29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Dabaranyň geçýän ýerinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyz kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar.
Bu ýere ýygnananlar döwletiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen yhlasly işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin päk niýetliligiň şamçyragy bolan gadymy milli däplerimiziň dowamat-dowamdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliligi berkarar etmek boýunça alnyp barylýan işlerde iki palataly parlamentiň we köppartiýaly ulgamyň döredilmeginiň möhüm ädim bolandygy nygtaldy. Bu gün Türkmenistan özbaşdak içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öz kitabynda ata-babalarymyzyň ýene-de bir beýik arzuwyna — parahatçylykda ýaşamak arzuwyna laýyk gelýän kuwwatly döwletiň gurlandygyny buýsanç bilen belleýär.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän belent ynam we hormat milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny üpjün etdi. Şol başlangyçlar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge — parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibini işläp düzmäge işjeň gatnaşdy we Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş taslamalaryna girizmäge ilkinjileriň hatarynda girişdi. Garaşsyz Türkmenistanyň kemala gelşiniň möhüm tapgyrlaryny beýan edýän kitapda bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwre garamazdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hemme çäreler görülýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, Türkmenistany ýokary derejeli senagat döwletine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.
Şol gün döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geçirildi. Şu çärelere gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
"Nesil".