Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Nepalyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetini belledi hem-de onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň bu ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we ýurdumyzyň Nepal bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak boýunça iki ýurduň hem giň mümkinçilikleri bar.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, sungat we döredijilik ugrundaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň hem möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Nepal bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

07.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr.

“Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gazhimiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Robina Nabbanja şu günki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

07.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu giň möçberli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara jemgyýetçiligiň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bu maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de oňa gatnaşmagynyň öz ýurdy üçin durnukly ösüş ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz üçin Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi oba hojalygynda innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

07.08.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenbaşy, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gahryman Arkadagymyz garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Bu wekilçilikli maslahata gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir” diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, halkara forumyň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen meseleler girizildi. Onuň netijeleri ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu bolsa dünýä döwletleriniň sazlaşykly ösmegine, halklaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge goldaw berer. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

05.08.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenbaşy, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman asylly däbe laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de dünýä ähmiýetli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna, şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany maslahatyň çäklerinde garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

05.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Awaza, 4-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň giň gerimli maslahatynyň ýokary guramaçylykly geçmegi üçin türkmen tarapynyň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň hemişe strategik häsiýete eýedigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli sene bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi.

Ine, şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň – hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, akademiki bileleşikleriň, raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda on ýylda bir gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Baş sekretar Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik dialogyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

05.08.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenbaşy, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, Özbegistanyň Prezidentini gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew dünýä ähmiýetli meseleleri özünde jemleýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan bu forum täze taryhy eýýamyň wajyp wakalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygyny görkezýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Şunda maslahatyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.

05.08.2025
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr

Awaza, 3-nji awgust (TDH). Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy. Asylly däbe görä, oňa gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany howa menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän çözgüde öwrülendigini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan maslahatyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. Şeýle hem onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, degişli düzümleriň arasynda duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi aýdyldy. Aýratyn-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Bu forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlaryň hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.

Hazaryň kenarynda geçiriljek halkara forumyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitleniler. Munuň özi halkara hyzmatdaşlykda ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açar. Bu bolsa sebitara we halkara derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, ýurtlaryň arasynda eksport-import amallarynyň artdyrylmagyny, halklaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sazlaşykly ösüş ýoluna düşmeginiň esasy şerti hökmünde kesgitlenilýär. Olaryň üstünlikli çözülmegi degişli ugurlarda yklym derejesindäki möhüm taslamalary amala aşyrmaga oňyn täsirini ýetirer.

Duşuşykda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek, umuman, ulag diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri öz içine alýan forumyň dowamynda ýurtlaryň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirilip, onuň işinde üstünlik arzuw edildi.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp, oňa dünýä ähmiýetli forumyň Türkmenistanda geçirilmegi babatda edilen tagallalar üçin minnetdarlyk bildirdi.

04.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz wekilçilik edýän ýurdunda giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň halkara giňişlikde wajyp başlangyçlar bilen çykyş edýändigini we olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ilçi hökmünde alyp barjak işiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Başlyk Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady.

“Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigine özara saparlar, hökümetara gepleşikler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Astanada geçirilen ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygyna aýratyn ünsi çekdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, jenap Szi Şumini Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Szi Şuminiň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn. Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, oňa ynanmagyňyzy we ýardam bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

26.07.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Aşgabat — Baku, 16-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berilýär.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar.

...Biraz wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň sapary iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açar.

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk taryhy binýada, iki halkyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr olaryň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy, ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge taýýarlygyna esaslanýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti bolup durýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýerýärler. Iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär.

Gahryman Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki halkyň Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda uly yz goýan beýik şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da meşhurdyr. Munuň özi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşýärler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa mähirli garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Surata düşmek dabarasyndan soňra, Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň dowamynda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň halklaryny diliň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini, halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl, eýsem, umumy taryhyň, diliň, medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny, bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament wekilleriniň gönüden-göni wezipesi bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Milli Liderimiz “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.

Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Taryhyň, diliň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez binýadyny emele getirýär. “Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady. Yslam dini beýik we ebedi gymmatlyklary bilen biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler. Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Din işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi ýurtlarymyzda üstünlikli döwlet gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň, durmuş, milletara agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete eýedigini we derwaýysdygyny belläp, şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.

Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.

Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem tanalmaz derejede özgerdi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri, ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki gazanylanlardan ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler, eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.

17.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, diplomat rus tarapynyň adyndan hormatly Prezidentimize Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy — öz gahrymanlarynyň hakydasyna uly sarpa goýýan doganlyk halklaryň umumy baýramy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna daýanýandygy nygtaldy. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyk edýärler. Taraplaryň abraýly halkara guramalaryň — BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi aýdyldy. Russiýa Federasiýasy hem degişli Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda we ýurdumyzyň çäklerinden daşarda köp sanly çäreler guralýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz rus tarapynyň bu foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň onuň işine uly goşant boljakdygyny nygtady.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly kuwwat bar. Şunda daşary ykdysady dialogy ilerletmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň uly orny we netijeli işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletlerini kesgitlemäge degişli meselä üns çekildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şoňa görä, taryhy-medeni gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň özboluşly ýagdaýyny döretmäge ýardam edýändigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy geljekde-de bu däp bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn goldamagy hem-de giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän duşuşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygy bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Saparyň çäklerinde myhman “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

26.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Astana — Aşgabat, 17-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, munuň özi medeniýetleriň, ykdysadyýetleriň we strategik bähbitleriň özboluşly sazlaşygydyr. Soňky ýyllarda sebitara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu bolsa dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze gözýetimleri açýar.

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň energetika, infrastruktura ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirýän maýa goýum taslamalary ykdysady ösüşe goşant goşýar. Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we eksport etmek babatda bilelikdäki taslamalar özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginden geçýän Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Ulag-kommunikasiýa pudagy altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Taryhyň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryp, harytlary alyşmaga hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Häzirki wagtda ýurdumyz bu taryhy mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — “Garaşsyzlyk” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammiti geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär. Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.

Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.

Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ol dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Hytaý bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, özara haryt dolanyşygynyň görnüşlerini giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda öňdebaryjy agro we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

18.06.2025