Döwletlilik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýän şu günlerde türkmeniň döwletlilik taglymaty hakynda gürrüň etmek örän ýakymly. Döwletlilik — döwlet gurluşly ýurt. Barlylyk, gurplulyk, mally-mülklülik. Bagtlylyk, agzybirlik, abadanlyk.

Döwletli bolmak, barly-barjamly ýaşap ömür sürmek baradaky arzuwlar ata-babalarymyzyň halal zähmet çekip, ömrüňi binýat etmek hakyndaky düşünjeleri bilen utgaşypdyr. Pederlerimiziň döwletlilik babatdaky oý-pikirleri özbaşdak döwlete eýe bolmak, başa bagt guşunyň gonmagy ýaly düşünjeleri öz içine alypdyr. «Döwletli — aş üstüne», «Döwletli gapa rysgal geler», «Döwletli ogul — ojagyň gory», «Genç — agzybiriňki», «Döwletliniň başyna bagt guşy gonar», «Döwletliniň gapysynda at agynar», «Döwletliden döwlet ýokar» ýaly nakyllar ata-babalarymyzyň döwletlilik hakynda uzak asyrlaryň dowamynda eden oý-pikirleriniň we bu ugurda gelen netijeleriniň beýanydyr.

Döwletli-döwranly ýaşamak hakdaky pikirler uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň arzuwly kalbyna ganat berip gelipdir. Bu babatda çuňňur mazmuna eýe bolan dürli garaýyşlar nusgawy eserleriň sahypalarynda beýan edilipdir.

1483 — 1530-njy ýyllarda görnükli döwlet işgäri, serkerde we söz ussady hökmünde dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biri Zahyreddin Muhammet Babyrdyr. «Diwan» eseri Muhammet Babyryň türkmen edebiýatynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alan eserleriniň biridir. Jemgyýet, ynsan ahlagy barada şahyrana duýgulary özünde jemleýän eserde döwletlilik hakynda gymmatly ündewler beýan edilýär:

Gapyl olma döwletde, özüňi salma mähnetde,
Taňry berer, elbetde, döwlet isle, hümmet tut!

Hoş turar wysaly ýar, onda bolmasa deýýar,
Bolsa wasly biagýar, döwlet-u sagadat tut!

Hoş wagtlygyň mydam bolsun,
Döwlet saňa mustedam bolsun!

X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşan taryhçy alym Muhammet Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly kitaby türkmenleriň taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biridir. Ömrüniň agramly bölegini türkmen hökümdary soltan Mahmyt Gaznalynyň hemaýatkärliginde geçiren Muhammet Utby bu eserinde döwletli-döwranly bolmak hakynda gymmatly pikirleri öňe sürüpdir. Muňa eserdäki şu setirler mysal bolup biler: «Eger ‎ýurtda abadançylyk durnukly bolsa, onda döwletiň ömri dowamly bolýar», «Gapysyna barsaň, elaçyk we edepli biri garşy alýan öý, iň döwletli howludyr».

Giňiş boldy günsaýyn bu emiriň döwleti,
Ymaratlar köpelip, ösdi ýurduň kuwwaty.

XI-XII asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly eseri milli edebi mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Beýik alym pähim-paýhaslardan, öwüt-nesihatlardan, nakyllardyr atalar sözlerinden ybarat bolan eserinde döwletlilik meselesini gozgap, şeýle ýazypdyr: «Hak zada döwlet geler, ýalan zada mähnet geler».

ХIII-ХIV asyrlarda ýaşan türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» atly kitabynda musulman dünýäsinde ady agzalyp geçilýän belli şahsyýetler barada söhbet açylýar. Eserde dürli rowaýatlardyr kyssalaryň üsti bilen beýan edilýän wakalarda söhbet döwletlilik baradaky pikirlere syrygyp, kalby imanly, sabyrly, şükürli adamlara döwletliligiň ýaran bolýandygy nygtalýar.

XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň edebi mirasy Gündogar edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň kyssa bilen şygyr utgaşdyrylyp ýazylan meşhur «Baharystan» eseriniň üçünji bölümi «Döwletliligiň we patyşalyk etmegiň güle bürenen agaçlary we olaryň adalatlylyk hem adyllyk miweleri hakynda» diýlip atlandyrylyp, onda döwletlilik meselesi dürli setirleriň üsti bilen beýan edilýär. Eserden bir mysala ýüzleneliň. Onda döwletli bolmagyň esasy sütüniniň dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygy aýdylýar:

Isgender döwletini istär bolsaň eger sen,
Duşmanlary dost eýläp, dostlaryňy söýer sen.

XV-XVI asyrlarda Gökdepe etrabynyň Isferden obasynda ýaşan Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseri türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan kyssalardan, rowaýatlardan we şygyrlardan ybaratdyr. Aryf-akyldar bu eserinde ynsanperwer, sabyr-takatly, kalby nurana ynsana döwletliligiň ýar bolýandygyny ündäp, şeýle ýazypdyr:

Zehi döwlet kim, onuň lutfy bilen şat bolgaý sen,
Sagadat mülkünde magmur olup, abat bolgaý sen.

Kimge, kim, Taňrynyň enaýaty bar,
Daş içinden çykyp, geler döwlet.

Her kimge ki Hak bergisidir yzzat-u hormat,
Bişek açylar döwlet işigi oňa nägäh.

Döwletlilik, ynsanyň başyna gonýan bagt guşy hakda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda hem birnäçe setirler bar:

Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda.

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar olsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar.

Halkymyzyň döwletlilige eýe bolmak, döwletli-döwranly durmuşda ýaşamak baradaky arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň döwletli durmuşyna bagyşlap, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserini peşgeş berdi. Bu gün ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky garaýyşlaryny durmuş ýörelgesine öwrüp, yrylmaz döwlete eýe bolan halkymyz halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna düşünýän halkymyz ajaýyp döwrümize, mähriban Arkadagymyza çäksiz buýsanýar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,

žurnalist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28976