Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň kämil bolmaklary, bilim almaklary we jemgyýete peýdaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Şunda sanly bilimi ösdürmek, bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlara milli terbiýäni bermek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim bermek üçin ähli şertleriň döredilmegi raýatlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukugynyň kepillendirilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Munuň özi bilimiň we ylmyň sazlaşykly arabaglanyşygyny kemala getirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Şoňa görä-de, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär». Munuň özi ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, bilimli bolmagy hakynda çuňňur alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyzyň ylym-bilim babatdaky durmuşa geçirýän beýik işleri, ajaýyp başlangyçlary ýokary derejede netije berýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda watansöýüjilik ruhunda terbiýelenýän ýaşlarymyz diňe bir ene dilimizi çuňňur öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, olara dünýä dillerini kämilleşdirmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanmaga berlen umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar baglaryny görkezip bolar. Olaryň hatarynda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramyna ähli halkymyz bilen bir hatarda, bilim işgärleride zähmet sowgatlary bilen geldiler. Halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Çynar HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.