Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna hem-de beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň, şeýle-de umumy bähbitlere — parahatçylyga, ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Balkan welaýatyndaky “Uzynada” meýdançasynda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna hem-de “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Şeýle-de zähmet serişdelerini we zähmet bazaryny netijeli düzgünleşdirmek maksady bilen, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň wezipe sanawlaryny tassyklamak we ylalaşmak boýunça işler Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyk gelýän degişli Tertipnama esasynda alnyp barylýar. “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek hem-de edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, bu Tertipnamanyň taslamasynyň rejelenen görnüşi taýýarlanyldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklip hödürlenildi.
Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi. Zawodyň ekologik taýdan arassa önümi dünýä bazarynda barha artýan uly islegden peýdalanýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki belent abraýy diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen hem şertlendirilendir. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karara gol çekdi hem-de ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparyna iň gowy türgenleri saýlap almak we olary bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” energetikada özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak wajyp hasaplanylýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýuldaky Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, doganlyk türkmen we özbek halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
“Kuksaroý” köşgünde geçirilen iň ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary bar bolan ägirt uly kuwwaty has doly derejede peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň birdigine ýa-da meňzeşdigine daýanyp, tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş hem-de giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň many-mazmunynyň we ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna, ylalaşykly strategiýa, hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, ilkinji nobatda, olaryň iki halkyň we döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taraplarda ähli esaslar bar.
Döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti meselesi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu gün ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hem-de Özbegistan birek-birek bilen gatnaşyklarda özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmek bilen, häzir bu taglymlary halkara giňişlikde işjeň ilerledýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Owganystandaky ýagdaýlar gepleşikleriň möhüm meselesi boldy. Türkmenistan özbaşdak hem-de halkara tagallalar bilen baglylykda, Owganystana parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, bu ýurduň ykdysady hem-de durmuş taýdan dikeldilmegi üçin şertleri döretmäge, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, 26-njy iýulda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen Owganystan boýunça halkara maslahatyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw we suw-energetika meselesini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, bu babatda türkmen tarapynyň Özbegistan, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki döwletler, ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.
Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşygy, dokma, derman senagaty pudaklary hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri bolan ugurlar hem-de pudaklar hökmünde kesgitlenildi. Ýurtlarymyzyň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işini düzgünleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe iri şertnamalaryň baglaşylandygyny aýdyp, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri öwrenmegi, hususan-da, türkmen kärhanalarynda öndürilýän karbamidi daşary ýurt bazarlaryna eksport etmegi hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromuň we natriý sulfatynyň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz biziň umumy hasabymyzda eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasynyň — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň bardygyny aýdyp, özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak we olaryň üstaşyr ugurlaryny giňeltmek mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Ulag ulgamy Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Iki ýurduň arasynda şu ýylyň 5 aýynda demir ýol ulagy boýunça ýük dolanyşygy 15 müňden gowrak wagon birligine, awtoulaglar boýunça bolsa 17 müňden gowrak birlige deň boldy. Ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdiriljekdigine ynam bildirildi. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramak başlangyjyny öňe sürdi.
Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meselä deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Daşkent” seýilgähiniň açylyşy çuňňur manyly, möhüm waka bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň, ozalkysy ýaly, Türkmenistanda giň goldawa eýe boljakdygyny aýtdy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Maryazot» önümçilik birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Узбекистон темир йуллари» paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy bar.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Goňşy ýurtlaryň netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebitara forumynda, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan duşuşyklarda tassyklanyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine öwrüldi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda şu gezekki döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildi.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa hem-de oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada birnäçe şertnamalara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatyny, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga berýän yzygiderli ünsüni aýratyn nygtap, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy. Bu ajaýyp seýilgähde Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bag nahaly eýýäm boý alyp otyr. Bu ajaýyp däp iki doganlyk döwletiň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýene-de bir nyşanydyr.
15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ýakyndan, başlangyçly özara gatnaşyklaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn ösdürmegiň möhüm ugrudygy bellenildi. Bu işde Türkmenistanda we Özbegistanda döredilen parlamentara Dostluk toparlary ähmiýetli orun eýeleýär.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Samarkant şäherine geldi hem-de bu ýerde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň aramgähine bardy. Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hem-de türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýeti hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular.
Döwlet Baştutanlary Samarkandyň taryhy-medeni toplumynyň ýadygärliklerini, hususan-da, XV asyryň birinji ýarymynda bina edilen Ulugbegiň obserwatoriýasyny, Teýmiriň aramgähini (Gur-Emir), üç medresäni — Ulugbek, Şerdor hem-de Tilla-Kori medreselerini özünde jemleýän Registan meýdançasyny synladylar.
Ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşy boldy.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Samarkandyň Halkara howa menziline tarap ugradylar. Döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny, taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk we strategik esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçarda Watanymyza ugrady.
11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de şol gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi. “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlandygyny, dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara guramalar bilen durnukly, özara bähbitli gatnaşyklary saklandygyny, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygyny belledi.
Ýaponiýanyň görnükli döwlet hem-de syýasy işgäri bilen birnäçe gezek duşuşan Gahryman Arkadagymyz onuň belent adamkärçilik häsiýetlerini nygtady. Ýygnananlar bir minutlyk dymyşlyk bilen Sindzo Abeni hatyraladylar. Soňra tebärek çykylyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan gurbanlyk sadakasy berildi.
Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin şu agyr günde medet beriji sözlerini aýdyp, Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň sanly ulgam arkaly geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kanunlaryň taslamalaryna, hususan-da, «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna, birnäçe beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan resminamalar biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösdürilmegine, dünýäniň ýurtlary hem-de halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
(TDH).