III. AZERBAÝJAN
Hazaryň Azerbaýjan kenarynda Baku, Alýat, Dýubendi deňiz portlary bar.
Baku porty ýa-da Baku Halkara deňiz söwda porty Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ýerleşip, Hazar deňziniň kenaryndaky iri portlaryň biridir. Ol 1902-nji ýylda esaslandyrylýar. Port Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýär. Onuň terminallary arkaly Hazar deňziniň iri portlary bilen, Wolga — Don, Wolga — Baltika kanallarynyň üsti arkaly bolsa Gara, Ortaýer, Baltika, Demirgazyk deňizleriniň, şeýle hem Atlantik ummanyň portlary bilen deňiz söwda gatnaşyklary amala aşyrylýar. 2014-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Baku — Türkmenbaşy aralygynda parom geçelgesi ýola goýuldy. 2015-nji ýylyň 18-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Karary esasynda, Baku porty ýapyk paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.
Baku porty esasy ýük, konteýner, nebit, parom, ýolagçy terminallaryny özünde jemleýär. Port 17 sany gämi duralgasyna eýedir, olaryň 5-si çig nebite we nebit önümlerine, 10-sy agaç we beýleki ýüklere, 2-si ýolagçy daşamaga niýetlenendir. Port ýylyň dowamynda 10 million tonna guýulýan ýükleri we 9-10 million tonna çenli esasy ýükleri gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Esasy ýük terminaly Bakuwyň merkezinde ýerleşip, ol umumy uzynlygy 866 metr we çuňlugy 7 metr bolan 6 sany duralgadan ybarat. Duralgalar güýçli port göterijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Konteýner terminaly ýylda 15 müňe çenli konteýneri kabul etmäge ukyplydyr. Baku portunyň söwdasynyň 35 göterimi Dýubendiniň nebitgaz terminaly arkaly amala aşyrylýar. Terminal 2 sany duralga eýe bolup, Apşeron ýarymadasynda iň iri terminal hasaplanýar. Parom terminaly Baku — Türkmenbaşy — Baku, Baku — Aktau — Baku, Baku — Eýranyň portlary — Baku ugurlary boýunça hyzmat edýär. Ýolagçy terminaly umumy uzynlygy 340 metr bolan 3 duralgadan ybarat bolup, Hazarýaka döwletleriň ýolagçy gämilerini kabul etmek üçin niýetlenendir.
2016-njy ýylyň 12-nji aprelinde Bakuwda Halkara Hazarüsti ulag konsorsiumyny döretmek barada ylalaşyga gol çekildi.
Baku porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda ýygjam hyzmatdaşlyk ýola goýlandyr. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň 2018-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyza amala aşyran resmi sapary mahalynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz söwda gämi gatnawyny ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen «Baku Halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda maglumatlary awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Baku Halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki ýurduň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bu iki Hazarýaka döwletiň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine ýardam berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak, iki ýurduň çägi bilen halkara gatnawlara gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek, halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek baradaky Ylalaşyklar, ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin hökümetara Maksatnamasy, 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Maksatnama, uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda, maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda, girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda hökümetara Ylalaşyklar türkmen-azerbaýjan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilendir. Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk iki ýurduň arasynda ulaglaryň dürli görnüşlerini ulanmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň guralyna öwrüldi. Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämi gatnawy 2019-njy ýylda ýola goýuldy. Üç ýylyň dowamynda iki tarapa 17,5 müň tonna konteýner daşaldy.
Port infrastrukturasyny dolandyryş maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde Bakuwyň deňiz söwda porty we Merkezi Aziýanyň deňiz menzilleri öz maglumat ulgamlaryny bir bitewi platformada birleşdirýärler. Häzirki wagtda türkmen tarapy hem-de Aktau porty bilen bu ugurda depginli işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan başga-da, günbatar portlar bilen maglumat ulgamlaryny birleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýük awtoulaglary üçin eýýäm serhet we gümrük barlagyny geçirmegiň aňsatlaşdyrylan görnüşi hereket edýär. Şuňa meňzeş işler demir ýollarda-da alnyp barylýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ulag serişdesiniň serhet nokadynda bolýan wagtyny tygşytlamaga, gelýän ulagyň hem-de ýüküň görnüşi, onuň indiki ugry barada we başga-da birnäçe maglumatlary öz wagtynda almaga mümkinçilik berer.
Azerbaýjanyň Baku portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça 23 müň 476 ýük awtoulagy daşaldy. Baku portunyň ýük dolanyşygy 5 million 600 müň tonna barabar bolup, üstaşyr daşalan ýükleriň paýy 5 million 100 müň tonnadan gowrak ýa-da umumy ýük dolanyşygynyň 92,7 göterimini düzdi. Baku — Kuryk — Baku ugry boýunça 15 müň 955 (40,5 göterim) ýük awtoulagy daşaldy. Şeýlelikde, geçen ýyl Türkmenistan Baku — Tbilisi — Kars demir ýoly boýunça ýükleri gatnatmakda Gazagystandan, Hytaýdan soň 3-nji orny eýeledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda iki ýük gämisiniň gatnawy ýola goýuldy. Onuň maksady Hazar deňzindäki Hytaý — Ýewropa geçelgesiniň ikinji böleginde ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Azerbaýjanly bilermenler Baku porty arkaly Azerbaýjanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanylanda, onuň çäginiň Sues kanalyna alternatiwa bolup biljekdigini nygtaýarlar.
Alýat porty Bakuwyň 70 kilometr günorta-günbatarynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bir parallelde ýerleşen täze deňiz portudyr. 2014-nji ýylda Alýatda Baku portunyň parom terminaly gurulýar. 2017-nji ýylyň martyndan Gazagystana tarap, Alýat — Aktau aralygynda parom gatnawy hereket edip başlady. Port 2018-nji ýylyň 14-nji maýynda açylyp ulanmaga berildi. Alýat «ýaşyl» port derejesini alandyr. Onuň çägi 2016-njy ýylda erkin söwda zolagyna öwrüldi.
Alýat porty TRACECA we Demirgazyk — Günorta halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşip, günbatarda Türkiýe we Ýewropa, demirgazykda Russiýa, günortada Eýran hem-de Hindistan bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag geçelgesiniň bir bölegidir. 2007-nji ýylda düýbi tutulan Alýat portunyň ýük dolanyşygynda deslapky tapgyrda 10 million tonna, geljekde 17 million tonna, ahyrky netijede bolsa 25 million tonna ýük, şol sanda 1 million konteýner ibermek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Bakuwdaky täze port Deňiz portlarynyň Ýewropa guramasy tarapyndan PERS ekologik standartynyň «EcoPorts» güwänamasyna mynasyp boldy we Hazarýaka sebitde ilkinji bolup «ýaşyl» port derejesini aldy.
Bakuwdaky Alýat portunda Türkmenistandan baran ýükler üçin ýörite ýer taýýarlanandyr. «Şoňa görä-de, biz Gündogar — Günbatar, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasynda üstaşyr gatnawlaryň artýandygyny göreris» diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana resmi sapary mahalynda nygtady.
Dýubendi porty — Bakuwyň 50 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Hazarýaka port. Onuň golaýynda Bakuwyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny Gruziýanyň magistral demir ýollaryna birikdirýän nebit geçirijileriniň terminallary bar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.