Düýn «Awaza» kongresler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat durnukly ösüş üçin ulag ulgamyny maliýeleşdirmek, bu ugurda geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemek boýunça özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. Onuň dowamynda dünýä döwletlerinden degişli ministrler, ulag ugurly ýöriteleşen halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem adaty, hem onlaýn usulda çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz olaryň käbiriniň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Rabab FATIMA,
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili:
— Türkmenistan durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, bu ugurda netijeli iş alyp barýar. Şu günki maslahaty kabul edýändigi üçin hem ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirýärin.
Geografik taýdan ýerleşişi bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ulag we üstaşyr geçelgeler ägirt uly ähmiýete eýedir. Jemi içerki önümde daşary söwda garaşlylyk ortaça 42 göterim bolýan bolsa, bu ýurtlarda ol, takmynan, 45 göterime deňdir. Söwdanyň ýokary bahasy bolsa olaryň ulag infrastrukturasynda bar bolan ýetmezçiliklere baglydyr. Şuňa çäk taýdan deňiz portlaryndan uzakda ýerleşmek, aralyklaryň uzakdygy zerarly üstaşyr geçirmek üçin bahalaryň ýokary bolmagy, sebit we ählumumy söwda gatnaşyklaryna doly derejede gatnaşmak bilen bagly netijeli mehanizmleriň ýetmezçilik etmegi hem öz täsirini ýetirýär.
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek üçin, esasan, 5 ugur boýunça iş alyp barylsa, netijeli bolar diýip hasap edýäris. Şunda, ilkinji nobatda, ulag düzümleriniň «fiziki» meselelerini aradan aýyrmak, onuň ähli düzgünlerini iş prosesinde ulanmak zerurdyr. Işjeň ösýän sebit hökmünde bu ugurda Merkezi Aziýada belli bir derejede anyk sepgitlere ýetildi: köp sanly üstaşyr ulag geçelgeleri döredilip, olar arkaly sebitiň ýurtlary Aziýany we Afrikany beýleki yklymlar bilen baglanyşdyrýan logistik halka bolup çykyş edýärler.
Ikinjiden, kadalaşdyryjy düzgünleri hem-de resminamalary kämilleşdirmek, şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin amatly geçelgeleri guramakda ulgamlaýyn infrastrukturalary döretmek gerek. Munuň üçin bolsa bu sanawa girýän ýurtlara halkara konwensiýalardyr sebitleýin ylalaşyklary tassyklamak we olary netijeli durmuşa geçirmek möhüm ugur hasaplanýar. Üçünjiden, ulag ulgamyny giň möçberde sanlylaşdyrmaly. Howpsuz, döwrebap, has elýeterli düzümleri döretmek üçin logistikada «akylly» ulaglaryň, nou-haularyňdyr tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, öz gezeginde, harytlardyr hyzmatlaryň akymyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şu işleriň binýadynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly berkidilen durnuklylygyň we ygtybarlylygyň üpjün edilmegi, ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy dördünji ugur bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar bolsa ýokarda agzalan ugurlaryň ählisini herekete getirmekde aýgytlaýjy şert bolup çykyş edýär. Şu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde döwrebap tehniki mümkinçilikleridir ösen ulag düzümlerini kemala getirmäge ýardam berer.
Kollen Wiksen KELAPILE,
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bütindünýä toparynyň başlygy, Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili:
— Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler koronawirus pandemiýasyndan ozal hem öz ösüşinde käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Olar daşary ýurtlara ýükleri ugratmak ýa-da kabul etmek üçin üstaşyr hyzmatlara adatdakydan iki esse köp çykdajy edýärler. Häzirki wagtda bu döwletleriň öňündäki şeýle çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge giň gerimli üstaşyr ulag geçelgelerine elýeterliligi bolan ýurtlaryň goldawy öz oňyn täsirini ýetirip biler.
Şunda ulag düzümlerine, ilkinji nobatda, demir ýol ulaglaryna gysga we uzak möhletli maýa goýumlaryň goýulmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki az çykdajy talap edýändigi we zatlary barmaly ýerine ýetirmekde kän wagt sarp edilmeýändigi sebäpli, demir ýol ulagy bu ugurda özara baglanyşygy berkitmekde durnukly çeşme bolup hyzmat edýär. Galyberse-de, COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde ykdysadyýeti dikeltmek we geljekki durmuş-ykdysady ösüş üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara üstaşyr geçirýän döwletlere wekilçilik edýän ygtybarly hyzmatdaşlar hem örän zerurdyr.
Buri KARIMOW,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy:
— Biz Awazada guralýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki nobatdaky halkara maslahata 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilip, «Aşgabat prosesi» adyny alan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň hakyky dowamy hökmünde garaýarys. Geografik taýdan örän amatly çäkde ýerleşendigi bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlary möhüm ulag ulgamlarynyň ikisiniň — Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup çykyş edýärler. Hut şu şertler hem Hereketleriň Wena maksatnamasyny işläp taýýarlamakda we ony durmuşa geçirmekde aýgytlaýjy çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berdi. Ilkinji nobatda, ýükleri üstaşyr geçirmekde, serhetdeş döwletleriň arasyndaky ulag düzümlerini gowulandyrmakda, halkara ulag ýollarynyň durmuş-ykdysady infrastrukturalaryny kämilleşdirmekde uly işler bitirildi. Ulag ulgamy boýunça Arkalaşygyň çägindäki ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär.
GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde we olaryň ykdysady ösüşini ilerletmekde erkin ykdysady zolaklar örän möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, biziň geňeşimiz öz ygtyýarlyklarynyň çäginde dürli görnüşli çäreleri guramak arkaly şu ugurda iş alyp barýar. Gynansak-da, koronawirus pandemiýasy biziň üçin köp sanly kynçylyklary döretdi, muňa garamazdan, ulagyň dürli görnüşlerinde, dürli ýurtlaryň serhetlerini geçip gelmek arkaly men şu halkara maslahata gatnaşmaga mümkinçilik aldym. Ýolugra synlanyňda, serhetlerde ýolagçy we ulag gatnawlarynyň azlygyny, üstaşyr geçirilýän ýükleriň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda eglenýändigini görmek bolýar. Hut şoňa görä-de, döwletleriň çäginde erkin ykdysady zolaklary döretmek, döwrüň zerurlyklaryny nazar alyp, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini hem awtomobil hem demir ýol ulaglary arkaly ösdürmek örän möhümdir. Şu ugurdaky işlere Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisi, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri, Russiýa Federasiýasy-da uly gyzyklanma bildirýär. Munuň özi tutuş adamzat üçin erkin hereket etmek ýaly esasy şertleriň birini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Wadim ZAHARENKO,
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy:
— Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralýan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleri derejesindäki halkara maslahata gatnaşyp, häzirki ýeňil bolmadyk şertlerde ulag ulgamyny durnukly ösdürmek bilen bagly wekilçilikli pikir alyşma meýdançasynyň başynda ýene-de jemlenýändigimize örän şat. Men bir aý mundan ozal hem Aşgabatda üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan iri foruma gatnaşdym we çykyş etdim.
Bu maslahat biziň hemmämiz üçin-de aýratyn ähmiýete eýe. Onuň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna barlyp görülmegi sebitiň bu iri ulag düzüminiň mümkinçiliklerini giňden öwrenmäge amatly şertleri döretdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy anyk teklipleriň durmuşa geçirilmegi, kooperasion gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, ulag-logistik mümkinçilikleriň ösdürilmegi babatda täze gözýetimleri açýar. Munuň özi diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebitde ulag ulgamynyň işini işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan juda möhümdir. Şunda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde Türkmenistan tarapyndan halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek zerurdyr. Maslahat geljek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».
Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Hasan MAGADOW.