Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat dünýä ýurtlarynyň ençemesinden ulag ulgamynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr döwlet düzümleriniň wekillerini, ugurdaş halkara düzümleriň ýolbaşçylarynydyr bilermenleri netijeli pikir alyşma meýdançasyna jemledi.
Pandemiýa şertlerinde girizilen çäklendirmeler zerarly, türkmen paýtagtynda geçirilmegi däbe öwrülen şeýle iri möçberli çärelere gatnaşmaga köp wagtdan bäri garaşan daşary ýurtly myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň, hakykatdan-da, dost-doganlygyň hem hyzmatdaşlygyň merkezidigini biragyzdan tassyklap, forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.
Artur ANDRISIAK,
Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory:
— Aziýanyň Ösüş banky Aşgabatda geçirilýän üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahata aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi köp babatda biziň bankymyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasyna gabat gelýär. Sebitiň ulag ulgamynyň uzak aralyklar, gurluşyklara sarp edilýän çykdajylaryň köp bolmagy, infrastrukturalara hyzmat etmek, serhetýaka integrasiýanyň we intermodallygyň çäklendirilmegi ýaly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna garamazdan, ulaglaryň hem-de söwdanyň işi durnukly ýagdaýda saklanýar. Pandemiýadan soňky döwürde bolsa hut şu ugurlara isleg barha ýokarlanýar. Ösüşiň häzirki depginini goldamak üçin ulag düzümleriniňdir institutlarynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, ulag taslamalarynyň maliýe hem-de ekologik taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady, infrastruktura geçelgeleriniň bilelikdäki oňyn ösüşini üpjün etmek ýaly mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi halkara hyzmatdaşlygydyr söwdany giňeltmekde örän amatly şertleri döretmek bilen, ahyrky netijede, tutuş sebitde abadançylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Aziýanyň Ösüş banky sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz mandatynyň hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasynyň esasynda duran gaýtalanmajak mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Anyk meseleleri çözmek we Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerini ulanmak maksady bilen, biziň bankymyz Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag Strategiýasyny işläp taýýarlamaga ýardam berdi. Ol ýollar we ýol aktiwlerini dolandyrmak; demir ýol; serhetüsti ýük daşamalar hem-de logistika; ýol hereketiniň howpsuzlygy; awiasiýa ýaly esasy ugurlaryň 5-sini özünde jemleýär. Türkmenistan bilen öňden gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýerip, Aziýanyň Ösüş banky ýurduň özüni söwda we üstaşyr geçiriji halka hökmünde tanatmak, bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly tagallalaryny goldaýar.
Ýeri gelende bellesek, 2011-nji ýylda tassyklanan Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň taslamasyna goýberilen serişdeler Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistan üçin beren karzlarynyň ilkinjisi boldy. Şonuň netijesinde 288 kilometrlik ýoluň duýduryş ulgamy, elektrik üpjünçiligi we aragatnaşygy döwrebaplaşdyryldy. Munuň özi Türkmenistanyň Gazagystana göni gatnaşyklaryny, şeýle-de Eýrany, Russiýany, Günorta Aziýany birleşdirýän geçelgeler bilen has giň aragatnaşygyny gowulandyrdy. Hususan-da, bu taslama halkara ýük daşamalary iki essä, takmynan, 7,1 million tonna çenli artdyrmaga, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 27 müň tonna çenli azaltmaga ýardam etdi. Biziň bankymyz häzirki wagtda Türkmenabat — Mary — Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol ugrunyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Hökümetini goldaýar. Bu taslama 1147 kilometre uzaýan ýol boýunça ýolagçy we ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Türkmenistandan geçýän halkara üstaşyr geçelgeleriň ählisini bir ugra birleşdirmäge gönükdirilendir.
Maksim SAREW,
«MaxFlight» awiakompaniýasynyň Baş direktory:
— Aşgabatda halkara üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan şu gezekki maslahat geçirilmezden, tutuş sebitde ulag gatnawlarynyň dikeldilmegini göz öňüne getirmek mümkin däldi. Sebäbi hemmeler pandemiýa şertlerinde ýüze çykan çökgünlik zerarly köp babatda işi togtadylan bu ulgamda nähilidir bir hereketiň amal edilip başlanmagyna garaşýar. Nobatdaky duşuşyk bolsa şu ugurdaky meseleleri ýüzbe-ýüz ara alyp maslahatlaşmaga, ozal bar bolan aragatnaşyklary dikeltmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga örän amatly mümkinçilik boldy.
Biz kompaniýamyzyň wekilleri bilen bilelikde bu halkara maslahata gatnaşmak üçin birinji gezek Türkmenistanda bolýarys. Dogrusyny aýtsak, forum ilkinji gününden garaşyşymyzdan has netijeli häsiýete eýe boldy. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek ugrunda bilelikde iş alyp baran hyzmatdaşlarymyz bilen ýüzbe-ýüz görüşdik, täze hyzmatdaşlardyr beýleki ýurtlaryň ulag ulgamynda işleýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen tanyşdyk. Bu bolsa biziň üçin diýseň bähbitli. «MaxFlight» «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýükleri daşamak boýunça Russiýadaky resmi agenti bolmak bilen, biziň wezipämiz ugratmak üçin ýükleri tapmakdan, täze hyzmatlary ýola goýmakdan, multimodal ugurlary işjeňleşdirip, ýagny ýükleri diňe bir uçarlarda däl, eýsem, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly hem gatnadyp, müşderiler üçin hemmetaraplaýyn amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça Aşgabat forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn nygtamak isleýärin. Türkmen tarapynyň myhmansöýerligi, adamlaryň hoşmeýilliligi, işlemek we pikir alyşmak üçin berilýän goldawlar, hakykatdan-da, öwgä mynasyp. Aslynda, uzak wagtlap şeýle iri çärelere gatnaşmasaň, birgeňsi tolgunma duýgulary gurşap alýar. Ýöne häzir bu beýle däl. Türkmen paýtagtynda geçirilýän forumda biz özümizi öýümizdäkidenem arkaýyn duýýarys. Bularyň ählisi guramaçylar tarapyndan edilen tagallalaryň juda ýerine düşendigini görkezýär.
Igor RUNOW,
Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary:
— Üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara forumyň plenar mejlisinde onlaýn usulda çykyş etmek bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesi boýunça ýükleri üstaşyr daşamaga niýetlenen «TradeLens» taslamasy — üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama barada düşünje bermek isleýärin. Bu başlangyç Halkara ulag diplomatiýasy merkezi tarapyndan Ýolgurluşykçylaryň Halkara Birleşigi hem-de «IBM» korporasiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, ol häzirki hereket edýän elektron infrastrukturalary we milli gümrük ulgamlaryny ulanmak arkaly konteýner ýük daşamalaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmaga mümkinçilik berjek ählumumy resminamany döretmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda «TradeLens» taslamasy deňiz ulaglary arkaly ýükleri daşamakda işjeň peýdalanylýar. Onuň gury ýerdäki ilkinji synag taslamasyny bolsa Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi boýunça durmuşa geçirmek ylalaşyldy.
Bu resminamanyň esasy wezipesi açyk, elýeterli we durnukly ählumumy gümrük üstaşyr geçiriş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Ol BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň, «XXI asyrda gümrük» konsepsiýasynyň maksatlaryna hem laýyk gelýär. Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama dolulygyna sanlylaşdyrylan önümdir. Ol blokçeýn arkaly konteýnerdäki ýükleriň hakyky wagt hasabynda serhetleriň birnäçesine ondan-oňa geçirilmegine gözegçilik etmäge niýetlenendir. Bu taslama syýasy hem-de filosofik nukdaýnazardan «XXI asyrda gümrük» konsepsiýasyna esaslanyp, onda gümrük administrasiýalarynyň, gümrük edaralary bilen işewürligiň arasynda hakyky wagt hasabynda has ýygjam hyzmatdaşlygyň zerurdygy nygtalýar. Munuň özi söwdany kanuny esasda alyp barmaga we oňa gümrük gözegçiligini geçirmäge ýardam eder.
Biz bu taslamany şu ýylyň güýzünde synag hökmünde durmuşa geçirip başlamagy meýilleşdirýäris. Dünýä söwda gatnaşyklaryna geljegi uly täsirini hem-de gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan berilýän goldawy göz öňünde tutup, ahyrky netijede, onuň ýolgörkeziji taslama öwrüljekdigine ynanýarys.
Ýelena AGZAMOWA,
Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi:
— Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda taryhy taýdan kemala gelen baglanyşyk bu günki gün hakyky dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialoga öwrüldi. Ol hyzmatdaşlygyň durmuş-ykdysady, medeni aragatnaşyklar ulgamlarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary ösdürmäge gönükdirilendir. Tatarystan Respublikasynyň daşary ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda, onuň köp babatda yslam döwletleri bilen däp bolan özara hereketler bilen kesgitlenilýändigine aýratyn ünsi çekmeli.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda geçirilen «KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitiň çäklerinde Tatarystanyň Söwda-senagat edarasy Russiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň halkara forumyny hem gurady. Bu dört günlük çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ugurdaş düzümleriniň wekillerini hem bir meýdança jemledi. Biz bu foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetini hem çagyrdyk. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan şu ýylyň 28-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Strategik hyzmatdaşlygy giňeldip» atly maslahat geçirildi. Şonda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy türkmen-tatar eksport amallarynyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtap, türkmen tarapynyň eksporta niýetlenen önümçilikler bilen bagly ýüze çykýan meselelere ýakyndan ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Aşgabatda geçirilýän ulag forumynyň hem ikitaraplaýyn türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge, geljek üçin meýilnamalary ynamly kesgitlemäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.
Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».