20-21-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi boldy
Däp bolşy ýaly, ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykardy. Pudagara forumda ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň düzümleýin bölümleri, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň giň gerimli ugurlaryna wekilçilik edýän 40-dan gowrak hususy kärhananyň ýokary hilli önümleridir hödürleýän hyzmatlary görkezildi.
MAKSATNAMA LAÝYKLYKDA
Forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly adamlar, şol sanda telekeçiler gatnaşdylar.
* * *
Döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
* * *
Bu ýerde energetika, senagat, nebit, gaz, nebithimiýa, dokma senagaty halyçylyk, gurluşyk hem gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş, bagy-bossanlyga büremek ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen sergi bölümlerine orun berlipdir.
* * *
Bu ulgamlaryň ählisiniň ösüş depgini köp sanly wideoşekilleriň görkezilmeginde, neşirýat önümlerinde — žurnallarda, owadan bezelen beýleki neşirlerde beýanyny tapdy.
* * *
Edaralaryň diwarlyklarynda sergä gelenlere önümler, kärhanalaryň, umuman, pudagyň ösüş meýilnamalary barada gürrüň berildi.
* * *
Halkara maýa goýum we milli taslamalar ähli ugurdaş ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet konsernleri, banklar, Döwlet haryt-çig mal biržasy we beýleki käbir kärhanalar tarapyndan görkezildi.
IKI GÜNLÜK SERGINIŇ DOWAMYNDA
■ «Derýaplastik», «Senagat plastik» we «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleriniň halkara hil ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleri köpleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda turbalar, kabeller, asma üçekler, penjireler, gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda we gurluşykda giňden ulanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar.
■ Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň eksport ugurly harytlary aýratyn orun eýeledi. Türkmen dizaýnerleriniň döwrebap egin-eşikleriniň täze toplumy sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.
■ «Aýbölek» we «Çigildem» hususy kärhanalarynyň owadan mebelleri, «Hasar» nyşanly süýji-köke önümleri, «Gönezlik», «Täze aý» nyşanly süýt önümleri, «Miweli ülke» nyşanly miwe önümleri, «Özgeriş», «Ak toprak» kärhanalarynyň şöhlat hem-de beýleki et önümleri ýerleşdirilen sergi bölümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni çekdi.
■ Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň, bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, täze harytlaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
■ Dokma senagaty ministrliginiň Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky dokma toplumlarynyň täze önümleri; himiýa pudagynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we täzeçillikleri; «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän häzirki zamanyň senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşleri; ulag we logistika ulgamynda «Bir kuwwat» hususy kärhanasynyň hyzmatlary görkezildi.
■ Sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ulgamynda «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýetiniň, berhizlik azyk önümleriniň önümçiligi babatda «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda önümleri himiki usulda arassalamakda «Maýam» kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlary barada maglumatlar berildi.
■ Elektron önümleri, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň sensor ekranly kompýuterleri, çek printerleri, ştrih-kod printerleri we skanerleri öndürýän «Agzybirlik tilsimaty» hojalyk jemgyýetiniň wideoşekilli taslamalary görkezildi.
■ «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň, «Parasatly» daýhan hojalygynyň, «Saraýan», «Jadyly çeşme», «Owadan ülke», «Sada suw» hojalyk jemgyýetleriniň täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
■ Forum tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
TÄZE ÝEŇIŞLERE ÇAGYRYŞ
Bu sergi täze ýeňişlere, anyk hereketlere we ädimlere çagyryşdyr. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, rowaçlanmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
"Nesil".