![](https://fineconomic.gov.tm/storage/app/uploads/public/60c/c1a/890/60cc1a8908344497813988.jpg)
Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda we Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Arkadag Prezidentimiziň garamagyna şäheriň şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän görnüşleriniň taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň bezegi möhüm ugurlaryň biridir.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň taslamasy, «Nusaý» myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary hem-de binanyň baş meýilnamasy we oňa degişli birnäçe taslamalar, Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Şeýle-de energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy barada hasabat berildi. Bu ýerde dürli kysymly turbinalaryň esasy bölekleri abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawatt kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Ahal we Daşoguz döwlet elektrik beketleriniň utgaşykly dolanyşyga geçilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan energetika desgalary, ulgama degişli abatlaýyş we hyzmat ediş merkezleri häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Şunda ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns bermek zerurdyr.
* * *
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolup, bu ýerleriniň binagärlik özboluşlylygy, şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň sazlaşygy bilen tanyşdylar. Mähriban Arkadagymyzyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň häkimligi degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen taýýarlanan taslamalaryň tanyşdyrylyşyny gurady.