Milletiň ykbaly her döwürde-de onuň öňe çykaran beýik şahslarynyň — öňbaşçylarynyň gerdeninde durupdy. Beýik şahslar diňe bir taryha adyny ýazman, eýsem, olar taryhyň daýanç sütünleridir hem. Bir halkyň ykbaly göterilende, şonuň öňbaşçysy dünýäniň ösüşine täsir edýän şahsyýete öwrülýär. Şol taryhy şahslar öz döwletli tutumlaryny halkyna, dünýä düşündirmek üçin ylmy-filosofik eserlerini, ensiklopedik häsiýetli kitaplaryny nesillere miras goýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän manysy dür-hazynalardan gymmatly kitaplary nesilbaşymyz Oguz handan gaýdýan gadymy türkmen töresine görä, milletiň ruhy Kethudasy tarapyndan nesillere miras galdyrylýan ýörelge kitaplarydyr.
Awtoryň kitabyň girişinde nygtaýşy ýaly, ol dinimiz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgämiz hakda söhbet açýar. Gahryman Arkadagymyz täze eserinde ynsan Zeminde peýda bolaly bäri jogaby gözlenilýän ebedi sowala — «Hakyky adam, Hakyň söýen ynsany nähili bolmaly?» diýen sowala jogap agtarýar. Kitapda nygtalyşy ýaly, türkmen topragy müňlerçe ýylyň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin örän ähmiýetli mekan, uly wakalaryň, siwilizasiýalaryň mesgeni boldy. Bizi taryhçy hökmünde özüne çeken zat Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň taryhynyň beýikligi hakda täze açan hakykatlarydyr. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleriniň, guran beýik döwletleriniň adamzadyň taryhynda lowurdap durandygyna aýratyn üns çekýär. Ol döwletleriň ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdandygyny nygtaýar. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz-türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris».
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany dünýä taryhynyň ösüşinde Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür bilen deň derejede goýýan alymlaryň mamladygyny ýazýar. Ýeri gelende bellesek, milli Liderimiz heniz wise-premýer wezipesinde işleýän döwründe ýurdumyzyň gadymy hem şöhratly taryhynyň dikeldilmegi, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak babatda uly işleriň başyny başlady. Türkmen alymlarynyň topary daşary ýurtlaryň ençemesine yzly-yzyna iberilip, halkymyzyň geçmişine dahylly gymmatly golýazmalaryň birgidenini ata Watanymyza getirdiler. Olaryň terjime edilip, şol wagtky «Miras» milli medeniýet merkeziniň düzümine girýän ylmy edaralaryň alymlary tarapyndan kitap görnüşinde çykarylyp başlanmagy bilen, türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhyny täzeçe garaýyş esasynda arap, pars we gaýry dillerdäki çeşmeleriň esasynda täzeçe ýazmaga mümkinçilik döredi. Hormatly Arkadagymyz täze eserinde şol çeşmeleriň ençemesini ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizipdir.
Kitapda türkmen halkynyň taryhda öz döreden döwletleriniň ady bilen meşhur bolandygy aýdylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Awestada ýatlanylýan Turan ýurdunyň adynyň manysyny türkmenleriň — turlaryň — oguzlaryň ýurdy görnüşinde düşündirmegi hem bizi aýratyn özüne çekdi. Türkmenleriň döreden döwletleriniň aglabasynyň — göktürkmenleriň, oguz ýabgularynyň, garahanlylaryň, gaznalylaryň, seljuklaryň, horezmşalaryň döwletleriniň bir böleginiň Turanyň çäginde ýerleşmegi-de muňa aýdyň delildir. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde bir hakykata — ata-babalarymyzyň öz guran döwletlerini öz atlary bilen, ýagny Oguzlar döwleti, Seljuklar döwleti, Osmanlylar döwleti görnüşinde atlandyrandygyna ünsi çekmek bilen, şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň adynda türkmen halkynyň öz adynyň bardygy baradaky buýsançly hakykaty aýratyn nygtaýar.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda siwilizasiýa babatdaky täze ylmy açyşyna üns çekmek zerur. Ol ýyldyrym tizligindäki bedewlerini ýetişdirmek bilen, ata-babalarymyzyň adamzadyň ösüşine tizlik berendigi baradaky hakykatdyr. Şeýlelikde, milli Liderimiz türkmeniň şeýle bedewleri kemala getirip, adamzada ýene bir siwilizasiýany peşgeş berendigi baradaky hakykaty ilkinji gezek dünýä aýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkara gatnaşyklar ugry boýunça hünärmenler üçin hem has gymmatlydyr. Kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti» atly birinji babynda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçlaryna üýtgewsiz eýerýändigi, halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigi nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe döwlet we Hökümet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklaryndan ençeme ýakymly pursatlary mysal getirýär.
Gahryman Arkadagymyz 2020-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşykda agtygy Kerimiň onuň bilen iňlis dilindäki erkin söhbetdeşligini ýatlaýar. Agtygynyň halkara guramanyň wekiline ýurdumyzda ýaş nesillere dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin çagalar baglaryndan, mekdep partasyndan başlap, dünýä dilleriniň ençemesiniň öwredilýändigi barada gürrüň bermegi hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça eden taýsyz atalyk aladasynyň aýdyň miwesi. Munuň özi türkmeniň gadymy atalyk mekdebiniň häzirki döwürdäki anyk dowamy. Hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda durmuşda dogry ýoly, käri saýlap almakda ene-atanyň, halypanyň ornunyň örän ähmiýetlidigini ýönelige nygtamandyr. Agtygy Kerimiň zehininiň köpugurly bolmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmäge werzişligi, bedew atlarymyza, çapyksuwarlyga, seýisçilige, aýdym-saz sungatyna söýgüsi — bularyň ählisi hormatly Arkadagymyzyň yhlasyndan gözbaş alýar. Milli Liderimiz diňe bir öz agtygyny terbiýelemekde däl, eýsem, tutuş halkyna gadymy türkmen atabeglik mekdebiniň oňyn däpleri bilen halypalyk edýär. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň täze kitabyndaky: «Men öz agtygymyň mysalynda tutuş türkmen ýaşlarynyň geljegini görýärin» diýen sözleri hem aýdylanlara anyk delildir.
Eserde Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde tutýan ornuna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň esasy binýady bolan hemişelik Bitaraplygymyza hem mynasyp orun berlipdir. Bular barada kitapdaky anyk mysallary okanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň 15 ýyllyk Prezidentlik döwründe parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen dünýäde ykrar edilen Lidere öwrülendigine buýsanjyň artýar. Hawa, hormatly Arkadagymyz — XXI asyryň parahatçylyk dörediji Lideri, beýik syýasatçysy, ussat diplomaty. Milli Liderimiz şeýle belent abraýa ata-babalarymyzdan gelýän döwleti dolandyrmak dessuryna eýerip mynasyp boldy. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky binýatlyk ýörelgeler bolan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk — bular ykbalyň emri bilen dünýäň çar künjüne ýaýrap, ençeme döwletleri, imperiýalary guran ata-babalarymyzdan galan dessurlaryň esasynda kemala gelendir. Bu dessury bir sözde «Oguz-türkmen töresi» diýip atlandyryp bolar.
Töre — ata-babalar tarapyndan ýola goýlan ýazylmadyk kanunlaryň jemi. Töre ýaşulularyň hem-de gelip çykyşy asylzada bolan begleriň häkimliginiň kanunylygyny ykrar edipdir. Ol jemgyýetiň her bir agzasynyň ornuny berk kesgitläpdir, düzgün-tertibiň her kes tarapyndan berk berjaý edilmegini talap edipdir. Oguz töresini bozmak temmisiz galdyrylmandyr. Göktürkmen döwletiniň hany Bilge han: «Eý, oguz türkmen begleri, millet, eşidiň, ýokarda gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler!» diýen sözlerini nijeme asyr mundan ozal ýönelige aýdyp gitmändir! Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda, ine, şol gadymy türkmen töresini inçeden yzarlamak bilen, ata-babalarymyzyň döreden ençeme döwletleriniň taryhy tejribesi esasynda gurlan şu günki Bitarap Türkmenistanyň tutuş dünýäde parahatçylygy döretmäge goşandynyň ähmiýetini okyjylara anyk mysallar arkaly düşündirýär.
Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň yslam dinini kabul etmek bilen, yslam medeniýetini dünýä ýaýmak babatda bitiren hyzmatlaryny anyk taryhy maglumatlar arkaly düşündirýär. Bu barada kitapda şeýle diýilýär: «Hawa, bular — türkmenlerdi! Biziň ata-babalarymyzdy! Müňlerçe ýyllyk taryhy şöhratlandyranlardy! Oguz han atamyzdan başlap, hakykatdan-da, dünýäde ýetmişden gowrak döwleti döredenlerdi! Uly-uly şahsyýetleriň we olara ykbalyny ynanan halkyň güýç-gaýraty bilen Ýer ýüzünde şeýle beýik döwletler berkarar edilipdi». Damarynda türkmen gany aýlanýan her birimiziň watançylyk duýgymyzyň gözbaşyny täzeden arçap, inimizi jümşüldedip, ruhy taýdan täzeden galkyndyrýan şeýle hakykaty Gahryman Arkadagymyza çenli türkmen halkynyň taryhyny ýazan hiç bir taryhçynyň eserinden okan dälsiňiz!
Arkadagyň şadiwany — «Ömrümiň manysy» — ýagşy niýetlere, halallyga çagyryş. «Ömrümiň manysy» — maksada okgunlylyga, oňa ýetmek üçin dyngysyz göreşe çagyryş. «Ömrümiň manysy» — dünýäde haýyr bilen şeriň arasynda parh goýup, diňe haýry goldap, onuň tarapynda duran adamlaryň geljek nesilleriň hakydasynda ömürlik ýaşaýandygyny düşündirýän durmuş pelsepesi. Eger-de täze kitabyň ähmiýetini bir jümlede jemlemeli bolsa, onda oňa «Arkadagyň ruhy akademiýasy» diýip at berip bilerdik. Uludan-kiçä her bir türkmen raýatyny ömrüni manyly ýaşamaga ugrukdyrmakda, il-halkyna ýaraýan mynasyp işleri amala aşyrmak üçin ýagşy niýetlere ruhlandyrmakda bu akademiýanyň uzak ýyllaryň dowamynda milletimiziň durmuş mekdebine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.