21-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň daşary ýurtlarda boljak halkara forumlara gatnaşmagy, hususan-da, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine hem-de «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz bu iri sergileriň ähmiýetini göz öňünde tutup, olara gatnaşmaga guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýär. Anyk aýtsak, ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guraljak «EKSPO — 2025», Kataryň paýtagtyndaky «EKSPO — 2023 Doha» Bütindünýä we halkara sergilerine-de Bitarap Türkmenistan garaşsyz ösüş ýyllarynda bedew batly gadamlar bilen öňe barýan, dünýä syýasatynda öz sözi, öz orny bolan derejeli döwlet hökmünde gatnaşmaga häzirden ýokary derejede taýýarlyk görýär.
Taryhy tejribeden şu güne
Bütindünýä «EKSPO» sergileriniň geçen taryhy ýoly bilen gyzyklananyňda, olaryň biziň häzirki gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen iň öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmek hem mahabatyny ýetirmek üçin meýdança bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. 1851-nji ýylda Londonda geçirilen ilkinji «EKSPO» sergisi gatnaşýan ýurtlaryň sany boýunça bu çäräniň bada-bat Bütindünýä forumyna öwrülmegini şertlendirdi. Bu sergiler ilkibaşda diňe senagat rewolýusiýasynyň gazananlaryny, täze oýlap tapyşlary köpçülige ýetirmek bilen çäklenen bolsa, soň-soňlar adamzadyň geljegi üçin bilelikde hereket etmek, häzirki zaman dünýäsiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak ýaly ynsanperwer maksatlara ýetmegi esasy ugruna öwürdi. Kabul edýän ýurduň mümkinçiliklerine we kesgitlenen şygara görä, her 5 ýyldan bir gezek geçirilýän bu ählumumy gözden geçirilişler biri-birinden düýpli tapawutlanýan bolsalar-da, Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşyň rowaçlanmagyna goşant goşmak hyjuwy olary bir maksada birleşdirýär. «Ähli halklaryň senagat harytlarynyň beýik sergisi» adyny alan ilkinji «EKSPO» sergisinden başlanan däbi dowam etdirip, 2025-nji ýylda estafeta taýajygyny alýan Osakada guraljak nobatdaky forumyň «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygary hem muny doly tassyklaýar.
Elbetde, «EKSPO» sergileriniň dünýä döwletleriniň taryhy we şu güni, ykdysady mümkinçilikleridir gazananlary bilen tanyşmaga ýardam edýändigi hakykat. Ýöne olar kabul edýän ýurtlara miras galdyrýan meşhur binalary bilenem has ýatda galyjy bolýar. Londonyň Hrustal köşgi, Parižiň Eýfel diňi, Çikagonyň «Uly syn ediş hiňňildigi»... hut «EKSPO» sergileriniň geçirilen döwründe gurlan desgalardyr. Dubaýdaky «EKSPO — 2020-niň» açylyş dabarasynyň geçirilen ýeri bolan «Al Wasl» dabaralar merkezi hem dünýäde iň uly sütünsiz gümmez hökmünde taryha girdi. Ilkinji telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň, radionyň, tikin maşynynyň, hatda mekgejöwen patragydyr üwmejiňem dürli ýyllardaky şu hili sergilerde hödürlenip, köpçülikleýin ykrar edilendiginden köpimiz habarly bolsak gerek. Bir sözde aýdylanda, «EKSPO» sergileri adamzat ösüşiniň ýyl ýazgysydyr. Olarda dünýä döwletleriniňdir halklarynyň siwilizasiýalaşmaga tarap aýgytly ädimleri jemlenýär.
Geljegiň jemgyýetini gurmaga çagyryş
Mälim bolşy ýaly, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda geçiriler. 184 günläp dowam etjek bu iri gözden geçiriliş tutuş dünýä boýunça dürli-dürli gymmatlyklary ileri tutýan millionlarça adamyň özara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Onuň şygary bolsa adamlaryň öz isleýän geljegini gurmak hakyndaky arzuwlaryny goldamak üçin durnukly jemgyýeti kemala getirmek babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna itergi bermäge gönükdirilendir.
«EKSPO — 2025-iň» geçiriljek meýdançasy Osakanyň kenarýakasyndaky Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Aslynda, Osaka-Kansaý sebiti ilkinji ýapon döwletiniň dörän mekany bolup, ol taryhy syýahatçylyk, milli aýratynlyklardyr ýadygärlikler bilen tanyşmak üçinem giň mümkinçilikleri açýar. Öňde boljak sergi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşdiriler. Şunda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, Günüň dogýan ýurdunda geçiriljek Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny gurmagyň «Belli» hojalyk jemgyýetine ynanylandygyny hem nygtamak gerek. Onuň, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirip, myhmanlary türkmen topragyna gaýybana syýahata alyp gaýtjakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris.
«Ýaşyl» ösüş — hemmeleriň islegi
«Ýaşyl» çöl, Has gowy daşky gurşaw» şygary astynda 60-a golaý ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek «EKSPO — 2023 Doha» Halkara sergiler edarasy tarapyndan ykrar edilen ýöriteleşdirilen sergidir. Ýeri gelende bellesek, şu hili forumlar her 5 ýyldan bir gezek geçirilýän iki sany Bütindünýä «EKSPO» sergisiniň aralygynda guralyp, 3 aýlap dowam edýär. Olar, adatça, ekologiýa, energetika, saglygy goraýyş, ylym we tehnologiýa ýaly anyk mowzuklara bagyşlanýar. «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň şygary hem dünýä jemgyýetçiligini çölleşmäni azaltmak boýunça innowasion çözgütleri öwrenmäge we kabul etmäge höweslendirmek maksady bilen saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň bu iri foruma gatnaşmagy bilen bagly meseleler bolsa ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň golaýda Katara amala aşyran iş saparynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy.
«EKSPO — 2023 Doha» sergisi şu ýylyň 2-nji oktýabryndan geljek ýylyň 28-nji marty aralygynda guralar. Alty aýlap dowam etjek bu gözden geçiriliş Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynda ilkinji gezek geçirilýän halkara bagbançylyk sergisi hökmünde taryha girer. Täsin «Al Bidda» seýilgähinde 1,7 million inedördül metr meýdanda guraljak sergä 3 million adamyň baryp görmegine garaşylýar. Türkmen wekiliýetiniň Katarda geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşmagy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi «ýaşyl» ösüşiň giň ugurlary — tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» şäher bilen bagly ugurlarda innowasiýalarydyr bilimleri alyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagy ýurdumyzda halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda 21-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde ýokarda agzalan sergilere gatnaşmaga taýýarlyk görmek meseleleri bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiň hödürlenendigini hem nygtamak gerek. Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary, wezipeleridir esasy ugurlary kesgitleniler.
* * *
Bitarap Türkmenistan ählumumy derejede guralýan iri sergilerdir forumlara gatnaşmaga parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýar. Zeminiň çar künjeginde geçirilýän «EKSPO» sergilerinde milli pawilýonlarymyzyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň geçmişi hem şu güni, senagat-innowasion mümkinçilikleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hakynda ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, umuman, Garaşsyz Watanymyzyň hakyky keşbini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda örän ähmiýetlidir.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan»