Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ählitaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemläp, barha gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir» diýip bellemegi, durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň beýanyny tapýar.
2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň şanly senesine taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina ediljek «Aşgabat — siti» şähergurluşyk maksatnamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji we 18-nji tapgyrlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumy we açyk sport meýdançasy, şeýle hem «Daşkent» seýilgähi, saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleri ýaly ençeme gurluşyklaryň taslamalary görkezildi. Bulardan başga-da, häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Milli Liderimiz bu iri desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, olarda iň täze innowasion tehnologiýalaryň, ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyna hem-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady.
Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt — döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Paýtagtyň çägi we şäherýaka zolagy bolsa, ýurduň esasy durmuş-ykdysady merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewür we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Gaýtalanmaýan ajaýyp bezegleri bilen köpleri haýran galdyrýan ak mermerli paýtagtymyz özboluşly gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar. Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary depginde alnyp barylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ak mermere beslenen şäheriň şanyny dünýä ýaýýar.
Kökleri gadymyýete uzaýan Watanymyzyň milli binagärlik tejribesi barha baýlaşýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Şäheriň taryhy merkezlerine aýawly çemeleşmek, olaryň abadançylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň has irki döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler halkymyz üçin bahasyz gymmatlyklardyr, taryhymyzyň parçalarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan çäreler paýtagtymyzyň ilatynyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Paýtagtymyzy ösdürmekde, has-da gözelleşdirmekde durmuşa geçirilýän işler Aşgabat şäheriniň ýokary depginli ösüşlerini aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär.
Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
* * *
Gözelligiň merjeni
Hormatly Prezidentimiziň binagärlik sungaty bilen şany dünýä dolan Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Şu ýyl bolsa Aşgabadyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. Golaýlap gelýän bu şanly baýramçylyga watandaşlarymyz, şol sanda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Kitapda Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Bu gymmatly kitap paýtagtymyz baradaky bagtyýarlyk we buýsanç senasydyr.
Owadan Aşgabat şäherimiz barada her birimiziň ýüregimizden çykýan «Arkadagymyzyň ak şäheri» diýen jümläniň döremegi ýöne ýere däldir. Milli Liderimiziň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi soňky ýyllarda has-da özgerdi. Şularyň ählisi hem ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabat döwrebap, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemläp, sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzdan dünýäniň çar tarapyna ýollar uzaýar. Bu ýollar bizi dünýä halklary, ýurtlary bilen dost-doganlyga alyp barýar. Paýtagtymyz — ýurdumyzyň ýüregi bolsa, welaýatlar oňa barýan damardyr. Şeýle bolansoň ak şäherimiz bilen birlikde welaýatlarymyzda hem täze şäherler, obalar, şäherçeler gurulýar. Munuň özi halkymyzyň bagtly, röwşen, nurana geljeginiň aýdyň alamaty bolup dabaralanýar.
Goý, halkymyzy şeýle bagtly günlere ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Hezretaly BATYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.