Türkmen-täjik gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar

«Daglar ýurdy» Täjigistanda mekan tutunan täjik halky «Az dusti dur hamsoýai nazdik beh» diýip, ýakyndaky goňşynyň uzakdaky garyndaşdan has gowudygyny tekrarlaýar. Bu hakykat hem geografik, hem medeni-ruhy ýakynlyklary paýlaşýan türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklarynyň mysalynda-da aýdyň açylýar. Biz Merkezi Aziýanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, meýdanynyň 93 göterimini daglyklar tutýan Täjigistany özümize ýakyn goňşy, ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarys. Bu günki gün gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň binýady döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde barha pugtalandyrylýar. 

                                                                   

Edil adamlaryň arasynda bolşy ýaly, döwletlerem öz aralaryndaky gatnaşyklarda dosty saýlap biler. Ýöne tebigat tarapyndan berlen goňşyny öz islegiňe görä saýlap-seçip bolmaýar. Taryhyň sapaklary bolsa goňşularyň arasyndaky dostlugyň näçe berk boldugyça, adamlaryň şonça-da asuda hem abadan ýaşaýandygyny görkezip gelýär. Bu syýasat babatda-da şeýle. Şoňa görä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň jebisliginiň sebäbiniň hem hut goňşy halklaryň arasyndaky mizemez dostluk gatnaşyklarynda görülmegi tebigy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklara-da hut şeýle dostlukly häsiýet mahsus. Geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilen türkmen-täjik hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly binýatlyk ýörelgelere daýanýar. 

                                                                   

Islendik iki döwletiň özara gatnaşyklarynda iň ýokary derejedäki syýasy dialoga aýratyn orun degişli. Garaşsyz ösüş ýyllaryndan bäri Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň birek-biregiňkä amala aşyran saparlary, hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çäginde geçiren duşuşyklarydyr resmi gepleşikleri türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemäge, bar bolan mümkinçilikleri iki dostlukly halkyň bähbidine gönükdirmäge amatly şertleri döretdi. Bu gün biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki köp sanly düzümleriň çäginde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şunda sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi bu ugurda anyk netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Täjigistanyň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etmegi-de bu hakykaty doly tassyklaýar. Bu gün iki döwletiň syýasy tagallalary Merkezi Aziýada parahatçylygy pugta berkidip, ony sazlaşykly ösýän sebite öwürmek maksadyna gulluk edýär.  


Türkmen-täjik gatnaşyklarynda özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde, iki doganlyk halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişli. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk harytlary, gurluşyk materiallary we himiýa senagatynyň önümleri Täjigistana iberilýän harytlaryň esasy bölegini emele getirýär. Nebitgaz, energetika, ulag kommunikasiýalary, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we beýlekiler iki ýurduň ykdysady ulgamda alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarydyr.  

                                                                   

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakda we türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Duşenbe duşuşygynda iki döwletiň Baştutanlary halkara düzümleriň çäklerindäki syýasy dialogy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmekde bilelikdäki işleri has-da ilerletmek ýaly ugurlar boýunça özara pikir alyşdylar. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň täjik tarapynyň goldawyna eýe bolandygyny hem bellemek gerek. Iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň saparyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň 24-sinde berkidilmegi türkmen-täjik gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň mahsusdygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. 

                                                                   

Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy türkmen we täjik halklarynyň has-da ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň berkidilmeginiň, döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Şunda iki ýurtda-da medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda tagalla edilmegi kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmaga ýardam berýär. Şoňa görä, Türkmenistanda we Täjigistanda ençeme gezek özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Täjik alymlary, medeniýet işgärleri, döredijilik wekilleri ýurdumyzda guralýan halkara forumlara, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ýeri gelende, geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Mary şäherinde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň guralandygyny nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji döwlet saparynyň çägindäki gepleşiklerde bolsa şu ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek we bu wakanyň çäklerinde täjik hem-de türkmen halklarynyň dostluk festiwalyny bilelikde guramak teklip edildi. Munuň özi iki doganlyk halky birek-birek bilen sungat arkaly has-da ýakynlaşdyrmakda, medeni mirasyň özboluşly aýratynlyklary bilen içgin tanyşmakda uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Bu günki gün türkmen ýaşlary Täjigistanyň abraýly bilim ojaklarynda ýokary bilim almak mümkinçiligine eýe. Häzir olaryň sany 150-ä golaýlaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýer bölüp berýär. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem bilim ugurly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha ilerledilýändiginden habar berýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýär. Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk hem bu ugurda bar bolan geljegi uly mümkinçilikleri doganlyk halklaryň bähbidine gönükdirmekde möhüm ädime öwrüler. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan»