Prezident maksatnamasy: ösüş ýoly bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, welaýatlarda täze, döwrebap obalary we şäherçeleri gurmagyň depginini güýçlendirmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» halkyň agzybirligini we jebisligini, eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyrdy. 

                                                                   

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamynda welaýatlary, alys künjekleri gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her ädimde görýäris. Şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerip, ýurduň ykdysady kuwwaty berkeýär. Halkyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Bagtyýar durmuşyň hem-de döredijilikli ösüşiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan bu beýik işlerden ruhlanýan halkymyz agzybirlikde, joşgunly zähmet çekip, röwşen geljegine ynamly gadam urýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler garaşsyzlygyň, döwletliligiň we özygtyýarlylygyň esaslarynyň mizemezdigini, bir bitewi we jebis türkmeniň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Bu beýik maksatlar halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna eýe bolan içeri we daşary syýasatyň esasynda durandyr. Öňdengörüjilikli syýasat türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň okgunly ösmegini, ýurduň halkara giňişlikde abraýynyň has-da artmagyny üpjün edýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen döwlet strategiýasy pudaklary senagat we innowasion ösüş ýoluna geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.  

 «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi aýratyn taryhy ähmiýetli wakadyr. Maksatnamada göz öňünde tutulan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki tapgyrynyň wezipelerini, hil taýdan ösüşlerini öz içine alýar. Häzirki wagtda Türkmenistan täze eýýamy, röwşen geljegi gurýar. Ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap maksada okgunly hereket edýär.  

                                                                   

— Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we özgertmek boýunça Maksatnamanyň çäklerinde ençeme desgalary, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de müňlerçe kilometr düzümleýin ulgamlary çekmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

— Maksatnamany durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenildi: onuň esasynda anyk ugurlar boýunça işleri toplumlaýyn işjeňleşdirmek üçin takyk usullar göz öňünde tutulandyr.  

                                                                   

— Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, bilim, sport, medeniýet ulgamlarynyň, telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi Maksatnamanyň esasy ugurlary bolmagynda galýar.  

                                                                   

— Sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň, olaryň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagyň hereketlendirijisi hökmünde täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylar. 

                                                                   

— Her bir raýata saglygyny goramagy, bilim, durmuş taýdan goldaw almagy, medeni islegleriň kanagatlandyrylmagy üçin ýokary hilli hyzmatlar mundan beýläk-de elýeterli bolar. Munuň özi ähli ilatly ýerleriň döwrebap inženerçilik düzümi, aragatnaşyk, oňat ýollar bilen üpjün edilmegini-de aňladýar.