Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabara türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi. Watan azatlygy üçin janlaryny gurban eden milli gahrymanlaryň edermenligine sarpa goýmak biziň halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de ata-babalarymyzdan miras galan beýik taglymlaryň köp asyrlyk ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän serkerdeler, esgerler, harby talyplar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Türkmenistanyň çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny pugtalandyrmakda we goramakda, Watanymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmakda, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny hem-de asuda durmuşyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny edermenlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet sylaglaryna hödürlendiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylaryň hem-de Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň uly toparyna Watanymyza, halkymyza birkemsiz we wepaly gulluk edendikleri, mukaddes harby borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirendikleri üçin harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Öz ykbalyny eziz Watanymyzy goramak bilen baglanyşdyran dabara gatnaşyjylar sylaglary buýsanç duýgusy bilen kabul edip, esger borjuna, Watanymyza hemişelik wepadarlygyň we türkmenistanlylaryň döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes Döwlet tugumyzyň öňünde tagzym etdiler.
Biziň halkymyz öz taryhynyň tutuş dowamynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly bolup geldi, häzirki wagtda bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Biziň ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşmek bilen, diňe bir döwlet gurluşynyň özboluşly milli nusgasyny döretmek bilen çäklenmän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap üstünlikli öňe hereket etmegiň esasy şerti bolup durýan jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi hem başardy.
Ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak wezipeleriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine berk laýyk hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna doly kybap gelýändigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyzyň hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy maksady Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, şol sanda harby şäherçeleri we serhet galalarynyň täze, döwrebap nusgaly binalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň hasabyna esgerleriň we serkerdeleriň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Geçirilýän işleriň netijesinde harby gullukçylaryň hünär derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar, olar harby sungatyň inçe tärlerini ele alýarlar. Muňa guryýerde hem-de deňizde yzygiderli geçirilýän harby-taktiki türgenleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş hünärmenleriň häzirkizaman bilimlerini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanylan harby sungatyň tejribesini tutanýerli özleşdirmelidiklerini hemişe nygtaýar.
Ýaş nesle Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýe bermek, biziň köpasyrlyk taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny öwrenmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň iň gowy ogullary taryhyň tutuş dowamynda gaýduwsyzlygyň, mertligiň we edermenligiň hakyky nusgasyny görkezdiler.
Ýaş nesle görelde almak üçin mysallar köpdür — Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap saklan, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi mertlik, edermenlik we harby borja wepalylyk görkezip, duşman bilen söweşdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew mynasyp orun eýeleýär. Onuň geçen şöhratly ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watan baky gymmatlykdyr. Watana çäksiz söýgi, onuň üçin janyňy pida etmäge taýýarlyk her bir türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Watany goramak ýaly mukaddes we beýik borja wepalylyk, eziz Diýara çäksiz söýgi ynsanyň durmuşynyň esasy many-mazmunydyr.
Harby gullukçylar yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41750