Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwyny wysala ýetirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, Türkmen döwleti ösüşiň milli ýoly bilen öňe sary ynamly gadam urup ugrady. Agzybirligi, asudalygy, jebisligi täze döredilen dünýewi, demokratik döwletiň berklik binýady hökmünde kabul eden halkymyz tiz mahaldan «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen nakylyň müň keren mamladygyny, ýagny geçmişde köpsanly beýik döwletleri guran halkymyzyň ýene-de öz döwletini dünýä nusgalyk derejä ýetirip biljekdigini Ýer ýüzüne mälim etdi.
Milli Liderimiziň ählihalk saýlawlary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen döwletimiz asudalykda, agzybirlikde köpugurly ykdysadyýetini barha berkidýän, bedew bady bilen ösýän, geljegi has röwşen ýurt hökmünde bütin dünýäniň ykraryny gazandy. Elbetde, Garaşsyz döwletimizde ynsan eli bilen döredilip, dünýäni haýrana goýýan beýik işler Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasynyň işgärlerini-de biparh goýmady. Olar soňky ýyllarda häli-şindi gudratlar mekany Türkmenistana gatnamaly boldular. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bina edilýän her bir desga, geçirilýän täsin waka ginnesçilere gol bulady. Bu günki gün tutuş ýurdumyz boýunça alanyňda-da, döwletimiziň göwher gaşy, ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäheri boýunça aýratynlykda alanyňda-da Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen täsinliklerimiz onlarça. Şoňa görä, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bu meşhur kitapdan orun alan zatlar hakyndaky söhbedimizi tutuş ýurdumyza dahylly wakalar bilen başlasak göwnemakul bolar.
Şeýlelikde, ilki bilen, 2003-nji ýylda dünýäde iň uly we elde dokalan haly hökmünde «Altyn asyr» atly äpet türkmen halysynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak isleýäris. Bäherden çeper haly önümler fabriginde dokalan bu halynyň umumy meýdany 301 inedördül metr bolup, onuň 14x20 metrlik ölçegleri bardyr. Halynyň her bir inedördül metrinde 304 müňe çenli çitim ýerleşdirilipdir. Onuň agramy 1,5 tonna barabardyr. Haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli 40 halyçynyň gatnaşmagynda sekiz aýyň dowamynda dokaldy. Halyda umumy 120 million çitim bar.
Şu ýerde türkmen milli halyçylyk sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini hem bellemek gerek. Ýagny, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllyk baýramynyň bellenilýän gününde Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde döwletimiziň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Mary şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň noýabrynda bu ýerdäki «Ak öý» binasynda 4166 adamyň bilelikde aýtmagynda milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy ýerine ýetirildi. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 2016-njy ýylda çarpaýa galyp ýöremekde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy.
Şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 2018-nji ýylda Akhan iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ikinji sapar girizildi. Munuň özi hormatly
Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň bütindünýä şöhratyny has-da belende götermek üçin edýän yhlasynyň, köp asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri we atşynaslary tarapyndan döredilen ajaýyp aýratynlyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabaralaryna bagyşlanan forumyň dowamynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekili iki sany degişli Sertifikaty milli Liderimize gowşurdy. Bularyň birinjisi deňiz derejesinden aşakda ýerleşen (umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metr) iň uly deňiz portunyň gurulmagydyr. Ikinjisi bolsa, deňiz derejesinden aşakda ýerleşýän iň uly emeli ada bolup, ol göçüp-gonýan guşlar üçin örän ähmiýetli we möhüm taslama bolup durýar.
2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordy goýuldy. Şonda welosiped sürmek boýunça okuw sapagyna 3246 adam gatnaşdy. Häzirki güne çenli bu sanaw welosport boýunça türgenleşik sapaklaryna gatnaşanlaryň iň köp sanlysydyr. Bu maglumat «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy we degişli Güwänama bilen tassyklanyldy.
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod işläp başlady. Sebitde we tutuş dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu zawod birnäçe halkara Güwänamalaryna mynasyp boldy. Hususan-da, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekiliniň «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen Güwänamany gowşurmagy aýratyn buýsançlydyr.
2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordy täzelendi. Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler. Şeýlelikde, 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda geçirilen bu ýöriş «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Ýeri gelende aýtsak, 2020-nji ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.
Elbetde, dünýäni haýrana goýýan täsinlikleri özünde jemleýän bu kitabyň sahypalaryndan Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäheri-de, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan birnäçe binalar-da mynasyp orun tapdylar. Göreňde gözüňi egleýän ol binalar aýratyn söhbede mynasyp.
Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň we ýeňişleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.