Aşgabat — köňülleriň aýdymy

Indi ençeme onýyllyklardan bäri bagşylaryň, şahyrlaryň belent waspynda hemişelik orun alan mermer paýtagtymyz Aşgabat her birimiziň buýsanjymyza öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylma esaslanýan toplumlaýyn işleri netijesinde Gündogaryň merjen şäheri bolan paýtagtymyz sözüň doly manysynda gözelligiň nusgasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz baş buýsanjymyz Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap ýazan, paýtagtymyzyň taryhyny we şu gününi beýan edýän suratlar bilen bezelen «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp eserinde «Biz paýtagtymyz Aşgabady diňe bir iri edara ediş — syýasy, intellektual, ylmy we medeni merkez däl-de, eýsem, möhüm innowasion senagat toplumyny özünde jemleýän häzirki zaman şäher hökmünde ösdürýäris» diýip, paýtagtymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ösüşleriniň häzirki zaman ylmynyň hem-de binagärlik sungatynyň iň soňky gazananlaryndan gözbaş alýandygyny belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ak şäherimiz Aşgabatda gurluşyk işleri batly depginler bilen dowam etdirilýär. Şäher gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen çägini giňeldip, bagy-bossanlyga öwrülip, gözelleşip, ajaýyp keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar. Aşgabat özüniň owadanlygy, köçeleriniň giňligi we arassalygy, ýaşaýjylarynyň akgöwünliligi, hoşgylawlylygy we myhmansöýerligi bilen ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň iň bir söýgüli şäherine öwrüldi. Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat parahatçylygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň rowaçlanýan, asudalygyň bütin dünýä nur çaýýan şäheri hökmünde biziň ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Aziýanyň ajaýyp göwher gaşyna öwrülen paýtagtymyzda milli Liderimiziň binagärlik paýhasyndan kemal tapýan gurluşyk işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bularyň ählisi hem eziz Watanymyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ak mermere beslenip, arassa asmandaky ak guwlary ýatladýan kaşaň binalaryň, uly-uly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar sanlyja ýylda paýtagtymyzy tanalmaz derejede düýpli özgertdi. Gözelligiň we söýginiň şäheri mermer Aşgabadymyz bolsa munuň aýdyň mysalydyr. Bu özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky tagallalarynyň aýdyň beýany bolup, eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, gadymy binagärlik sungatynyň bagtyýarlyk döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hemişe aklygy päklige ýorýan, aklyga togap edýän halkymyzyň göz-guwanjy Aşgabadyň ak binalary türkmeniň ak kalbyna, päk niýetine çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Toý saçagynyň başyna jemlenýän halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyza, ene topragymyza çuňňur söýgi bar, senaly dillerinde döwletli döwrany bagyş eden milli Liderimize alkyşlary bar.

Tylla GERMANOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29005