«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyzyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllyk senesi bilen gabat gelýär. Bu gabat gelme tötänden däldir. Halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran bu taryhy seneler biri-biri bilen umumy baglanyşyga eýedir.
Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna, özerkliligine eýe bolandan soň, pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatynyň netijesinde, parahatçylygyň we abadanlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýän gözel Diýarymyzyň paýtagty dünýäniň ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli gatnaşyklar arkaly dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün edýän daşary syýasaty asuda asmanyň astynda halkymyzyň göwni ýaly aklyga, ak mermere bürenip oturan gözel paýtagtymyzyň döwrebap binalarynda, desgalarynda hem öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, «Bitaraplyk» we «Abadançylyk» binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini alamatlandyrýar. Binalaryň binagärlik çözgütlerinde bu ynsanperwer ýörelgeleriň halkymyzyň ruhyýetinden, taryhy tejribesinden gözbaş alýandygy öz beýanyny tapýar.
Paýtagt şäherleriň her bir ýurduň, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini we il-gününiň abadançylygyny şöhlelendirýän aýnadygy hakynda aýdylýar. Şol sebäpli hem, hormatly Prezidentimiziň Aziýa sebitiniň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň nusgalyk şäherine öwürmek baradaky edýän tagallalaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz döwrebap keşbe eýe bolýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän biri-birinden kaşaň binalary, goýny sapaly seýilgähleri, rysgal-bereketli bazarlary we ýüzi nurana bagtyýar raýatlarymyzy synlanyňda bagtyýarlygyň we abadanlygyň mekanynda ýaşaýandygyňa kalbyňda buýsanç duýgusy oýanýar.
Şöhrat BOZAGANOW,
Akdepe etrap polisiýa bölüminiň PÝGG bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.