Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Duşenbe, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy we Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplandy. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen köp sanly Kararnamalarynyň kabul edilmegini goldady we olaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň halkara tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, onuň dürli halkara düzümlerde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýärler. Şunda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

10.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýa Respublikasyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

08.10.2025
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary

Aşgabat — Gabala — Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.

Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine — Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar. Biziň ata-babalarymyz dünýä taryhynda uly yz galdyran döwletleri döretdiler. Medeniýetiň, söwdanyň, dolandyryş tejribesiniň ösüşine ägirt uly goşant goşdular. Olaryň arasynda oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýleki doganlyk halklar bilen birlikde uly taryhy ýoly geçdi. Ol diňe bir döwletlilik kadalaryny we däp-dessurlaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara gatnaşyklaryň, medeni alyşmalaryň ösmegine, dürli söwda ýollarynyň döredilmegine wajyp goşant goşdy diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimizde ýaşaýan halklaryň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklandygyny bellemek gerek. Munuň mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny görkezmek bolar. Hytaýdan başlanýan bu ýoluň esasy ugurlary doganlyk ýurtlarymyzyň üstünden geçip, Ýewropa döwletleriniň çäklerine çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleri, dünýägaraýyşlary we ykdysady şertleri özara birleşdiripdir. Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa halklarynyň arasynda ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döredipdir.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan şunuň ýaly asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.

Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi. Şunda, hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly we köp işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilip, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi.

Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga hem aýratyn ähmiýet berilmegi zerurdyr. Sport we bedenterbiýe babatda bolsa ýurtlarymyzyň arasynda halkara ýaryşlary, türgenleşik çärelerini geçirmegi, ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmagy ýerlikli hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.

Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. “Metjit — “Allanyň öýi”. Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly iki ýurduň müftülerine söz berildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler. Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Şol pursatda dabaraly el çarpyşmalar astynda metjidiň binýadyna ýadygärlik ýazgy goýlan guty goýberildi hem-de beton garyndysy guýulmaga başlandy. Dabaranyň dowamynda metjit barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Fizuli şäherinde guruljak metjit ynsanperwerligiň belent nusgasyna, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän halklarymyzyň haýyr işleri uly ruhubelentlik bilen amal edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Türkmen halkynyň azerbaýjan halkyna sowgady bolan bu metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Bu ýerde gadymdan gelýän asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljek nesillere hyzmat eder.

Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gabala şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň gurama agza ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny we umumy taryhy kökleri, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

08.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, dostlukly halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

25.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Awstriýanyň kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazaryna ulag tehnikalary, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary getirýärler. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem toparyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmeginiň goldanyljakdygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bar. Türkmen sazandalary Awstriýada geçirilýän festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar, simfoniki orkestriň düzüminde üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle hem ýurdumyzda Wena balynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Soňky gezek VI Wena baly 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi hem-de Prezident Aleksandr Wan der Belleni şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

(TDH)

25.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge we türkmen-portugal gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasyny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Türkmenistan hem-de Portugaliýa birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady we Prezident Marselo Rebelо de Souzany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny, munuň ählumumy dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

(TDH)

25.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerini belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem işewür türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň uly goşandyna aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, işewüre saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtamak gerek.

Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýdyp, wekilçilik edýän bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Kadzuhiko Amakawa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

06.09.2025
Türkmen-hytaý hoşniýetli gatnaşyklary dostlukly kasama baky ygrarlydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Pekin, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.

Halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.

Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

03.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Pekin, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.

Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýe. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär. Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

03.09.2025
“ŞHG+” formatyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

Týanszin, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.

“ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak “ŞHG+” formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we “ŞHG+” formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

Şu gün guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýdyp, munuň üçin olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.

Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.

Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we senagat kooperasiýasyny tagallalary birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Men öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe, gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine berk ynanýarys.

Şu günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

02.09.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Aşgabat — Týanszin, 31-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli formatlarda hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Tebigy gazyň we nebitiň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan guramanyň ýurtlary üçin özüne çekiji hyzmatdaş bolup durýar. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, täze söwda ugurlarynyň döredilmegi, maýa goýum taslamalary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edip, ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde wajyp orny eýeleýär. Ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda tejribe alşylmagy, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Howanyň üýtgeýän şertlerinde ŞHG ýurtlary, şol sanda Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirýärler. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalar hem-de başlangyçlar ekologik abadançylygy üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň bähbitlerine hyzmat edýär.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde hormatly Prezidentimizi HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler. Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiziň HHR-e iş sapary dowam edýär.

01.09.2025
Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda

Serdar BERDIMUHAMEDOW,

Türkmenistanyň Prezidenti.


Hormatly hytaýly dostlar!

Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli bähbitlerine laýyklykda, iki döwletiň häzirki hem-de geljekde alyp barjak bilelikdäki işlerine anyk baha bermäge ýardam eder diýip pikir edýärin.

Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz döwletler hökmünde öz gatnaşyklaryny ösdürýärler. Taryhy ölçegde alnanda, bu gysga möhletde uly döredijilikli ýol geçildi. Ysnyşykly syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli esasda gatnaşyklar alnyp baryldy. Hyzmatdaşlyk etmegiň berk hukuk binýady döredildi. 2013-nji ýylyň sentýabrynda biziň uzak möhletli geljekdäki gatnaşyklarymyzyň düýp mazmunyny hem-de ugruny kesgitlän taryhy waka bolup geçdi. Şol gün Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Şeýle-de 2014-nji ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki Jarnama, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 2014 — 2018-nji ýyllarda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamasyny kabul etmek barada Beýannama kabul edildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüşindäki anyk üstünlikler barada aýdylanda, şol üstünliklere biziň halklarymyzy birleşdirýän köpasyrlyk umumy mirasdan aýratynlykda garamak bolmaz. Hut şol mirasyň häzirki türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň örän berk, düýpli binýady bolup durýandygyna ynanýaryn. Taryhy resminamalarda, ýyl ýazgylarynda we edebi ýadygärliklerde türkmenleriň hem-de hytaýlaryň arasyndaky ysnyşykly syýasy, söwda, işewürlik hem-de medeni gatnaşyklaryň inkär edip bolmajak subutnamalary saklanyp galypdyr. Şol taryhy ýazgylar ençeme ýüzýyllyklary öz içine alýar. Asyrlaryň dowamynda iki halkyň arasynda özara gatnaşyklaryň anyk nusgasy döredilipdir. Birek-birek baradaky garaýyşlar emele gelip, özara akyl ýetirmek we düşünişmek häsiýetleri ýüze çykypdyr. Munuň köp ugurlary gurşap alan hem-de Aziýada medeni-durmuş ösüşine düýpli täsir eden asylly, oňyn, döredijilikli ýagdaý bolandygyny aýtmak gerek. Bu ýagdaý diňe bir türkmenleriň we hytaýlaryň däl, eýsem, yklymyň beýleki halklarynyň, gönüden-göni goňşularyň we has uzakdaky ýurtlaryň halklarynyň hem gülläp ösmegine, maddy, ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam beripdir.

Beýik Ýüpek ýoly biziň halklarymyzyň gatnaşan şu taryhy ýagdaýynyň esasy şerti boldy. Şoňa görä-de, bu taryhy ýagdaýyň mirasdüşerleri we dowam etdirijileri hökmünde özümiz barada aýdanymyzda, onuň düýpli esaslarynyň bardygyna, hakykatdygyna we ygtybarlydygyna ynanýaryn. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny häsiýetlendirip, uly ähmiýetli, giň gerimli bu iki taslamanyň bir-birine ýakyndygyny, filosofik taýdan we iş ýüzünde meňzeşdigini görýäris.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň syýasy ugurdaky döwletara hyzmatdaşlygy özara ynanyşmaga esaslanýandygy, aç-açanlygy, ýokary netijeliligi bilen häsiýetlendirilýär. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara syýasy giňişlikde arkalaşmagyň örän möhüm ugurlaryny öz içine alýan duşuşyklary we gepleşikleri hemişe çuň many-mazmunly bolup, jogapkärli strategik dialoga esaslanýar. Ählumumy dünýä gurluşynyň düýpli meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň çemeleşmeleri we garaýyşlary ýakyn ýa-da meňzeşdir.

Biziň döwletlerimiz dünýä gurluşynyň durnukly we howpsuz berk ulgamyny döretmek ugrunda aýgytly hem-de üýtgewsiz çykyş edýärler. Ol deňhukuklylyga, özara hormata, adalatlylyga, köptaraplaýyn bähbitleri ykrar etmäge esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ulgamy şeýle dünýä tertibiniň daýanjy bolup durýar. Türkmenistan Hytaý bilen bilelikde şu köptaraply gurluşlaryň üstünde ýadawsyz işleýär. Şunda ýola goýlan özara goldaw bermek tejribesi gowy däbe öwrüldi. Munuň özi iki ýurduň uzak möhletli geljekde ol ýa-da beýleki wakalardyr ýagdaýlara dogry baha bermäge esaslanýan, düýpli oýlanyşykly, öňdengörüjilikli diplomatik ugrudyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldamagy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. Hytaýyň örän ýokary abraýynyň we tutýan ornunyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ilkinji we soňky Kararnamalaryny kabul etmegiň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde täsiri uly boldy.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy halkara we sebit syýasatynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Aziýada we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmakda Hytaý Halk Respublikasynyň tagallalarynyň üstünlikli bolmagyna ýardam berýär. Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaý üçin wajyp meselelerde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň birligine, çäkleriniň bitewüligine, terrorçylyga, ekstremizme, arabozarlyga garşy göreşe degişli meselelerde hemişe dogruçyl, aç-açan we düýpli garaýyşlaryny beýan edýär.

Türkmenistan bilen Hytaý ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ynamyny dünýäniň syýasy giňişliginde birleşdirýär. Energetika we azyk howpsuzlygy, epidemiýalara hem-de kesellere garşy göreşmek, adam hukuklary ýaly meselelerde, şol sanda ýaşaýşa, howpsuzlyga, saglyga hukuk ýaly düýpli meselelerde şol ýurtlara halkara gün tertibinde mynasyp ornuň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşiň iň bir çylşyrymly ýyllarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň raýdaşlygyny hem-de özara kömegini belläp geçmek ýerlikli bolar. Türkmenistana derman serişdelerinidir enjamlary ibermekde goldaw berendigi üçin biz Hytaýa hemişe minnetdardyrys. «Hakyky dostluk kyn pursatda ýüze çykýar» diýen gadymy hytaý aýtgysy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gatnaşyklaryna doly derejede laýyk gelýär. Biziň dostlugymyz kyn synaglardan abraý bilen geçdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygy sebit ugurlary boýunça hem ýyl-ýyldan kämilleşýär we pugtalanýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň agza bolup durýan iri köptaraply düzümleriniň ýokary derejedäki duşuşyklaryna gyzyklanma bilen yzygiderli gatnaşýar. Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçiriljek duşuşygyna hem hormatly myhman hökmünde gatnaşjakdygyny bellemek isleýärin. Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Hytaýyň ykdysadyýetde, ilkinji nobatda, energetika, ulag ulgamlaryndaky strategik hyzmatdaşlygynyň barşyna hem-de geljegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Biziň bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklerimiziň bardygyna ynanýaryn. Olary peýdalanmak eýýäm örän gowy netijeleri berýär, tutuş yklymyň geoykdysady ýagdaýyna düýpli we oňyn täsir edýär.

Energetika pudagynda bilelikde gazanan has uly üstünliklerimiziň hatarynda 2009-njy ýylda işe girizilen, biziň kanuny ýagdaýda «Türkmenistan — Hytaý» strategik gaz geçirijisi diýip atlandyrýan gaz geçirijimizi görkezmek bolar. Bu özboluşly inženerçilik desgasy iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-isleginiň, batyrgaý hereketleriniň netijesidir, ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň we şertleriň beýanydyr. Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr. Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy dowam etdiriler hem-de ösdüriler. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady taýdan esaslydygyny, uzak möhletli, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýändigini subut etdi.

Türkmen-hytaý ulag hyzmatdaşlygy-da barha uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň ulag strategiýamyzyň düýp mazmuny we wezipeleri baradaky garaýyşlarymyz ýakyn hem-de laýyk gelýär. Bu bolsa Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag we logistik geçelgeleriň goşulyşan hem-de utgaşdyrylan toplumyny döretmek üçin geografik taýdan artykmaçlyklarymyzy, maliýe, guramaçylyk, syýasy-diplomatik serişdelerimizi birleşdirmekde oňat şert bolup durýar. Munuň özi özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň durnukly ýörelgeleri esasynda Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagynyň has uly geljegi bolan netijeli usulydyr. Bu başlangyçda Türkmenistan bilen Hytaý esasy orny eýelemelidirler. Biz bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy üçin hytaýly hyzmatdaşlarymyza minnetdardyrys. Uly umyt bildirilýän bu yklymara taslamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna hem-de onuň XXI asyrda biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň nobatdaky kuwwatly birleşdirijisine öwrüljekdigine ynanýaryn.

Men ýene-de özara gatnaşyklarymyzyň taryhy ýagdaýyna, köpasyrlyk tejribämize, şol sanda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky ykdysady hem-de söwda ulgamlaryndaky gatnaşyklara we tejribä dolanaýyn. Häzirki wagtda bu tejribe zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, biz bilelikde ony işewür hyzmatdaşlykda peýdalanmalydyrys we netijeli ulanmalydyrys. Türkmen hem-de hytaý telekeçilik birleşmeleriniň biri-birine teklip etmäge köp mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. Söwda aragatnaşyklaryny dikeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, orta hem-de kiçi telekeçilik ulgamynda bilelikdäki taslamalar iki ýurduň ykdysadyýetleriniň aýry-aýry pudaklaryny ösdürmegiň derejesine oňat täsir edýär. Täjirçilik taýdan peýda getirýär, halklarymyzyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrýar, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge ýardam berýär.

Biz ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda maýa goýumlary goýmaga uly üns berýäris. Sebäbi bilelikdäki taslamalaryň netijelerine düşünilýär hem-de olary amala aşyrmaga isleg artýar. Şeýle işe Hökümet derejesinde-de goldaw berilýär. Bu bolsa geljege ynamly garamaga we hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ynamly düzmäge esas berýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy zerurdyr. Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň, şäher gurluşygynyň, önümçilik pudaklarynyň ösüşi tapgyrlaýyn esasda innowasion ugra geçirilýär. Şoňa görä-de, biz özara bähbit we uzak möhletli esasda bu işlere gatnaşmak teklibi bilen hytaý tarapyna ýüzlenýäris. Bu teklibiň Hytaýyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda oňyn seslenme döredendigini aýtmalydyryn.

Ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly we çäksiz mümkinçilik açýar. Munuň özi birek-biregi dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak duýgulary birleşdirýän iki ýurt hem-de olaryň halklary üçin tebigy ýagdaýdyr. Häzirki döwürde ynsanperwer gatnaşyklarymyz birek-biregiň isleglerini kanagatlandyrmaga, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge gönükdirildi. Iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda bu ýagdaýyň ösýändigini buýsanç hem-de kanagatlanma bilen synlaýaryn. Hytaý Halk Respublikasynda okaýan türkmen ýigitleri we gyzlary beýik hytaý medeniýetini özleşdirýärler hem-de, öz gezeginde, hytaý topragynda türkmen medeniýetini ýaýradyjylar bolup durýarlar. Munuň özi örän möhüm ýagdaýdyr. Iki ýurduň tagallasy bilen häzirki wagtda jemgyýet we döwlet hökmünde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň gymmatlyklarydyr dünýägaraýyşlary ýakynlaşýar. Özüň we daşyňy gurşap alan dünýä barada sagdyn, oňyn garaýşyň örän gymmatly berk binýady döredilýär. Şunda Türkmenistana we Hytaýa wajyp döredijilikli wezipäni ýerine ýetirmek degişlidir.

Biziň ýurtlarymyz we halklarymyz öz öňlerinde duran maksatlary hem-de mümkinçilikleri aýdyň görüp, özboluşlylygy, aýratynlygy bilen bilelikde öňe barýarlar. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar, öz döwletleriniň, bütin adamzadyň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de pikirdeşler bolup durýarlar. Biziň öňümizde duran ähli wezipeleri bilelikde ýerine ýetirjekdigimize berk ynanýaryn.

01.09.2025