämileri hem-de 6 sany galkan görnüşli «Arkadag», «Erkana», «Asuda», «Mergen», «Hüşgär», «Synmaz» atly serhet gorag gämileri dowam edýär. Olar deňiz çäklerimizi goramak işinde tapawutlanmagy başardylar.

Dabaraly harby-deňiz ýörişiniň hatarlaryny 4 sany «Sakçy» taslamaly serhet gorag gämileri dowam edýär. «Ezber», «Kämil», «Galjaň», «Gaplaň» atly gämiler deňiz araçäklerimizi eserdeňlik bilen goraýarlar.

Monitorda tomaşaçylar «Berdaşly» atly ýokary tizlikli, uly göwrümli howa ýassykly serhet gorag gämisini synlaýarlar. Bu gämi deňizde we deňziň ýalpak ýerlerinde hereket edip, desant toparlaryny düşürmek wezipelerini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýörişi «Umman» atly gidrografik gämi dowam edýär. Bu gämi Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Gämi deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Soňra portuň giňişligi boýunça Harby-deňiz güýçleriniň «Eserdeň» atly 60 metr labyr göçüriji tirkeg-üpjünçilik gämisi geçýär. Ol gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýöriş Harby-deňiz güýçleriniň «Gujurly» we Döwlet serhet gullugynyň «Zarply» tirkeg gämileri bilen dowam edýär. Bu tirkeg gämileri deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek işlerine goldaw bermek üçin niýetlenendir. Gäminiň tizligi 11 uzel, ekipažy bolsa 6 adam.

Döwlet serhet gullugynyň «Kuwwatly» ýük göteriji gämisi hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň «Berkarar» desant kateri Hazar deňzinde dabaraly ýüzüşi dowam edýärler. Olaryň kömegi bilen ýörite maksatly toparlary, desantlary hem-de söweş tehnikalaryny düşürmek, kenardan-kenara alyp gitmek we getirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Olaryň yzysüre Döwlet serhet gullugynyň 4 sany «TG-12 Bars» taslamaly serhet gorag katerleri geçýär. Döwrebap gämilere başarjaňlyk bilen erk edýän harby deňizçilerimiz ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goraýarlar.

Ekranda, göni ýaýlymda, deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen Içeri işler ministrliginiň 6 sany «Master 651» kysymly gözegçi katerleri peýda bolýar. Sagatda 70 kilometr tizlik bilen hereket edýän bu gözegçi katerler Hazar deňzinde gözegçilik gullugyny alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň gämileriniň dabaraly ýörişi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly ellerde saklanýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelip ýetýär — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli görnüşleriniň mehanizmleşdirilen toparlary geçýär, ýöriş hatarynyň öňüni «Combat Guard» kysymly sowutlanan awtoulag çekýär.

Harby ýörişe ilkinji gezek Watanymyzyň döwlet Tugy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen bezelen «Dongfeng Mengshi» kysymly awtoulaglar gatnaşýar. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «Typhoon-K» kysymly sowutlanan awtoulag olaryň baýramçylyk hataryny dowam edýär.

Guryýer goşunlarynyň iň kuwwatly, ýokary söweşjeň mümkinçilikli harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dabaraly ýörişi birinji kerweniň hatarynda «MAN» kysymly agyr ýük çekiji awtoulagyň üstünde kuwwatly «T-90S» hem-de «T-72M» tanklary dowam edýärler. Olaryň yzy bilen «BMP-3», «BMP-2D» we «BMP-1M» kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary geçýär.

Soňra münberiň öňünden artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» hem-de «2S-3 Akasiýa» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary geçýärler. Olar garşydaşyň dolandyryş nokatlaryny, sowutlanan tehnikalaryny we şahsy düzümini hatardan çykarmak üçin niýetlenendir.

Soňra meýdanda «ZSU-23-4 Shilka», «STRELA-10» hem-de «KUB» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary baýramçylyk ýörişiniň hataryny bezeýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Mehanizmleşdirilen ikinji ýeňil awtoulaglar kerweniniň öňüni «Bars» kysymly harby awtoulag çekýär.

Dabaraly harby ýörişi «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000», «MV-850» we «BIG BOSS-570» kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarynda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Olaryň yzy bilen ykjam hem-de şol bir wagtda agyr ýükleri bilen çylşyrymly ýerlerden geçmäge ukyply taktiki maksatly ulag serişdeleri — «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen, şeýle hem «DAGOR» kysymly harby awtoulaglar Watan goragçysynyň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlarymyz bilen Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar «Land Rover» hem-de «NIMR Ajban» kysymly ýeňil harby awtoulaglarda münberiň öňünden geçýärler. Olaryň üstünde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary dürli görnüşli mergenlik ýaraglary bilen geçýärler.

«KARAKAL» kysymly özi ýöreýän tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy Döwlet münberiniň öňünden geçýär.

«NIMR» hem-de «Al Shibl 2» kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglardaky tanka garşy raketalar, minomýotlar hem-de pulemýotlar «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň esgerlerine sazlaşykly hereket edip, öňlerinde goýlan wezipäni tiz we üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň häzirki zaman harby tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna, düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki harby ýörişde Milli goşunymyzyň hatarlaryna gelip gowşan söweşjeň ulaglar görkezildi. Şolaryň hatarynda sowutlanan «TITAN-DS» kysymly awtoulag hem bar.

Dabaraly harby ýörişe ýörite maksatly toparlar we «Land Rover» lukmançylyk awtoulaglary üçin niýetlenen «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar gatnaşýar.

Soňra münberiň öňünden göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen enjamlaşdyrylan «BTR-80A» we «BTR-80M» kysymly söweşjeň hem-de suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler.

«MAN» kysymly awtoulagda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň radiasion, himiki we biologik goranyş toparynyň, howpsuzlandyryş toparynyň hem-de halas ediş toparynyň şahsy düzüminiň wekilleri geçýärler. «MAN» kysymly ýörite tehnikalaryň ýörişine gatnaşyjylaryň hatarynda Döwlet migrasiýa gullugynyň gullukçylary hem bar. Bu awtoulaglarda gurnalan hemra antennasy arkaly islendik nokatdan aragatnaşyk ýola goýlup, adamyň biometrik maglumatlary seljerilýär we olar ýörite gaznada hasaba alynýar.

Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet münberiniň öňünden uly ot açyş harby kuwwata eýe bolan hem-de islendik aralykdan nyşanalary dürs urmaga ukyply artilleriýa bölümleriniň harby tehnikalary geçýär.

Meýdanda «Bars» kysymly harby awtoulaglar peýda bolýar.

Olaryň yzy bilen tomaşaçylaryň öňünden «KAMaz» kysymly çekiji awtoulagda «D-30» kysymly gaubisa toplary, şeýle hem «MAN» kysymly çekiji awtoulagda «D-20» agyr toplar geçýär. Olaryň kömegi bilen türkmen esgerleri dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler, hünär derejelerini kämilleşdirýärler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, 152 millimetrlik «MSTA-B» we «GIASINT-B» kysymly tirkege alynýan toplar hem-de 122 millimetrlik «BM 21 we BM 21A BELGRAD» kysymly ot açyş reaktiw ulgamlary satyn alyndy, olar hem şu günki ýörişe gatnaşýarlar. Olaryň yzy bilen «SMERÇ» kysymly, uly çuňluklardaky nyşanalar boýunça ot açmaga ukyply reaktiw artilleriýa toplumy geçýär.

Dördünji mehanizirlenen toparlar ýöriş meýdanyna çykýar, olaryň düzüminde häzirki zaman uçarmansyz uçýan enjamlary bar. Soňky ýyllarda olar Milli goşunymyzyň bölümlerinde netijeli peýdalanylýar. Şeýle uçarmansyz uçýan enjamlaryň hatarynda aňtaw maglumatlaryny ýygnamak, garşydaşyň sowutlanan tehnikasyny hem-de dolandyryş ulgamlaryny hatardan çykarmak maksady bilen, ýörite maksatly toparlar tarapyndan ulanmaga niýetlenen «Baýraktar», «Falko», «SKY STRIKER» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar dabaraly ýörişden geçýärler.

Olaryň yzy bilen IIM-ne degişli, binýadynda uçarmansyz uçuş enjamlary ýerleşdirilen «ORBITER – 2B», şeýle hem «Autogyra CAVALON» kysymly dikuçar ýerleşdirilen «MAN» kysymly söweşjeň tehnikalar meýdana çykýar.

Dabaraly harby ýörişiň hatary bilen «Land Rover» kysymly awtoulagda «Rode Schwarz» kysymly aragatnaşyk toplumy hem-de «Dong Feng» kysymly awtoulagda «TS-504» kysymly sanly troposfera aragatnaşyk toplumy geçýär.

Şu günki harby ýörişe gatnaşýan radiotehniki goşunlaryň «KOLÇUGA» kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik ediş toplumy, «ÝLS-2W» kysymly radiolokasiýa stansiýalary, «RER» kysymly radioelektron razwedka toplumy, «DWL» kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik toplumlary ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragyny ygtybarly üpjün edýärler.

«FM-90», «Peçora-2M» we «Peçora-2BM», şeýle hem «KS-1A», «FD-2000», «FD-2000 PRO» we «C-200W» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary harby ýörişi dowam edýärler.

Soňra bäşinji mehanizirlenen toparyň düzüminde meýdandan Döwlet serhet gullugynyň ygtyýaryna berlen «KIA KLTV 141» kysymly täze awtoulaglar hem-de häzirki zaman «MOTOWEZDEHOD» kysymly motoulaglar geçýär.

Kuwwatlylygy, tizlikleri we ýokary geçiş ukyby bilen tapawutlanýan «Toyota HILUX», «TOYOTA LAND CRUISER», «KIA KLTV 141», «COBRA», «KIRPI», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «MANTRA» kysymly döwrebap, köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň we lukmançylyk awtoulaglary münberiň meýdançasynda hatar gurap barýarlar. Bu ulag serişdeleri mukaddes Watan serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin netijeli peýdalanylýar.

Soňra binýadynda belentlikdäki howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenilen “ZU-23” asmana atyjy raketa toplumy hem-de «ORBITER 2B» uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilen, bort enjamlary bilen üpjün edilen «IVECO» kysymly awtoulaglar hereket edýärler.

Olaryň yzy bilen garşydaşyň janly güýjüni, ýaraglaryny hem-de harby tehnikasyny, artilleriýa we minomýot toplumlaryny, ammarlary, dolandyryş nokatlaryny we beýleki nyşanalary olaryň toplanan ýerinde ýok etmäge ukyply «BM-21 GRAD» kysymly reaktiw artilleriýa toplumlary geçýär.

Döwlet serhet gullugynyň «HONDA» kysymly motoulaglarynda baýramçylyk meýdanyndan geçen harby gullukçylaryň topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesini alamatlandyrýan XXX belgini emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeler netijesinde goşunyň ähli kysymlary hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrligi iň täze tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Şu günki harby ýörişde altynjy mehanizirlenen toparyň hatarynda «IVECO M65» kysymly ýörite sowutlanan söweşjeň awtoulaglar hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümine täze kabul edilen «STORM-RIDER» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglary, şeýle hem «LAZAR III» sowutlanan tehnikalar harby ýörişi dowam edýär.

Mehanizirlenen ýedinji toparyň öňüni «TITAN-DS» kysymly sowutlanan awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrligine degişli «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär.

IIM-niň işgärleriniň ygtyýarynda «FORD ATLAS», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «TITAN DS» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar bar, olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik tertip-düzgünini goramak üçin peýdalanylýar. Harby ýörişi «MERCEDES-BENZ» kysymly ýörite awtoulaglar dowam edýär.

Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň «MOTO GUZZI» kysymly motoulaglaryna atlanan topary Watanymyzyň şanly baýramçylyk senesini alamatlandyrýan XXX belgini emele getirýän hatara düzüldiler.

Baýramçylyk ýörişi howa giňişliginde dowam edýär. Asmanda ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň üstünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklary parlaýan «Mi-17W-5» dikuçarlar peýda bolýar.

Olaryň yzy bilen guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşun düzümlerini we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenen «Mi-17W-5» dikuçarlarynyň ikinji topary uçup geçýär. Olaryň uçuş belentligi 6 müň metre, uçuş tizligi bolsa sagatda 250 kilometre deň bolup, ýük göterijilik ukyby 5 müň kilograma ýa-da 20 adamdan ybarat bolan desant toparyna deňdir.

Soňra «Mi-24» söweşjeň dikuçarlar asman giňişligini böwüsýär, olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.

Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» we Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýärler.

Asmanda Döwlet serhet gullugynyň «AGUSTA-139», «AGUSTA-109», «Mi-24P», «Mi-8MT» kysymly häzirki zaman dikuçarlary, aňtawçylyk-gözegçilik we ýazgy etmek hem-de surata düşürmek üçin niýetlenen «Diamond-42» kysymly ýörite uçary geçýär.

«A-29 Super Tuсano» kysymly söweşjeň uçarlarynyň 5-si dabaraly harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýarlar, bu uçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamak üçin niýetlenendir. Olar ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglanandyr.

Howa giňişliginde «An-74» köpmaksatly harby-ulag uçary hem-de dabaraly harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary peýda bolýar, bu döwrebap uçarlaryň kömegi bilen goşunlary gatnatmak, harby ýükleri we tehnikalary daşamak işleri amala aşyrylýar.

Olaryň yzy bilen «Su-25» hem-de «MiG-29» kysymly söweşjeň uçarlaryň topary geçýär. Uçarmanlar söweşjeň dikuçarlara hem-de uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, Watanymyzyň asuda asmanynyň ygtybarly goragynyň kepili bolup durýan ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. Milli senenamamyzyň şanly baýramy mynasybetli howa giňişliginde XXX ýazgy şekillendirilýär.

Öz ýurdunyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek başarnygy häzirki döwrüň islendik goşunynyň söweşjeň başarnygynyň esasy görkezijisidir. Şunuň bilen baglylykda, üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde Harby-howa güýçleriniň düzüminiň binýady iň täze kysymly uçarlar we dikuçarlar bilen doldurylýar.

Şu günki ýörişe gatnaşan döwrebap howa gämileriniň hatarynda «M-346» kysymly söweşjeň uçarlaryň 6-sy bar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji awgustynda şeýle uçarlaryň birinde synag uçuşyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen söweşjeň uçar howa giňişligini goramak, aňtaw işlerini alyp barmak, guryýer goşunlarynyň hereketini howadan goldamak üçin niýetlenendir.

Soňra ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň hataryndaky iň kämil we sesden hem çalt uçýan «MiG-29» kysymly söweşjeň uçarlary baýramçylyk meýdanynyň açyk asmanynda älemgoşaryň ähli öwüşginlerini şekillendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 26-njy iýunynda şu kysymly söweşjeň uçarda çylşyrymly uçuşy amala aşyrandygyny bellemek gerek.

Dabaraly harby ýörişiň ahyrynda «M346» kysymly söweşjeň uçarlaryň uly topary ýokary uçuş ussatlygynyň çylşyrymly tilsimlerini görkezdiler. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary ussatlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu söweşjeň uçarlar asmandaky dürli nyşanalary ýok etmek, şeýle hem garşydaşyň ýerüsti desgalaryny aňtaw etmek we ýok etmek üçin niýetlenendir. Olaryň uçuş belentligi 13 müň 600 metre, tizligi sagatda 1 müň 60 kilometre barabardyr.

Umuman, harby ýörişe gatnaşan ähli häzirki zaman ýerüsti hem-de howa uçar tehnikalary we ýaraglar döwletimiz we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny berkitmek, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine hemişe üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Baýramçylyk harby ýörişi dowam edýär. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri öz ukyp-başarnyklaryny hem-de nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezýärler.

Watanymyzyň merdana goragçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän 2021-nji ýylyň nyşany bolan kepderiniň we Garaşsyzlyk binasynyň şekillerini emele getirýärler.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň çykyşy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy, bu orkestr baýramçylygyň şanyna ajaýyp saz sowgadyny taýýarlady. Esgerler ata Watanymyzyň bäş welaýatynyň gölleriniň şekilini emele getirip, sebitleriň her birine mahsus bolan aýdym-sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler.

Halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda mizemez agzybirligini hem-de jebisligini wasp edýän aýdym Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişiniň ajaýyp jemlenmesi boldy.

...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna geçirilýän dabara dowam edýär.

Baýramçylyk lybasyna beslenen ýigitleriň ikisi münberiň öňündäki meýdança ajaýyp şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewini çykarýarlar.

Özygtyýarlylygyň hormatyna Garaşsyz diýlip at dakylan ajaýyp gyr at (2018-nji ýylda doglan) Ýadygär hem-de Maýa diýen atlaryň neslindendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde egindeşleriniň adyndan ady rowaýata öwrülen atlaryň naýbaşy wekili sowgat berilýär.

Döwlet Baştutanymyz münberden düşýär.

Milli Liderimiz ata münýär hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen aýlaw edýär.

Soňra gyr bedew köpçülige ýene bir gezek buýsanç bilen görkezilýär. Şol pursadyň möhümdigine düşünýän ýaly bedew şowhunly el çarpyşmalaryň hem-de aýdym-sazyň owazy astynda gorgunlaýar.

Gadymyýetde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem ahalteke bedewleri ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklara gatnaşdyrylyp, dabaralaryň bezegine öwrülýär, olar halkymyzyň wepaly syrdaşydyr, Watanymyzyň taryhynyň hem-de iň täze eýýamynyň dowamatlylygynyň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiz ählumumy söýginiň we sarpanyň belentligine çykdy. Zehinli seýisleriň nesilleri tarapyndan kemala getirilen ahalteke bedewlerini gorap saklamak we dünýä dolan şöhratyny artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty örän uludyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy okgunly ösüşe eýe boldy. Diýarymyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, degişli düzümi ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, atly sportuň görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk ýoly boýunça ynamly gadamlaryny alamatlandyrýan türkmen jigitleriniň atly ýörişi her bir tomaşaçynyň kalbynda ruhubelentlik, şöhratly geçmişe hem-de häzirki ajaýyp günümize buýsanç duýgularyny artdyrdy.

Soňra nesilbaşymyz Oguz hanyň hem-de onuň 6 oglunyň we 24 agtygynyň keşbini janlandyran atlylar baş meýdança çykdylar. Milletiň nesilbaşysy öz neberelerine — Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratyny artdyrjak häzirki we geljekki nesillere ýüzlenýär.

Erkin halkyň bagtyýarlygynyň we ruhubelentliginiň nyşany hökmünde asmanda ak kepderi peýda bolýar.

Atyň üstünde çapyksuwarlaryň döreden akrobatik piramidasy dabaranyň şu bölüminiň naýbaşy çykyşyna öwrüldi, olar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belende göterdiler.

Özboluşly atly ýörişiň ornuny geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň gatnaşmagynda guralan edebi-sazly sahnalaşdyrylan çykyş eýeleýär. Olar öz halkyna ene topragy aýawly saklamak we ösdürmek nesihaty bilen ýüzlenýärler.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynda “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler joşgunly ýaňlanýar, olara dabara gatnaşyjylar hem goşulýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi dowam edýär. Bu dabara ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çärelerine göni ýaýlym arkaly tomaşa edýän diňe bir watandaşlarymyzyň däl-de, häzirki zaman internet kommunikasiýalarynyň üsti bilen dabaralara uzak aralykdan goşulýan dünýäniň dürli künjeginden millionlarça ýaşaýjylaryň kalplarynda buýsanç we çäksiz şatlyk duýgularyny döredýär.

Täsirli atly ýörişden soňra, baýramçylyk görnüşinde bezelen, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary biri-biriniň yzyndan hereket edýärler. Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açýar. Baýramçylyk awtoulagy milli nyşanlar bilen bezelipdir — Döwlet baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hem-de onuň binagärlik nyşany — paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň şekilleri görkezilýär.

Alypbaryjy berkarar Türkmenistanyň okgunly ösüşinde jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de iki palataly parlamentiň ägirt uly orny barada gürrüň berýär. Şeýle görnüşli parlamentiň döredilmegi ýurdumyzyň jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, hukuk hem-de dünýewi esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, Hökümetiň we halkyň sazlaşykly hem-de ysnyşykly gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Bu babatda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylyň möhüm wakalarynyň biri hem aprel aýynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji bilelikdäki mejlisi boldy.

Iki palataly ýokary kanunçykaryjy edaranyň döredilmegi türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda, ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligini berkarar etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Jemgyýetçilik-syýasy gurluşy demokratiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen möhüm çäreler köppartiýaly ulgamyň kemala gelmegi üçin hem ygtybarly binýady emele getirdi. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň Konstitusiýamyzda berkidilen syýasy hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Soňra münberiň öňünde zähmet toparlary bilen bilelikde, Aziýanyň merjeni hasaplanylýan şäher — Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag geçýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýene bir şanly senä — ýurdumyzyň baş şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna beslendi, bu senede Türkmenistanyň ajaýyp häzirki döwri hem-de nurana geljegi öz beýanyny tapdy.

Gün-günden gözelleşýän Watanymyzyň ýüregi — ak mermerli paýtagtymyz täze taryhy eýýamyň belent maksatlary hem-de döredijilik ylhamy bilen sazlaşykda ösýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli belent binalar we ajaýyp desgalaryň toplumlary tomaşaçylaryň gözel şäherimize buýsanjyny artdyrýar. Bu binalaryň köpüsi häzirki zaman Türkmenistanyň ajaýyp keşbini alamatlandyrmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesinde, halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýan myhmansöýer türkmen paýtagty döwrebap, okgunly ösýän uly geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny kemala getirýär, bu ýerde gözellik hem-de amatlylyk, dünýä binagärliginiň we inžener-tehniki pikiriniň öňdebaryjy gazananlary hem-de gündogar binagärliginiň gadymy ýörelgeleri, milli ýaşaýyş-durmuş özboluşlylygy sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasy şygary öňe sürmek bilen, häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynyň öňünde baş maksady — halkyň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmek, döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmek, ilatyň dünýä gazananlarynyň ähli eşretlerine elýeterliligini üpjün etmek wezipesini goýdy.

Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň belent binasynyň, Maslahat merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kabul edişlikler merkeziniň, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde bina edilen iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň we köp sanly beýleki möhüm desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň ak pata bermeginde ägirt uly taslamanyň — “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna girişildi, onda dünýä binagärlik hem-de şähergurluşyk meýilleriniň iň täze, öňdebaryjy ýörelgeleri öz beýanyny tapar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleri iň alysdaky künjekleri hem öz gerimine alyp, tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Geçmişiň taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň iri desgalary, berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýan welaýatlaryň her biriniň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de olaryň ajaýyp künjekleri Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň arasy üzülmän geçýän baýramçylyk bezegli awtoulaglarynda ýerleşdirilen fotopannolarda öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimizi we baýramçylygyň köp sanly myhmanlaryny münberiň öňündäki meýdançadan geçýän awtoulaglardaky her bir sebitiň ýaşuly we ýaş nesliniň wekilleri ruhubelentlik bilen gutlaýarlar.

Dürli öwüşginli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi türkmen döwletiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanyna öwrüldi, bu pudaklar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Olar barada münberden ýaňlanýan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler we gazanylan üstünlikler barada özboluşly “hasabat” berdiler.

Ilki bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi öz gazananlaryny görkezdi. Soňky ýyllarda peýda bolan täze binalar paýtagtymyzyň hem-de tutuş ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgertdi we ýurdumyzyň rowaçlygynyň hem-de amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň anyk görkezijileri boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gurluşyk ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Bu örän möhüm ugra gönükdirilýän düýpli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli gurallarynyň döredilmegi şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini şertlendirdi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär hem-de durky täzelenýär.

Şu gün Watanymyzda jemi bahasy ABŞ-nyň 37 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 2,5 müňe golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde şäher we oba ýerleriniň durmuş düzümlerini ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça GDA-da 2021-nji ýylyň «Binagärlik we şähergurluşyk ýyly» diýlip yglan edilmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Gurluşyk işleriniň möçberleriniň okgunly artmagy soňky ýyllarda ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýan Watanymyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi hem-de amala aşyrylýan taslamalaryň giň gerimliligi häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip, bu ugur düýpli döwlet goldawyna eýe boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar öz gazananlary bilen tanyşdyryp, ýyl-ýyldan gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleriniň sanawyny artdyrýandyklaryny, ýerli çig mal esasynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürýändiklerini görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan baýlyklaryň täze ýataklarynyň açylmagyna gönükdirilen geologik-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Geljekde bu işleriň netijeleri önümçilik toplumynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna hem-de gurluşyk serişdeleriniň we ýurdumyzda hem-de dünýä bazarynda uly islege eýe bolan beýleki eksport ugurly önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna ýardam berer.

Baýramçylyk ýörişiniň dowamynda belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan aýdym ýaňlanýar.

Soňra baýramçylyk meýdanyna Energetika ministrliginiň awtoulagy gelýär, bu ministrligiň kärhanalarynyň işgärleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşyladylar.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler geçirilýär, bu pudaga paýtagtymyzyň we welaýatlaryň okgunly ösüşini nazara almak bilen, birnäçe esse artdyrylan ätiýaçlyk kuwwatlyklary gönükdirilýär.

Diňe şu ýylyň dowamynda biz Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta barabar bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde hereket edýän, Çärjew etrabynda gurlan kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmeginiň şaýady bolduk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýurdumyzy dünýä energiýa ulgamyna goşmak boýunça netijeli işler amala aşyryldy, täze desgalaryň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň diňe bir energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň energetika ulgamynda sebit we halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen tygşytly hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň innowasion häsiýetli taslamalaryny, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri — Gün we ýel çeşmelerini peýdalanmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşmegiň nusgasyny görkezýär.

Soňra baýramçylyk meýdanyndan uly buýsanç bilen bilim ulgamynyň wekilleri geçdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzy okgunly ösdürmegiň intellektual hereketlendirijisi hökmünde aýratyn ähmiýet berýär.

Hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenilen döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly hem-de hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde, onuň dünýä giňişliginde öz ornuny berkitmeginde ýaşlaryň ägirt uly orny eýeleýändigini hasaba almak bilen, bu wezipe milli, döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugrudyr.

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä derejeli ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, ýokary okuw mekdepleri ulgamy giňeldilýär, şolarda yzygiderli ýagdaýda täze hünär ugurlary girizilýär, okatmagyň hem-de sanly okuwyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar.

Soňra baýramçylyk meýdany boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň awtoulagy geçýär. Türgenleriň köp sanly topary welosipedlerde we pyýada münberiň öňünden geçýärler. Olaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri hem-de şolarda baýrakly orunlary eýelänler bar.

Dürli öwüşginli pannoda soňky ýyllarda bina edilen häzirki zaman köpugurly stadionlar we sport toplumlary şekillendirilipdir, bu desgalarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilendir.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjydyr, onuň peýda bolmagy Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna doly kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini alamatlandyrdy.

Hakykatdan-da, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, birnäçe maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli amala aşyrylýar. Milli sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde öz üstünlikleri bilen dünýä giňişliginde Watanymyzy şöhratlandyrmaga taýýar bolan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär, olar ýurdumyzyň sport abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Milli ýygyndy toparymyzyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy şu ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen sportunyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly alyndy, kümüş medala mynasyp bolan agyr atletikaçy Polina Gurýewa ýörite bezegli awtoulagdan myhmanlary baýramçylyk bilen gutlady.

Adam, onuň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň binýadyny emele getirýär. Bu ulgam hem awtoulagyň üstünde gurnalan köpöwüşginli diwarlygyny görkezdi, onda “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary bilen geçirilýän giň gerimli işler öz beýanyny tapdy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Şonuň netijesinde adamyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň hili ýokarlanýar.

Tutuş ýurdumyz boýunça Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, iň döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, häzirki zaman saglyk öýleri we ýerli çig malyň esasynda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň öndürilmegi ýola goýlan derman senagatyna degişli desgalar bina edildi. Türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriň şekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň awtoulagynyň bezeginiň esasy öwüşginleriniň biri boldy.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çäklerinde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirilýär.

Pandemiýany we onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmekde dünýä jemgyýetçiliginiň utgaşdyrylan tagallalary örän uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki köptaraplaýyn sammitleriň, duşuşyklaryň hem-de onlaýn maslahatlaryň dowamynda beýan edilen, hususan-da, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny öňe ilerletmek we alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek barada hormatly Prezidentimiziň teklipleri bellärliklidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky aladany esasy üns merkezinde saklap, bu giň gerimli işde abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzda eýýäm birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu üstünliklere Türkmenistana berlen degişli halkara güwänamalar şaýatlyk edýär.

Dokma senagaty ministrligi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan taýýarlanan awtoulag dokma önümleriniň giň görnüşlerini hem-de baryp ýüzlerçe ýyl mundan ozal gaýtalanmajak gözelligi we nepis dokalyşy bilen dünýäni haýrana goýan täsin türkmen el halylaryny görkezmek üçin özboluşly sergi meýdançasyna öwrüldi.

Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän, ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň biridir. Häzirki zaman dokma toplumlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy netijesinde ýurdumyz daşarky bazarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürip bilýän, bäsdeşlige ukyply döwletiň abraýyna eýe boldy.

Diýarymyzyň dokma kärhanalarynda nah we garyşyk ýüplük çykarylýar, tüýjümek, jins hem-de örme önümleri, özümizde we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan taýýar egin-eşikleriň köp görnüşleri öndürilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda häzirki zaman dokma toplumy açyldy. Babadaýhan etrabynda onuň ýene-de biriniň ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Gadymy halk senetçiligi bolan haly dokamak işi hem täze ösüşe eýe boldy. Şonuň netijesinde halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen gaýtalanmajak türkmen halylarynyň şöhraty täze öwüşginde nur saçdy.

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň çykyşy pudagyň işgärleriniň ýörişine ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly önümleriň öňe ilerlemegine gönüden-göni ýardam edýär. Şolaryň bilelikdäki tagallalary bilen awtoulagda gurnalan uly diwarlyk ýurdumyzyň haryt dolanyşygyny we eksport kuwwatyny artdyrmak, hödürlenýän söwda hyzmatlaryny giňeltmek, ilatyň azyk önümlerine hem-de senagat harytlaryna bolan isleglerini doly üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleri görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, hususy ulgamyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek bazar bäsdeşligine ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertidir. Bu babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijelidigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan bina edilen köp sanly durmuş hem-de senagat desgalary şaýatlyk edýär.

TSTB hususy ulgamyň wekillerine ynanylan dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap önümçilikleriň görnüşleri şekillendirilen diwarlygyny taýýarlady. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri bireýýäm içerki bazarda alyjylaryň ynamyna eýe boldy, indi daşarky bazarlar hem ynamly özleşdirilýär. Häzir türkmen işewürleri gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny we azyk önümlerini öndürmekde netijeli işläp, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Milli Liderimiz Diýarymyzyň telekeçilerine iri taslamalary ynanyp, şolaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn goldawlary berip, döwlete degişli bolmadyk ulgamyň kuwwatyny artdyrmak üçin hemme şertleri döredýär. Mahlasy, ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has oňaýly hukuk, maliýe-ykdysady hem-de durmuş şertleri döredilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň okgunly depginini beýan edýän möhüm ykdysady görkezijileriň şekilleri ýerleşdirilen maketleri görkezdi.

Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge köp mukdarda maddy serişdeler gönükdirilýär. Her ýyl aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi ýokarlandyrylýar. Durnukly maliýe ulgamy, oýlanyşykly salgyt syýasaty netijesinde Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiligi ýyl-ýyldan artýar.

Sanly ulgamlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hem depginli ykdysady ösüşiň esasy ugry boldy. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň çäklerinde hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär, elektron tölegleriň sanawynyň üsti yzygiderli ýetirilýär, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi köpelýär. Muny Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan taýýarlanylan diwarlyk aýdyň görkezdi.

Bu ulgamyň işgärleri üçin häzirki şanly ýyl aýratyn ähmiýetli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň baharynda “Türkmenbaşy” hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalary açyldy.

Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýanyň strategik ugurlarynyň biridir. Bu ulgamyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olaryň öňünde goýlan möhüm wezipe bilen şertlendirilendir. Şol wezipe halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda maliýe serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyply bolmagyna hem-de innowasion ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.

Döwlet münberiniň öňünde pudagyň zähmetkeşleriniň baýramçylyk ýörişinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň owadan bezelen ulagy peýda bolýar. Pannoda bereketli türkmen topragynyň naz-nygmatlary we giň gerimli özgertmeleriň netijesinde täze, ajaýyp üstünlikleri gazanýan Diýarymyzyň önüm öndürijileriniň önümleri görkezilýär.

Şekillerde bugdaý sümmülleri, açylan pagta, azyk bolçulygyny alamatlandyrýan bereketli hasyl harmanlary, döwrebap elewatorlar hem-de ekerançylaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary beýan edilýär.

Azyk garaşsyzlygyny doly üpjün edýän Türkmenistan ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrýar, pudagyň düzümini giňeldýär hem-de täzeleýär, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, ylmy esasda seçgiçiligi we tohumçylygy ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary hem-de iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usulyýetleri ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman däneçilik we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, ammarlar hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar bina edildi. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndüriji firmalaryndan däne we pagta ýygyjy kombaýnlar yzygiderli satyn alynýar.

Gahryman Arkadagymyzy wasp edip, türkmen estradasynyň meşhur artistleriniň ýerine ýetirmeginde ýene-de aýdym ýaňlanýar.

Oba hojalyk ulgamyny, umuman, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bolşy ýaly, suw hojalyk pudagyna, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmaga, sebitlerde suwuň goşmaça gorlaryny toplamak maksady bilen, täze suw howdanlarynyň gurulmagyna möhüm orun berilýär. Munuň özi Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan işiniň baş ugrudyr, ol “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen bilelikde aýratyn diwarlygy görkezdi.

Fotopannonyň merkezi böleginde ady rowaýata öwrülen, ýurdumyzyň ösüşiň hem-de abadançylygyň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň nyşany bolan ahalteke bedewleri şekillendirilipdir.

Häzirki wagtda biz ýelden ýüwrük bedewleriň şöhratynyň has-da belende galýandygynyň şaýatlary bolýarys. Olar türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy hem-de ylham çeşmesi, kalbynyň mähri, bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Gözellikde hem-de beden gurluşynda kämillik derejesine çykarylan ahalteke bedewleri zehinli atşynaslaryň yhlasly zähmeti we aladasy bilen ýetişdirildi hem-de hakykatdan-da, Watanymyzyň ösüşiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly hereketiniň aýdyň nyşanydyr.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulaglarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary aýdyň görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy hereketlendiriji kuwwaty hökmünde ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberiniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklary ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek bilen, halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin maliýe serişdelerini toplamakda möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerini öz raýatlarynyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine netijeli gönükdirmekde jogapkärli çemeleşmeleri görkezýändigini hem-de bu ugurda yzygiderli anyk çäreleri geçirýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar. Halkara ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi, şol sanda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde bu pudagyň önümçilik düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, uglewodorod serişdeleriniň we ýurdumyzda çykarylýan ýokary hilli önümleriň mukdaryny artdyrmak, olary gaýtadan işlemek hem-de eksport etmek boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär.

Awtoulaglaryň ýany bilen pudagyň iş lybasyndaky hem-de ellerinde alawlary saklaýan işgärleri barýarlar. Olaryň ählisi — önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussalar, tejribeli hem-de zähmet ýoluna täze başlan ýaş hünärmenler yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar hem-de dünýäniň iri energetika döwleti hökmündäki derejesini berkidýärler.

Dabaraly ýörişi ulag ulgamynyň işgärleri dowam edýärler. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň awtoulaglarynda gurnalan maglumatlar pudagyň gazanan üstünliklerini görkezýär, awtoulaglaryň her biri iş ugruna laýyklykda bezelipdir.

Ilki bilen münberiň öňünden ýörite bezelen awtobus geçýär. Onuň yzy bilen ak gämi tolkunlary böwsüp geçýär, wagonlar kerweni hereketi dowam edýär, ak-ýaşyl uçarlar asmana galýar, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň keşbinde beýan edilen laçyn ganatlaryny ýaýýar.

Awtomobil, derýa, deňiz, demir ýol hem-de ulag ulgamynyň işgärleri milli Liderimize döwlet tarapyndan berilýän goldaw üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.

Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň, şäher taksileriniň ýüzlerçesi satyn alyndy, bu bolsa Aşgabat şäheriniň gününe özboluşly sowgat bolup, ýolagçylara hyzmat edilişiniň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wezipeleri yzygiderli çözülýär, munuň özi halkara howa ugurlarynyň, ulaglaryň ýerüsti hem-de suw görnüşleri arkaly ýük we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini ýyl-ýyldan ep-esli giňeltmäge, halkara ähmiýetli multimodal logistik geçelgeleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi nazara alnyp, üstaşyr ulag mümkinçiligini has doly peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA transmilli ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýar.

Ulag toplumynyň işgärleri hem dabara gatnaşyjylara döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Olar joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan topar bolup agzybirlikli geçen aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işgärleri hem ýurdumyzyň şanly baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen geldiler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bezelen ulagynda bu pudagyň ýeten sepgitleri beýanyny tapdy. Bu ulgamda iň täze, ýokary hilli tehnologiýalar hem-de öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamy dünýä ülňülerine çykýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň her raýaty üçin ykjam aragatnaşyk, sanly telefon ulgamy, poçta, Internet, IP-telewideniýe we aragatnaşygyň beýleki görnüşleri elýeterlidir.

Halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşlerinden soň, berkarar döwletimiziň umydy we nurana geljegi bolan bagtyýar, giň düşünjeli ýaş nesli şöhlelendirýän awtoulag geçýär.

Pederlerimiziň parasatly däplerine hem-de wesýetlerine wepaly ýaşlara Watanymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar. Şonuň üçin-de döwletimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, üstünliklere ýetmegi, erkin hem-de bagtly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretdi we döredýär. Türkmenistanda çagalar döwletiň aýratyn söýgüsi we aladasy bilen gurşalandyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş merkezleri gurulýar.

Isleg-arzuwlary amala aşyrýan sumrug guşy görnüşinde gurnalan diwarlyk ýaşajyk türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň nyşanyna öwrüldi. Onuň ýokarsynda XXX sany şekillendirýän ak kepderiler we şarlar görünýär.

Medeniýet ulgamynyň awtoulagy baş meýdançadaky baýramçylyk ýörişini jemleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri — sungat wekilleri we medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işgärleri giň halk köpçüligine milli hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýärler. Owadan bezelen sahnanyň möhüm bölegi baý milli medeniýetimiziň nyşanyna öwrülen dutar boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde medeniýeti hem-de sungaty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär, ulgamyň ösmegi hem-de kämilleşmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi.

Jemgyýetiň jebisleşdiriji hem-de ruhlandyryjy güýji hökmünde milli medeniýetimizi ösdürmäge we wagyz etmäge berilýän ägirt uly ünsüň subutnamasy hökmünde her ýyl ýurdumyzda bellenip geçilýän Medeniýet hepdeligini görkezmek bolar. Ol şu ýyl Lebap welaýatynda giňden bellenildi. Onuň çäklerinde geçirilen çäreler halkymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrülen ruhy mirasynyň dabaralanmasy bolup, buýsanjymyzy artdyrdy.

Mundan başga-da, halkymyzyň özboluşly medeniýeti hem-de baý däpleri yzygiderli döredijilik çäreleriniň dowamynda daşary ýurtlarda giňden we işjeň wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir möhüm medeni taslamalary — sergileri, festiwallary, konsertleri, sahnalaşdyrylan çykyşlary, döredijilik duşuşyklaryny we beýlekileri geçirmek başlangyjy bilen çykyş etmän, eýsem, şolary iş ýüzünde amala aşyrmaga ýakyndan ýardam berýär.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň meýdançanyň merkezinde gurnalan ýörite sahnadaky çykyşy baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň ählisinde uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen atçylyk sport topary abraýly halkara festiwallarda hem-de bäsleşiklerde hormatly sylaglara we baýraklara ençeme gezek mynasyp bolup, köp sanly tomaşaçylara haýran galdyryjy tilsimleri hem-de at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Häzirki wagtda bu meşhur toparda ýaş ýigitler we gyzlar çykyş edýärler. Ol dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatik toparlaryň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ählihalk dabaralarynyň ählisinde hem olaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bolýar.

Megerem, biziň ýurdumyzdaky ýaly bedewe çuňňur sarpa goýýan we özüniň belent maksatlaryny onuň bilen baglaýan ýurt dünýäde ýok bolsa gerek. Türkmeniň wepaly dosty hem-de ýoldaşy, buýsanjy we sarpasy bilen gurşalyp alnan ahalteke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň çuňňur manyly hem-de baý many-mazmunly ruhy buýsanjyna, döredijilige we rowaçlyga ymtylmasynyň nyşanyna öwrüldi.

Şatlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolan küştdepdi tansy hem şatlygyňa şatlyk, ruhuňa ruh goşýar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary berkarar we bagtyýar döwrümize, Gahryman Arkadagymyza hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gülläp ösýän mähriban Diýarymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlanýar. Asmany älemgoşaryň nurana reňkleri hem-de salýudyň öwüşginleri bilen bezän uçarlar ýene-de meýdançanyň üstünden uçup geçýärler. Bu ýere ýygnananlaryň kalplary ata Watanymyzyň ajaýyp şu gününe, bagtly geljegine buýsanç duýgularyndan püre-pürlendi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41700

28.09.2021
Diýarymyzy şöhratlandyrýan joşgunly aýdymlar

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkeziniň sahnasynda sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlyk güni halkymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramydyr. Türkmenistan häzir parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde giňden tanalýan, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýan özbaşdak ýurtdur.

Her bir halkyň durmuşynda, hakykatdan-da, ykbal çözüji döwürler bolýar, şolar ýurduň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygynyň badalgasyna öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyzlyk ýolunda türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini jemläp, parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hakyky gülläp ösýän döwrüne öwrüldi.

Mejlisler merkeziniň ajaýyp sahnasynda bu gün dabaralanýan ýokary ruhubelentlik we şatlyk-şowhun ýurdumyzyň baş baýramyny täze zähmet üstünlikleri hem-de döredijilik çykyşlary bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny beýan edýär.

Eziz Diýarymyzda hemme baýramlar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Bu dabaralar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen türkmen döwletiniň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara nurana öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine Mejlisler merkezine ýygnanan köp sanly tomaşaçylar göz ýetirdiler.

Bu ýere Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olaryň arasynda hormatly ýaşulular, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar bar. Şeýle hem bu ýerde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýlekiler bar.

Bu ýere ýygnananlar uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen salamlaşyp, özi üçin bellenilen ýörite ýere geçýär.

“Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz!” diýen watançylyk aýdymy ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy.

Konsertiň watançylyk mazmunly başlangyjy “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň “Ýurt asuda, toýlar tutýas Arkadagly Watanda!” diýen kompozisiýa bilen dowam etdi. Bu çykyş bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şol ösüş tapgyrlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýaş türkmenistanlylaryň — “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň we çagalar tans toparlarynyň “Garaşsyzlyk gülleri” diýen aýdym-sazly, tansly çykyşy baýramçylyk dabarasyny bezedi. Bu çykyş aýratyn bellärliklidir, çünki bu gün Türkmenistan «Bagtyýar çagalygyň ýurdy» diýlip atlandyrylýar, bu ýerde ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli öwüşgine baý, çagalaryň döredijiliginiň tüýs ýürekden şatlyga beslenen çykyşy halkymyzyň abadançylygynyň nyşanyna öwrüldi.

Esasy mazmuny 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleriniň hem-de ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Çykyşlary bir umumy mazmun birleşdirýär, şol mazmun Garaşsyz Watana hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlaýjy milli Liderimize söýgüde, mähriban topragymyzyň gözelliginde, adamzadyň baky gymmatlyklarynda jemlenýär. Şeýle hem ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýle şanly günde konsertde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy. Artistleriň bagyş eden ýürek mähri, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk konsertiniň aýratyn özboluşlylygyny ýüze çykardy.

“Dehistan” folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşy baýramçylyk konsertine ajaýyp öwüşginleri çaýdy. Olar döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Şanly Garaşsyzlyk, eziz Arkadag!” diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegine öwrüldi. Bu aýdym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly barýan kuwwatly Watanymyzyň şu günki bagtyýar döwrüne halkymyzyň buýsanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezdi.

***

Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada konsert bilen dowam etdi.

Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Şol aýdymlarda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi.

Belli sazandalaryň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Garaşsyz Watanymyzyň häzirki gazanýan üstünlikleriniň giň gerimini aýdyň beýan etdi.

Hemmeleriň “Arzuw” diýen aýdymy ýerine ýetirmegi bilen, baýramçylyk konserti jemlendi. Joşgunly aýdym Watanymyzyň deňsiz-taýsyz üstünliklerine bolan buýsanç baradaky mazmuna baý boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli dabaralar lazer şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy. Ol köpdürli owadan yşyklary bilen ak mermerli Aşgabadyň gijeki asmanyny ýagtylandyrdy.

Lazer şüweleňi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga türkmenistanlylar üçin ýakymly sowgat boldy. Sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän dürli öwüşginli görnüşler paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalaryny, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň keşplerini şekillendirdi. Bularyň ählisi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Lazer şüweleňi bilen bitewi sazlaşygy emele getiren baýramçylyk mazmunly ýazgylar, feýerwerkiň nurana öwüşginleri häzirki wakalaryň dabaralylygyny hem-de ajaýyplygyny ýüze çykardy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41699

28.09.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi beýik sene — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 30 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, onuň halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny görkezdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Geçen döwürde biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik we bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagy dowam edýäris.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherdir obalarymyzy düýpli özgertmek baş maksadymyza öwrüldi. Şu belent maksatdan ugur alyp, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglarynydyr saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplary, şäherdir obalary giň gerim bilen gurduk.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň ýolunda biz demokratiýany giňden ösdürip, döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde halk köpçüliginiň ornuny has-da ýokarlandyrdyk. Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini döretmek bilen, ýurdumyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bolsa, merdana halkymyzyň milli däplere we demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


Eziz halkym!


Berkarar döwletimiz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara gatnaşyklarynda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklarynda gymmatly tejribe toplady.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi, Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän wakalar boldy.

Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek maksady bilen öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Biz bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde hem ählumumy maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmagyň bähbidine pandemiýa garşy göreşde tagallalary birleşdirmek, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşyklaryny dowam etdirmek, Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmak baradaky başlangyçlary öňe sürdük. «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça ählumumy forumy geçirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw berýän ýöriteleşdirilen düzümleriniň işini işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri hödürledik.

Umuman, geçen 30 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan ajaýyp üstünliklerimizden ruhlanyp, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda häzirki we geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna, berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňümizde has uly wezipeleri goýup, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gideris.


Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41602

28.09.2021