Türkmenistan — Özbegistan: köpugurly gatnaşyklarda nusgalyk tejribe

Türkmen hem özbek halklary ýakyn dostlar, ynamdar goňşular hökmünde agzybir ýaşap, umumy maksada — agzybirlige, asudalyga, ösüş arkaly parahatçylyga gulluk edýärler. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky şu günki gatnaşyklaryň kökleri öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar we ol birek-birege hormat goýmaga, ynsanperwerlige, ynama hem ygrara daýanýar. 

                                                                   

Döwletara hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarypy halklarymyzyň edebi-döredijilik dünýäsinde hem giňden beýanyny tapýar. Munuň şeýledigini türkmenistanly özbek şahyry Abdulwahid Saýitmedowyň goşgusy esasynda döredilen, Özbegistanda uly meşhurlyga eýe bolan «Dost-doganlyk mukamy» aýdymynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bu aýdym Türkmenistanda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwalynda ýaňlanypdy we festiwala gatnaşyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy:  

                                                                   

 Iki dogan, iki il,
Bir-birine: «Agam!» diýr,
Bir-birine: «Dogan!» diýr,
Çagalarna: «Çagam!» diýr.
Bäş müň ýylmy, on müň ýyl?
Bir saçakdan tagam iýr.
Sen şeýle berkararsyň,
Özbek-türkmen dostlugy!
 

                                                                   

Türkmenistan we Özbegistan Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaşyklaryny has-da ösdürip, strategik hyzmatdaşlara öwrüldiler. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň barşynda dürli ýyllarda hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny kesgitleýän taryhy resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu bolsa halklarymyzy has-da jebisleşdirmek bilen birlikde, döwletara hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň söwda dolanyşygynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açdy. Şeýlelikde, dili, dini, medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy bir kökden gözbaş alýan iki goňşy halkyň, dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynda täze tapgyr başlandy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Özbegistan bilen häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we täze derejä çykarylýan gatnaşyklar barada aýratyn durup geçmek möhümdir. 

                                                                   

Iki ýurduň barha berkeýän hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda, esasan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täzeçe çemeleşmeler bar. Mundan başga-da, strategik hyzmatdaşlyk şertnama-hukuk jähetinden-de berkidilýär. Bu bolsa özara borçnamalary talabalaýyk ýerine ýetirmegiň ýokary jogapkärçiligine düşünmäge we olary üstünlikli amala aşyrmaga itergi berýär. Başga tarapdan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk möhüm strategik meseleler boýunça ýeke-täk we dogry pikirleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şunda, hususan-da, sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, Merkezi Aziýanyň suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, olary goramak, döwrebap ulag geçelgelerini döretmek ýaly meseleler esasy orny eýeleýär. Üns berýän bolsaňyz, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirýän duşuşyklarynda we olaryň çäklerindäki giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde gozgalýan wajyp meseleler gysga wagtyň dowamynda türkmen hem özbek halklarynyň durmuşynda aýdyň beýanyny tapýar.  

                                                                   

Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ady hem-de köpugurly tagallasy bilen aýrylmaz baglydyr. 2007 — 2022-nji ýyllarda birek-biregiňkä ýokary derejede özara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-siniň guralandygy, şol saparlaryň her biriniň hem möhüm tagallalarydyr taslamalary, ylalaşyklary öz içine alandygy bu hakykaty şeksiz tassyklaýar.  

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň täze tapgyrynyň başyny başlady. Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işi netijeli häsiýete eýedir. 

                                                                   

Goňşy hem dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde işewürler toparlaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri-de aýdyň görkezdi. Bu duşuşyklar ýurtlarymyzyň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmaga, eksport-import gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, bilelikdäki maýa goýumlary rowaçlandyrmaga hyzmat eder. Şunda Türkmenistan bilen Özbegistanyň ykdysady, eksport kuwwatyna aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Giň ugurlary öz içine alan gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama gol çekmegi bolsa dostlukly gatnaşyklaryň täze belentlikleri nazarlaýandygyny alamatlandyrdy. Şol saparyň çäginde Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. 2018-nji ýylda bolsa özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähi açylypdy.  

                                                                   

Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy, 2021-nji ýyldaka garanyňda 1,9 göterim ýokarlanyp, 926,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, dünýäniň islendik döwleti bilen söwda dolanyşygyny ösdürmek ykdysady babatda oňyn görkezijilerden habar berýär. Şunda eksport-import gatnaşyklarynda eksportyň paýyny ýokary tutmak döwletiň ösüşi, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin esasy şertleriň biri bolmagynda galýar. Şu babatdan alanyňda, 2022-nji ýylda Özbegistan bilen söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň bu ýurda eden eksportynyň 731,5 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny nygtamak zerur. Döwletimiziň goňşy ýurtdan eden importynyň ýyllyk möçberi bolsa 194,8 million amerikan dollaryna ýetipdir. 

                                                                   

Soňky ýyllarda söwda-ykdysady ugurda özara hyzmatdaşlyk hukuk nukdaýnazaryndan has-da berkidildi. Şonuň netijesinde, önüm öndürijilere ikitaraplaýyn ýardam we söwda pudagynda goldaw bermek üçin täze şertler döredildi. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhedinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen baglanyşykly 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen hökümetara Ylalaşyk bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açar. Ýakynda, has takygy, 21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu Söwda merkeziniň işe girizilmegi iki ýurduň işewürleriniňdir telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkemeginde, özara söwda dolanyşygynyň artmagynda, sebit bazarynyň deňagramlylygyny saklamakda hem-de heniz doly derejesinde ulanylmaýan mümkinçilikleriň herekete getirilmeginde ähmiýetli orny eýelär.  

                                                                   

Mahlasy, täze ösüş şertlerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalar açylýar. Bu bolsa iki doganlyk halkyň hem döwletiň rowaç geljeginiň bähbidine hyzmat edýär. 

                                                                                                           

Ysmaýyl TAGAN.

                       

«Türkmenistan».