Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ähli watandaşlarymyzda uly şatlyk döretdi. Şäheriň gözelligine gözellik goşan, aýdym-sazyň, belent waspnamalaryň merkezine öwrüljek täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýüreklerine dolan buýsanjy şeýle sözler bilen beýan etdiler.
Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň halk artisti:
― Bereketli Lebap topragyna ýene-de uly toýlara gatnaşmaga geldik. Munuň üçin şatlygymyzyň çägi ýok. Türkmenabat şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylan «Türkmeniň ak öýi» binasy bolsa, diýseň ajaýyp. Bize bu ýerdäki ilkinji konsertde çykyş etmek bagty miýesser etdi. Ajaýyp binada çykyşa taýýarlanmak üçin hem, çykyş etmek üçin hem ähli döwrebap mümkinçilikler döredilipdir. Giň sahna, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen ses gataldyjy enjamlar, zalyň ajaýyp akustikasy, halka gurap oturan tomaşaçylar, bu ýerde ähli zat göwnüňi göterýär, ylhamyňa ylham goşýar.
Lebap welaýatynda zähmet çekýän ähli kärdeşlerimizi, welaýatyň ähli ýaşaýjylaryny şeýle ajaýyp binanyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gurulýan şeýle döwrebap binalaryň höwri kän bolsun!
Mekan Sylabow, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy:
― Bu gün welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzdan ýene bir Şa serpaýyny aldylar. Ýurdumyzda dünýäniň iň uly ak öýleriniň eýýäm üçünjisi peýda boldy. Goýnunda toýlar tutmaga niýetlenilen ajaýyp binanyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys.
Milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň düýbüniň tutulany ýaňy ýalydy. Bu gün şäheriň gözelligine gözellik goşan binanyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň myhman bolup, täze binanyň işine ak pata bermegi bizi has-da begendirdi. Binanyň açylyş dabarasyna teatrymyzyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Nesip bolsa, täze bina uludan tutulýan toýlarymyzyň merkezi bolar. Oňa ýanaşyk gurlan sadaka jaýynda bolsa il-günüň abatlygynyň, Watanymyzyň asudalygynyň şanyna doga-dilegler ediler. Welaýatymyzyň ähli medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan şeýle döwrebap binany gurduryp, ulanmaga berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Pygy Baýramdurdyýew, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:
― «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna biz hem öz toparymyz bilen gatnaşdyk. Binada atly jigitleriň çykyşlaryny guramak üçin ýörite ýer taýýarlanylypdyr. Bu bolsa biziň şatlygymyzy has-da artdyrýar.
Türkmen bedewleri taryhyň ähli döwürlerinde-de tutumly toýlarymyzyň bezegi bolupdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bolsa toýlarymyzyň hem, bedewlerimiziň hem şanyna şan goşdy. Toparymyz bilen dürli ýyllarda halkara bäsleşikleriň ençemesinde ýeňiji bolduk. Bu gün şöhratly bedewlerimiz bilen Lebap welaýatynda täze açylan binada çykyş etmek biziň üçin belent mertebedir.
Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen täze binanyň açylmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň ähli ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeneki ýyllarda-da bereketli Lebap topragyna diňe toýa gatnaşmak üçin gelmek miýesser etsin! Türkmen medeniýetiniň hak Hossary ― Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!