Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, gadymyýetden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary yzygiderliligi hem-de ulgamlaýynlygy bilen häsiýetlendirilýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde iki ýurda döwlet, resmi we iş saparlarynyň 23-siniň amala aşyrylmagy munuň aýdyň delilidir.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýlup, şondan bäri geçen döwürde iki döwletiň arasynda dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Türkmenistan bilen Özbegistany taryhyň, medeniýetiň, gymmatlyklaryň umumylygy, diliňdir däp-dessurlaryň ýakynlygy özara birleşdirmek bilen, ol iki ýurduň we halklaryň ygtybarly hyzmatdaşlyk saklamagyna aýratyn itergi berýär. Döwletleriň ikisi-de özygtyýarlylygyny hem-de Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, daşary syýasatda oňyn gatnaşyklaryny netijeli dowam etdirdiler. Döwlet syýasatynyň ulgamlaýynlygy we maksada gönükdirilendigi, halkara durmuşyň derwaýys meseleleriniň ähli ugurlarynyň milli gyzyklanmalar bilen utgaşdyrylmagy däp bolan dostlukly gatnaşyklara eýerýän iki döwletiň daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny kesgitleýän möhüm şertler bolup öňe çykdy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda döwlet Baştutany hökmünde ilkinji saparynyň Türkmenistana guralandygyny bellemek zerur. Bu taryhy sapar Özbegistanyň daşary syýasatda hoşniýetli gatnaşyklara berýän möhüm ähmiýetiniň görkezijisi, ýurduň Lideriniň goňşy ýurtlar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn çemeleşmesiniň özboluşly subutnamasy boldy.
Häzirki ösüş tapgyrynda Özbegistan Respublikasy ýurduň milli gyzyklanmalaryna esaslanmak bilen, açyk, özara bähbitli we işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletiň häzirki daşary syýasy ugry dünýädäki we sebitdäki üýtgäp duran ýagdaýlaryň, şeýle-de ýurduň içinde amala aşyrylýan iri göwrümli özgertmeleriň nazarda tutulmagy bilen alnyp barylýar. Türkmen-özbek özara hereketleriniň ösüşi işjeň syýasy gepleşiklere, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly arkalaşygyň saklanmagyna esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, 220-den gowrak döwletara, hökümetara we pudagara häsiýetli ylalaşykdyr şertnamalardan ybarat bolan resminamalaryň agramly bukjasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirmek bilen, taraplaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýar.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň ýakyn dostlugy, hakyky hormaty we birek-birege bolan mizemez ynamy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär, iki döwletiň özara hereketleriniň täze ugurlaryny açýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan duşuşyk aýratyn wajypdyr, onuň dowamynda iki ýurduň Liderleri köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar, şeýle-de ýokary derejede geçirilýän resmi gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bar bolan ugurlaryny berkitmek bilen birlikde, onuň täze ulgamlaryny kesgitledi, taraplaryň özara hereketleriniň depginini we yzygiderliligini şertlendirdi. Ýokary döwlet derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary täze, has ýokary tapgyra çykarmaga gönükdirilendir.
Ýurtlaryň halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy türkmen-özbek özara hereketleriniň halkara giňişlikdäki işjeňliginiň görnetin mysalydyr. Iki döwletiň häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek, goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi hem-de kadalaşdyrylmagy, ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, Aral deňzi bilen bagly ýagdaýlaryň netijeleriniň gowşadylmagy, durmuş-ykdysady ulgamdaky ösüş, adam hukuklaryny goramak ýaly meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşligi halkara we sebitleýin meýdançalarda özara hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Sebitiň hem-de tutuş dünýäniň durnuklylygyna we howpsuzlygyna dahylly meseleler babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy öz üstlerine alan halkara hem-de ikitaraplaýyn borçnamalaryna ygrarlydyklaryny aýdyň görkezmek arkaly, olaryň oňyn durmuşa geçirilmegi ugrunda hem möhüm işleri amala aşyrýarlar.
Özbegistan ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldady we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen degişli Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Dostlukly ýurt Türkmenistanyň energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy, ulag, ekologiýa boýunça halkara başlangyçlaryny, şol sanda sebitleýin hem-de halkara guramalara, olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalygyny işjeň goldaýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikler ykdysady ulgamda hem netijeli, deňhukukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Özara daşary söwda dolanyşygynyň ýylyň-ýylyna barha artmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň möhüm görkezijileriniň biridir. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Özbegistan öňdäki orunlarda durýar. Türkmenistandan goňşy ýurda nebit we nebit önümleri, mehaniki enjamlar, plastmassa we ondan ýasalýan önümler, himiýa, dokma, oba hojalyk harytlary, tehnologik abzallardyr beýleki serişdeler iberilýär. Özbegistandan biziň ýurdumyza oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk materiallary, himiýa we taýýar dokma önümleri import edilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler iki döwletiň özara hereketleriniň netijeli görnüşidir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alşyldy. Iki ýurduň ulag ulgamyndaky özara hereketleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi, ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça bilelikdäki degişli çäreleriň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, taraplaryň arasynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary döredildi we 13-nji sentýabrda onuň birinji mejlisi geçirildi. Sebäbi suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana nobatdaky resmi saparynyň çäklerinde geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahaty bolsa dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.
2018-nji ýylyň aprelinde Daşkent şäherinde türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi, geçen ýylyň oktýabrynda bolsa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan — Özbegistan Işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi onlaýn görnüşde guraldy. Bu çäreler iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, bilelikdäki önümleriň göwrüm hem-de görnüş sanynyň has-da artdyrylmagy üçin giň mümkinçilik berýär. Özbek işewürlik wekiliýetiniň şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine işjeň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar serhetýaka zolaklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, golaýda ýurdumyzyň Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň Horezm we Buhara welaýatlaryna saparlary guraldy.
Biziň ýurtlarymyz sebit ähmiýetli iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýarlar. Ulag ulgamy netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar 2017-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Özara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri iki ýurduň çäginde geçirilýän dürli görnüşli medeni çärelere, konsertdir festiwallara, bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 40-dan gowragy hereket edýär, ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinde türkmen filologiýasy ugry boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. 28-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda Daşkent, Samarkant, Buhara, Kokant, Hywa şäherlerinde guralan «Beýik Ýüpek ýolunyň merjeni» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň kino günleri hem geçirildi. Özbegistanda dostlugyň nyşany hökmünde «Аşgabat» seýilgähi, beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän dynç alyş zolagy açyldy. Şunda Aşgabatda hem «Daşkent» türkmen-özbek dostluk seýilgähiniň gurluşygynyň başlanandygyny aýtmak zerur. Bu seýilgähi gurmak hakyndaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Şeýle-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, paýtagtymyzyň «Аşgabat» seýilgähi bilen Daşkendiň «Аşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda iki şäheriň ýolbaşçylarynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda baýramçylyk teleköprüsi guraldy.
Milli Liderimiziň Daşkende nobatdaky resmi sapary Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze badalga berer hem-de iki ýurduň halklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dowam etdirilýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42349
Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine gönükdirilendir
Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi açyldy. 21 — 27-nji sentýabrda bolsa utgaşykly görnüşde mejlisiň esasy bölegi — umumy geňeşmeleriň hepdeligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli geňeşmeleriň ilkinji gününde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi.
Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş taryhyň häzirki tapgyrynda adamzadyň bir wagtda meseleleriň birnäçe toplumy, ýagny pandemiýa, ýaragly dawalardyr gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, deňsizlik we beýlekiler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýratyn nygtap, tizden-tiz olaryň öňüni almagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyşynda häzirki umumydünýä ýagdaýlaryna, syýasy, ykdysady, durmuş hadysalarynyň meýillerine syn berip, ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletlerdir iri halkara guramalaryň özara utgaşykly hereketleriniň esasy talap bolup durýandygyny belledi. «...Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde umumy pikire gelinmeginiň örän möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň entek ýeterlik däldigini açyk aýdyp, howply wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda COVID-19 pandemiýasynyň düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykarandygyna ünsi çekdi. Şunda Türkmenistan üýtgewsiz garaýşa eýerýär: koronawirus meselesini syýasylaşdyrmagy, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmagy ýol berilmesiz hasaplaýar. Koronawirusa garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde esasy ornuň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna degişli bolmalydygynyň tarapdary hökmünde çykyş edýän ýurdumyz ylmy diplomatiýa ugry babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde bu ugurda täze teklipleri öňe sürdi. Pandemiýanyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek şunda esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 48 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama dünýäde häzirki dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlaryň öňe çykaran zerurlygydyr. Çünki durnukly ulag ulgamy bolmazdan, Ýer ýüzünde doly derejeli durnukly ösüşi gazanmak asla mümkin däl. Şoňa görä-de, ählumumy derejede koronawirus ýokanjynyň ýaýran şertlerinde ulag ulgamynyň ähmiýeti has-da artdy. Azyk önümleridir lukmançylyk enjamlarynyň, dermanlardyr beýleki zerur ýükleriň durnukly halkara daşamalarynyň üpjün edilmeginiň pandemiýa garşy göreşmekde netijeli işleri kesgitleýändigini toplanan tejribeden aýdyň görmek bolýar.
Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli hem-de sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler barada durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalaryň kadalarydyr ýörelgeleri esasynda çözmäge goldaw bermegini dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisiň çäklerinde geçen ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreler durmuşa geçiriler.
Aslynda, hemişelik Bitaraplyk — bu bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin uly mümkinçilige eýedir. Ählumumylaşma hadysasynyň barha tizleşmegi bilen, bitarap ýurtlaryň täze wezipeleri ýerine ýetirmek mümkinçiliklerine garalýar. Olar häzirki zaman halkara hem-de şahsy howpsuzlygy saklamak meselelerini çözmäge oňaýly täsir etmäge ukyplydyr. Gürrüň, hususan-da, bitarap döwletleriň dürli görnüşlerdäki gepleşikleri geçirmek ýa-da özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maslahatlary bermek arkaly ýurtlaryň arasyndaky «siwilizasion gatnaşyklary» ösdürmäge goşýan goşandy hakynda barýar. Çünki bitaraplyk ideologiýasyna mahsus bolan özboluşlylyk, pragmatizm hem-de ylalaşyklylyk ýaly ýörelgeler dürli medeniýetlerdir siwilizasiýalaryň asuda ýaşamagy üçin kadalary işläp taýýarlamakda zerurdyr.
Milli Liderimiz nobatdaky mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň düýp mazmuny döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, aýratyn-da, ählumumy parahatçylygy, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy üpjün etmek maksady bilen, anyk hereketler arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Kararnamada dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyga we ynanyşmaga durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de adam hukuklaryny hormatlamagy üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş beýan edilýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak gapma-garşylyklaryň bolmazlygyny, birek-birege hormaty alamatlandyrýar. Parahatçylyk we ynanyşmak Ýer ýüzünde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem esasydyr. Muňa garamazdan, käbir sebitlerde parahatçylygy gazanmak çylşyrymly wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, degişli Kararnamanyň kabul edilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, hususan-da, durnukly ösüşiň hatyrasyna parahatçylyk söýüji we açyk jemgyýetiň gurulmagyna ýardam bermegi göz öňünde tutýan 16-njy maksady iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryny utgaşdyryp, parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň guralmagy bolsa bu ugurda ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn bermäge, häzirki meýilleri hem-de geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge nobatdaky mümkinçilik bolar.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň golaýda açylan 76-njy mejlisindäki çykyşy Merkezi Aziýada howpsuzlygy pugtalandyrmak, Owganystandaky ýagdaýlary dünýä bileleşiginiň utgaşykly tagallalary esasynda kadalaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen özara hereketleri giňeltmek ýaly möhüm meseleleri hem öz içine aldy. Bu mejlisde milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipelere esaslanýan köptaraplaýyn resminama bolmak bilen, onda beýan edilen başlangyçlary ilerletmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna girýän diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bilelikdäki işiniň netijelerine baglydyr.
Aksoltan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42046
Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri bolan ählumumy parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän anyk başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşy hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Şol mejlisde milli Liderimiziň öňe süren täze başlangyçlary häzirki zaman dünýäsinde ýüze çykýan hadysalaryň çözgüdini işläp taýýarlamakda halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen doly derejede sazlaşýar.
76-njy mejlisiň çäklerinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş taryhyň häzirki tapgyrynda dünýä bileleşiginiň bir wagtda meseleleriň birnäçe toplumy, ýagny pandemiýa, ýaragly dawalardyr gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, deňsizlik bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýratyn nygtady. Türkmenistan ylmy diplomatiýanyň ýörelgelerine esaslanyp, pandemiýadan üstün çykmagyň ilkinji şertleriniň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işleri yzygiderli amala aşyrýar. Biziň döwletimiz BMG-niň täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça işlenip taýýarlanylan strategiýalarydyr meýilnamalary esasynda saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlara täsir edilmegini, ählumumy taýýarlygyň berkidilmegini hem-de köpçülikleýin durnuklylygy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde bu howpa garşy göreşmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe halkara we sebit gurallaryny esaslandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi.
Halkara syýasatda geçen asyryň ortalaryndan başlap has derwaýys häsiýete eýe bolan we häzirki döwürde uly üns berilýän meseleleriň biri-de tebigaty goramak hem-de ekologiýa bilen baglanyşyklydyr. Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň ilkinji günlerinde onuň münberinden çykyş eden görnükli ýolbaşçylardyr syýasatşynaslaryň bellemeklerine görä, bu mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi tebigaty halas etmek bilen bagly bolup, onuň howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça meýilleşdirilen uly göwrümli halkara forumlar bilen bir wagtda geçirilýändigi üns çekilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda Aral deňzi meselesini gozgap, ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigini belledi. Şunda Aral meselesiniň Türkmenistan tarapyndan geçen ýyllaryň dowamynda guralan halkara forumlardyr mejlislerde yzygiderli öňe çykarylýandygyny, bu babatda türkmen tarapynyň teklipleri esasynda BMG-niň degişli Kararnamalarynyň kabul edilendigini aýtmak gerek.
Halkara gatnaşyklar ulgamynyň häzirki tapgyrynda özara ynamyň ýetmezçiligi ýiti meseleleriň biri bolmagynda galmak bilen, onuň dünýä bileleşiginiň ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň institusional esaslarynyň gowşamagyna getirýändigi 76-njy mejlisiň dowamynda edilen çykyşlaryň aglabasynda nygtaldy. 2021-nji ýylyň tutuş dünýäde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigi ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijesi bolup, bu ugurdaky degişli Kararnama öz wagtynda işlenip taýýarlanan resminamadyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakynda konsepsiýanyň esasy ýörelgeleridir maksatlary türkmen tarapynyň iri halkara forumlarda öňe sürýän başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Bu ugurda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň mynasyp jemlenmesine öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.
Sebitiň durnukly ösüşine gönüden-göni täsirini ýetirýän goňşy Owganystandaky ýagdaýlar BMG-niň strategik gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň hataryna girýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin täze syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi hem-de özüniň syýasy giňişlikde zerur bolan gepleşikleri üpjün etmäge taýýardygyny äşgär etdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagynyň tarapdarydygyny ýene bir gezek aýratyn nygtap, bu ugurda kabul ederlikli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmalydygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Ynsanperwer ugurdaky meseleler hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzasy hökmünde, Türkmenistanyň onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Ýeri gelende nygtasak, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňligi, bosgunlaryň hukuklary, enäniň hem-de çaganyň saglygyny berkitmek, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, ýaşlar syýasaty ýaly meseleler boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär we anyk işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki taryhy çykyşyndan görnüşi ýaly, üstünlikli amala aşyrylýan döredijilikli we ynsanperwer daşary syýasatymyz döwletimiziň dünýä giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmaga we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak babatdaky başlangyçlarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasatdaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.
Esen AÝDOGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41567
Hyzmatdaşlyk. Haýsy dilde ýaňlanýandygyna garamazdan, bu ýekeje söze adamzat ir döwürlerden bäri diňe gowy zatlary siňdirmäge çalşypdyr. Bu sözde adamzadyň özara ynanyşmak, arkalaşmak, daýanyşmak, birek-birekden gowy zatlary öwrenmek hem-de paýlaşmak ýaly oňyn sypatlary jemländigi aýan. Şolary gazanmak üçin bolsa hyzmatdaşlyga girýän taraplaryň arasynda iň esasy zat — özara ynam gerek. Ynam — syýasatda, halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada binýatlyk ýörelge. Şol bolmasa, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak howaýylygyna galýar. Şol hakykatdan ugur alynsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeden garamak baradaky başlangyçlarynda öňe ädilen ädimdigini görmek bolýar.
Milli Liderimiziň daşary syýasat ugrundaky sebit — yklym — dünýä halkasynyň bitewi zynjyrynda sebitara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Bitarap Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaş düzümleriň biri-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr (ŞHG). Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlarynyň goldanylmagynda bu guramanyň mynasyp paýy bar. ŞHG-niň ýakynda Duşenbede geçen ýubileý sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary diňe bir sebitde, yklymda däl, eýsem, tutuş dünýäde özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlyga alternatiwanyň ýokdugyny ýene bir gezek subut etdi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ozalky Bişkek, Daşkent, Pekin sammitleri Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň sebitara derejede ykrar edilmeginde möhüm tapgyr bolupdy. Ýurdumyzyň ŞHG-niň çäginde başlan şol syýasy dialogy bu gezek Duşenbede üstünlikli dowam etdirildi. Onda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz guramanyň geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde ykrarnama hem-de hormata eýe bolan, ählumumy syýasy we ykdysady ösüşiň barşyna, häsiýetine oňyn täsir edýän abraýly döwletara birleşmä öwrülendigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary syýasy gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
Howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi konsepsiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň goldaw tapmagynda ŞHG möhüm geosyýasy giňişlik hasaplanýar. Şu jähetden alnanda, döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe sammitinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, ilki bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny nygtamagy örän wajypdyr. Ilkibada howpsuzlyk, terrorçylyga, narkobiznese garşy göreşmek guramasy hökmünde döredilen ŞHG-niň giňişliginiň dünýäde täze dörän wehimiň — COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almakda tagallalary birleşdirmekde mümkinçilikleri uludyr. Şundan ugur alyp, türkmen Lideri dünýäde howpsuzlygyň täze dörän görnüşini — biologik howpsuzlygy üpjün etmek baradaky ozal BMG hem-de beýleki halkara we sebitara düzümleriň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryna täzeden dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Elbetde, ählumumy pandemiýa howpunyň artmagy dünýä döwletlerinden onuň zyýanly netijelerinden saplanmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallaryny işjeň herekete getirmegi, ykdysady hyzmatdaşlygy syýasylaşdyrmazlygy talap edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň lokomotiwleri hasaplanýan Russiýa, Hytaý, Hindistan ýaly çig mal we ykdysady mümkinçilikleri uly bolan döwletleriň gatnaşmagynda ŞHG-niň çägindäki ykdysady kooperasiýanyň giňeldilmeginiň bolsa hut häzirki pandemiýa şertlerindäki dünýä çökgünligi döwründe ähmiýeti has artýar. Şol hakykatdan ugur alyp, Türkmenistan energetika, ulag-logistika babatdaky taslamalaryny gürrüňi edilýän halkara guramanyň geoykdysady giňişligini ýerlikli peýdalanmak arkaly, tutuş Ýewraziýa yklymynyň bähbitlerini özara sazlamaga gönükdirýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geografiýasyny Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz sammitde ŞHG-ä gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasynyň taslamasynyň goldanylmagynyň möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan bu resminamany kabul etmek baradaky başlangyjy Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde öňe sürmegi göz öňünde tutýar.
Energetika babatda alnanda, ýangyç geçirijileriň ugurlaryny we geografiýasyny diwersifikasiýalaşdyrýan Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ägirt uly taslamany amala aşyrdy. Ilkinji tapgyry 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen, häzirki wagtda 4-nji şahasy gurulýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi Merkezi Aziýa — Hytaý aralygyndaky iri energetika halkasydyr. Bu gaz geçirijiniň ulanyşa girizilen döwründen bäri 300 milliard kub metr türkmen «mawy ýangyjy» Hytaýa eksport edildi. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde amala aşyrylýar. Ol Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan ugry boýunça çekiler. Onuň işe girizilmegi bilen, gaz geçirijiniň umumy geçirijilik ukyby 85 milliard kub metre çenli, türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-e eksportynyň möçberi bolsa ýylda 65 milliard kub metre çenli artar. Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ibermekde liderligi saklaýar. Ýeri gelende bellesek, üstümizdäki ýylyň iýunynda Türkmenistan Hytaý tarapyndan 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak karzyny doly yzyna gaýtardy. Bu karz serişdeleri dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň gurluşygyna hem-de özleşdirilmegine gönükdirilipdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalyga ymtylýan Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, gurama 2017-nji ýylda agzalyga giren, Günorta Aziýada uly ykdysady kuwwata eýe bolan Pakistan hem-de Hindistan üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.
ŞHG-niň giňişligi birwagtlar Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň başlanan sebitidir. Bu ýoluň başlangyjynda oturan Hytaý, onuň ýüreginde ýerleşip, birwagtlar hereketlendirijisi bolan Türkmenistan üçünji müňýyllygyň başynda özara tagallalary birleşdirip, bu taryhy ýoly dikeltmegiň gözbaşynda durlar. Türkmenistan ŞHG-ä agza ýurtlaryň hem bähbitlerini araýan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgeleri babatda ençeme taslamalary amala aşyrdy. Olar Ýuwaş ummanyndan Baltika deňzine, Demirgazyk Ýewropadan Hindi ummanyna çenli aralygy baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat (1996), Gazagystan — Türkmenistan — Eýran (2014) demir ýollarynyň işe girizilmeginiň diňe üç ýurduň gatnaşyklarynyň has ilerlemegine ýardam etmän, eýsem, bu gurama agza döwletleriň ykdysady ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýändigi aýdyňdyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça eýýäm bu ýoluň geografiýasyny Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň çygryndan çykarmak üçin anyk işler edildi. Hytaý-gazak-türkmen-eýran dörttaraplaýyn ulag diplomatiýasy babatda deslapky çärelere badalga berildi. 2016-njy ýylyň başynda bu ýoly peýdalanmak arkaly, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner otlusynyň synagdan geçirilmegi ýoluň ykdysady bähbidiniň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin uly boljakdygyny görkezýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zamanyň ösen kommunikasiýa ulgamlary esasynda dikeldilmegi — hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiliginden dömüp çykan pikir. Şunlukda, türkmen Lideriniň başlangyjy, tagallasy hem-de uly töwekgelçiligi bilen, Beýik Ýüpek ýoly hakyky manyda gaýtadan dikeldildi. Ulag-kommunikasiýa babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary geljekde Pekinden Stambula, ondan aňryk Ýewropa tarap ulag geçelgeleriniň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam döredýär.
Duşenbe sammitinde milli Liderimiz ŞHG-ä agza döwletleri BMG-niň howandarlygynda 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu forum Merkezi Aziýanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini sebitiň çygryndan çykaryp, ony Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitleri bilen baglanyşdyrýan multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda gepleşikler üçin amatly meýdança bolar. Umuman alnanda, Türkmenistanyň energetika, ulag-logistika babatdaky halkara başlangyçlary hyzmatdaşlyk boýunça integrasiýalaryň ençemesiniň — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bähbitlerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa tutuş Aziýa yklymynda ykdysady ösüşi we söwdany ösdürmek nukdaýnazaryndan derwaýysdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40897
Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda dostlukly ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan habar beriş maksatly çäre guraldy. Oňa Türkmenistanyň söwda-maýa goýum ulgamynda iş alyp barýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdul Aziz Abdulla Al-Haşemi çykyş edip, şu ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyzlygynyň şanly 50 ýyllygyny belleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdy geljek 50 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler, maýa goýum ulgamynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Golaýda täze açylan invest.ae internet saýtynyň üsti bilen BAE-de telekeçilik işini alyp barmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlyk çykyşyň esasyny düzdi we diplomat türkmen hususyýetçilerini maýa goýum ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde ýurda goýulýan maýa goýumlary höweslendirmek babatda hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döredýär. BAE-niň çäginde ýerleşýän erkin ykdysady zolaklaryň 40-synda dünýäniň çar künjeginden gelen telekeçiler 2 müňden gowrak ugur boýunça ykdysady iş alyp baryp bilýärler. Hususyýetçiler, maýadarlar hem-de zehinli şahslar üçin berilýän wiza ýeňillikleri, ýurduň çäginde hereket edýän howa menzilleriniň 100-e golaýy, deňiz portlarynyň 12-si we ulaglaryň beýleki görnüşleri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga amatly şertleri döretse, ýurduň açyklygy, çig mal gorlarydyr daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde eýeleýän mynasyp orny onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.
Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, şol sanda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn nygtaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň çäklerinde «Mubadala», gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen Türkmenistandaky iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, degişli ylalaşyklaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ýangyç-energetika, nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Maglumat beriş çäresiniň maýa goýum syýasatyna degişli bölümi tamamlanandan soňra, diplomat öňde boljak dünýä ähmiýetli möhüm waka — Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisiniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen pikir alyşdy. Mälim bolşy ýaly, pandemiýa zerarly bir ýyl yza süýşürilen ählumumy gözden geçiriliş Dubaý şäherinde şu ýylyň 1-nji oktýabrynda açylyp, oňa dünýä döwletleriniň 190-sy öz milli pawilýony bilen gatnaşar. Şolaryň hatarynda milliligiň, döwrebaplygyň we täzeçil tehnologiýalaryň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän Türkmenistanyň pawilýony hem bar.
«Akyllary birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda 6 aýlap dowam etjek «EKSPO — 2020» sergisiniň açylan ilkinji günlerinde — 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň guralmagy bolsa dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz Diýarymyza bolan gyzyklanmalary has-da artdyrmaga, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge amatly şertleri döreder. Şunda bu iri gözden geçirilişiň ähmiýetini hemmetaraplaýyn açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeňliginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40815
Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn usulda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde geçirilen VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlenip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Irina Imamkuliýewa «Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy», gazetiň fotohabarçysy Hasan Magadow bolsa «FotoHazar» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna türkmenistanly žurnalistleriň özboluşly sowgady boldy.
«Serhetsiz Hazar» atly bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň žurnalistleriniň birek-biregi has içgin tanamak we tejribe alyşmak meýilleri bilen şertlendirilendir. Çünki bu bäsleşige gatnaşmak kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy, Hazaryň ykbaly hakynda gaýtadan oýlanmaga itergi berip, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.
Şu ýyl agzalan bäsleşige sebit ýurtlarynyň 5-sinden döredijilik eserleriniň 60-dan gowragy gowuşdy. Eminler topary tarapyndan deňziň gaýtalanmajak ekologiýasy bilen bagly meseleler «Adam we deňiz», Hazarýaka sebitiň döwletleriniň ykdysady, ekologiýa, medeni, bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy «FotoHazar», sebitiň ýurtlarynyň medeniýeti, gözel ýerleri we syýahatçylygy «Hazarýaka ýurtlary bilen tanşyp», sport hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri «Hazar — sagdynlygyň mekany», ýaş awtorlaryň hödürlän işleri bolsa «Täzeçe garaýyş» ýaly ugurlaryň jemi 5-si boýunça eserleriň iň gowulary mälim edilip, ýeňijilere degişli diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň hem iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Bu sözleriň manysy üýtgewsizdir. Ol hemişe-de derwaýys bolmagynda galar. Hazarýaka sebit bilen baglanyşykly guralýan islendik çäräniň, maslahatdyr duşuşyklaryň, döredijilik bäsleşikleriniň esasy maksady hem hut şu hakykaty açyp görkezmekden, asyrlaryň dowamynda jebislikde ýaşamagyň özboluşly nusgasyny döreden sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrmakdan ybaratdyr. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň Konstitusiýasynyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen, kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi goňşy ýurtlaryň media wekilleri üçin-de täze gözýetimleri açdy.
Dostlukly döwletleriň habar beriş serişdelerinde iş alyp barýan žurnalistleriň onlarçasyny bir meýdança jemleýän «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşikde kärdeşlerimiziň ýeňiji bolmagy bolsa olaryň döredijilikli zähmetiniň giň köpçülik tarapyndan ykrar edilmeginde, türkmen media serişdelerine, şol sanda internet neşirlerine bolan gyzyklanmalary artdyrmakda, iň esasysy bolsa, milli Liderimiziň umumyhazar gün tertibi boýunça öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny sebitiň media giňişliginde has-da ilerletmekde nobatdaky ädim boldy. Biz hem abraýly bäsleşikde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, ýeňiji bolan žurnalistlerimizi tüýs ýürekden gutlap, olara döredijilik gözleglerinde täze üstünlikler arzuw edýäris.
(Ýörite habarçymyz).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40356
Şu gün — 14-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar
Şu gün Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlaýar. Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz şu gün — 14-nji sentýabrda badalga alýan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlär.
Geljek ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk ýubileýini bellejek Türkmenistan geçen taryhy döwrüň dowamynda bu abraýly düzümiň ygtybarly hyzmatdaşyna, özboluşly daşary syýasy derejesi bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy berkitmekde onuň hakyky daýanjyna öwrüldi. Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň edenimizde, biz munuň hakykatdan-da, şeýledigini anyk delillendirýän maglumatlary öwran-öwran gaýtalaýarys. Bu gün gündelik durmuşymyza ornan bu hakykat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem biragyzdan ykrar edilýär, Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan iki gezek goldanylan türkmeniň sözi bitewülige, raýdaşlyga, nurana geljegi gurmaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda talyplardyr mekdep okuwçylarynyň öňünde geçen taryhy sapagynda buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi.
Geosyýasy giňişlikde dörän «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzyň has-da ýalkym saçmagynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-parasadynyň, daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň gymmatly orun eýeleýändigini ilkinji nobatda aýtmak zerur. Çünki käbir ýewropaly diplomatlaryň pikiriçe, diplomatiýa ylym bilen deňeşdirilende, köp derejede sungatdyr. Şeýle diýmek bilen, olar daşary syýasaty amala aşyrmaga gatnaşýanlaryň şahsy häsiýetlerine has ýokary ähmiýet berýärler. Täze taryhy şertlerde hormatly Prezidentimiz türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjiligiň, ylalaşyklylygyň diplomatiýasy, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň bolsa parahatçylyk döretmegiň sungaty hökmünde Ýer ýüzünde ykrar edilmegini gazandy. Diňe Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan üstünliklerine gysgaça ser salanymyzda-da, muňa anyk göz ýetirip bileris:
Türkmenistan tamamlanan ýubileý mejlisde wise-başlyklyk etdi.
Bir ýyllyk mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň 4-si kabul edildi.
Ýurdumyz 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna saýlanyldy.
6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi.
Baş Assambleýanyň ýubileý mejlisiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda geçmegi bolsa guramanyň dünýä syýasatynda parahatçylyk hem-de özara ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça tagallalaryny işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň aýratyn goşandydyr.
XXI asyryň ählumumy howpuna öwrülip, giň geografik çäkleri gurşap alan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynda lukmançylyk diplomatiýasy ugrunyň kemala gelendigine ünsi çekmek zerur. Bu barada milli Liderimiz şu ýylyň 5-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygynda-da aýratyn nygtap, şeýle diýdi: «Häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiligi üçin esasy howplaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň çagyryşlaryny hem-de Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň bu wehime garşy göreşmek we onuň ykdysady hem-de durmuş taýdan ýaramaz täsirlerini peseltmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek baradaky başlangyçlaryny doly goldaýar». Şoňa görä-de, geçen ýylda öňe sürlen teklipler dowam etdirilip, nobatdaky, 76-njy mejlisde-de bu ugur Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda ilkinji orunda kesgitlendi.
Hususan-da, bu ýerde gürrüň BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamany düzmek, guramanyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini açmak barada barýar. Şunda ýurdumyzyň garaýşy üýtgewsizdir: Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseleleriň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar hem-de gurama agza döwletleri bu howpa garşy göreşde jebislige, raýdaşlyga çagyrýar.
Elbetde, häzirki zaman dünýäsinde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan howpy diňe pandemiýa däl, deňsizlik, özara ynamyň pese gaçmagy, howanyň üýtgemegi, terrorçylykly hereketler, syýasy gapma-garşylyklar, migrasiýa meseleleri... hem ählumumy gün tertibiniň tizden-tiz çözgüdi tapylmaly ugurlarynyň hataryna girýär. Çünki hut şu kynçylyklar «Gün tertibi — 2030-yň» durmuşa geçirilmegini bökdäp, bu babatda adamzadyň tagallalarynyň birleşdirilmegini derwaýys zerurlyga öwürýär. Baş Assambleýanyň mejlisleri bolsa bilelikde bir meýdança ýygnanyp, geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemäge, olar boýunça netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan 76-njy mejlisde-de agzalan ugurlaryň ählisi babatda öz çemeleşmelerini beýan eder. Olaryň hatarynda halkara syýasatdan başlap, howpsuzlyk meseleleri, Merkezi Aziýada, şol sanda Owganystanda parahatçylygy pugtalandyrmak, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, adam hukuklaryny goramak, ulag, energetika, ekologiýa, bir söz bilen aýdylanda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly täze teklipdir başlangyçlaryň birnäçesi bar. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň, abadan durmuşda ýaşamagyň tarapdarydygyny, şu asylly ýörelgäni dowam etdirip, ýakyn-u-alysdaky döwletler, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýändigini görkezýär. Milliardlarça ynsana has oňat geljegi gurmaga umyt berýän Birleşen Milletler Guramasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz üçin möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40363
Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy häzirki döwrüň gereklenilýän taglymaty bolup orta çykýar.
Şeýle teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň garamagyna hödürlemek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen mejlisinde habar berildi we ol bada-bat kalplara ornady. Bu başlangyjyň dünýäniň iň uly münberinde biragyzdan goldaw tapjakdygyna ildeşlerimiz birjik-de şübhelenmeýärler.
Eýsem, şeýle bolar diýip ynamly aýtmaga nämeler esas berýär?!
Munuň delilleri örän kändir we olaryň iň esasysy bu başlangyjyň halkymyzyň ýürek töründen syzylyp gaýdýandygydyr hem-de onuň diňe Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitiniň däl-de, eýsem, bütin dünýäniň halklarynyň iň arzyly islegini, ýagny pugta parahatçylygy üpjün etmäge diňe bir goşant goşmak bilen çäklenmän, şol parahatçylygy döretmäge ukyplylygydyr. Özüňiz pikir edip görüň! Biziň ýaşaýan sebitimiz — Aziýanyň ýüregi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek, sebit üçin örän ähmiýetli bolan suw üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly derwaýys meseleleri bileleşip çözmek, dünýä bazaryna bilelikde çykmak, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, ahyrky netijede bu işleriň hemmesini sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirmek arkaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, her halkyň milli gymmatlyklaryna hormat goýup, dost-doganlygy berkitmek ýaly işlerde bir maksada gulluk etmek babatda pikiri goldadylar. Şu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Awaza, Türkmenistan) kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany ýatlalyň! Biziň halklarymyzda aýdylýan söz bilen edilýän işiň hiç haçan aýra çykmaýandygyny göz öňünde tutup, ýakyn wagtda şol Beýannamada bellenilen wezipeleriň ýerli-ýerden durmuşa geçirilip başlanjakdygyny aýdyp bolar. Gürrüňi edilýän başlangyjy dünýä bileleşigine hödürlemäge taýýarlamak bilen, Türkmenistan eýýäm şol işleri amal etmäge girişdi diýip bolar.
Hawa, biziň sebitimiziň ajaýyp geljegi bardyr. Umuman, sebitiň ösüşi şu wagtam pes däl, ýöne «Kämilligiň çägi ýok» diýlişi ýaly, ösüş-özgertmeleriň badyny hem hiç haçan peseltmeli däldir, çünki üstünlik — hereketde. Merkezi Aziýany bilelikde, agzybirlikde düýpli galkyndyrmaga alnan ugur sebiti Aziýanyň ösen merkezine öwürmek bilen birlikde, ony dünýäniň hem baryp görmäge höwes edilýän künjegine öwrer. Bu howaýy gürrüň däl-de, hut şeýle boljak işdir. Bu aýdylanlary Türkmenistanyň mysalynda hem delillendirmek mümkin.
“Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly başlangyjyň öňe sürülmegi bilen biziň doganlyk halklarymyzyň, şol sanda türkmenleriň hem beýik häsiýeti açylýar. Türkmen aga diňe maňa bolsun diýip ýaşamaýar, ol goňşy-golamlaryň, ýagny goňşy halklarynyň hemmesine edil özüne isleýşi ýaly gowulyklary isleýär, onuň şeýle bolmagy üçin elinde baryny edýär. Türkmenistanyň teklip etmekçi bolýan başlangyjy halkymyzyň bu häsiýetiniň häzirki zaman geoşertlerine laýyklykda ýüze çykmasydyr. Bu başlangyçda durmuş zerurlygy jemlenendir. Bu hakynda oýlananyňda, ilki bilen oýuňa gelýän zat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň çuňňur oýlanyşyklydygydyr, onda uzakdan görüjilik, iň esasy-da, abadan geljegi üpjün etmek höwesi we başarnygy jemlenen. Türkmenistandan gözbaş alýan parahatçylyk ýoly, ynanyşmak ýoly, hyzmatdaşlyk ýoly, görşümiz ýaly, ilki öz sebitimize dolýar, soňra Hazar sebitine, soňlugy bilen Kawkaz ýurtlaryna, has aňyrrak gitseň, Ýewropa we beýleki yklymlara ýaýraýar.
Hazar deňzi Merkezi Aziýa ýurtlaryny dünýä bilen baglanyşdyrýar. Bu ýerde netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýurtlara diýseň oňat mümkinçilikler açylýar, şol mümkinçilikleri doly ulanmaga Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyjy hyzmat eder. Türkmen topragynda dörän taglymat, hakykatda, diňe iki sebiti däl-de, dünýäni birleşdirmäge, hyzmatdaşlyk etmäge, parahatçylygy berkitmäge, halklary ýakynlaşdyrmaga gulluk edýär. Bu taglymatyň gymmaty, ine, şundadyr. Şu nukdaýnazardan ony ýollary ýagtyldýan Güne meňzedesiň gelýär.
Ýeri gelende aýtsak, bu başlangyjy tizara durmuşa ornaşdyrmaga, aýdylyşy ýaly, maddy şertler eýýäm döredilendir. Biz şunda, ilki bilen, Türkmenistanyň, galyberse-de, sebitiň beýleki döwletleriniň üstaşyr ulag geçelgeleriniň, aragatnaşyk we elektrik, şeýle hem gaz geçirijileriniň, beýleki infrastrukturalaryň bardygyny, olaryň hereketdedigini göz öňünde tutýarys. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze tehnikalar we tehnologiýalar, garaz, doly bahaly durmuş şertlerini üpjün etmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň döreýändigini aýratyn nygtamaly.
Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde Türkmenistanyň täze başlangyjy BMG tarapyndan goldanylan ýagdaýynda, onuň degişli syýasy-hukuk meseleleriniň Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan VI Hazar sammitinde ilik-düwme seredilip we kabul edilip bilinjekdigi hakynda aýdyldy. Görnüşi ýaly, bu başlangyja düýpli taýýarlyk görlüpdir we ol, nesip bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynda doly goldaw tapar diýip pikir edýäris.
Magtymguly Pyragyda:
Sözläbilseň ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr —
diýen setirler bar. Ine, Türkmenistanyň bu başlangyjy Magtymguly atamyzyň aýdan şol ýagşy sözlerindendir.
Ýoluň ak!
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40139
1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşynda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz talyplardyr mekdep okuwçylary bilen duşuşyp, döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde nusgalyk okuw sapagyny geçdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýokary ylmy-pedagogik we mugallymçylyk-halypalyk ussatlygyny açyp görkezmek bilen, Diýarymyzda ylym-bilime, ýaş nesillere döwlet derejesinde bildirilýän üns-aladany nobatdaky gezek tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy sapagynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda çuňňur seljermä esaslanan garaýyşlar beýan edildi. Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň netijeliligi, onuň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de doganlygyň dabaralanmagyna itergi berýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara beren öwüt-ündewleri, beýan eden binýatlyk garaýyşlary milli ösüşiň düýpli meselelerini öz içine almak bilen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem açyp görkezdi. Durnukly ösüşiň özenini düzýän halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ykdysady özgertmeleri çaltlandyrmak baradaky strategik ýörelgeler mazmun taýdan esaslandyrylyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda durmuşa geçirilýän iri sebit taslamalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şolaryň hatarynda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), TRASEKA geçelgeleriniň taslamalaryny, Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça gurulýan demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Häzirki wagtda kompýuterleriň, dürli görnüşli elektron enjamlardyr okuw-görkezme esbaplarynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi Türkmenistanyň ösen industrial senagaty döredýändigine, öňdebaryjy, ýokary tehnologiýalary işjeň özleşdirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygy barada aýdyp, şeýle diýdi: «Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar». Şunda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň ýokary netijeleri gazanmaga, önümçiligiň depginini güýçlendirmäge, ahyrky netijede bolsa halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiziň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagaty döretmekde hususy kärhanalaryň ornuny berkitmek barada aýdanlary bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ösüşiniň tizligi maglumat jemgyýetiniň kämilleşmegi bilen kesgitlenilýär, ýagny maglumat bu gün hakyky öndüriji kuwwata eýe bolýar. Maglumat ulgamlarynyň kämilleşmegi esasynda adamzat jemgyýeti dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýaşlarymyza innowasion barlaglara işjeň gatnaşmagy, täze tehnologiýalary döretmegi, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmazlygy wesýet etdi.
Umumy okuw sapagynda beýan edilen binýatlyk garaýyşlaryň biri-de halal zähmet hakyndaky düşünjäniň derwaýys derejä göterilmegidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!». Şu ýerde zähmet düşünjesi örän giň manyny, ýagny tutuş halkymyzyň bir jan, bir ten bolup, agzybir zähmet çekmegini hem aňladýar. Munuň özi jemgyýetçilik ösüşinde gadymyýetden başlap, şu güne çenli adam zähmetiniň hemişe ilkinji nobatda durýandygyny subut edýär. Şeýlelikde, zähmetiň halal bolmagy, onuň ähli ösüşleriň, şol sanda ykdysadyýetiň we ýaşaýyş abadançylygynyň özeninde goýulmalydygy hakyndaky garaýyşlar çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
«Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär» diýýän milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde tutýan ornuny hem-de ähmiýetini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Täze transkontinental ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilmeginiň has tygşytly ýollaryny gözlemek boýunça oňyn başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülmegi we durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny dolulygyna açyp görkezýär.
Begenç KARAÝEW.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40007
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär. Olar döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerilip, ýaşlarda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetler terbiýelenýär.
Ýurdumyz özara kömek bermegiň köpasyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýar. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna Türkmenistanda öndürilen önümleriň, tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömeginiň berilmegi, şeýle hem goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylmagy häzirki kynçylykly döwürde ýakyn goňşularymyza edilýän goldawyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Olara degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde muzdsuz bermek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyryldy.
Ata-babalarymyzdan gelýän ruhy ýörelgelerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz mynasyp dowamyny tapýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän ýylymyzda amala aşyrylýan sogaply işlerden hem açyk-aýdyň görmek bolýar. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goramak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegidir. Bu gaznanyň döredilmegi, oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi biziň geljegimiz bolan ýaş nesil hakdaky aladadyr.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Döwletliler köşgüniň çagalaryna baýramçylyklarda hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşurylýar.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda giňden hem çuňňur beýan edişi ýaly, ejize hossarlyk etmek halkymyzyň öňden gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda kömege mätäç çagalara goldaw etmekde şeýle gaznanyň döredilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň ýaş nesil hakdaky nusgalyk aladasy netijesinde, ýurdumyzda çagalaryň bagtly ýaşamaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi, mähir-söýgi bilen gurşalyp alynmagy olaryň geljekde Watana wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiz ýaş nesil, onuň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Ahal welaýatynyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi. Bilşimiz ýaly, Arkadag Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, ozal şol gaznadan Lebap, Balkan, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň hersiniň şäherleriniň we etraplarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine şeýle awtoulaglar gowşurylypdy. Bu sowgatlar diňe bir ak ýektaýly lukmanlary däl, eýsem, ähli halkymyzy tüýs ýürekden begendirdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ähli ugurlarda uly rowaçlyklara eýe bolýandygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýene-de bir guwandyryjy zat, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzdaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin, haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda çözgüt kabul etdi.
Dünýäde edilen her bir ýagşy iş sogaply işlerden saýylýar. Ýöne çagalar hakda edilýän şular ýaly aladalaryň sogaby ölçärden has artykdyr. Şonuň üçin bütin dünýäde öz ynsanperwerlik ýoly bilen giňden tanalýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39537